09:13 Prowokasion-küşgüriji... | |
PROWOKASION-KÜŞGÜRIJI...
Publisistika
Stambuluñ basylyp alynmagy 1918-nji ýylyñ 13-nji noýabrynda başlady, 1923-nji ýylyñ 4-nji oktýabrynda tamamlandy. Basybalyjylyk 1.786 gün dowam etdi. Basybalyjylar şol wagt metjit bolan Aýasofýany näme üçin buthana öwürmedilerkä? Sizi ýedi ýüz ýyl mundan öñki günlere äkideýin: 1200-1204-nji ýyllarda Dördünji haçly ýörişleri boldy. Rim papasy Innokentiý III mukaddes topraklaryñ eýelenmegi üçin hristian katolik ynançly Ýewropany ýörişe gatnaşmaga çagyrdy. Basybalyjylykly ýörişiñ esasy strategiýasy musulmanlaryñ iñ gowşak tarapy bolan Müsüri urup, Nil deltasyny ele geçirmek, eýelän ýerlerini hristian merkezlerine öwrübem, Ierusalime baryp ýetmekdi… Ýola çykan hristian-katolik haçparazlar ýoluñ ugrundaky hristian prawoslaw Wizantiýa imperiýasynyñ paýtagty Konstantinopol/Stambuly 1203-nji ýylyñ 24-nji iýunynda basyp aldy. Şäherde gaty uly talañçylyk bolup geçdi… Prawoslaw zenan ruhanylary zorlanlaryñ, prawoslaw poplary we monahlary öldürenleriñ zorluk-süteminden Aýasofýa hem ýetdik paýyny aldy. (Hatda patriarhyñ kürsüsine bir jelebi oturdyp, oña aýdym aýtdyrdylar.) Katolik haçparazlar 200 ýyl öñ prawoslaw buthanasynyñ katolik buthanasyndan bölünip aýrylmagynyñ köýüp ýatan aryny şeýlekin wagşylarça aldy. Netijede haçly ýöriş ilkibaşdaky göz öñüne tutan ýolundan sowlup, Ierusalimiñ ýerine Stambuly nyşanasyna mündürdi. Hristian prawoslaw Wizantiýa imperiýasy ýykyldy, ýerine katolik ynançlaryna uýýan Latyn imperiýasy guruldy. Aýasofýa, 1204-1261-nji ýyllarda Rimiñ katolik katedraly boldy. XIII asyryñ başynda Aýasofýa muny rowa gören ýewropalylar XX asyryñ başynda Aýasofýa metjidine näme üçin degmedi? Serediñ: “Men etdim, boldy” garaýşy diplomatiýanyñ dili bolup bilmez. Içerki syýasatyñ hasaplary Türkiýäniñ döwlet hökmündäki ornuna zyýan bermeli däl. Siriýadan Liwiýa çenli aralykda imperialistik halkany böwüsmäge jan edip durkak, Aýsofýany metjide öwrüp, “fetihçi” görnensirän bolmagyñ bize näme peýdasy bar? Taryhdan ders almak gerek… ■ KOMMUNIST DEPUTAT Sergeý Anatolýewiç Gawrilow (1966 ý.d.)… Russiýa Federasiýasynyñ Kommunistik partiýasynyñ deputaty. Ykdysatçy. Ýalñyşmaýan bolsam, özü-de ateist-tañrytanamaz bolmaly. Türk Howa Güýçleriniñ iki sany gözegçi F-16 uçary 2015-nji ýylyñ 24-nji noýabrynda Russiýanyñ Howa Güýçlerine degişli "Cyхой Цу-24" uçaryny urup düşürdi. Özem muny türk goşunynyñ iñ jogapkärli ýerlerine müritlerini ýerleştiren FETÖ-nyñ Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny paltalamak maksatly edendigini indi bilmeýän ýok. (Rus uçaryny urup düşüren pilotlar FETÖ-nyñ 15-nji iýul hökümet agdarylyşygy synanşygyna gatnaşandyklary üçin tussag astyna alyndy.) Uçaryñ urulmagy bilen iki ýurduñ arasynda tasdan uruş turupdy. Ýaragly Güýçler ähli goşun bölümlerine taýýarlykly ýagdaýda durmaklary barada görkezme berdi, howpsuzlyk, gorag çäreleri iñ ýokary derejä çykaryldy. Russiýa türk harytlaryny satyn almagy bes etdi, syýahatçylyk paketleri çäklendirildi, gaýtadan wiza düzgünini girizdiler. Türkiýeden resmi ötünje garaşýandyklaryny aýtdylar… Şol çylşyrymly günlerde Dumanyñ agzasy kommunist deputat S.A.Gawrilow şeýle diýdi: “ - Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary durnuklylyk testinden geçýär. Şular ýaly döwürde dostana inisiatiwalar we teklipler möhüm rol oýnaýar. Aýasofýanyñ prawoslaw buthanasynyñ ygtyýaryna berilmegi üçin Türkiýeden dostana ädimiñ ädilmegine garaşýarys!” Görýäñizmi, özi kommunist-ateistdigine garamazdan S.A.Gawrilow Aýasofýanyñ prawoslaw buthanasyna öwrülmegini tüýs ýüregi bilen isleýär! Onuñ diñe şu teklibiniñ özem Aýasofýanyñ Russiýa üçin neneñsi manysynyñ bardygyny görkezmeýärmi näme? Russiýanyñ degnasyna degjek "Aýasofýany metjide öwürme" pikiriniñ näme üçin we nähili orta atylandygynyñ üstünde oýlansak gowy bolmazmy? Aýasofýa öwrülşiginiñ rus uçaryny urup düşürmekden has ýiti sensassiýa döretjegini döwlet apparatynda hiç kim pikir edenokmyka? ■ NOÝABR AÝYNY ÝATLAÑ 2013-nji ýylyñ noýabr aýynda nämeleriñ bolup geçendigi ýadyñyza düşýärmi? Şol wagt premýer-ministr Erdogan bilen Fethullah Güleniñ arasynda "dershana" düşünişmezligi bardy. "Zaman" gazetiniñ başyny çekýän FETÖ mediýasy "bilime uly öwrülişik" diýen Erdoganyñ garşysyna propopanda ýöretmäge başlady. Elbetde, FETÖ ummasyz girdejiden we adam güýjünden mahrum galmaga kaýyl bolmazdy. Dawa gyzyşdy. Fethullah Gülen müritlerine ABŞ-dan seslendi: “Arman-ýadaman, durman öñe ýöremelisiñiz!” "Taraf" gazeti topa girdi: “Güleni ýok etme kararyna 2004-nji ýylyñ awgust aýynda Milli howpsuzlyk geñeşinde gelindi" diýen rubrikany orta oklady. Habara salgylansañ, 2004-nji ýylyñ awgustyndaky Milli howpsuzlyk geñeşinde "Gülen jemagatyna" garşy kabul edilen kararlaryñ aşagynda premýer-ministr Erdoganyñ goly bardy. Erdogan yza tesmedi, dershanalary ýapma kanunyny Ministrler Kabinetiniñ we Mejlisiniñ oñaýlajakdygyny gaýtadan mälim etdi. Hut şol galmagally geçen noýabr aýynda premýer-ministriñ kömekçisi Bülent Arynç birdenkä “Aýasofýa metjit bolmalydyr” diýip, çykyş etdi! Arynçyñ syýasatyñ ünsüni sowmak maksatly çykyşyny haýsy AKP-liler goldady, häkimiýeti eýeläp oturanlar açyp bir seretsinler… Yzysüre 2013-nji ýylyñ 17-25-nji dekabrynda Erdogana garşy FETÖ operasiýalary amala aşyryldy. Ýagny: Aýasofýa hemişe syýasatyñ guraly bolup geldi, edil biziñ günlerimizde bolşy ýaly! Bu meçew beriji pikiriñ orta atylmagynda FETÖ-nyñ eli barmy-ýokmy, hemmetaraplaýyn "oýlansalar" kem-ä bolmazdy... Şuny ýatdan çykarmañ: FETÖ - ABŞ-CIA meýilnamasynyñ önümidir… Russiýanyñ çetini gyzdyrjak prowokasion oýunlara aldanmañ… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |