09:58 Rewolýusiýanyñ aýdymçysy | |
REWOLÝUSIÝANYŇ AÝDYMÇYSY
Edebi makalalar
Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň yhlasly, söweşjeň aýdymçysy bolan ajaýyp sowet şahyry W.W.Maýakowskiý ähli sowet okyjylarynyň söýgüli şahyryna, sowet edebiýatçylarynyň bolsa ykrar edilen ussadyna öwrüldi. W.Maýakowskiniň poeziýasynyň barha ösiän şöhraty, A.N.Fadeýew aýtmyşlaýyn, onuň döredijiliginde dünýä poeziýasynyň taryhynda ilkinji gezek poeziýa bilen kommunizm birleşýär hem bileleşýär. Boýdan-başa göreşleriň hem wakalaryň içinde bolup, durşuna hakykatan doly bolan eserleri bilýän okyjylary hem diňleýjileri özüne bendi eden şahyr şu gün hem şol kuwwaty bilen ýaşaýşy dowam etdirýär. W.W.Maýakowskiniň ýaşaýşa ukyply sesi juda ir herekete girýär. Çünki ol çagalyk ýyllaryndan başlap, rewolýusion situasiýalaryň içinde taplanyp ugraýar. Şol ýyllarda mitinglerde hem-de demonstrasiýalarda listowkalar hem goşgular okaýar. Beýik şahyr 1908-nji ýylda bolşewikler partiýasynyň hataryna girýär. Öz ýatlamalaryna görä, onda sungata, edebiýata bolan söýgi, hyjuw has ir oýanýar. Ol hemişe täzeligiň gözleginde gezýär. Geljege bolan uly umyt bilen ýaşaýar. Maýakowskiý şol wagtlar ýoldaşlaryna «Meniň sosialistik sungat döredesim gelýär» diýip ýüzlenýär. Ol 1911-nji ýylda Moskwanyň şekillendiriş sungaty uçilişesine okuwa girýär. Ol ýerde birnäçe talantly ýaşlar bilen duşuşýar. Joşgun bilen döredijilik işine başlaýar. Onuň özgeleriňkä meňzemeýän joşgunly döredijiligi sosialistik mazmuna ýugrulýar. Elbetde, bu işde oňa rewolýusion işlere gatnaşmagy, marksizm bilen ýakyndan tanyşmagy uly ýardam edýär. W.Maýakowskiý eýýäm metbugatda çap edilen ilkinji goşgularyndan başlap, buržuaz gurluşyna aýgytly protest bildirýär. Bu onuň rewolýusiýadan öňki eserleriniň esasy hamyrmaýasydyr. Rewolýusiýanyň ady bilen taplanan, onuň wepaly aýdymçysy bolan beýik şahyr buržuaz jemgyýetiniň gurluşyna, ondaky eden-et- diliklere, buržuaz ahlagyna bolan düýpli garşyly- gyny 1915-nji ýylda ýazan «Jalbarly bulut» poemasynda gutarnykly beýan edýär. Bu poema onuň Oktýabra çenli bolan döredijiliginde iň düýpli eseri boldy. «Jalbarly bulutda» şahyryň rewolýusion hyjuwy, düşünjesi has ýitileşýär. Poema şol köne jemgyýetiň galplygyny, adamkärçiliksiz sypatlaryny äşgär etmäge hem sosial agdarlyşygyň gutulgysyzdygyny düşündirmäge gönükdirilen. Bu eseriň şeýle häsiýetde ýazylandygyny aňyp, patyşa senzurasy oňa badak atyp başlaýar. Poemanyň öňki adyny üýtgetdirýär. Ondan alty sahypany aýyrdyrýar. Eser Oktýabr rewolýusiýasyndan soň dolulygyna neşir edilýär. W.Maýakowskiý Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyny uly joşgun bilen «Meniň rewolýusiýam» diýip garşylaýar. Bu dogruda öz terjimehalynda hem «Bu meniň rewolýusiýam. Derrew Smolna bardym. Işledim. Näme gabat gelse, şol işi etdim» diýip ýazýar. Şahyr özüniň rewolýusiýa bolan garaýşyny, onuň beýik ýeňşini «Rewolýusiýanyň odasy» atly goşgusyndaguwanmak bilen beýan edýär. W.Maýakowskiniň rewolýusiýanyň yzysüre döreden eserleriniň gowularynyň biri-de «150 000 000» poemasydyr. Bu eserinde şahyr ýaş Sowet döwletiniň dünýä kapitalizmi bilen göreşiniň giňişleýin suratyny çekýär. Muny Maýakowskiý ýüz elli million halkly Sowet döwletiniň adyndan orta çykan batyr Iwan bilen kapitalistik dünýäniň simwoly bolup duran Wilsonyň başa-baş göreşi arkaly suratlandyrýar. Göreş zähmetkeş halkyň wekili bolan Iwanyň peýdasyna çözülýär. W.W.Maýakowskiniň bütin ömri ROSTA hem partiýa, sowet metbugaty bilen baglanyşyklydyr. Ol ROSTA-da işlän döwürlerinde köp sanly surat plakatlar döredip, olarda-da goşgy bilen tekstler ýazýar. Ol ýerde döreden eserlerini şahyr özüniň «ilkinji ýygyndysy» hasaplaýar. Soňra olary özbaşdak kitap edip çykarýar. Bu işlerde şahyr halky duşmanlara garşy göreşlerde durnuklylyga, gaýduwsyzlyga çagyrýar. Gyzyl Goşunyň ýeňişlerini taryplaýar. Rewolýusiýanyň, ýaş Sowet döwletiniň duşmanlarynyň üstünden ajy-ajy gülýär. W.Maýakowskiý partiýa, sowet metbugatynyň işine hemişe uly ähmiýet berýär. Onuň söweşjeň işgärleriniň biri bolýar. Ol aýratyn hem «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň işine juda işeňňir gatnaşýar. Bu ýerde onuň sowet ýaşlary hakdaky eserleriniň köp sanlysy çap edilýär. W.Maýakowskiý ýadawsyz syýahatçydyr. Ol Sowet Soýuzynyň köp ýerlerini aýlanyp görýär. Ýurdumyzyň 54 şäherinde bolup, zähmetkeşleriň öňünde öz eserleri bilen çykyş edýär. Ol daşary ýurtlara hem yzygider syýahat edýär. Ýewropanyň ýurtlarynda hem ABŞ-da bolýar. W.Maýakowskiniň metbugat işleri bilen bolan ýakyn gatnaşygy, syýahatlary onuň döredijiliginde ýitmejek yz galdyrdy. Durmuş bilen içgin, janköýer gatnaşygy onuň «Sol marşy», «Ýoldaş Nette», «Sowet pasporty hakynda goşgy», «Ýaşlygyň syry», «Söýgi», «Fininspektor bilen poeziýa barada gürrüň», «Sergeý Ýesenine» ýaly belli goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Umuman, bu goşgular onuň ajaýyp lirikasynyň esasyny düzýän eserlerdir. Beýik şahyryň eserleriniň her biriniň özboluşly taryhy bar. Olaryň her biri döwrüň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndan gelip çykýar. Şahyryň «Ýoldaş Nettesi» sowet diplomatik kurýeri Teodor Nettä bagyşlanan. Nette şahyryň ýakyn tanşy bolupdyr. Ol 1926-njy ýylda diplomatik poçtany gorap, haýsydyr bir kapitalistik döwlet tarapyndan iberilen haýynyň elinden wepat bolýar. Onuň adyny Gara deňziň flotlarynyň birine dakýarlar. Şahyr tanşynyň ady dakylan floty görüp, ony ýatlap: «Ýoldaş Nettä, parohoda hem adama» diýen at bilen eser ýazýar. W.Maýakowskiniň «Sowet pasporty hakda goşgy» atly eseriniň taryhy has hem gyzyklydyr. Ol 1929-njy ýylda daşary ýurtdan dolanyp gelýärkä, ýolda pasport barlanýar. Barlagçy çinownik öwran-öwran epilip, amerikalynyň, iňlisiň pasportyny görýär. Daniýanyň, Şwesariýanyň pasportyny görende, bir bolşuny saklaýar. Birdenem orak-çekiçli Sowet pasportyny görüp, agzyna köz atylan ýaly, iki ýüzli päki gysymlan ýaly, eline okly kirpi alan deýin bolýar. Şahyr bu gülkünç ýagdaýy görüp, özüniň beýik döwletiň ogludygyna guwanyp, ummasyz joşgun bilen: Okaň siz! Okaň siz! Gitsin gözüňiz! Sowet Soýuzynyň graždany men – diýip, sözüni jemleýär. Göräýmäge, kiçijik bir liriki goşgy bolan bu eser Sowet Watanymyzyň ýalkymly gimni ýaly bolup ýaňlanýar. D.Haldurdy tarapyndan ökdelik bilen terjime edilen bu eser türkmen okyjysyna köp ýyllardan bäri tanyşdyr. Ol okuw kitaplarynyň sahypalaryny bezeýär. Tribun şahyryň «Mejlishalarlar» goşgusy-da okyjy köpçüliginiň söýgüsini gazanan eserdir. Şahyr goşguda hemme döwür üçin zyýankeşlik bolan ýygnakçylygy tankytlaýar. Günde ýigrimi gezek ýygnak çagyryp, önümçilige päsgel berýän býurokratlary berk ýazgarýar. Goşgy gazetde çykan gününiň ertesi W.I.Lenin metalçylaryň gurultaýynda çykyş edip, Maýakowskiniň bu eseriniň uly ähmiýetiniň bardygyny ýörite belleýär. W. Maýakowskiniň döredijiliginde Lenin temasy aýratyn uly orun eýeleýär. 1920-nji ýylda Iliçiň 50 ýaşy dolanda, şahyr «Wladimir Iliç» goşgusyny ýazýar.1923-nji ýylda Lenin agyr syrkawlanda, Maýakowskiý «Biz ynanmaýarys» diýen eserini döredýär. W.I.Leniniň aradan çykmagy W.Maýakowskini bütin durky bilen gynandyrýar. Bu dogruda N.Aseýew şeýle ýatlaýar: «Men şol döwre çenli Wladimir Wladimirowiçiň şeýle derejede gaýgy-hasratly bolan wagtyna duşmandym. Onuň hatda birhili ýüzüniň reňkem garalan ýalydy. Adatça, her bir zadyň täsirini örän janly hem töwekgel duýýan adam şol günlerde bütinleý geplemegini hem goýupdy». W.Maýakowskide rewolýusiýanyň genisiniň obrazyny ebedileşdirmek pikiri döräp, ol beýik serdar barada uly poema döretmäge girişýär. Ägirt uly güýç bilen ýazylan, tutuşlygyna gözel, söweşjeň duýgulara ýugrulan, mermer daşy ýaly, sagdyn pikirli, her bir setiri aforizmlere öwrülip giden bu poema M.Gorkiniň Lenin hakyndaky ajaýyp oçerkleri bilen bir hatarda serdaryň obrazyny dolulygy bilen göz öňüne getirýän iň monumental, ýokary ideýaly eserdir. W.Maýakowskiý bu poemasynda proletariatyň beýik serdaryna bolan çäksiz söýgüsini, W.I.Leniniň ýolbaşçylygynda dünýäde ilkinji sosialistik döwletiň emele gelşini, sowet halkynyň gazanan üstünliklerini, kapitalistik dünýäniň elhençliklerini ýiti pikir bilen suratlandyrýar. Şahyr eseri bütin progressiw adamzady gurşap alan elhenç habaryň beýany bilen başlaýar. Adamzat taryhyny täzeden gurnaýjy bolan beýik rewolýusioner – W.I.Leniniň aradan çykandygy baradaky agyr habar adamlary birbada gam laýyna batyrsa-da, olar özlerini ýitirmeýärler. Sowet adamlary Leniniň röwşen ideýalaryna wepaly bolup, leninçilik ruhubelentlik, tutanýerlilik bilen ony durmuşa geçirjekdiklerine ynam bildirýärler. Sowet adamynyň güýçli hyjuwy, optimizmi bilen teswirlenýän leninçilik dünýägaraýşyň eseriň esasy aýratynlyklaryny ýüze çykarýan alamatdyr. Şol gahrymanyň rewolýusion dünýägaraýyşly, parasatlylygy bilen kapitalistik dünýäniň bütin many-mazmuny analiz edilýär. W.I.Lenin tarapyndan bu ýagdaýyň biziň ýurdumyzda köküne palta urluşy, geljekde bütin dünýäde hem onuň şeýle ýagdaýa düşjekdigi deliller bilen nygtalýar. Awtor bu babatda beýik Leniniň ýadawsyz hyzmatyna, pähim-paýhasyna uly sarpa goýýar. W.I.Lenin täze tipli marksistik partiýany döredijidir. W.Maýakowskiý hem onuň bu işine uly ähmiýet beripdir. Zähmetkeşleriň agzybirliginiň, köpçülik bolup göreşmekleriniň möhüm zatdygy täsirli beýan edilýär. Maýakowskiý beýik serdaryň Partiýany döretmek hakdaky taglymatlaryny inçe detallar bilen görkezip, Leniniň özüne uly hormat goýşy ýaly, onuň partiýasyna hem şeýle derejede garaýar: Partiýa bilen Lenin dogandyr–ekiz. Ene taryh üçin haýsy gymmat has –Lenin – diýip, Partiýa düşünýäris biz. –Partiýa – diýip hem Lenini aňýas. Soňra Leniniň bu beýik partiýasy rewolýusion proletariatyň her bir işine gönüden-göni ýolbaşçylyk edýär. Partiýanyň bu beýik hyzmaty hem eserde şol ululygy bilen öz beýanyny tapypdyr. Eýsem poemanyň ömrüni uzaldyp, ony gitdigiçe gözelleşdirýän hem şu dogruçyllygy dälmi näme? W.Maýakowskiý zähmetkeş halkyň rewolýusion tolgunyşyny uly ussatlyk bilen görkezýär. Poemada fewral-buržuaz rewolýusiýasynyň wakalary, wagtlaýyn hökümetiň ýalan-ýaşryk ýaňramalary, buržuýlaryň ýarylmak hetdine ýeten pis sypatlary dogruçyl beýan edilipdir. W.I.Leniniň çylşyrymly wakalardan örän ýitilik bilen baş çykaryp bilşi, onuň durmuşyndaky Razliw günleri, Finlýandiýa «sapary» we ş.m. telim epizodlar Leniniň tutanerliligini, polatdeýin berk erkliligini göz öňünde janlandyrmaga okyja mümkinçilik berýär. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyny guramak, ony üstünlik bilen amala aşyrmak ýalY mukaddes iş Leniniň obrazyny uly bir ýadawsyz guramaçynyň, göreşijiniň obrazy hökmünde göz öňünde janlandyrýar. Beýik serdaryň «Awroranyň» bortundaky radiostansiýa arkaly efire berlen «Russiýanyň graždanlaryna» atly makalasynda Oktýabr rewolýusiýasynyň esasy maksady aýan edilýär. Bu tolgundyryjy habar poemada özüniň şahyrana mazmunyny tapypdyr. Bar häkimiýet Sowetlere! Ýeriň bary daýhanlara! Parahatlyk – halk illere! Çörek – açdyr ýoksullara! Rewolýusiýany amala aşyrmakdan ony gorap saklamak juda agyr boldy. Şeýle-de bolsa, ýaş Sowet döwleti beýik serdaryň ýolbaşçylygynda köp pidalara döz gelip, içki hem daşky duşmanlaryň öňünde dag ýaly sarsman durmagy başardy. Maýakowskiý poemada Sowet döwletiniň başdan geçiren bu wakalaryny örän oňaýly deňeşdirmäniň üsti bilen düşündirýär. Bu ýerde Sowet döwleti uly bir gämä, Lenin hem başarjaň kapitana meňzedilýär. Leniniň ölümi päk ýürekli adamzady gaýgy-gama batyrdy. Muny eşidip, şol äpet gäminiň şowsuzlyga uçramagyny arzuw edenler-de boldy. Emma zähmetkeş halk Lenin partiýasynyň töweregine öňküden-de mäkäm jebisleşdi. Partiýanyň ýolbaşçylygynda onuň serdarynyň röwşen ideýalaryny durmuşa geçirmäge ýürekden kasam içdiler. Partiýanyň hataryna köpçülikleýin girmek guralyp, «bizi RKP-niň ýaçeýkasyna ýazyň» diýip arza berýänler barha we barha köpelýär. Komsomollar-da, pionerler-de Leniniň işine wepalylyk bilen ululara aýak goşdular. Mahlasy, Leniniň ölümine bolan uly gynanç bilen onuň özüne bolan çuňňur söýgi poemanyň soňky bölüminde utgaşdyrylyp, täsirli teswir edilýär. Maýakowskiý bu poemadan soňam Leniniň obrazyna telim gezek ýüzlenýär. Ol beýik serdara bagyşlap, «Lenin biziň bilen», «Ýoldaş Lenin bilen gürrüň», «Leninçiler» ýaly şygyrlaryny ýazýar. W.Maýakowskiniň «W.I.Lenin» poemasy bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan şunuň ýaly uly eseri-de «Gowy» poemasydyr. Maýakowskiý, beýleki eserleriniň köpüsinden tapawutlylykda, bu poemasynda rewolýusion wakalaryň real ugruny, sowet halkynyň sosializme barýan konkret-taryhy ýoluny suratlandyrýar. A.W.Lunaçarskiý Maýakowskiniň bu poemasynda «Bu bürünçden guýlan Oktýabr rewolýusiýasydyr» diýip, örän ýokary baha berýär. Umuman, döredijiligi on üç toma ýygnanan beýikşahyryň ähli eseri dogrusynda şu ýerde doly gürrüň etmek mümkin däl. ýöne «Maýakowskiý nähili şahyr?» diýen soraga jogap berlende onuň döredijiligini dolurak aňlatmak üçin «Maýakowskiý ussat dramaturg, beýik çagalar şahyry, örän ezber satiraçy» diýen ýaly düşünjeleri-de öňküleriň üstüne goşmaly bolýar. W.Maýakowskiý köp wagtdan bäri türkmen okyjysyna-da tanyş. Onuň «W.I.Lenin», «Gowy», «Kim bolmaly?», «Sowet pasporty hakynda goşgy», «Ýoldaş Lenin bilen gürrüň», «Mejlishalarlar» ýaly ajaýyp eserleri türkmen şahyrlary D.Haldurdynyň, Ç.Aşyryň, Ýa.Nasyrlynyň, T.Esenowanyň, B.Soltannyýazowyň we beýlekileriň hyzmaty arkaly türkmen topragynda söýgi bilen okalýar. Aýratyn-da bu işde D.Haldurdynyň tagallasy uludyr. Ol ýörite nygtalmaga degişlidir. Şahyr Maýakowskiniň ençeme beýleki eserleri bilen bir hatarda W.I.Leniniň 100 ýyllygyna bagyşlap, onuň «W.I.Lenin» poemasyny tutuşlygyna terjime etdi. D.Haldurdynyň hyzmaty biziň zamanymyzyň Lenin hakyndaky iň iri şahyrana dokumenti türkmen milli medeniýetiniň sostaw bölegine öwrüldi. W.W.Maýakowskiý türkmen okyjysynyň söýgüli şahyry bolşy ýaly, türkmen şahyrlarynyň-da hormatly halypasydyr. Pomma Nurberdiýew: Maýakowskiý, ussadym sen hem Seniň dek şahyr bolaryn men hem – diýip, uly söýgi, hormat bilen ýüzlense, Gara Seýitliýew «Maýakowskä» atly goşgusynda: Bolşewik şahyr! Maýakowskiý Wladimir! Bu gün Watanda her ýer Gaýduwsyz ner Diýip ýatlaýar seni. – Görmeseň-de sen meni, Eý beýik geniý, Men seni tanaýaryn we ynanýaryn – diýip, onuň söweşjeň, ýalkymly obrazyna ýüzlenýär. Şahyr D.Haldurdy bolsa Maýakowskä: Essalawmaleýkim, hany, görşeli. Sen küje, çöl küje, Bu ýerler küje?! diýip başlanýan «Beýik halypa» atly uly göwrümli poema bagyşlaýar. Terjimeçi şahyr Maýakowskini özüniň kanuny halypasy hasaplap: Gökdäki dilegim düşüpdir ýere, Bir hemdem tapyldy gürrüň edere – diýip, oňa hemişelik gol berýär. Hut şu mysallaryň özi hem beýik rewolýusioner şahyryň türkmenleriň hem söýgüli şahyryna öwrülendigini doly kepillendirýär. 1972 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |