15:59 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse, Erkek erkek däldir karz edip ýörse, Halk başyna towkudyr ol hökümdar Akmagyň işini dürs edip ýörse. Özümizi özümiz kän aldadyk, Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk? Düşünmedim çarhy pelek oýnuna, Gülmeli ýerinde çyndan agladyk. Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?! Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir. Tokaý otlap, at gazanan kişi kän, Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir! Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok! Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok! Tomus güni serçäni dost tutundym, Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok! Pederin ynjydan zürýat ne derkar, Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar. Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda, Eşek ýaryşynda bedew ne derkar? Akar suwuň bulananyn gördüm men, Döwranlaryň dolananyn gördüm men. Erem bagyn wada berip dilinde, “Pygamberleň” gomalanyn gördüm men. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Sowet Türkmenistany” 20.10.1989 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||