17:45 Riýad ýollary | |
RIÝAD ÝOLLARY
Publisistika
Megerem, diñe öñki nesliñ däl, nesilleriñ wekili hökmünde çagyrylan ýygnanşygymda bir zada göz ýetirdim: saud zenanlarynyñ syýasy-jemgyýetçilik düşünjesiniñ giñligi "SRMG"-niñ direktory Jumana er-Raşid / Fotosurat: "Şarku'l Awsat" gazeti Saud Arabystanynyñ Ylmy-barlag toparynyñ Riýaddaky merkezine gidip görenimiñ üstünden ep-esli ýyl geçdi. Öñler bu merkeze barýan ýoluñ iki tarapy-da boşdy we patyşalykda umuman eýerilýän inžener-gurluşyk prinsipine laýyklykda gurlan jaýlaryñ beýikligi bilen çäklenýärdi. Şol prinsipe görä ýurduñ ýerleri ymgyr giñ bolansoñ belent jaýlary we neboskorýoblary gurmagyñ geregi ýokdy. Bu gezek merkeze barýan ýolam, başga ýollary-da tanamadym. Riýadyñ añyrsy bilen bärsini myhmanlary beýlede dursun, öz ýaşaýjylary-da bilenok. Niräñe seretseñ gurluşyk işleri alnyp barylýar, zamanabaplaşma we iş ýollary uzaýar. Indi gijesi bile gündizi deñleşen, elmydama hereketli paýtagt bar. Paradokslar we deñeşdirmeli günler yzda galdy. Ösüşiñ depgini ölçermek indi añsat däl. Öñden Riýady başga şäherler ilen deñeşdirerdik, indi ony ululyk, ilat sany, ykdysady we adam işjeñliginiñ derejesi taýdan başga ýurtlar bilen deñeşdirmegiñiz gerek. Iñ esasy öñe gidişlik şereketiñ merkezi binasy barýan ýolda däl-de, Gündogaryñ iñ uly mediýa öýünde bolup geçipdi. Bu öýüñ şumatky başlygy häzirki bolup geçýän köpugurly renessans bilen liderlik pozisiýalaryny dolduran bu nesilden ýaş Saud Arabystanly zenan. Başlyk Jumana el-Raşidiñ töwereginde-de saudly aýal-gyzlaryñ meýilnamalaşdyryş we innowasion jogapkärçiliklerini boýnuna alan we ýolbaşcy düzümde ýer alan ýygyndy topar bar. Öñden gelýän ýörelgeler bilen ösüşi birleşdiren iñ esasy we oñ gowy mysal bolsa, "Majalla" žurnalynyñ aradan geçen 25 ýylynyñ yzyndan täzeden çap edilmegidi. Üçünji dünýäde, hatda Ýewropada biçüw, reñk, harp, many-mazmun taýdan bular ýaly kämil žurnala az gabat geldik. Aýlyk, hatda hepdelik žurnal çap etmek wagt tapawudynyñ we wakalaryñ ýygylygy sebäpli juda inçe we kyn işdir. Taryhy taýdan wakalardan yza galsañyzam, mazmunyñyz täze, bäsdeşlige ukyply we başgalara meñzemeýän formada bolmaly. Geñ galdyryjy arap syrlaryna yşyk tutýan birtopar syýasy dokumente goşmaça "Majalla" žurnalynyñam başaran zady şudur. Şonuñ ýaly-da Jumana Raşid şereketiñ neşirlerini täzeläp dur we geljekdäki neşirler bilen olara täze zatlary goşýar. Megerem, diñe öñki nesliñ däl, nesilleriñ wekili hökmünde çagyrylan ýygnanşygymda bir zada göz ýetirdim: saud zenanlarynyñ syýasy-jemgyýetçilik düşünjesiniñ giñligi. Bu bolsa, 2030-njy ýyla çenli ýetmegi meýilleşdirilen sepgide barýan ýolda iñ gowy üýtgeşmedir. Diñe göze görnüp duran şäherleşme we gurluşyk işleri däl, şol bir wagtyñ özünde saudly aýal-gyzlaryñ döwlet jogapkärçilikleri meselesinde-de işden gaçmaýandyklary-da örän oñyn üýtgeşme. Ýogsam bolmasa öñ aýal-gyzlar ýurduñ öñe gidişliginde ýok ýalydy, emma indi öñ az göze ilenem bolsa, hemişe bu ýolda bardyklaryny we boljakdyklaryny görýäris. Ýygnanşykdaky wezipäm diñlemek, žurnalistikadaky bu täze janlanmanyñ üstünde pikirlenmek we hemmeleriñ her gün soraýan bir soragyna jogap tapmaga synanyşmakdy: Ýazuwly habar beriş serişdeleriniñ geljegi barmy? Jogap tapmak üçin Jumana Raşid bilen editor ýygnanşyklaryna gatnaşmaga synanşyñ. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 25.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |