RYZA ZELÝUTDAN ÇEKIŞME DÖRETJEK SÖZLER!
Žurnalist Ryza Zelýut KRT-de Çaglar Jylaranyñ gepleşigine gatnaşanda gowury ula gitjek gürrüñleri orta atdy.
Ryza Zelýut sahabalaryñ, osmanly patyşalarynyñ we Möwlananyñ şerap içendiklerini aýtdy. "Myrat IV içgiden, şerap içmekden ýaña akly üýtgedi" diýen Zelýut "Möwlananyñ nähili içendigin-ä bilibem bilmeýäñiz, yslam jemgyýetiniñem ähli öñbaşçylary, emewiler başlyklaýyn sahabalar-da şerap içipdiler" diýdi.
"Atatürke alkaş diýýänler bar, osmanlyda patyşalar içgi içenokmydy?" soragyna jogap beren täsin maglumatlary orta atan Zelýut patyşalaryñ ählisiniñ içgi içendigini, hatda Osmanly imperiýasynyñ içgiden alynýan salgydyñ hasabyna ýaşandygyny aýtdy.
Geliñ, bu pikirleri Zelýutyñ özünden diñläliñ:
• OSMANLY PATYŞALARYNYÑ ARASYNDA IÇGI IÇMEDIGI ÝOK. MYRAT IV ŞERAP IÇMEKDEN ÝAÑA DÄLIRÄPDI"
"Içgini osmanly patyşalary-da gadagan edip bilmedi. Kanuny Soltan Süleýman ömrüniñ soñky ýyllarynda muny gadagan etdi, olam garrandygy sebäpli. Ondan soñ gelen ogly Sary Selim seredip gördi, içgiden alynýan salgyt ummasyz kän, ol bolmasa döwleti dolandyrar ýaly däl, derhal perman çykardy. Şeýle diýdi, "Içgi gadagançylygy ýatyryldy, emma içgini musulman gatlagyñ gözüne iljek şekilde paýlaman bukubrak paýlañ, salgydynam alyñ. Osmanlyny ýaşadan zatlaryñ birem içgiden toplanan salgytdyr. Patyşalaryñ ýanynda ýörite şerapdarlar bolardy. Bu "Osmanly ojaklarynda" ("Osmanly medeni merkezleri") osmanlysyraýan çaga beýnililer osmanlynyñ nämediginem bilenok, bular osmanlynyñ ýallakçylary. Topgapy köşgünde patyşanyñ dördünji howlynyñ mañlaýynda şerap içýän ýörite otagy bardy. Çeşme berýän: Metin Andyñ "Grawýuralar" atly kitaby bar. Kitap osmanly eserleri esasynda taýýarlanan. Şol kitaby açsynlar. Kanuny Soltan Süleýmanyñ ýaşlygynda içgi oturlyşyklaryny gurnandygyny, daşynda çeññiler oýnadyp şerap süzendigini görkezýän miniatýuralar bar. Osmanly patyşalarynyñ içinde içmedigi ýok."
• "IÑ SOÑKY HALYF ABDYLMEJIDEM ŞERAP IÇERDI"
Iñ soñky halyf Abdylmejit ökde suratkeş, içgini haram saýmaýan we içýän adamdy. Osmanlysyraýanlar osmanlyny diñe metjide gatnap namaz okamakdan başga zady bilmeýän terkidünýä jemgyýetdir öýdýär. Myrat IV osmanlynyñ patyşalaryndan hasaplanýar we ol hakykatdanam beýik patyşa we serkerdedir. Uruş taktikalaryna ezber, söweşjeñ ukyplary ýokary bolan şahsyýet. Ynha, şol Myrat IV-iñ ömür ýoluny öwrenip bir görsünler. Myrat IV içgiden, şerap içmekden ýaña aklyndan azaşdy. Ol şol bir wagtyñ özünde musulmanlaryñ halyfy-da ahwetin! Lol gammar bolýança içýän eken. Men bularyñ barsyny taryhy çeşmelere esaslanyp aýdýaryn. Myrat IV-iñ nähili ýaşandygyny Aly Ufky begiñ ýatlamalaryndan öwrensinler. Patyşalary bu ýobazlaryñ (yñdarma fanatikleriñ) elinden alyp biziñ ýaly ýönekeý adamlardygyny biliñ! Başga-da aýdaýmaly birnäçe zatlar bar, emma bärde aýtmaga ejap edýärin. Olary-da Aly Ufky begiñ ýatlamalaryny açyp göräýsinler. Ol ýatlamalar kitap görnüşinde çapam edilipdi. Az-owlak okañ, öwreniñ, osmanly taryhynyñ çuñluklaryna aralaşyñ. Osmanly - kellesinde dinden başga zat bolmadyk döwlet däl."
• "OSMANLY PATYŞALARYNYÑ BIREM HAJA GITMÄNDI"
"Osmanly patyşalarynyñ birem haja gitmändi, olar muña zerurlygam duýmandy. Patyşalaryñ hemmesi-de içegen bolupdyr. Bu türkleriñ gadymdan gelýän edähedi. Seljuklylaram şeýledi."
Ryza Zelýut Möwlana Jelaleddin Rumynyñam şeraby öte gowy görendigi aýtdy we şeýle diýdi:
• "MÖWLANA ŞERAPHONDY"
"Hut Möwlana şerap içýän eken. Möwlananyñ nähili şeraphon bolandygyny siz bilýänem dälsiñiz. Bada diýýänimiz aslynda "doly". Doly - türkleriñ üç müñ ýyllyk adatydyr. Osmanlyda-da doly sözi bar. Osmanly döwrüniñ awtorlary şerapda doly sunulandygyny ýazýarlar. Köne ady "toly".
Doly - şerapdan doldurylan bulgur manysyny berýär. Doly sunmak - birine içgi sunmakfur. Dolynyñ sinonimi badadyr. Bada diýlende doly diýip, doly diýlende-de - türk adatynda içi şerapdan doly içgä düşünse bolar. Möwlana bular ýaly ýobazmy näme, ol hemme zada, hemme pikire açyk, beýik ynsan."
Gepleşiñ iñ jedelli ýeri bolsa sahabalar bilen baglanyşykly orta atylan pikirler boldy. Zelýut Uhud söweşi sebäpli içginiñ gadagan edilendigini öñe sürdi.
• SAHABALARAM ŞERAP IÇERDI"
"Yslam jemgyýetiniñ öñbaşçy adamlarynyñ aglabasy, emewiler başlyklaýyn şerap içmedigi az-azdyr. Nämüçin şerabyñ gadagan edilendigini bilýäñizmi? Uhud söweşine çenli musulmanlaram içýärdi. Sahabalaram içýärdi. Halit ibn Welit "Yslamyñ gylyjy" diýip at alan şahs gerek? "Yslamyñ gylyjy" o taýyny eýeledi, bu taýyny eýeledi" diýip, araplardan köp biziñ dinçilerimiziñ hossar çykýan, adyna metjitler guran Halit ibn Welit halyf Ebu Bekiriñ (r.a) döwründe şerap içýän eken. Hatda ol bir arabyñ aýalyna göz gyzdyrdy we onuñ kellesini kesip, tamdyra tutdy. Kim ynanmaýan bolsa, Abdylbaky Gölpynarlynyñ kitaplaryny açyp göräýsin. Maña gaharlanyp bilerler, men diñe taryhda bolan wakany aýtdym."
• EMEWI HALYFLARY ŞERAP IÇIP, MÜNBERE ÇYKYP WAGYZ EDERDILER
Emewiler şerap içerdiler, hususanam emewi halyflary münbere çykyp wagyz ederdiler. "Şunça namaz okatdym, besmi, ýa ýene dowam edeliñmi?" diýerdiler. Şerap içip, içgili ýagdaýda wagyz ederdiler. Uhud söweşinden soñ içgili ýagdaýda özara dawa edendikleri üçin şerap gadagan edildi. 610-njy ýylda yslamy teblige başlandy. Şerabyñ gadagan edilen 624-nji ýyla çenli tegelek on dört ýyl bardy we şol döwrüñ içinde içesi gelen şerabyny içdi. Şerap meselesi iman meselesi däl, jemgyýetçilik meselesidir. Hezreti Pygamberimize (s.a.w) şerap içdi diýip bilmerin, emma onuñ döwründe sahaba diýilýän adamlar şerap içerdi. Sahabalary käbirleri şeýle bir mukaddesleşdirýär welin, aýdar-diýer ýaly däl, ýogsam bolmasa olaryñ arasynda perişdepisint ynsanlaram bar, şeýtanpisintleri-de. Her sahabanyñ başyna gidip aglamak ýalñyş. Hamana "Sahabalarym gökdäki ýyldyzlar kibidir..." diýip hadys barmyş. Ýalan! Hezreti Pygamberimize (s.a.w) garşy urşan, leşger tartyp üstüne giden, Pygamberimizi (s.a.) öldürmek üçin elinden gelen her dürli ýoly synap gören Ebu Sufýan sahabamy? Ol sahaba däl, şeýtan. Emma Hezreti Ebu Bekir (r.a) welin hakyky sahabadyr, çünki ol Pygamberimiziñ ýanynda hak ýol üçin göreşdi."
gazete2023.com
Söhbetdeşlik