Главная »
2019 » Mart » 28 » Sahna rolunda däl-de, hakyky durmuşda 10 adam öldüren aktýor
16:44 Sahna rolunda däl-de, hakyky durmuşda 10 adam öldüren aktýor |
SAHNA ROLUNDA DÄL-DE, HAKYKY DURMUŞDA 10 ADAM ÖLDÜREN AKTÝOR
Dünýäniñ iñ köp tomaşa edilýän "Möjekler mekany" ("Kurtlar Vadisi") teleserialynyñ Kylyçy Atilla Olgaç ýaşlygynda harby gullukda başyndan geçenleri ilkinji gezek "Orada Neler Oluyor" telegepleşiginde mälim etdi.
Atilla Olgaç "Kylyç obrazyny janlandyranymda birnäçe adam "öldürdik". Emma gynansak-da, bu watan üçin hakyky durmuşda-da on adamy öldürmeli boldum" diýdi. Atilla Olgaç "Çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagyma bir gün galanda Kipri azat ediş hereketi başlady. Meni Mersinden Kipre ugratdylar. Urşuñ iñ amansyz we iñ gandöküşikli ýerine düşdüm. Men serkerdäme "Oñarmaryn, adam öldürip biljek däl, men sungat adamsy ahyryn!" diýdim. Serkerde bolsa "Bärde sungat diýen zat ýok. Bärsi real durmuş, uruş. Görkezme berdimmi, wessalam: öldürmeli bolarsyñ!" diýdi. Birinji öldürenim 19 ýaşly ýesir düşen ýaş esgerdi. Ýaragy ýüzüne çenämde ýüzüme tüýkürdi. Menem atyp goýberdim, ol öldi. Soñky çaknyşyklarda ýene dokuz adamy öldürdim. Her gezek öldürenimden soñ ştaba gidip aglaýardym, ertesi ýene söweşe çykyp öldürmegime dowam etdim. Bu bolup geçen ganly wakalar häzirem düýşümden çykanok. Uzak wagtlap psihologiki bejergi aldym. Şoñ üçin häzirem et iýip bilemok. Gan görsem-ä, duran ýerim... Öldüren ýaş esgerlerim, yslanan jesetler, ol näletsiñmiş wakalar göz öñümden gidenok" diýdi.
Bu tragiki başdan geçirmäni 25 ýyl geçensoñ mälim edendigini aýdan Olgaç "Men ýurdumyzda elhenç söweşi başdan geçiren, adam öldüren, "Gazy"-lyk derejesine ýeten ýeke-täk sungat işgäridirin" diýdi. Aktýor sözüne şeýle dowam etdi: "Uruş uzak wagtlap meniñ kärime-de täsirini ýetirdi. Çytyksylandym, hiç işe elim barmady. Häli-häzirem serkerdämiñ "Hemişe sahnada ýalandan adam "öldüren" bolup ýörjekmi? Eliñe ýaragyñy al-da hakykatdanam öldür bakaly. Nähili bolýan eken, göreli" diýen sözi gulagymda ýañlanyp dur"...
Aktýoryñ bu çykyşy kiprlilerde garşylyklaýyn gyzgyn seslenme döretdi. Hususanam türkleriñ öz satiriki žurnallary hem muny öz sahaplaryna çykardylar. Türkiýäniñ Bakyrköý prokraturasy bolsa Olgaçyñ garşysyna iş gozgady. Ýagdaý başga tarapa we ula ýazansoñ, Olgaç aýdan sözlerini yzyna alýandygyny we muny degişmek üçin aýdandygyny aýdyp, başyny gutardy.
# magazinkolik.com
Teatr we kino sungaty
|
Категория: Teatr we kino sungaty |
Просмотров: 593 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 5.0/4 |
Awtoryň başga makalalary
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary