22:39 Sadrazam eşek / satiriki hekaýa | |
SADRAZAM EŞEK¹
Satiriki hekaýalar
Bir bar eken, bir ýok eken. Öten zamanlar-elek samanlar içre, ir mahallar bir ýurduñ patyşasy ýaşap geçipdir. Onuñam beýleki patyşalaryñky ýaly jübüt-jübüt sazandasy we çeññisi², bäşläp-onlap odaliskasydyr³ gyrnagy, ýalynjañy, ýallakçysy we başga-da bir topar zady barmyş. Bu patyşa-da hemişeki we başga ýerleriñ patyşalary ýaly açylyş çärelerine, paradlara gatnaşmak, özgeleriñ ýazan nutuklaryny okamak, resmi saparlarda bolmak ýaly döwlet ähmiýetli işlerinden sypynyp bilen wagty awa-şikara çykarmyş. Awy öler ýaly halaýan patyşa öwsen şemaldan nem ýokýan tüýsden bolany sebäpli hususy tokaýynda ýörite ýetişdirilen haýwanlary awlamak üçin awa çykmazdan öñ gurrandazbaşyny çagyryp: – Şu gün howa nähili bolar? - diýip sorapdyr. Gurrandazbaşam bular ýaly soraga hemişeki berýän: – Belent mertebeli howandarymyz! Siziñ saýañyzda ýurdumyzyñ howasy jümle-jahana elmydama nuruny saçýar. Näme erada we perman berseñiz, elbetde, howa hem şoña görä bor. Bul patyşa hem edil beýleki patyşalar ýaly göwni iñkisli bolansoñ, gurrandazbaşa ynanman, sadrazamdanam sorapdyr: – Şu gün howa nähili bor öýdýäñ? Gulagynyñ tüýi agaryp giren garry sadrazam biline ýetip duran ak sakgaly patyşanyñ aýaklaryna deginçä egilip: – Siziñ saýañyzda, Siziñ tagallañyz bilen ýurdumyzda-da, ýurdumyzyñ daşynda-da, syýasy howamyzam, başga howalarymyzam diýseñ gowudyr patyşahym! - diýipdir. Göwni gümanly patyşa beýleki wezir-wekillerindenem ýekän-ýekän howanyñ ýagdaýyny sorapdyr, olaram biragyzdan: – Gözýetim gülgün öwsüp dur, howa aý-aýdyñ… Allatagala sizi bize köp görmesin. Siz daýym we kaýym bolup durkañyz, başga hili bolmaga haky barmy, başymyzyñ täji?! - diýipdir. Patyşa hem şondan soñ alymlarynyñ we emeldarlarynyñ sözüne ynanyp, öz erk-ygtyýaryna, güýç-kuwwatyna göwni ýetip, aw ýaraglaryny ynamdar gullarynyñ arkasyna ýükläp, öñ hatarda polisiýasy, žandarmasy, pidaýylary, öñden ýöreýänçileri, raýatlary, işgärleri, ortada iti-pişigi bilen bile gülüp-oýnap, ala ýaz bolup, öz tokaýynda ýörite ýetişdirilen haýwanlary awlamaga gidipdir. Aý aýlanyp gün geçipdir. Ýene bir gün patyşa gurrandazbaşysyna, sadrazamyna, wezirlerine, şeyhulyslamyna we reýsulkuttab hezretlerine⁴, gyzlaragasyna, başmabeýinçisine⁵ - barsyna biruçdan wezipesine görä ýokardan aşaklygyna şol günki howanyñ ýagdaýyny sorap bolandan we hemmesiniñ agzyndan: "Merhemetlimiziñ saýasynda şu gün düýnküsindenem gowy howa bolar!" jogabyny alandan soñ ýola çykypdyr. Patyşanyñ geçjek ugrunda bir aý öñünden arassalaýyş-öñüni alyş işleri geçirilipdir, halkdan gezip ýören birini görseler kowalap, haý-küş edip aýrypdyrlar. Hernäçe jan etselerem bir agajyñ düýbünde bir eşekli daýhan gözden sypyp galypdyr. Patyşa ömründe bir gezegem garamaýak adam görmändigi üçin ýedi ýoluñ üstünde bu egni sal-sal eşikli adamy haýsy jandara meñzetjegini bilmän: – Kim bolarsyñ-ow? Ynsmysyñ-jynsmysyñ? - diýip sorapdyr. Daýhan görgüli: – Ynsam däl, jynsam. Menem özüñ ýaly adam… - diýenden, patyşa: – Bu ne hetdini tanamazlyk? - diýip bolmajyny bolupdyr. - Meniñ jynsymdan beýle kişileriñ bolmaga haky ýok. Bejit, kellesini alyñ! Jellatbaşy aýpaltasyny daýhanyñ patyşa permanynyñ öñünde gyldan inçe boýnuna aýlap saljak bolandan, patyşa: – Saklan! - diýip gygyrypdyr. - Eý, gepi-sözi azda-kände adama meñzeýän mahluk? Saña bir sowalym bar. Bilseñ-ä, bir çemçe ganyñy geçjek. Şu gün howa nähili bolar? Daýhanam: – Ýene az salymdan ýel öwser, harasat gopar, ýagyş ýagyp başlar, bar ýeri sil basar!… diýipdir. Bu sözlere dergazap bolan patyşa: – Galat aýdýañ haýyn! - diýip gygyrypdyr. - Sen meñ höküm sürýän ýerimde beýle zatlañ bolmajagyny bileñokmy näme? Patyşa aw edip ýörkä-de ýagyş ýagarmy, heý? Derhal elini-aýagyny baglap gatyra süýrediñ muny! Daýhanyñ eşegini bir gatyryñ guýrugyna, daýhanam eşegiñ guýrugyna baglapdyrlar. Soñam ýollaryna rowana bolupdyrlar. At gaýtarym ýere baransoñ, birdenkä howa bulaşyp, bir ýerden bulut peýda bolmaga, ýyldyrym çakmaga, gök gürlemäge başlaýar... Gaý-tupan dünýäni tutup, şeýle bir ýagyş ýagýar, şeýle bir sil gelýär welin, aýdyp-diýer ýaly dälmiş. Zordan özüni köşge atyp ýetişen patyşanyñ şeýle bir gahary gelipdir welin, howa maglumaty barada nädogry maglumat beren gurrandazbaşyny, sadrazamyny, wezirlerini wezipesinden boşadypdyr. Yzyndanam howanyñ bulaşjagyny aýdan daýhany huzuryna çagyrdypdyr. Gatyryñ guýrugyna dañlyp ýene süýrelerin öýdüp jany bokurdagyna gelip duran daýhana sadrazamlyk möhürini berip: – Seni sadrazam edip belledim - diýipdir. Şeýdip öñki daýhan baş weziriñ wezipesinde işläberýär. Günlerde bir gün patyşa aklyna aýlanyp, sadrazam daýhany huzuryna çagyryp: – Sen ýagyş ýagjagyny nirden bildiñ? - diýip sorapdyr. Daýhanam şeýle diýipdir: – Siziñ merhemetliñiz, eşegimiñ gulaklaryna garanymda şol gün howanyñ nähili boljagyny bilýärin. Eger ýagyş ýagjak bolsa, öñräginden eşegimiñ har gulaklary halparyp, aşak sallanýar. Menem şol gün ýagyş ýagjagyny bilýän. Patyşa şonda öz-özüne: – Piliñ gulagynda uklap ýören ekenim - diýipdir. - Diýmek, howanyñ ýagdaýyny bilýän daýhanam däl, eşek eken-dä?!. Bir topar sadrazam, wezir-wekil bolup bir eşegiñ bilýän zadyny bilibilenoklar. Menem zatdan habarsyz negözel eşegiñ ýazygyna galypdyryn. Daýhany däl-de, onuñ eşegini sadrazam etmeli ekenim. Ol şobada daýhany wezipesinden boşadyp, ýerine eşegi sadrazam belläpdir. Howa gowy boljak güni eşek uzyn-uzyn aññyrypdyr. Ýagyş ýagjak güni gulaklaryny dikgerdipdir. Ýel-tupan turjak güni guýrugyny bulaýlapdyr. Şeýdip, patyşa urşa gitjek bolanda, ýörişe ýa resmi sapara çykjak bolanda, sadrazam eşegiñ gulagyna-guýrugyna garap, onuñ aññyrmasy boýunça hereket ediberenmiş. Eziz NESIN. _______________________________ ¹ Sadrazam - baş wezir. ² Çeññi (çengi) - çalynýan saza ýanap tans edýän tansçy gyzlar. ³ Odaliska - (Одали́ска (фр. odalisque от тур. odalık — «комнатная девушка») - osmanly haremhanasynda saklanýan ýörite gyzlar. ⁴ Reýsulkuttab - Osmanly döwletinde Harijiýe nazirligi (Daşary işler ministrligi) döredilmezden öñki daşarky işlere jogapkär emeldar. ⁵ Başmabeýinçi - Osmanly döwletinde soltanyñ buýruklaryny degişli kişilere, degişli kişileriñem soltana ýetirmeli towakgasyny ýetirýän emeldar. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||