09:24 Reñkli rewolýusiýa: AKP | |
REÑKLI REWOLÝUSIÝA: AKP
Publisistika
2001-nji ýylyñ 14-nji awgustynda Adalat we Galkynyş partiýasy guruldy. Şu güne çenli üstünde kän durulmaýan perspektiwa bilen partiýanyñ gurulyşyny-taryhy köklerini öwrenmekçi: Globallaşmagyñ ideologiýasy neoliberalizm togsanynjy ýyllaryñ ahyrynda dünýäniñ dürli ýerlerinde "reñkli rewolýusiýalar" aldawyny syýasat sahnasyna girizdi! Ilkibaşda Bolgariýa (1997), Horwatiýa (2000), Serbiýa (2000), Gürjüstan (2003), Ukraina (2004) ýaly ýurtlarda reñkli rewolýusiýalar "bägül", "mämişi", "pyrtykal", "mahmal", "läle" ýaly göz boýaýjy demokratik talaplar bilen dünýäniñ 86 ýurdunda durmuşa geçirildi. Iñ soñky gezek "Arap bahary" bilen orta atyldy... ABŞ-nyñ prezidenti Jorj Buş 2005-nji ýyl Yragyñ başyna salan wakalary üçin "Mor rewolýusiýa" adalgasyny ulandy! ABŞ-nyñ öñbaşçylygy we goldawy bilen "reñkli rewolýusiýalar" 1990-njy ýyllaryñ soñunda toparlanmaga başlady. Mysal üçin, Serbiýadaky "Otpor" 1998-nji ýylyñ 10-njy oktýabrynda guruldy. Iki ýylyñ dowamynda Miloşewiçiñ häkimiýetini ýykmaga ukyply güýje öwrüldi... Belarusdaky "Jinsi rewolýusiýasy" ýaly sözde raýat-jemgyýetçilik hereketleri käbir ýurtlarda şowsuzlyga uçrady... Sözümiñ başyna gaýdyp geler bolsam, AKP "reñkli rewolýusiýa" maksatnamasydymy? * * * 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabr döwlet agdarylyşygy "jemgyýetde egin-eşik gözden geçirişini" çap etdi. Jemgyýetçilik edaralaryna aýal-gyzlaryñ bürenjekli girip-çykmagy gadagan edildi. Aradan ýyllar geçdi... Umuman hukuk kadalary arkaly hakyñy talap etmek wagtyñ geçmegi bilen demonstrasiýalara öwrüldi. Mysal üçin, 1997-nji ýylda Leýla Şahine ýa-da Abdylla Gülüñ aýaly Haýrünnisa Güle bürenjeklidigi sebäpli ýokary okuw jaýynda kynçylyk döredilmegi ýaly bolup geçenler ýokary okuw jaýlarynda bu boýunça kemsidilmelere uçraýanlaryñ nägileliklerini artdyrdy. Meselem, 1998-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda 31 şäherde "Ynanja hormat, pikire erkinlik üçin el-ele" halkasy emele geldi. Türkiýäniñ üns merkezinde kemsidilmelere uçran gyz talyplaryñ demonstrasiýasy bardy. "Söz azatlygyny" talap edýärdiler... Talyplaryñ 1968-nji ýylda başlan synpy häsiýetli ykdysady üýtgeşme inisiatiwalary togsanynjy ýyllarda neoliberalizme kybap getirilip, diñe aýratynlyga (identiçnost) esaslanýan protestlere öwrüldi. Raýat ytagatsyzlyk merkezli demonstrasiýa repertuarlary şol döwür başlan "reñkli rewolýusiýa" protestleri bilen birmeñzeşdi! Netijede AKP (işçi hereketlerinden başgasyna) köpçülikleýin nägileliklere beleñ berdi... * * * AKP syýasata "täzelikçiler" ady bilen çykdy. Antikapitalistik Milli Görüş "köýnegi" üýtgedildi. Neoliberalizmiñ "täse konserwatiwligi-neoliberalizm" oñlandy. Türk syýasy sistemasynda düýpli üýtgeşmeleri geçirmekçidiler. Bu düýpli syýasy özgerişligiñ özeninde "ikinji respublika" bardy. Bu "demikratik konserwatiwlik" ady astybda "raýat-jemgyýetçilik" talaby bilen "harby wekilçiligiñ" soñuna nokat goýjak üýtgeşmedi. Dünýewilik respublikan döwrebaplaşmagyñ baglanyşyklylygynda problemalaşdyryldy. Esaslandyryjy gymmatlyklar we esaslandyryjy Atatürk gözden düşürilmäge dyrjaşyldy. "Demokratiýalaşma" sözi dillerden düşmedi... Hamana çekilen kynçylyklaryñ düýp sebäbi merkeziýetçi-kollektiwleýin nasional döwletdi! Täze ykdysady-syýasy maksatnamada döwlet güýji kontrollyk astyna alynmalydy we daşardan karz almalar bilen importa (daşardan satyn alynýan önümlere) esaslanýan sarp edijilik maksat edinilýärdi. Ýagny: AKP 1980-nji ýylyñ 24-nji ýanwaryndaky kararlar bilen başlan, Çillerdir Kemal Derwiş bilen dowam eden bazara gönükdirilen neoliberal strukturalaýyn kybaplaşdyrma prosesine ygrarly bolup galmalydy. Sosial döwlet hususylaşdyrmalar bilen biçilmelidi... Çiller aýtmyşlaýyn "iñ soñky kommunistik döwlet bolan Türkiýe Respublikasy" ahyrynda ýykylmalydy... Içerki we daşarky syýasatda ABŞ-na we ÝB-ne doly eýerilmelidi. Gepi uzatmagyñ ne hajaty bar, "köne Türkiýe" - Täze Türkiýe" çekişmesi orta atyldy. Netijede 23 ýylda nämeleriñ bolup geçendigini özüñiz gowy bilýärsiñiz... Başdaky meselä gaýdyp geler bolsak (FETÖ-çep liberal bileleşikli) AKP gurulyşly "reñkli rewolýusiýa" maksatnamasydymy? Hawa, şeýledi. 23 ýaşly AKP kem-kemden "reñkli rewolýusiýa" prosesinden üzñeleşme döwrüni başdan geçirdi. Emma aýlanyp-dolanyp ýene neoliberalizmiñ gujagyna oturdy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |