22:51 Sagçy pragmatizmi | |
SAGÇY PRAGMATIZMI
Publisistika
Görnüşinden, Siriýa meselesi şol wagtyñ Daşary işler ministri we premýer-ministri Ahmet Dawutoglynyñ üstüne düñderiläýjege meñzeýär. Gürrüñsiz, onuñ uly günäsiniñ-ýalñyşlygynyñ bardygy inkär edip bolmajak hakykat. Onuñ öñe süren strategik çuññurlygy gumbaýrak mysaly çagşady. Şuny ýatlatmagyma idin beriñ: Saddam Hüseýiniñ ýolbaşçylygyndaky Yrak 1990-njy ýylyñ 2-nji awgustynda Kuweýte çozdy. Bu çozuşyñ ertesi güni - heniz ortada BMG-nyñ beýlekileriñ kabul eden karary ýokdugyna garamazdan, haýsy ýurt sanksiýa kararyny kabul edendir öýdýäñiz? Türkiýäniñ prezidenti Turgut Özal! Ol hökümete we Daşary işler ministrligine geñeşmezden Kerkuk-Jeýhan nebit geçirijisini kesdi! Onuñ bu hereketi iki ýurduñ arasynda baglaşylan ylalaşyklara ters gelýärdi. (Özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryñ bozulmagy häli-häzirlerem Yrak bilen gatnaşyklarymyzda kynçylyk döredýär. Mysal üçin, uruş gutarandan soñ ikinji nebit geçirijisini çekmek meselesi orta atylanda, Yrak göni ýok diýdi.) Özal bu netijä gelende, ABŞ-nyñ yrak nebitinden doly tankerleriniñ portlaryna ýuküni boşadyp-boşatmajagynyñ jedeli gidýärdi. Waşintgton nebitiñ alynmagyny makul bildi! Özal pragmatist sagçy syýasatçydy. Ol kabul eden kararynyñ dogrudygyny ýa-da ýöräp-ýöremejegini diñe praktiki netijeleriñ kesgitlejegine ynanýardy. ABŞ bilen bir hatarda ýer alyp, bir hasabyny bäşe köpelderin öýdýärdi! Goñşusyna düşen ýangyndan nep gazanjak bolýardy! Ahlak gymmatlyklary kimiñ piñinedi, çünki pragmatizm sowukganlylyk bilen gabatlaşýan zat däl... Netijede: Özal birini bäşe köpeltmek beýlede dursun, elindäki bir hasabyny-da ýitirip, Türkiýäni uly ýitgilere goýdy. Meselem, arap ýurtlary Türkiýäniñ ykdysady ýitgileriniñ öwezini dolmak üçin wada beren pullaryny-da bermedi. Ýene bir ýatlatmanyñ üstünde durup geçsek gowy bor: • IKINJI PERDE Ikinji perde AKP häkimiýeti döwründe açyldy. Mesele ýene Yrak. ABŞ Yraga çozmagy meýilleşdirýärdi. ABŞ-nyñ bürgüt ganaty - Çeýni-Ramsfeld-Wulfowis (bulara “şeytan üçlügi” diýsegem bolar) bu uruşda Türkiýäniñ öz ýanlarynda bolmagyny isledi: Harby bazalar, portlar açylmaly, 80 müñ amerikan esgeri Türkiýä ýerleşmeli we ş.m. Yrak Türkiýäniñ üstünden basylyp alynmalydy... Türkiýe bu çozuşa şärikdeş bolmalymydy? Bu baradaky teklipnama Ýokary Halk mejlisiniñ gün tertibinde goýuldy. Erdoganyñ başyny çekýän AKP-li topara garamazdan, teklipnama mejlisde oñlanmady - konstitusion taýdan köpçüligiñ sesini gazanyp bilmedi. Türkiýe uludan bir demini aldy, ýeñleslige ýol bermedi. Erdogan yrak urşunyñ bikanundygyny, urşuñ ýalan-ýaşryk tutaryklara duwlanyp başlanandygyny, düýp maksadyñ başga strategiki hasaplara esaslanýandygyny bilenokmydy? Elbetde bilýärdi. Emma: Olam hut Özal ýaly pragmatistdi, Erdoganam ABŞ-nyñ tarapynda durup, bir hasabyny bäşe köpeltmegiñ yşkyndady! Muña bir bahana-da tapypdylar: – Kemalistik daşarky syýasat osmanlynyñ mirasyndan ýüz öwürýän garaýşa eýe, şonuñ üçinem Türkiýe sebitde taryhy mirasyñ mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmeýän syýasy garaýyş ýöredýärdi! Teklipnamanyñ ýeterlik ses gazanyp bilmän yzyna gaýdan güni munuñ üçin Erdoganyñ gahar-gazabynyñ çägi ýokdy! Soñ düşünip galdylar: Yagami girmekden saklanan Türkiýe terrorçylyk ýaly böreñ-böreñ gan akýan batgalyga çümmekden halas boldy. ABŞ yzyna seretmän gaçdy... Geleliñ üçünji perdä… • ÜÇÜNJI PERDE Türk sagçy häkimiýetleriñ, liderleriñ ýedi ölçäp bir kesmän, gysga wagtlaýyn hasaba esaslanýan daşarky syýasatyna ýene bir mysal Siriýa boldy! Erdogan Beşar Esada “gardaşym” diýýärdi, bile gezelenje çykýardy. Her pursatda "umumy ykbal, umumy geçmiş, umumy gelejek" diýilýärdi. Goñşular bilen hiç bir meselesiz oñşup ýaşaşmak syýasaty öñe sürülýärdi, musulman raýdaşlygyndan söz açylýardy. Siriýa meseleleri üçin arada durulýardy. Söwda gatnaşyklary görlüp-eşdilmedik derejede artýardy. Uzatmaýyn. Beşar Esad ýurduñ ykdysadyýetini janlandyrmak üçin Yrak, Türkiýe, Eýran bilen ýakynlaşdygyça ABŞ-nyñ gözüne ilip başlady. Şonsuzam ABŞ Siriýany "Russiýanyñ emeli hemrasy" hasaplaýardy. Ol ilkinji ädimi 2004-nji ýylda embargo goýup ätdi. Prezident Neždet Sezer ABŞ-nyñ basyşyna we garşylygyna garamazdan Siriýa gitdi. "Fenerbahçe" sport klubynyñ başlygy "Fenerbahçäni" futbol duşuşygyny geçirmek üçin Siriýa äkitdi we başgalar. Emma, 2011-nji ýylda Siriýada bulaşyklyk döredildi. Şol ýylyñ 21-nji iýunynda telefon arkaly gepleşenden soñ we 27-nji iýunda G-20 ýygnanşygynda Prezident Obama bilen ikiçäk duşuşandan soñ Siriýa garşy pozisiýa geçip başlady. Pikirini açyk aýtdy: "- Dökülýän gan halkyñyz bilen arañyzdaky baglanşygy üzýär. Her damja gan halkara jemgyýetçiligini size garşy çäre görmäge barha ýakynlaşdyrýar." Yzyndan Türkiýe goñşusyna agyr ykdysady embargo goýdy. Ýene pragmatizm garşymyza çykdy, Erdogan ABŞ-nyñ hatarynda ýer alyp bir sanyny bäşe köpelderin öýtdi. Soñra radikal toparlara goldaw berildi we ş.m. Netije ortada! Çekilen uly ýitguler ortada! Işiñ aslyýetinde Özal, Erdogan, Dawutogly ýaly sagçy liderleriñ pragmatizmi Türkiýäni hemişe zyýana goýdy. Şu günlerde Siriýa hatasyndan yza gaýdylmagy begendiriji. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |