21:28 Reformist jenaplar | |
REFORMIST JENAPLAR
Publisistika
"Eger täze reformist prezident Ysraýyla jogap bermek islese, araplara diñe bir duşmana garşy göreşerleri ýaly ýardam etsin" Ýoldaş Ahmet Hateminiñ eýran syýasat arenasyndan çekilen gününden bäri gündogarly raýat hökmünde Eyrandaky täzeliklere bolan gyzyklanmam azaldy. Bu ýerdäki adamlaryñ örän uly böleginiñ indi täze eýran sajynda ýeri, mekany ýa-da baglanyşygy galmandygyny duýdum. Hususanam saýlawlar bilen baglanyşykly üýtgeşmeler erkin saýlaw atmosferasynda däl-de, Yslam Rewolýusiýasy atly ýeke-täk kontollyk astynda bolup geçendigi üçin. Şonsuzam Ahmet Hatemini saýlanlaryñ topbagy bilen ýoldaş Mahmud Ahmedinejady saýlandyklaryna ynanasym gelmedi. Şanyñ gopbamsylygyndan halas bolma babatda umuman hemmetaraplaýyn dil tapyşma bardy. Muña derek Ahmedinejad pozitiw çemeleşmek bilen birlikde, aýratynam sebitde global sazlaşyga garşy has prowokasion we ýumruk salgaýjydy. Emma bularyñ hemmesi Eýranyñ öz meselesi bolup galdy. Hatemiden soñ pozitiw prezident bilen konserwatiw prezidentiñ obrazy birleşdi. Prezident wezipesinde nähili üýtgeşme bolsa bolsun, prezident "Dini lider" üçin bary-ýogy bir çinden ybarat. Şa režiminden soñ Eýran bilen gatnaşyklaryñ kadalaşjakdygyny umyt eden sebit Eýran tarapyndan ýakyp-ýandyrylan ýerlere öwrüldi. Galany aýdybam oturmagyñ hajaty ýok gürrüñden ybarat. Täze prezident hamana has giñ erkinlik ygtyýarlygyna eýe ýaly hereket edýär, özünden öñkilere garanda has giñ ýumşama wariantlaryny hödürleýär we dünýä ýurtlary bilen adaty, hatda tebigy gatnaşyklaryñ gürrüñini edýär. Munuñ özi rewolýusiýadan bäri döwlet mantygyna, ýurtlaryñ arasyndaky düzgünlere we halklaryñ arasyndaky gatnaşyklara gaýdyp gelmegi üçin ilkinji mümkinçilik bolarmyka? Eýran netijeli we kämil hyzmatdaş gözlemek, Saddam Hüseýiniñ başlan millionlarça adamyñ ömrüne, güzeran çeşmesine we geljegine zarba uran uruşlary soñlandyrmagyñ ýerine syýasatyny diktowat etmek isleýär. Sebit harby flotlardan doly. Diñe Ierusalim däl, Babyl-Mendeb hem şeýle. Araplaryñ ýitgiperi, aýratybam palestinalylaryñ ýitgileri taryhyñ hiç bir döwründe görlüp-eşdilmedik derejä ýetdi. Yzda galan hemme zat ahyrynda-soñunda belliklere we düşündirişlere öwrüler. Gazada bolýan wakalar we indem Günbatar Şeriada dünýäniñ iñ berk gaýtawulçy we iñ köp kösenýän halkyna garşy edilýän masgaraçylykly zulumlara üns berilende, Ysraýyla beriljek jogabyñ gymmaty näderejede bolar? Eger täze reformist prezident Ysraýyla jogap bermek islese, araplara diñe bir duşmana garşy göreşerleri ýaly ýardam etsin. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 03.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |