RADIOHULIGAN
SSSR-de 60-njy ýyllaryñ ortalarynda "radiohuliganlar" hereketi örç alyp ösüpdi. Olar 50-nji ýyllarda peýda bolup, hususan-da on ýyllykda werziş bolnan pişä õwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Şol döwre çenli radiosöýüjilere çagyryş signalyny almagyñ özüne görä kynçylygy bardy. Ýönekeý tolkunlary tutmak üçinem şarmankany çyra bilen özbaşdak galaýylap ýokary çäklere birikdirmelidi. Bagty gelen hojaýynlar ýasama radiomagnit tolkunlaryndan peýdalanyp, gije-gündiz öz ýanlarynda ne telewizorda ne radioda hiç bir efire gitmedik aýdym-sazlary diñläp lezzet alýardylar.
Wysoskiý we Bitly dagy, umuman beýleki hemşerileri hem dükanlardan satyn alyp bolmaýan radiopriemnigi özleri bejerip diñlärdiler. Radiostansiýanyñ uzaklykdan eşidiliş çägi uly däldi, birnäçe kilometr aralykdan gatnaşykda bolmak ýeterlikdi. Şonuñ üçin gijelerine hat-da goñşy şähere-de eşidilerdi. Hukuk goraýjy işgärler huliganlara garşy her dürli ýol bilen göreş alyp barýardy. Resmi hasaba alynmadyk radiogeçirijini ýasap ulanýanlara jerime salmak berk ýola goýlupdy. Birinji gezek 10 rubldan 50 rubla çenli, ikinji gezek tutulsañ ~ 150 rubl jerime salnardy. Bu jerime tölegleri diýseñ ýokary mukdardaky töleglerdi. Şonda-da öýdäki bar ulanylyan geçirijilerden tä ütüge çenli hemmesi radiopriýomnige öwrüldi. Ýöne gürrüñ tommaýly ýeri başga zatdady.
Öñki uruşly filmleri ýadyñyza salyñ: şonda çal reñkli penjiresiz kuzowly, antennasy depesinde ýuwaşja aýlanýan, iki birikdirilen diregi ýatladýan ýük maşyny köçede ýörärdi. Ine bir gün hut şoña meñzeş maşyn Krasnodaryñ kõçesinde-de peýda boldy. Onuñ gelmegi gowulyga ýorulmady. Şonuñ göz açyp-ýumasy salymda ähli gizlin beketler baglandy. Emma bu bassyr-bussyrlyk radiohuliganlary halas edip bilmedi. Maşynyñ depesinden antennany aýyryp şol ýerden çykyp:
- Açyñ! Milisiýa! - diýip gapylary kakyp başlanlarynda gizlin radiobekediñem sesine suw sepilen ýaly boldy.
Meniñ uly agam Wiktoryñ hem radio bolan höwesi ýok däldi... Ol hem beýleki goñşy oglanlar ýaly ähli aýdym-sazlaryny radiostansiýa ýygnapdy. Beýleki kwartalda, bizden birnäçe jaý añyrda ýaşaýan dosty Ýura hem tolkun geçiriji bejerdip, aýdym-saz çatdy.
- Witya, nähili eşidilýärmi?
- Örän oñat! 120 göterimde modulýasiýa!
- Hazir saña barýan, şol ýerden sesiñ hilini diñläp görjek.
Ýura bize Wiktoryñ ýanyna gelen dessine radiobeketden eşidilýän aýdym saz kesildi.
-Näme boldy, Witýa?! Hiç zada düşünmedim..
Olar iki bolup Ýuralara gitdiler. Edil şol pursat Ýuralaryñ öýünden çykan milisiýalar radiopriomnigi Ýuralaryñ gapysynda duran çal reñk ýük maşynyna ýüklediler. Ýuranyñ ene-atasynyñ ahy-nalasyna gulak asmadyk hyýrsyz milisiýalar öz işlerini ýerine ýetirmek bilen boldular. Oglanlar öýe ýetmän saklandy hem agşama çenli gizlendi... Witýa Gizlinlik bilen edilýän radiohuligançylygy dowam etmekligiñ oñlulygyñ üstünden eltmejegine göz ýetirdi. Jowzaly tomusyñ ýekşenbe güni. Witýa radiogeçirijini açdy-da, magnitofona zarýadlap aýdym-saz goýberdi. Şol pursat Şaumýan kõçesine ( häzirki Raşpilewskaýa) köçesinde radioplengator peýda boldy. Ol äwmezlik bilen depesinde antennasyny ýuwaşja aýlandyryp öýe tarap öwrüldi. Olaryñ gelendiklerinden çaltyk bilen habarly bolundy. Ähli aralykda ses tolkunlary ümsüm boldy.
Bitka hem radiobekedi öçürdi-de, howlukmaclyk bilen geçirijini gizländen soñ maşynyñ nirä barýanyny görmek üçin daşary çykdy. Awtoulag göni biziñ howlymyza tarap geldi....
Wagt õýläne golaýdy. Uly maşgala naharhanada günortanlyk edinmäge ýygnanypdy. Süýriden gelen uly nahar stoly ak örtük bilen örtülen, on adama niýetlenilip gap-gaçdyr çemçeler taýýar edilip goýulan. Ak çörek kesilip, aýna gapda ter pomidordyr hyýardan işdäaçar salyngy, ähli zat taýyn. Hut şol wagt gapy kakylýar:
- Açyñ! Milisiýa!
Kakam gapyny açanynda işikde keýpihon ýagdaýda duran milisiýlar dogumlylyk bilen:
- Siziñ õýñüzde gizlin radiogeçiriji işleýär, kanuny ýagdaýda biz siziñ öýüñizde barlag işlerini geçirmeli. Eger öýñüzden radionyñ haysy görnüşi çyksa-da size 50 rubl jerime salynar.
Kakam dergazap bolup:
- Witka! Ýene akmaklyk etdiñ!
Emma Wiktoryñ eýýam bu ýerde aýak yzy-da ýokdy... Milisiýa õýi näçe döküp dörse-de haýsydyr bir radio geçirijiden nam-nyşan tapmady. Diñe Wiktoryñ iş stolynyñ golaýynda radionyñ antenasynyñ icki simi çaşyp ýatyrdy. Añtawçylaryñ tamasy tala dañylan ýaly boş gitmeli boldular... Garaşylmadyk "resmi duşuşykdan" soñ maşgaladakylar nahar edinmäge howlukdy. Kakam saçagyñ başyna geçdi. Beýlekilerem ýygnandy. Diñe Witýa gelmedi. Ol howluda bolup geçen wakalar boýunça deñ-duş dostlary bilen pikir alyşýardy. Ol geçirijini şeyle bir ussatlyk bilen gizläpdir welin, hat-da ony iñ tejribeli añtawçylar hem öýi agdar-düñder edibem tapyp bilmediler! Ejem penjireden guşaklygyna çenli uzadyp:
- Witka, it janly! Hemmeler saña garaşýar, basym gel nahara! - diyip gygyrdy.
On litrlik pitide taýyn bolan lezzetli kuban gõkçorbasyny getirdiler. Witýa duýgydan dolup daşyp gelişine õzüni bat bilen oturgyjyna gõýberdi. Ejem pitiniñ gapagyny galdyrdy, susagy eline aldy. Çorbanyñ löderesini almak üçin susagy pitiniñ içine batyrdy, Susagy galdyranda pitidäki reñkli simleri g9rüp hemmeler añk bolup galdylar...
Hut bir sagat mundan õñ... olar geleninde Witýa ses geçirijini stolyñ üstünde goýup ähli simlerini üzüşdirip, ony gizlemäge amatly ýer gözläp başlaýar. Emma gizlemäge oñaýly ýer ýok. Ynha aşhana, plitada bolsa gaýnap duran çorba. Gizlemek üçin şundan amayly ýer ýokdugyna düşünen Witýa elindäki demiri nahara atyp giýberýär. Ine, şeýdip tutuş maşgala naharsyz galdy...
■ Sözsoñy.
Bu wakadan soñ, ondört ýaşyma ýetenimde agamdan öý şertlerinde tolkun geçirijini ýasamagyñ tärini aýtmagyny haýyş etdim. Witýa eline depder, çyzgyç hem galam aldy-da, üç minudyñ içinde kagyzyñ ýüzüne ynam bilen radiogeçirijiniñ shemasyny bir 6PZS lampasyna - sözüñ doly manysynda gapma-garşylyklaryñ, elektrik güýjini ýygnaýjynyñ, transfarmatoryñ hem tigiriñ çyzgysyny çyzdy. Hem-de ol geçirijini nähili ýasamaly, simleri nirä birikdirmeli, radio lampasyndan radiostansiýanyñ alynyş düzgünini jikme jik yzygiderli düşündirdi. Agam Wiktor şeýle bir yhlaslydy. Men hem uly gyzyklanma bilen çyzgy boýunça gerek zatlarymy ýygnanymdan soñ hakykatdanam "WEF" radiosyny radiobekede birikdirmäge başladym. Maña aýdym-saz gõýbermek beýle bir gyzykly bolmasa, da esasy zat: ses tolkunlarynyñ uzak araçäkden aragatnaşygyny tutmak höwesim ýerine düşüp, Noworossiýadan Krasnodaryñ radiosöýüjileri bilen 100 km aralykdan, "Zaporožes" bilen gideniñde 430 km aralykdaky ses tolkunlaryny tutmak başartdy... Bu bolsa az kuwwatly ses geçiriji üçin artygy bilen ýeterlikdi..
Aleksandr RÝAHIN,
31.08.2017 ý Krasnodar.
Rusçadan terjime eden: Has TÜRKMEN.
Hekaýalar