01:54 Remezan kanunnamasy | |
REMEZAN KANUNNAMASY
Maliýe we ykdysadyýet
"Hürriyet", "Milliyet" gazetleri bu habary uly şatlyk bilen berdi... Liberal, yslamçy, nasionalist (milliýetçi) pozisiýadaky gazetler bu habary baş sahypalarynda uly şatlyk bilen, bolşundan bäşbeter edip berdi. Häkimiýetiñ tarapdarlary we garşydaşlary baý begendiler-ä. Nämemiş: ABŞ-nyj kredit derejelendirme edarasy "Fitch Ratings" Türkiýäniñ kredit görünimini pozitiw hasaplanmyş... Şeýle-de, liboş pop ykdysatçylaryñ bolşuny gördüñizmi: baý çapak çaldylar-a, baý begendiler-ä! Diñe liberallar beýlede dursun, ýurdumyzda ne sagçy doly sagçy, ne-de çepçi doly çepçi. Taryhymyzy ünsli okamagyñyzy haýyş edýärin: Iñlis söwda geleşigi we yzysüre gelen "Tanzimat" permany osmanly maliýesini "tikin tutdurmaýan" ýagdaýa düşürdi. Meselem, 1838-1922-nji ýyllarda segsen bir gezek nazir (ministr) çalşygy boldy. Krym uruşy bilen 1854-nji ýyldan başlap bergä batan osmanly maliýesi ýigrimi ýyldan soñ çeken zyýanyny mälim etdi. Soltan Abdyleziz "Remezan kanunnamasyny" çykardy: "Bergilerimizi üzüp bilemzok!" Ilki Abdyleziz döwlet agdarlyşygy bilen tagtdan agdaryldy. Yzyndan 1881-nji ýylda Soltan Abdylhamyt II-ä "Muharrem kanunnamasyna" gol çekdirildi. Ýagny: Muglanyñ temmäki öndüriji daýhanlarynyñ "Çökertme" aýdymy döredi! Golçylar gelende Halylym, Nirelere gaçalyñ? Boýun egmäliñ Halylym, Aman, gülle saçalyñ!.. (Kolcular gelince Halil’im, Nerelere kaçalım. Teslim olmayalım Halil’im. Aman kurşun saçalım...)[/i] Ýewropa algysyny almak üçin özüne Stambulda "Duýuni-Umumi" gurup, Osmanlynyñ duz, temmäki salgytlaryny ýygnamaga başlady. "Golçylar" bularyñ ýaragly güýjüdi. * * * "Hürriyet" gazetiniñ aýtmagyna görä: "12 ýyldan soñ artyşyñ sebäbi!" Nämedir öýdýäñiz, "Fitch Ratings" hasabymyzh näme sebäpli artdyranmyş? "Hürriyet"-i bir gyra zyñyñ, men ýazaýyn: Erdogan we onuñ egindeşleri 2002- nji ýylda neoliberalizme doly garaşlylyk "kasamy" bilen häkimiýet başyna geldi. Emma Erdogan (we onuñ körekeni Berat Albaýrak) bu "süýthor syýasatdan" el çekip, ýüzüni Ýewraziýa tarap öwrülen badyna "diktator" yglan edildi, FETÖ agdarlyşygy bilen agdarylmak islendi. Erdogan şu soñky saýlawa çenlo (Osmanlynyñ boýnuna "Tanzimaty" dakanlara garşy) dik durdy, emma ahyrynda ýeñildi. Maliýäni ýene Mehmet Şimşegiñ eline berdi. Ittihatçylaryñ Jawit beýi nähili bolsa, Erdoganyñ Mehmet Şimşegi-de şodur! Ittihatçylaryñ metbugat organlary Jawit beýi düýn nähili öwen bolsa, Remezan aýyna girilen şu günlerde "Fitch Ratings" bilen umytlanan häkimiýet mediýasy gykuwlaýar: Hudaýa şükür! Bu ýurtda ykdysady-syýasy düşünje ýok. Serediñ: * * * Kredit derejelendirmäni bilýänsiñiz: şereketiñ ýa-da ýurdum at-abraýyny, ygtybaryny kesgitleýärler. Bergiliniñ wagtynda esasy puluñ we prosent töleglerini edip, bergisini yzyna üzmek ukybynyñ bardygyna-ýokdugyna şu kompaniýalar karar çykarýar! Üç uly amerikan kompaniýasy - "Moody’s", "Standard & Poor’s", "Fitch Ratings" global kapital bazarynyñ 95%-ni gysymynda saklaýar! Dünýädäki kompaniýalaryñ, ýurtlaryñ alýan karz puluny-kreditini töläp biljegini-bilmejegini şular çaklaýar. Şu üç amerikan kompaniýasy "mizan terezide" çekip kredit hasabyny berýärmi? Güldürmeseñizläñ meni! Bular eksplutasiýanyñ guraly, bularyñ islän zadyny etseñiz, size lomaýja "kredit oçkosyny" berýär. Işiñ geñ tarapy, bularyñ uly kredit berýänleri batýar! Meselem: 1994-nji ýylyñ "Orange County" dik gidişmesi, Aziýanyñ we Russiýanyñ maliýe krizisleri, "Long-Term Capital Management" hejirowaniýa fondunyñ 1998-nji ýyldaky batyşy, 2001-nji ýylyñ "Enron", "WorldCom" batyşlyklary, aýratynam 2008-nji ýyldaky "Mortgage" krizinde kredit derejelendirme kompaniýalarynyñ uly günäsiniñ bardygy ýüze çykdy. Şuny ýazmasam bolmaz: "Enron" kompaniýasyngñ hasap-hesipde kezzapçylyk edendigi 2001-nji ýylda belli bolup, aksiýalary görnetin pese geçendigine garamazdan, bu kredit derejelendirme kompaniýalary batyşlygyñ dört gün öñüsyrasyna çenli hasabyny "maýa goýumlaryny goýup bolýar" pellesinde saklady. Şu Remezan aýynda durman doga-dileg ediñ, ýurdumyz indi bir "Remezan kanunnamasyny" başdan geçirmesin! Ýogsam bolmasa, çöküşligi duruzmak mümkin däl ýagdaýa gelýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |