08:32 Sag döwülme | |
SAG DÖWÜLME
Publisistika
Osman Ýüksel Serdengeçdi... Ol “Meskewnama-Öç” atly şygyrynda şeýle ýazdy: "Atalarymdan galan öç bar ganymda, Geçmişini s**eýin Bolgaryñ, Meskewiñ-de, Doñuz gören ýaly jyny atlanýar duýgularmyñ Pesleriñ sesini diñlänimde mikrofonda... Ýöne şuny isleýän, diñe şuny ýatlagyn, Ýatypdy Ýekaterina, Paltaçynyñ goýnunda..." Düýn... Milletçi-konserwatiw gatlaklarda öñi-ardy görünmeýän "Meskew duşmançylygy bardy. Seksual añlatmalar bilen doly, ýalan-ýaşrykdan hyryn-dykyn taryhy hekgetleri zol-zol orta oklardylar! "Paltaçy Mämmet paşa-Ýekaterina" ertekisi ýaly... Ýazyjy Nejdet Sançar Paltaçynyñ "çadyrynyñ içini" göz öñüne getirip "hem çuññur ýigrenç duýýandygyny, hem-de jynsy duýgularynyñ oýanýandygyny" ýazjak derejede öte geçdi. Nihal Atsyz, Nejip Fazyl, Kadir Mysyrogly ýalylaryñ şondan tapawutly ýeri ýokdy. Ezeli rus duşmançylygy zol-zol jynsyýetçi ideologiýadan iýmitlendi nijeme ýyllap... (Şeýle jynsyýetçi, gödek we dowamly sögünip duran türk sagy, diýmäýin diýsem, "jemgyýetçilik ahlagynyñ" gaýmagy hasaplanýardy!) Ine... konserwatiw erdoganlar, yzagalak-fanatlar şular ýaly ideologik sredada ýetişdi. Şonuñ üçin olaryñ dilinden "ussat" saýýan Nejip Fazyllary, Kadir Mysyrogullary düşmän geldi... 2019-njy ýyl. ABŞ-nyñ döreden "S-400" konfliktinde Erdoganyñ Russiýanyñ tarapynda çykyş etmegini nähili düşündirip bileris? Bu syýasy pozisiýa sag ganatyñ taryhy müddetinde nirä oturýar? Görşümiz ýaly... Sag (we çep) Erdoganyñ syýasy pozisiýasyny analiz etmäge höwessiz. Munuñ sebäbi sag ganatyñ hakydasynda "ezeli duşman Russiýa" garaýşynyñ şindizem saklanyp galandygy ýatyrmy? (Çep ganatyññ Erdogan duşmançylygy-da şu syýasy üýtgeşme babatda selhermeli bermegine päsgel berýär!) Neoliberalizm syýasaty ýöntemleşdirip, duýguçyl "tribuna janköýerligine" düşürdi! • 400 altyndan S-400-e Türk sagy Russiýany nämüçin ezeli duşman saýdy? Osmanly-Russiýa arasyndaky 1877-1878-nji ýyllaryñ uruşy (93 jeñi) muña sebäp görkezilýär. Bolýa diýeli welin... 1908-nji ýylyñ iýul rewolýusiýasy (Ikinji meşrutyýet) gatnaşyklary gowulandyrdy. Mysal üçin... Stambulda rus harytlarynyñ sergisi açyldy. Russiýa "93 jeñinden" galan 125 million frank kontribusiýasyndan el çekdim Birinji jahan urşundan öñ sadrazam Talat paşa Nikolaý II bilen onuñ Krymdaky tomusky köşgünde duşuşyp, ýeñ astyndan ýaranlyk teklibini etdi. Enwer paşanyñ özem osmanly goşunyny Russiýanyñ emrije bermegi teklip etdi. Netije gazanyp bolmady... Emma. Uly uruş dostluga sebäp boldy: 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ Brest-Litowsk şertnamasy baglaşyldy, Russiýa Anadolydaky basyp alan ýerlerinden çekildi we Karsy, Ardahany, Batumy Osmanla yzyna berdi. Galyberse-de, Milli-Azat edijilik uruşynda Sowet Soýuzynyñ eden altyndyr ýarag kömegini bilmeýän ýok. Sowet hökümetiniñ beren ilkinji puluny - 400 külçe altyny Enwer paşanyñ agasy Halyl Kut paşa 1920-nji ýylda getirdi. (400 külçe altyndan "S-400"-e geldik!) Soñra müñlerçe tüpeñ, top, el bombasy, ok-däri geldi... Gyzyl Goşunyñ guramaçysy Simeon Aralow Ankaradaky ilkinji daşary ýurtly sowet ilçisi boldy. Gyzyl Goşunyñ serkerdebaşysy Mihail Frunze Ankara kömege geldi. (Aralow we Frunze 1928-nji ýylda açylan Taksim respublikan memorial kompleksde ýerlerini aldylar!) Sowet Soýuzy bilen dost-doganlyk we birek-biregiñ üstüne çozmazlyk boýunça şertnama baglaşyldy... Nazillidäki mata fabrigi türk-sowet dostlugynyñ bilelikdäki guran zawod-fabriklerunuñ biridi. Ýalan-ýaşryk habarlara garşy sowet "ТАСС" habarlar agentligi bilen "Anadolu" habarlar agentliginiñ arasynda maglumat alyp-berişligi başlandy. Soñra näme boldy? Hawa, türk sagy nädip Russiýany ýigrener ýaly boldy, bolduryldy? • Meskew duşmanlygy Ikinji jahan uruşynyñ gutarmagy bilen arada duşmançylyk aç-açan ýüze çykdy... Aýdylyşyndan... Sowet Soýuzy Türkiýeden Artwin, Kars, Ardahan liniýasynyñ üstündäki araçägi düzetmegi talap edenmiş. Bu talabyñ edilendigi hakdaky ýeke-täk çeşme şol wagtyñ Moskwadaky türk ilçisi (ABŞ-na ýakyn durýandygy bilen tanalýan) Selim Sarperdi... Meseläniñ özeninde "Sowuk uruş" başlady we ABŞ Türkiýäni Sowet Soýuzyndan daşlaşdyrmak isledi. "Trumen doktrinasy" we yzyndan "Marşall kömegi", Koreýa uruşy we Türkiýäniñ NATO harby blogyna alynmagy bilen Türkiýe Sowet Soýuzyndan doly daşlaşdy, Günbatar blogyna girdi. Türk sagynda amerikan tarapdarlygy döred8. Çepçiler bilen žurnal çykaryp, biri-birine "ýoldaş" diýýän türk sagy uly gyşarmany başdan geçirdi we "Russiýanyñ şeýtanlaşdyrylmagy" sagçy syýasatyñ iñ birinji argumenti boldy. Ýurduñ howpsuzlygy gaýgysynyñ ýeke-täk sebäbi Russiýa hasaplandy. Ýaşlar biri-birine gyrdyryldy... Gaýtadan soraýaryn: Sag ganatyñ bu taryhy prosesine göz aýlap, Erdoganyñ Russiýa ýakynlaşmasyna nähili baha bermek gerek? Türk sagyndaky bu syýasy döwülmäni görmezlige salyp bolarmy? Nejip Fazyllar ýeñildi. Respublikaçy kemalistler utdy. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |