18:28 Sag bol, durmuş... | |
SAG BOL, DURMUŞ...
Goşgular
Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Şükür, saçagymda kemenok çörek. Ýöne adam Çörek bilen adam däl, Oña başga-da kän, Kän zatlar gerek. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Ýagyşlaryñ üçin, garlaryñ üçin. Ýöne ýagyş, gara juda höwrenip, Adamyñ hasratdan ölmegi mümkin. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Il deñinde ýar ýerinde ýar berdiñ. Ýöne ýaryñ saçyn ýassyk edinip Ýatmak gylygyna syganok merdiñ. Dahana söz berdiñ wasypñ diýere, Dost berdiñ şol dosta mynasyp saýyp. Dost kyn günüñ gerek, Duşmanam berdiñ Şat günümde aglap biljek ajaýyp. Saglyk berdiñ, duýgy berdiñ köñlüme, Dözdüñ meni gyşyk añzak ýeline. Şu zatlaryñ aşagyndan çyk diýip, Iñ soñunda galam berdiñ elime. Bu baglaryñ göni, Egri hatary, Gülleriñ, gönleriñ müñ hili reñki, Adamlaryñ sary aýralyklary, Elwan duşuşygy ㅡ bary meniñki. Gije-gündiz galamymy oýnatdym, Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan. Aşagyndan çykar ýaly däl eken., Kän zat alan ekenim men durmuşdan. Ýöne neçün Mende kinäñ bar ýaly, Berenlerñi alýañ ýuwaş-ýuwaşdan? Ýa-da onuñ bolmalysy şeýlemi? Eýýäm aýra düşdüm niçe deñ-duşdan. Atyñ eýerinde men tans oýnaýyn, Ýolbars deý böwseýin oduñ halkasyn. Köp zat berdim diýip gynama meni, Berenleriñ üçin tañryýalkasyn. Pursat ber, howlukma, Gyssama meni, Älemgoşaryña bir gaş kakaryn. Öñümde ak kagyz, Elimde galam, Menem bir gün bergilemden çykaryn! * * * Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara, Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym. Gussa bilen bakyp söwüt, çynara Saýasynda goşawuçlap suw içdim. Çagalygmyñ gulpaklyja gyzlary Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm. Hany, nirde o ýyllaryñ yzlary, Şol yzlary yzlap geldim, eý, obam! Bu ýerde ahmyrym, ökünjimem ýok, Ýöne nämüçindir bilip bilemok, Çagalyk yzlaryn, tanyşlaryñy Jepalar çekseñ-de, undup bolanok. Unudyp bolanok ertekilerñi, Säherler çyg düşen ýaşyl otlaryn. Aýagyña batan awy tikenmi, Saña baş bermedik tez-tez atlaryn. Sen ýylda gaýdýarsyñ dogduk diýara, Onuñ sada görmeginden doýañok. Çagalygña duş geläýmek hyýalyñ, Emma ondan daşlaşýanñy duýañok. Sen uly şähere dolanýañ ýene, Bu ýerde dostlaryñ, iş-aladañ kän. Çykýarsyñ şowhunly köçeleriñe, Köçeler, kiosk, bildiriş, dükan. Onsoñ ýene gussa bile ýatlaýañ, Telwas edýäñ çygly atyzdyr pele. ...Şeýdip, her ýyl geçmişiñe gatnaýañ, Sen şol geçmişiñden daşlaşmak bile. ■ SÖWÜTLI Söwütli, Söwütli, Eziz diýarym, Iñ oñat zatlaryñ undulşy ýaly, Senden aýra düşüp on bäş ýyl ýarym, Ahyry üstüñden saldym men ýoly. Nirde o ýyllaryñ egri ýollary, Jaýlar, baglar bary sumat bolupdyr. Diñe bir topbajyk söwüt baglary Hem mähriban degirmeni galypdyr. Çagalañ unudan enesi ýaly, Söwütleriñ söwetleri giç-ertir: ''Haçan geler, gaýdyp geler balalam'' Diýip, ýollaryña seredip otyr. Bagyşla, Söwütli! Adyña gurban! Eziz maña söwütleriñ ýapragy. Ata-babalarmyñ namysyn gorap, Ata-babalarmyñ ýatan topragy. Ne kine bar, ne ahmyr bar göwnüñde, Çäjiñi harpykdan saýlap otyrsyñ. Ýalñyz galan garyp ene mysaly, Köne degirmeniñ aýlap otyrsyñ. SENIÑ ADYÑA Dünýäñ bar derýasy seniñ adyñda, Iñrigi, şapagy, ýagyşy, gary, Meniñ yhlas eden zatlarmyñ bary ㅡ Seniñ adyñda, Seniñ adyñda. Ýüzüñ öpenim, Tohum sepenim, Bu dünýede ýitirenim, tapanym, Topragym! Gam-gussam seniñ adyñda. Sen bolmasañ, oñat bordy dogmanym, Sen bolañsoñ, bu giñ dünýä sygmanym, Tylla gyryndysy edip ýygnanym Namysym, mertebämㅡ Seniñ adyñda. Seniñ päk adyñda görki bu dünýäñ, Ylaýym, sarsmasyn örki bu dünýäñ. Dünýäniñ mukaddes ähli zadynu Jemläñden soñ, Señ ajaýyp adyñy Bir ullakan wysal, Uly ynam dek, Doga kimin gaýtalaýan her gezek. | |
|
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |