16:26 Ronaldo we gylyç tansy! | |
RONALDO we GYLYÇ TANSY!
Publisistika
Ronaldonyñ we şoña meñzeşleriñ gylyç tansyny etmegi bu tansyñ dünýäde giñden ýaýrandygyny añladýar Portugaliýanyñ futbol ýyldyzy Kristian Ronaldonyñ "Eş-Şebab" toparyna garşy oýnan oýnunda "Al Nassr" toparynyñ ikinji goluny salandan soñ Saud Arabystanynyñ tradision gylyç tansyny ýa-da şoña meñzeş tans edip, hemişekisi ýaly dünýä jemgyýetçiliginiñ diline düşdi. Onuñ tans edýän wideosy ýer ýüzüne ýaýrady, birnäçe global mediýa platformasynda we ýüz millionlara ýetýän janköýerleriniñ hasaplarynda paýlaşyldy. Häzirki gürrüñimiz futbol hakda däl-de, Ronaldonyñ Saud Arabystanynyñ düýpli we özboluşly medeni mirasynyñ kalbynda ýer alan tansy ýerine ýetirende wideoýazga alynmagynyñ döreden täsiri hakda bolar. Dogrusy, "BBC"-niñ habar bermegine görä, sosial mediýada ulanyjylar gylyç tansynyñ Braziliýanyñ samba tansynyñ şöhraty bilen bäsleşme, tribunalarda we global medeni çärelerde ýaýrama ähtimallygyny-da sorag astyna aldylar. Ronaldonyñ dünýä ýyldyzlarynyb Saud Arabystanynyñ Futbol ligasyna goşulma prosesiniñ başyny başlanyna kän wagt geçmedi. Onuñ özü-de 2022-nji ýylyñ dekabrynda Saud Arabystanynyñ "Al Nassr" klubyna goşuldy. Braziliýaly Neýmar, fransiýaly Benzema we beýlekiler ýaly Saud Ligasynda oýnamaga başlan beýleki meşhur ýyldyzlaryñ döreden täsiri hakda heniz söz açmadyk. Munuñ özi Saud Arabystan medeniýetiniñ merjenlerini sereşmelek, olary adamlaryñ aglabasyna, aýratynam Ronaldo, Benzema, Neýmar we beýlekilediñ nusgalyk keşp bolan ýaşlara ýakynlaşdyrmak üçin amatly pursat. Hawa, gylyç tansy öñem bilinmän durlanokdy. Bu tans 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ maddy däl medeni gymmatlyklaryñ sanawyna girizilipdi. Emma bu diñe muña degişli adamlary gyzyklandyrýardy. Ronaldonyñ we şoña meñzeşleriñ gylyç tansyny etmegi tansyñ dünýäde giñden ýaýrandygyny añladýar. Bu bolsa saud medeniýetiniñ beýleki gymmatlyklaryny hem wagyz etmek üçin juda gymmatly işdir we wagyzyñ maddy-magnawy peýdalary bar. Ýöne bu uzak gürrüñ. Gylyç tansy ylmy-barlagçylaryñ biragyzdan ses bermegi bilen Arabystanyñ Nejd şäherinde we aslyýetinde tutuş Pars aýlagy ýurtlarynda taryhy taýdan üstünligiñi görkezme pursatlary, kömege çagyrmak we ýenişden soñky şatlyk bilen baglanyşdyrylýan gadymy tansdyr. Joşgunly şygyrlar, deprekleriñ heýjanlandyryjy sesi, jadylaýjy gylyç oýunlary, tüpeñleriñ emaý bilen asmana zyñlyp oýnalmagy, baýdaga sygynmak - gylyç tansynyñ hereketlerini düzýär. Bu tans 2006-njy ýylyñ fewral aýynda Saud Arabystanynyñ mekdeplerde bedenterbiýe sapagynyñ bir parçasyna öwrüldi. Alymlar baryp-ha Mamlýuklar döwründe ýaşap geçen müsürli tatyhçy Ibn Fadlalla el-Umariniñ (1349-njy ýylda aradan çykan) "Masalik el-Absar" kitabynda hijrininiñ ýedinji asyrynda Medinäniñ golaýynda Zubeýd taýpasy bilen bile ýaşamaly bolan döwründe gözi bilen gören gylyç tanslary barada gürrüñ berýändigini aýdýarlar. Umariniñ aýtmagyna görä Şam soltanynyñ tatarlara garşy özlerinden kömek soramagy bilen zubeýd taýpasynyñ adamlary Şama söweş tanslaryny edip giripdir. Saud Arabystanly merhum ýazyjy Şeýj Abdylla bin Hamis kitabynda gylyç tansyny şeýle gürrüñ berýär: "Iş gyzyşyp, uruşmaly ýagdaýa gelende, çäk-çygyrdan çykanda, habarçy söweş çakylygynyñ eşdilip, töwereginde jemlenmegi üçin belent ses bilen "el-Beşine" ýa-da "el-Horba" aýtmaga başlanýar (gylyç tansyna şygyrlar hor bolup aýdylýar, onuñ bir görnüşi bolan "el-Horbany" bolsa diñe bir adam aýdýar). Nejd şahyrlary gylyç tansy üçin ajaýyp şygyrlary ýazyp at gazanypdyrlar. Bularyñ arasynda şulary sanap bileris: Unaýzanyñ emiri Zamil es-Selim, Muhammet el-Awni, Şakranyñ emiri Abdyrahman el-Bawardi, Ybraýym el-Kadi, Nasyr el-Arini, Ibn Dahim, es-Sugaýýir, el-Huti, Ibn Safýan we beýlekiler. Bu tans Arap ýarymadasynyñ ogullarynyñ jeñ meýdanynda we goranyş pursatlarynda özüni orta goýýan we gymmatyny görkezýän ýerli mirasynyñ hem-de wyždanynyñ kalbyndan dömüp çykan kartinadyr. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 05.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |