PURSAT
Baş redaktor ýanyna çagyryp: «Sen pylan etraba döredijilik saparyna gitmeli boljak» diýende, biraz kynrak görsemem, oňa ýagdaýyma duýdurmadym. Ähli tabşyryklary alybam, ýanyndan çykyp gaýtdym. Zerur hat-petekleri düzedişdirip, agşamara işden öýe gelip, öňüme alan çaýymdan bir owurt içip-içmänkäm kelläme gelen pikirem meni iş stolumyň başyna eltdi. Hasyr-husur okyjylardan gelen hatlar salyngy bukjalary öňüme aldym-da, içindäki kagyzlary dörüşdirip ugradym.
Pikirim dogry bolup çykdy. Şol. Hut şol etrap. Şunça ýylyň dowamynda maňa irginsizlik bilen hat ýazan zenan hut, meniň ertir, günortana galman barmaly etrabymda ýaşaýar...
Ondan gelen hatlaryň mazmunyny serimde aýlap, esli oturypdyryn. Birdenem, olary ýene bir ýola gözden geçiresim geldi. Hatlaryň ählijesini okap çykmak üçin esli wagt gerekdi. Şonuň üçinem, olaryň içinden elime ilenini aldym-da, epinini açyp, okap ugradym.
«…Salam, Baýram!.. »
Hatyň başyny okan badyma, ýylgyranymy duýman galdym. Ol maňa: «Baýram» diýip ýüzlenýän bolsa, diýmek, bu soňkurak hat bolmaly. Sebäbi, ol ilki-ilkiler maňa: «Hormatly Baýram Baýramow» diýip ýüzlenýärdi. Şu pikir bilen hatyň dowamyny okap başladym.
«...Sizden jogap bolmasa-da, ýene-de ýazýan. Belki, beýtmegim gelşiksizlikdirem. Ýöne, siziň her bir eseriňiziň metbugatda çap edilmegini özüme ýazylan hat hasaplaýan. Onsoň, ýene-de size hat ýazmaga oturýan. Durmuşyňyz, işiňiz, ykbalyňyz barada içginräk ýazmagyňyzy geçen hatymda haýyş edipdim. Ýöne, sizden ýene-de jogap bolmady. Meniň welin size, nämüçindir, özüm, durmuşym barada gürrüň beresim gelýär. Bu zatlar siz üçin gyzyksyzdyram. Bolup biler. Ýöne, her niçigem bolsa, size içimi dökesim gelýär. Şonuň üçinem ýazýan. Özüm barada, her bir duşumdan geçýän pursat, her bir täzelik barada size heziller edip gürrüň beresim gelýär. Isleseňiz okaň, islemeseňizem, näme, meniň hatlarymam beýleki, adaty kagyzlaryň ykbalyny paýlaşmaly bolar-da...
...Halaşyp durmuş gurdum diýib-ä biljek däl, ýöne, ykbalymdan nägile däl. Ýan-ýoldaşym, bir oglum, bir gyzym bar. Ýoldaşym sowugrak bolsa-da, azar-ýamany ýok. Çagalarym mekdep ýaşyna-da ýetenok. Garaz, şeýleräk. Özüm şepagat uýasy. Kärimi diýseň söýýän. Öýme-öý aýlanyp, adamlaryň saglygyny soramagyň nähili lezzetlidigini siz bir bilsediňiz. Uzynly gün oba içinde ol öýden ol öýe aýlana-aýlana, aýagymyň hezilin-ä görýän. Ýogsa-da siz nämüçin lukmanlar barada eser ýazaňyzok? Eger ýoluňyz düşse, biziňkä hökman geliň! Size täze eser ýazar ýaly köp-köp maglumat-a toplap bererdim. Wagtyňyzy alanym üçin bagyşlaň. Hatyma jogap ýazsaňyz, juda begenerdim. Salam bilen Sadap».
Ýene-de bir haty elime aldym. Şol bir zatlar. «Nämüçin jogap ýazaňzok?», «Biziň illere haçan gelýäňiz?..» Ine, ýene bir hat. Ýadyma düşýär, şu hatdan soň onuň bilen hiç-hili gatnaşyk saklamaly däl diýen gutarnykly netijä gelipdim.
«Baýram, salam! Irginsizligim bilen ýüregiňe düşýän bolmagym mümkin, şeýle bolsa bagyşla, ýöne, saňa hat ýazman oňup bilemok. Ýüregim gysýar. Käwagt şeýle bir darygýan, başarsam derwüş kimin: «Hüw» diýip, düze çykyberesim gelýär. Geň görýänsiň, bilýän. Wah, ýöne sen meni tanaňok-da… Arada seniň täze ýazan hekaýaňy halamandygyny, gahrymanlaryň häsiýetleriniň ýasamadygyny aýdanda işdeşlerimiň biri bilen jedel edip, tasdanam öýkeleşipdim. Bilýän, beýtmäge hakym ýokdur, ýöne, seni kimdir biriniň ýamanlamagyna çydam edip bilmedim. Mümkin, bu sözlerden söýginiň ysy gelýändir. Gelse gelibersin. Gaýybana-da bolsa, meniňem çyn ýürekden söýmäge hakym bardyr-a. Onsoňam men senden hiç zat tama edemog-a. «Hat ýazmagyňy bes et» diýmeseň bolýa. Galyberse-de, menem pikirlenibem bilýän, durmuşa-da düşünýän. Bu sözlerimden soň maňa hiç haçan hat ýazmajagyňam bilýän. Şonda-da hatyňa garaşýan. Sadap”.
Sadapdan gelen hatlaryň tas, ählisini diýen ýaly gözden geçirip çykdym. Birbada döredijilik saparymda ondan habar tutmazlygy ýüregime-de düwdüm. Ýöne, onuň soňky iki ýylyň dowamynda bir hatam ýazmandygy meni iňkise goýdy. Hatlaryň ýazylan wagtlaryny barlap çykdym. Ilkinji hat bilen soňky hatyň arasy tas, üç ýyla golaý. Ahyrky hatyň gelenine bolsa, iki ýyl dagy geçipdir.
«Näme bolduka? Jany bir sagmyka? Eger jany sag bolsa, hoşlaşyk hatyny ýazardy ahyry. Ýa, ýazyp, olam maňa ýetmedimikä?» Şular ýaly alasarmyk pikirler meni ondan habar tutmaly diýen netijä getirdi.
Uçardan düşüp, etrap merkezine baran dessime, häkimlikde, medeniýet bölüminde işleýän, uniwersitetde bile okan dostum Parahat pete-pet geläýdi. Muňa elbetde, az begenmedim. Her niçigem bolsa ýat ýer. Tanyş ýüz görseň begenýäň.
Birbada edilmeli işleri dynyp, Parahadyňka gitdik. Çaý başynda ondan-mundan gürrüň etdik. Geçeni ýatlaşdyk. Söz arasynda-da Sadaply gürrüňi gozgap goýberdim. Sadabyň ýaşaýan obasy etrap merkezinden o diýen daşda däl ekeni. Parahat her näçe hakydasyna getirjek bolsa-da, şol obadan Sadap atly şepagat uýasyny ýadyna düşürip bilmedi.
Sadaply meseläni onuň obasyna baryp çözmegi dilleşip, işli-işimize ugradyk. Ýagdaý başgaça bolanlygynda men ol oba barmasamam barmazdym. Çünki, meniň esasy maksadym onuň soňky ykbalyny anyklamakdy. Ýöne, eşiden garaşylmadyk täzeligim meni şol oba, onda-da Sadaplaryň ölerine barmaga mejbur etdi…
Olara yzyma gaýtmazymdan bir gün öň bardym. Öňümizden yraň-dyraň ýöräp çykan garryja kempir, salam berip derwezeden girenimizden:
— Hä, geliň, köşekler, siz, şol, Sadap janyň hat ýazýanlarymy? — diýip, geljegimizden habarlydygyny äşgär etdi.
Garry enäniň yzy bilen öýe giren badyma diwaryň ortarasynda asylgy suratdan özüme gezelip duran owadan, ala gözlerde nazarym eglendi. Soňam, bir burçda duran, maýyplaryň tigirçekli oturgyjyna gözüm düşdi. Sadap barada soňky eşiden gürrüňlerimiň beýany bolan oturgyja seredip, maýyp gyzyň özüme ýazan hatlaryndaky sözlerini ýatladym: «Uzynly gün oba içinde ol öýden ol öýe aýlana-aýlana, aýagymyň hezilin-ä görýän...» Asyl ol özi barada düýbünden başga zatlary gürrüň beripdir. Aýaklary doga ysmaz biçäräniň adamsy, çagalary barada ýazanlary ýürejiginiň töründe gizläp, diňe maňa açyp görkezen arzuw düwünçegi bolsa nätjek. Bu barada aýdanymda bir gysym bolup oturan garry öňküsindenem beter kiçelen ýaly boldy. Gyzynyň gysga ömründe hemişelik hemrasy bolan oturgyjyň tigirçeklerini sypalap oturyşyna:
— Wah, balajygym mertdi-le — diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Hamana Sadap edil şu wagtam oturgyçda özüne seredip oturan ýaly şol tarapa seredip: – Bar zady içiňe salar ýörerdi-dä, guzujygym — diýdi. Şondan soň esli wagtlap ondan ses çykmady. Dogrusy, agzynyň biliner-bilinmez gymyldaýanyny göreniňde, onuň ýene-de bir zatlar diýýänini aňmak bolýardy. Ýöne, ol sözler diňe Sadap ikisine degişli bolarly, ol aýdylaтlar bize hemişelik nämälimliginde galdy. Bir-birimiziň ýüzümize-de seredibilmän oturyşymyza Parahat ikimizem garrynyň «gyzy bilen söhbetini» bozmaga het edip bilmedik. Ol ahyrsoňy bärisine öwrüldi. — Çagajygym, öz-özüne göwünlik bermegem oňarardy. — Birdenem garry meniň göreçlerime dikanlady. — Näme, ol diňe size hat ýazandyr öýdýäňizmi?
Men onuň solup giden göreçlerinden gözümi gaçyryp oturyşyma, garşylyklaýyn sowal berdim:
— Nememi, başga ýazyjy-şahyrlar bilenem hat alyşýamydy?
— Ýo-ok, men ony diýjek bolamo-ok. — Garry şu sözlerini nämüçindir, has süýkdürip aýtdy. — Ol diňe size ýazýady. Ýöne, siziň adyňyzdan özüne «jogap hatynam» ýazardy…
Öz adymdan ýazylan hatlary getirip bermeklerini haýyş edesim geldi. Ýöne beýtmedim. Nämüçin şeýdenime häli-häzirem düşünip bilemok, ýöne, öz adymdan ýazylan hatlary okamaga şol pursat gurbatym çatmady.
Gürrüň edip kän oturdyk. Goňşy-golamlardanam birlän-ikilän gelen boldy. Bir ýerlerden daýzanyň oglunam çagyryp getirdiler.
— Körpäm bi, Şükür jan. Sadap jandan kiçisi şü — diýip, garry bizi daş sypatyndan daýhandygy bildirip duran ýaş ýigit bilen tanyşdyrdy.
Men diňe hoşlaşyp durkak garry enäniň kalbynyň ahwalaty görnüp duran naýynjar gözlerine dikanlamaga özümde gaýrat tapdym. Şonda ol gözlerde özümiň biparhlygym sebäpli amala aşmadyk arzuwlaryň suratyny gördüm.
Şükür bizi howludan çykanymyzdan soňam esli ýere çenli ugratdy. Hoşlaşjak bolanymyzda ertirden bäri salamdan başga ýeke söz aýtmadyk ýigit «ýaryldy». Içini dökdi. Biçäre gyzyň hatlaryna jogap ýazmandygym, maýyp bendeden hiç bolmanda ýekeje gezegem habar tutmandygym, şeýdenligimide, belki, onuň entek-entekler ýaşaýmagynyňam mümkindigi barada nägileligini äşgär edipler janykdy.
— Men erkek dogany bolsamam, maýypdygy üçin onuň söýgüsini ýazgarmadym-a. A siz näme? Siz näme üçin ony ýazgardyňyz? Maýyp halyna sizi şeýle söýendigi üçinmi? Ýa söýginiň: «Pylan hili bolsaň söýmek bolýa, pylan hili bolsaň bolanok» diýen ýaly kanunlaram barmy?
Ýaş ýigit gahardan ýaňa sandyr-sandyr edip, gaty kän zatlar diýdi. Ol belki-de şonda Sadabyň meniň gözlerime dikanlap aýtmaly sözlerini aýdandyr? Şonda, nämüçindir, Şüküriň gahar-gazapdan doly gözleriniň içinden Sadaby gözledim. Gözledimem, tapdymam. Men muny ol gözlerdäki gahar-gazabyň bir demde sumat bolup, birhili ýakymly, naýynjar bakyşyň emele gelmeginden aňdym.
Bir pursat ikimizem dymdyk. Ýene-de Sadabyň maşgalasy, käri barada ýazanlaryny aýdasym geldi. Özüňi aklap oturmagyň manysynyň ýokdugyna göz ýetirenim üçin etdimmi, bilemok, garaz, ýene saklandym. Dymyşlygy Şükür bozdy:
— Agam, düşünýän, işiňiz ýetikdir, ýöne, iki agyz sözüňizi melhem saýyp ýören maýyp bende üçin bir pursat wagtyň tapdyrmajakdygyna men-ä ynanamok…
…Ondan bäri Şüküriň: “Bir pursat” diýýäniniň müňlerçesi geçip gitdi. Men welin heniz-henizlerem ykbalymyň öz wagtynda ýolumy şol obanyň üstünden eltmändigi üçin ahmyr edip, gaýta-gaýta Sadabyň hatlaryny elime alýan. «Öýme-öý aýlanyp, adamlaryň saglygyny soramagyň nähili lezzetlidigini siz bir bilsediňiz. Uzynly gün oba içinde ol öýden ol öýe aýlana-aýlana, aýagymyň hezilin-ä görýän…» diýen setirleri okabam maýyp gyzyň arzuwlarynyň suraty çekilen şol hatlardaky syra wagtynda düşünmändigim üçin gyýylýan. Ýöne, özümi günälämok. Bu zatlary onuň arzuw dünýäsinde guran hyýaly maşgalasyna bolan hormatym üçin edenligim maňa teselli berýär. Onsoňam, eger tötänlik ömrüň bir pursatynda Sadap ikimizi ýüzbe-ýüz edenliginde, onuň şol arzuw köşgüniň hakykatdanam bardygyna, maşgalasy, käri barada aýdanlarynyň çyndygyna ynanýan ýalňyz ynsan bolan maňa-da hakykat aýan bolardy ahyryn. Ol hakykatam Sadabyň hyýaly köşgüni bir pursatda çym-pytrak ederdi. Şu zatlaryň pikirini edenimde-de bu goja heňňamyň «pursat» atly göçümini bihasap etmeýändigini boýun alýan-da, Sadabyň «hyýaly köşgi» baradaky ýazanlaryna öz-özümi ynandyrmaga çalyşýan…
Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Hekaýalar