10:23 Rus köşgüni ýesir alan şeýtanyñ ülpeti: Rasputin | |
RUS KÖŞGÜNI ÝESIR ALAN ŞEÝTANYÑ ÜLPETI: RASPUTIN
Taryhy makalalar
Taryhda dini ulanyp syýasy atmosferany goşawujynda saklanlar az bolmady. Öz taryhymyzda şeýle adamlaryñ başyny Jynçy Hüseýin ependi çekýär. Safranboluly Hüseýin jynçy oñly medrese bilimi bolmasa-da, goşunyñ baş kazysy wezipesine doga-jady, jyn okama ýaly işleriñ üstünden göterilipdi. Ýurduñ kazysy ýaly jogapkärli wezipäni para-peşgeşe satyp, osmanly hazynasy bilen bäsleşip biljek ummasyz baýlyk toplan Hüseýin jynçynyñ toplan baýlygy özüne nesip etmedi, ol ahyrsoñunda 1648-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edildi. Stambul köşgüni we patyşany ýesir alan bu zaññar ulamalaryñ at-abraýynyñ gaçmagyna hem sebäp bolupdy. Hüseýin jynçy ýaly din söwdagärleri diñe biziñ halkymyzyñ başyna musallat bolmandy. Rus köşgüne aralaşyp, syýasaty goşawujynda saklan ýene bir din eksplutatory Grigoriý Ýefimowiç Rasputin diýibem biri bolupdyr. Rasputiniñ meýdi 1916-njy ýylyñ 31-nji dekabrynda Sankt-Peterburgda jesedini tapanlarynda, sud-medisina ekspertizasynyñ seljermesi onuñ telim gezek atylandygyny, awy berlendigini, ahyrsoñy gark edilensoñ ölendigini anyklapdy. Şa aýaly Aleksandranyñ we patyşa Nikolaýyñ uruş gidip durka ot-elek bolup gözlän, ahyrynda diñe jesedini tapan Rasputini kim näme sebäpli öldüripdi? • Ugruny ýitiren häkimiýetiñ jadygöý geñeşdary Içerki gapma-garşylyklar, ýaponlara garşy alnyp barylan gazaply uruş, ykdysady kynçylyklar Patyşa Russiýasyny mazaly gowşadypdy. Şol wagt imperiýanyñ başynda oturanam üç asyra golaý wagt bäri ýurdy dolandyryp gelýän Romanowlar dinastiýasynyñ iñ soñky wekili Nikolaý II-di. Nikolaý II keýp çekmegi gowy görýän jalataý adam bolansoñ, halk bilen ünsi ýokdy, geleñsiz generallaryñ we begzada gatlagyñ halk bilen arasynda demirden haýat çekipdi. Hemmesinden has beteri Nikolay II aýaly Aleksandranyñ agzyndan çykjak ýeke söze baglanan ýagdaýdady. Aleksandra bolsa doga-jady, geñ-tañsy hadysalara, gysgaça aýdanda, paranormal ukyplara içgin gyzyklanma bidirýän aýaldy. Bu gyzyklanma Rasputiniñ köşgi ele salmagyna çenli gitmelidi. Şa aýaly Aleksandra Rasputin mukaddes günde dünýä inendigi üçin adyna Grigoriý dakylypdy. Özüniñ we doganlarynyñ başdan geçiren şowsuz wakalaryndan we keselçiliklerinden soñ gözüne Merýem enäniñ görünendigi hakdaky myş-myşlar Sibiriñ Prokowskoýesinde çalt tanalmagyna getirdi. Rasputin ýaş wagtynda Sibirde her dürli bilgiçlikleri edýärdi, käbir jadygöýçülikli tilsimleri ulanyp, müşgil ýagdadaky adamlara kömek edýärdi. Şular ýaly zatlardan soñ onuñ at-owazasy Sibiriñ çäklerindenem alyslara ýaýrady. Rasputin otuz ýaşdan geçensoñ Sibirden Gresiýa çenli uzak wagta çeken pyýada ýolagçylygyny etdi. Şunuñ ýaly arassalanma we ruhany häsiýetli ýolagçylykdan soñ ol ýurduna dolanyp geldi. • Patyşa maşgalasynyñ muşakgatly günleri Şa aýaly Aleksandra Britaniýanyñ korolewasy Wiktoriýanyñ agtygy bolansoñ, ruslar ony itden beter ýigrenipdir. Üstesine ol oglan zürýady-da bolman, yzly-yzyna dört gyzy dünýä inderipdir. Ol üstündäki basyşy ahyryn bir oglan dogryp aýranam bolsa, tagtyñ ýeke-täk mirasdüşeri Alekseý Nikolaýewiç nesilden nesile geçýän gemofiliýa keseliniñ penjesinde urnupdyr. Lukmanlar oñly em-ýom edip bilmänsoñ, doga-jady bilen meşgullanýan tebiplere ýüz tutulýar. Köşge çagyrylan tebipleriñ birem Rasputin eken. Şazada Nikolaýewiçiñ keseli aýrylyp gidibermändir. Iñ ownuk ýarada gan akman ölüp gitme howpy bolansoñ, ol aýna gabyñ içinde saklanýar diýen ýalydy. Käbirleriniñ aýtmagyna görä Rasputin gipnoz tilsimini ulanyp, çaganyñ özüni gowy duýup başlamagyny gazanypdyr. Nähili edendigi boýunça hiç hili delil ýogam bolsa, Rasputin bir alajyny tapyp gany goýaltmagyñ hötdesinden gelipdi. Mundan beýläk rus köşgüniñ gapysy geñsi pop Rasputine hemişelik açylypdy. • Rasputiniñ aýgyrlygy Körpe şazadany sagaldansoñ, Rasputiniñ şan-şöhraty daş ýardy. Giñ gatlakly tarykat guran Rasputiniñ müritleri köplenç ýaş aýal-gyzlardan ybaratdy. Rasputiniñ jynsy taýdan açgözlügine çenli onuñ "keramatlylygy" bilen düşündirilýärdi. Köp sanly baý aýal birnäçesi ärlidigine garamazdan Rasputin bilen ýatyp-turmak üçin ummasyz köp pullary berýärdi. Patyşa we onuñ aýaly-da Rasputine örklenip, onuñ her bir edýän işinden mukaddeslik gözleýärdi. Rasputiniñ uçguryna gowşaklygy köşkde-de özüni görkezipdi, ol şazada Nikolowiçiñ enekesini zorlandygy-da bilinmän galmandy. Köşk Rasputini jezalandyrmagyñ ýerine enekäni işden kowanyny gowy gördi. Bu ýagdaþ Rasputiniñ mazaly ýoldan çykmagyna sebäp boldy. Halkyñ arasyndan ýaýran başga bir gep-gybat bolsa has aýylgançdy: Aýtmaklaryna görä, Aleksandra Rasputine aşyk bolanmyş we olaryñ arasynda ýakynlyk barmyş. Nikolaý II şular ýaly gep-gürrüñlerden soñ Rasputiniñ adyny ýagşydan-ýamandan habarlarda agzamagy gadagan etdi. Rasputiniñ güýjüni ýetjek derejesine ýetiren hadysa şol gep-gürrüñleriñ yzysüre bolup geçýär. 1912-nji ýylda patyşa we onuñ aýaly şazada Nikolowiçi-de ýanlaryna alyp, Polşa gidýär, şonda şazadanyñ ýene gany durman başlaýar. Lukmanlar gany goýaldyp duruzmagy oñarmaýar. Derrew Rasputine habar ugradylýar, ýöne Nikolaýewiç ölmänkä onuñ gelip ýetişmegi mümkin däldi. Şonuñ üçin ol ekstaz seansy arkaly şazadanyñ janyny halas edipdir. Bu hadysadan soñ Nikolaý II doly aýalynyñ we Rasputiniñ penjesine düşýär. Dogrusy Rasputiniñ muny nädip oñarandygy belli däl, bärde onuñ kezzaplyk edendigi mesaña görnüp duranam bolsa, patyşany jadylamagy başarypdyr. Nikolaý II Rasputin 1914-nji ýylda köşgüñ guk ýanynda howluly jaýa göçýär, şondan soñ ol her gün diýen ýaly köşge girip çykýar. Öýüni buthana ýaly ulanan Rasputini görmäge ýurduñ çar künjünden baýlaryñ, aristokratlaryñ, işan-mollalaryñ, syýasatçylaryñ yzy üzülmändir. Rasputin Patyşa Russiýasynyñ Birinji jahan urşuna girmegine garşy çykýanlaryñ hatarynda dursa-da, munuñ öñüni almakdan ejiz gelipdir. Şondan soñ ol arak-şeraby we jynsy gatnaşygy arassalanmagyñ iñ añsat ýoly hasaplap, köp sanly rowaýaty gürrüñlere tema bolan azgynçylykly üýşmeleñleri geçiripdir. Bu üýşmeleñler halk köpçüliginiñ arasynda çuññur ýigrenjiñ döremegine getiripdir. Rus goşuny uruşda kynçylyk çekdigiçe halk köşki şeýle ýiti täsiri astynda saklaýan Rasputini "şeýtandan tälim alan şeýtanyñ ülpeti" hasaplapdyr. Nikolaý II-iñ özem indi Rasputinden dynmagyñ ýollaryny gözläp başlapdyr, emma aýalynyñ Rasputiniñ "keramatlaryna" bolan janköýerligi onuñ elini-aýagyny baglapdyr. Şeýle-de bolsa patyşanyñ ýakyn garyndaşlaryndan Feliks Ýusupow, Dmitriý Pawlowiç dagy Rasputinden dynmak üçin dil düwüşipdir. Rasputin • Awy berildi, atyldy, ahyrsoñy gark boldy Ikitaraplaýyn gepleşik geçirme bahanasy bilen Rasputini köşge çagyrdylar. Araga özüni aldyran Rasputine içi simaply bir bulgur şerap hödür etdiler, emma şerabyñ hiç hili täsir etmändigi üçin hakynatutmalar Rasputini telim gezek atdylar. Rasputin muña garamazdan ýaraly halda köşkden gaçyp sypmagy başarypdyr, Newa derýasyna ýykylyp, amanadyny tabşyrypdyr. Rasputiniñ jesedi tapylansoñ sud-medisina ekspertizasynyñ seljermesi simabyñam, okuñam oña täsir etmändigini, onuñ diñe suwda gark bolup ölendigini görkezdi. Rasputiniñ pallarynyñ birem eger özüniñ öldürilen ýagdaýynda patyşalygyñam ýykyljagydy. Geñ ýeri: dinastiýa agdarylýar, patyşa we onuñ aýaly atylyp öldürilýär. Diñe Feliks Ýusupow we Dmitriý Pawlowiç dinastiýanyñ agzasydygyna garamazdan, Rasputini öldürendikleri sebäpli öldürilmän sürgüne ýollanýar. Rasputin Patyşa Russiýasyny täsiri astyna alan barypýatan kezzap. Ol patyşa we onuñ aýalynyñ perzentlerine bolan mähir-muhabbetini, dini duýgularyny eksplitatirläp, azgynçylykly maksat-myradynyñ barsyna gowşan adam. Syýasatda ýokary derejede şeýle bir täsiri bolupdyr welin, hamana onuñ öýi Mejlis ýaly işläpdir, gelýän-gidýäniñ hetdi-hasaby bolmandyr. Rasputiniñ özüni alyp barşy üç ýüz ýyllap ýurdy dolandyran Romanowlar dinastiýasynyñ itden beter ýigrenilmegine we ýykylmagynyñ esasy tutaryklarynyñ biri bolmagyna şert döredipdir. Sözümizi dünýä belli aýdymçy Boneý M.-niñ biziñ meşhur "Üsküdara gidende" ("Üsküdar’a Giderken") aýdymymyzdan täsirlenip ýazan "Rasputin" aýdymynyñ sözleri bilen jemläliñ: "Ra, ra, Rasputin rus melikesiniñ oýnaşy Hakykatdanam giden bir pişik bardy (bärde pişikleriñ dokuz janynyñ bolýandygy göz öñüne tutulýar). Rasputin Russiýañ iñ uly yşk guraly, Dowam etdirmegi masgaraçylykdy. Czar-y oýlanman hökm etdi ýurda Kazak tansyn oýnamaga ussatdy. Oñarardy döwletiñ bar uşini Bagra basmak üçin gyzyñ elinden Tutan wagty hakykatdan ajapdy. Melike-de ony mekir saýmazdy Eden işlerini bilýänem bolsa, Ynanardy perzendini bejeren Eli ýeñil keramatly pirdigne. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Şenbe, 25.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||