01:25 Proses we hadysa | |
PROSES we HADYSA
Edebi makalalar
Pikir ýöretmegiň iki görnüşi bar, olaryň biri "hadysalar" derejesinde pikir etmek, ikinji görnüş bolsa "prosesler" derejesinde pikir etmek. Hadysalar derejesinde pikir etmek düýbünden ýalňyş bolup durýar we adamy kör edýär. Dogry pikirleniş bu prosesler derejesinde pikirleniş. Düşnükli bolar ýaly häzir mysal getireýin: Aýdaly, sen bir gyzy söýdüň we oňa öýlendiň, ol gyzyň öýünde bolsa ýekeje-de erkek ýok. Seniň gelejekki gaýyneneň bir mahal äri bilen aýrylyşan, oň ejesi hem aýrylyşan, sen bolsa öz söýýän gyzyň bilen pensiýa ýaşyna çenli bilen ýaşaryn öýdýän. Netijede aýalyň senden bir çaga dogurýar-da, seni taşlap gidýär. Iň geň ýerem, ol çaga hem gyz. Kör adam bu ýerde diňe hadysa görerdi, hamala şeýle bolaýdy, maňlaý däl, ykbal şeýle. Akylly adam welin, bu ýerde proses görerdi. Eýýäm iki nesil bäri erkeksiz ýaşaýan aýallar. Üçünji nesilde näme üçin erkek bolmalymyşyn? Ýene bir mysal, bu gezek öz durmuşumdan. Men Hudaýyň bir kanunlarynyň birini bozjak bolýan, işimizde bir ärli geline göz gyzdyryp başlaýan. Haçanda öz pikirime ýakynlaşamda, meniñ böwregim sowuklaýar, (ýa-da peşew haltam?) buşugamda gan gelip başlaýar. Kör adam bu zada hadysa diýerdi, hamala gije ýataňda böwregiňi sowukladansyň we şuňa meňzeş. Emma bu diňe samsyk adamlaryň dünýägaraýşy. Hakykatda bu ýerde ýene ähli zady proses dolandyrýar. Allanyň günä we jeza prosesi. Ýer ýüzünde bolýan ähli zatlar ägirt uly bir prosesiň netijesi. 1948-nji ýylda bolan zatlara biz hadysa diýerdik, emma ähli zadyň düýbünde proses ýatyr. Türkiýede ýer yrandy - proses, dünýäni sil aldy - proses. Barmasyz bir ýere howlugup barýaň, seniñ bolsa awtoulagyň tekeri ýarylýar, sen ýolda galýaň. Göräýmäge hadysa, ýöne bu hem proses. Biziň daş-töweregimizdäki ähli bolýan zatlar, äpet bir proses. Emma, adamzadyň duşmanlary bizi ters tarapa ýykjak bolýarlar. Älem-jahan partlama esasynda döredi, bu eýýäm tötänlik hadysasy. Maýmyndan adam emele geldi, bu hem hadysa. Nýutonyň kellesine alma gaçdy, bu hem hadysa, Mendeleýewiň düýşüne tablisa girdi, bu hem hadysa. Bir ýerden musulman dini döredi, bu hem hadysa. Garaz daş-töwerek diňe hadysa we adamlar hem hadysalar derejesinde pikir edip başlaýarlar. Netijede beýle pikir ýörediş adamy kör edýär. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly: Eger siz hadysalar däl-de, prosesler bilen pikirlenip başlasaňyz, siziň durmuşuňyzda ähli zatda tertip düzgün peýda bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |