11:12 RHP-ä jaý tölegi | |
RHP-ä JAÝ TÖLEGI
Publisistika
RHP-niñ legendar munisipalitet başlyklary bar, Osman Alýanak bularyñ biri. Izmirde halky arzan bahadan et, gök önüm, ir-iýmiş, kömür bilen üpjün etmek üçin "TANSA" ady bilen seteran dükan açdyrdy. Müşderi şeýle bir köpeldi welin, awtobuslardan mobil satuw toparlary ara salyndy... Ýene bir hormatlanýan başlyk Ahmet Piriştina şu ýerden ýetişdi, TANSAŞ-yñ başlygy bolup işledi. Soñ "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarylyşygy "Tanzim" dükanlaryny ýapdyrdy, 1984-nji ýyldan soñ açylanam bolsa, neoliberalist bazar halkyñ üpjünçilik halkasyny ýok etdi... Meñ pikirimçe, 31-nji mart saýlawynyñ simwoly Ekrem Imamoglynyñ Stambulda açan "Şäher garbanyşhanalary" boldy. Bahasy kyrk lira bolan üç gap naharyñ halkdaky täsiri million dollarlyk saýlaw kampaniýalaryndan has täsirli boldy! Şuny aýdyp geçsem gowy bolar: Türk ykdysadyýetiniñ strukturalaýyn problemalary bar. Soñky kyrk ýylda bolşy ýaly häzirki merkezi häkikiýetiñem şol agyr ýüki halkyñ gerşine ýüklejegi gümansyz. Ine... Munisipalitetleriñ şu döwürdäki etmeli işi kän bolar. Saýlaw sandyklarynyñ netijesini ünsli "okasañyz" şol hakykaty hökman görersiñiz - garyp-gasarlar RHP-ni birinji partiýa etdiler. Ykdysady taýdan halys çamalagy çaşan halk nagra dartdy: "bize ýardam ediñ!" Eýse RHP garyplaşyp barýan giñ gatlaklara bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaý üpjünçiligi ýaly haýsy sosial syýasatlar bilen ýardam ederkä? A iş üpjünçiligi? A işsizlik? Dogrusyny aýtmak gerek, käbirleri sosial munisipalitetçilik edip oñarýandygy üçin halkdan ikinji gezek ses aldy. Emma: * * * Ilkibaşda bir jümle ýazyp, soñ üstünde durjak däl: "Saýlananlar syýasaty baýamagyñ guralydyr öýtmeli däl!" Bolany. Indi ikinji meselä geleýin: "Garyp halka ýardam ederis" diýen gury söz bilen iş bitmeýär! RHP-niñ birinji etmeli işi - ideologiki-pikir gözükdirijisiniñ ugruny kesgitlemeli... Soñky kyrk ýylda yzygiderli eşdip gelýän sözümiz: "RHP özüni ösüp-ïzgerip duran dünýäniñ şertlerine uýgunlaşdyrmaly" aldawajy boldy! Şeýle ýöntem pikir partiýany global kapitala ýakynlaşdyryp, garyp halkdan daşlaşdyrdy. "RHP elitalaryñ partiýasy" ýöñkemesini güýçlendirdi. RHP zamanabaplaşma meýillerini elmydama öñe sürýän "ak türkleriñ" marjinal partiýasy boldy... Nämedigi belli däl "merkezi partiýa bolmaly" garaýşy RHP-ä sosial adalatsyzlyga garşy göreşmeg8 ýatdan çykartdy. Hawa, ilkinji nobatda partiýanyñ kimligi, partiýanyñ maksatnamasy babatda anyklyk hökmany. Şol sebäpli munuñ aýdylyşynda-sa üýtgeşme bolmaly. Ýeri gelende aýdaýyn: Günübirin gep-söz sokmakdan, ýañkalaşmakdan halas bolmak gerek. Ideologiki anyklyk bolmasa, syýasatçylaryñ sesiniñ dessibeli-de batlanýar! * * * RHP 1989-njy ýylyñ 26-njy martynda saýlaw ýeñşiniñ yzyndan nämeleriñ bolup geçendigi bilen ýüzleşmeli. Bäş ýylda alýan sesi nämüçin 9% peseldi? Häkimiýet başyna gelmegi maksat edinen partiýa wagtyñ geçmegi bilen üçünji derejeli partiýanyñ deñine düşdi. Saýlaw ýaryşy iki pragmatist partiýa ANAP-DÝP-nyñ arasynda bolup geçdi. Munuñ özi Ortanyñ Çepinden Demokratik Sosializme uzaýan syýasy pozisiýa negatiw seredup, giñ gatlaklary ezen neoliberal ideologiýa "gutulgysyz" diýip integrasiýalaşmagyñ döwrüdi... Hemme zat göz üçin edilýän syýasata öwrüldi. Statistiki fetişizm hemme zadyñ ýerini tutdy. Ýekebaralygyñ "hudaýy" bazar hemme zat boldy. Sosial döwlet, döwlet eýeçiligi, doly garaşsyzlyk towsa göterildi. Atatürke we halkçylyk, nasionalizm ýaly döwletimiziñ sütünini düzýän gymmatlyklara şol döwürde hüjüm edilip başlandy... Günbatarda sosial-demokratlaryñ başdan geçiren krizisi RHP-niñem goranyş ukybyny pese düşürdi. Şindi şol döwürden sapak almagyñ wagty... Ekmeleddin Ihsanoglundan "Altyly stola" deñiç sagçy şärikdeşler bilen saýlawlarda üstün çykyp bolmajakdygyny 31-nji mart saýlawlarynyñ sandyklary subut etdi... Nijeme ýyllap "saga baglanyp goýlan" gatlaklar RHP-ä ýene mümkinçilik berdi. Berlen bu mümkinçiligiñ gadryny bilip, nusgalyk maksatnamanyñ üstünde teoretiki-strategiki taýdan işlemelidir. Günübirin populistik syýasatlardan halas bolmak gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |