04:11 Reisiniñ ölümi awiaheläkçilik däl bolsa, añyrsynda kimler bolup biler? | |
REISINIÑ ÖLÜMI AWIAHELÄKÇILIK DÄL BOLSA, AÑYRSYNDA KIMLER BOLUP BILER?
Publisistika
"Eýranyñ komplimasiýalara werziş syýasy medeniýetinde juda az adam Reisiniñ ölüminiñ awiaheläkçilikdigine ynanar". Bibat bolan wertolýot 15 sagada çeken gözleg-barlag işlerinden soñ tapyldy (AFP) 19-njy maýda wertolýoty heläkçilige uçran Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisini tapmak üçin herekete geçilenden soñ, hadysanyñ awiaheläkçilik däldigini pikir edenler "Muny kim edip biler?" sowalyna jogap gözlemäge başlady. Köp kişi ýurduñ 85 ýaşly dini ýolbaşçysy Ali Hamaneýiñ ýerine geçmegine garaşylýan Reisiniñ ölüminiñ sorag-idegi häzirden uly boljaga meñzeýär. Bolup biläýjek sebäpleriñ arasynda köp ýyllara çeken sanksiýalar zerarly howa ulaglaryna esewan edilmezligi we ümür-duman, ýagyş, ýeliñ güýçli öwüsmegi ýaly ýaramaz howa şertleri bar. Emma Tähranyñ köçelerinde atylan salýutlar Reisiniñ ýurduñ içinde hemmeler tarapyndan onçakly halanmaýandygyna-da yşarat edip biler. Otuz bäş ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelýän Hamaneýiñ saglyk ýagdaýynyñ ýaramazlaşýandygy baradaky habarlaryñ tagt oñşuksyzlygyny gyzyşdyran bolmagy-da ähtimal. Hünärmenler 63 ýaşly Reisiniñ ýurduñ birinji derejeli wezipesi üçin Hamaneýiñ körpe ogly Müjteba bilen bäsleşendigini aýdýar. ABŞ-nyñ Karnegi adyndaky Halkara Parahatçylyk fondundan Kerim Sajapur muny şeýle düşündirýär: "Reisiniñ ölümi Eýranda mirasdüşerlik konfliktine getirip biler. Segsen bäş ýaşly baş aýatollanyñ ýerini alyp biljek kandidatlaryñ arasynda diñe Reisiniñ we Müjteba Hamaneýiñ ady tutulýardy. Eýranyñ komplimasiýalara werziş syýasy medeniýetinde juda az adam Reisiniñ ölüminiñ awiaheläkçilikdigine ynanar". Ysraýyl bilen dowam edip gelen dartgynlylyk hem şübhelere ýol arçaýar. Geçen 1-nji aprelde Siriýadaky iki generaly öldürilen Tähran şol hadysadan iki hepde geçensoñ Ysraýyla dronlar we raketalar bilen hüjüm edipdi. Ysraýylyñ muña beren ejizje jogaby bilen dartgynlylygyñ häzirlikçe diñendigi pikir edilýärdi. Reisiniñ heläkçilige uçramagy bilen gözler ýene-de Ysraýyla öwrüldi. Adyny aýtmazlyk şerti bilen "Reuters" habarlar gullugynyñ sowallaryna jogap beren ysraýylly ygtyýarlylaryñ biri wertolýot heläkçiligine hiç hili dahyllarynyñ ýokdugyny aýtdy. Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Töwriziñ häkimi Mälik Rahmeti, Eýranyñ dini ýolbaşçysy Hamaneýiñ Töwrizdäki wekili Muhammet Ali Haşim hem awiaheläkçilikde ölenleriñ hataryna girdi (AFP) Başga bir şübhe oýandyran aktýor hem Azerbaýjan boldy. Azerbaýjanyñ prezidenti Ylham Alyýew we Reisi Araz çaýynyñ üstünde iki ýurduñ bilelikde guran "Gyz galasy" we "Hudaferin" bentleriniñ açylyş dabarasyna gatnaşypdylar. Emma araçäk zonasyndan üç wertolýotlyk konwoý bilen yzyna gaýdyp gelýän Reisiniñ duýdansyz ölümi Bakunyñ Tel-Awiw bilen ýakyn gatnaşykdadygyny we Ikinji Garabag uruşynda Tährandan gelen berk ultimatumlary ýatlatdy. Hadysadan soñ Alyýew hem gynanç bildirip çykyş edenleriñ hatarynda ýer aldy: "Dost we doganlyk Eýran respublikasynyñ we halkynyñ agyr ýitgisi prezident Ibrahim Reisiniñ, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyñ we beýlekileriñ wertolýot heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykandygy hakdaky habar bizi çuññur gynanja goýdy. Eýran halky prezident Ibrahim Reisiniñ şahsyýetinde ömürboýy yurduna jany-teni bilen hyzmat eden saýlama döwlet işgärini ýitirdi. Onuñ ýagty ýadygärligi elmydama biziñ ýüregimizde ýaşar. Şeýle gynançly günde Beýik Allatagaladan dost we dogan eýran halkyna sabyr-kanagat, dözüm-gaýrat dileýärin, gynançlaryny deñ paýlaşýandygymy mälim edýärin, Size, gurban bolanlaryñ maşgalalaryna we ýakynlaryna, bütin halkyñyza öz adymdan we azerbaýjan halkynyñ adyndan yzy ýarasyn diýýärin. Alla rehmet etsin". Ibrahim Reisi we Ylham Alyýew "Gyz galasy" we "Hudaferin" bentleriniñ açylyş dabarasynda, 19.05.2014 ý. Eýranyñ Konstitusiýany Goraýjylar Geñeşi Ali Hamaneýiñ tassyklamagyndan soñ prezident wezipesini prezidentiñ birinji orunbasary Muhammet Muhbiriñ eýelejekdigini mälim etdi. Eýranyñ konstitusiýasyna laýyklykda täze prezidenti elli günüñ dowamynda saýlamak maksady bilen Mejlisiñ başlygyndan, Suduñ başlygyndan we prezidentiñ birinji orunbasaryndan düzülen toparyñ gerekli üýtgeşmeleri girizmeli bolar. Eýranda prezidenti Konstitusiýany Goraýjylar Geñeşiniñ tassyklan kandidatlarynyñ arasyndan halk saýlaýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |