ROWAÝATDAN – ROWAÝATA
Sowet Soýuzynyň Gahrymany, ajaýyp adam Gurban Durdynyň ýagty ýadygärligine.
Ýaňy parhyn duýup ýakynyň-ýadyň,
Başlamyzda ak-garany saýgaryp,
Rowaýata öwrülipdi seň adyň,
Tarypyň ülkäni ýördi aýlanyp.
Ýöne jogap gözläp sowallarmyza,
Bulaşsak, kösensek käbir zatlardan
Sen her gün kömege gelerdiň bize,
Çykardyň-da täsin rowaýatlardan.
Soňra biziň bilen ýylgyryp-gülüp,
Salama barardyň her bir öýe sen.
Kim üçin görnerdiň Görogly bolup,
Kim üçin meňzärdiň Çapaýewe sen.
Şeýdip her birimiz öz hyýalmyzda
Özümizçe dörederdik keşbiňi.
Maksadymyz saňa meňzemeklikdi,
Dowam etdirmekdi seniň kesbiňi.
Aýlar, ýyllar geçdi..
Aý-ýyllar bizi
Çagalykdan ýigitlige gowşurdy.
Aý-ýyllar aňan dek arzuwlarmyzy
Bir nurly gün seniň bilen duşurdy.
Duşurdy seň bilen–
Rowaýat bilen,
Kalbymyzda buýsanç döredip çensiz.
Şonda hyýalmyzyň hakykat bilen
Juda meňzeşdigin duýupdyk kemsiz.
Diýipdik: «Gür beriň!.»
Diýipdiň: «Borjum...»
Soň söhbet açypdyň söwer dostlaňdan
Sen ýoldaşlaň ýaly görünjek borduň,
Sen düşmek islärdiň rowaýatlardan.
Düşerdiňem...
Her bir asuda güni
Geçirseň-de alkyş alyp, at alyp,
Ýönekeý ynsana öwrüpdi seni
Seň bütin süňňüňe ornan sadalyk.
Biz bolsa
Şo-l seniň süňňüňe ornan
Ýönekeýlik hakda,
Sadalyk hakda
Mukam dörederdik, aýdym aýdardyk,
Bogazmyzy ýyrtyp gygyrmasak-da.
Hemişe-de şeýle bolar öýderdik,
Duşarsyň öýderdik her gün ýylgyryp
Arman...
Ýene seni rowaýatlara
Alyp gitdi bir nätanyş gün gelip.
Gitdiň..
Bizem bildik bir zady anyk,
Seniň sadalygňa, ýönekeýligňe
Kämahallar çakdanaşa guwanyp,
Üns bermändiris belentligiňe.
Ýogsam ýollaryňa gül düşärdik biz,
Has meşhur bolardyň ýakyn-ýatlarda.
Ýöne, geçip gitdi...
Ýaşarsyň indi
Müňläp ýüreklerde, rowaýatlarda.
Şo ýerdenem bize gararsyň gülüp,
Ýaşarsyň ýurduňy söýe-söýe sen.
Kim üçin görnersiň Görogly bolup,
Kim üçin meňzärsiň Çapaýewe sen.
■ JORAÝEWE
«Ady, milleti, harby çini näbelli, familiýasy Joraýew...»
(Belgorddaky doganlyk mazarynyň ýüzündäki ýazgydan)
Gije nobatynyň geçirdi ýaryn
Men bolsam bu mermer daşyň-mazaryn!
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
Durun ömür-baky öçmejek oduň
Meniň bilen hemra boluşyn geňläp.
Durun, ýüzi gasyn-gasyn taryhyň
Hem-de heniz aýdylmadyk aýdymyň
Sen barada berýän gürrüňin diňläp.
Durun..
Mazaryň ýüzüne seçeläp nurun
Ömür-baky öçmejek ot şeý diýýär:
«Ýagmyrda, tupanda sönmeýändigmi
Bilýärin, seniňem ýüregiň duýýar.
Ýöne men ýene-de bir zat aýdaýyn,
Men ýönekeý ot däl,
Men başga bir zat,
Gülleler dökülip damjalar deýin,
Belgorody gujaklanda harasat,
Şu ýatan gerçekler undup şöhrady.
Lowlaýan ataşy söndürjek bolup,
Özlerniň ýüregne berdiler ody.
Şolaň ýüreginden çykýan ýalyn men,
Ýalyn men, ýagtyldyp bulaň guburyn,
Şo-ol ýanyp durun..»
Durun...
Ýüzi gasyn-gasyn taryham
Agtaryp özüniň sahabyn-gatyn
Alýar nobatyn.
«Bular söweş güni algyrdy-şirdi.
Janyndan namysyn eý görýärdiler
Ýigit diýseň ýigit, är diýseň ärdi.
Hiç bir zada bölmezdiler ünüsi.
Öz işleri bilen gümrady diňe.
Unudamok, batyrlygna guwanyp,
Seň häzirki synlap duran ýigdiňe
«Adyň näme?» diýdim. Ol ses bermedi
Gygyrdym: «Milletiň?!.» Ol ses
bermedi.
«Ataň ady?»–«Jora.» Wah,
onýança-da
Gülle geldi. Ýigit gumy sermedi.
Asmanda bulutlar göçýär, oýnaýar
Seçeläp zemine, seçeläp garyn.
Men bolsam bu mermer daşyň– mazaryň
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
«Jora.. Jora... Belki, ildeşimdir ol,
Lebabyň suwuny içip gezendir.
Belkem, Murgap gomlaryny kowalap,
Käte bolsa ondaň gaçyp gezendir...»
Şeýle pikirlerden doludy başym,
Arman, pikirlerim kesildi birden.
Çünki, heniz aýdylmadyk aýdymyň
Mylaýym owazam geldi bir ýerden.
«Ylhamyň, senetiň, gaýratyň bolsa,
Wasp et meňi, ýaýrat sen dumly-duşa.
Bilýärmiň, aýdymdan dosty bolanyň
Mydam ady bezelýändir alkyşa.
Beý diýdigim saňa ýalbardygym däl,
Islesem, başganam tapjagym hakdyr.
Henize çen, dünýä inen aýdymyň
Aýdylman, ýaňlanman galany ýokdur.
Men bolsam döräpdim, inipdim dünýä
Duşmanyň oslagsyz gelen güllesi
Şu merdiň döşüni ýaran pillesi...».
Halha daň şapagam gyzaryp barýar.
Begenýär, paýlaýar dünýäme nurun.
Men bolsam bu mermer daşyň – mazaryň
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
Italmaz NURYÝEW.
Goşgular