09:25 Sak-skif dessanlary | |
SAK-SKIF DESSANLARY
Edebiýaty öwreniş
Taryhy çeşmelerde türkmenleriň uzak geçmişde oguz ady bilen tanalandygy habar berilýär. Bu hakynda Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-it türk” sözlüginde “Türkmenler oguzlardyr” diýip bellenmegi juda gymmatly maglumat bolup durýar. Oguz taryhy hakynda belli türk alymy Faruk Sümeriň ýörite iş ýazmagy bellärliklidir. Mundan başga-da, gaty köp işlerde oguzlar hakynda ýatlanylýar. Uzak geçmişde türkmenler diňe oguz ady bilen tanalmandyr. Olara saklar, skifler, massagetler, parlar hem diýlipdir. Gadymy hunlar (gunlar) türkmenleriň ata-babalary hasaplanýar. Taryhy çeşmelerde ýatlanylýan aşkuzlaryň oguzlardygy dogrusyndaky maglumatlar ygtybarlydyr. Hunlar türkmenleriň iň gadymy ata-babalarydyr. L. N. Gumilýewiň “Hunlar” atly işinde Hytaý çeşmelerinde hunlaryň miladydan öňki 1784-nji ýylda ýatlanylýandygy hakynda maglumat getirilýär. Hytaýlylar gunlara hytaýçalap, hunlar diýip ýüzlenipdirler. Hunlaryň Hytaý çeşmelerinde ýatlanylmagyny olaryň goňşy oturandygy bilen düşündirmek bolar. Gadymy hunlaryň Günbatara hem Merkezi Aziýa göç edendigi hakynda çeşmelerde aýdylýar. Olaryň Orta Aziýada peýda bolmaklaryny ata Watanlaryna dolanmagy diýip düşündirmek bolar. Şol dolanyşyň bir gapdaly Hytaý beýleki tarapy Kiçi Aziýa bolan uly şadöwletiň içindäki bir nokatdan ikinji nokada süýşme hökmünde düşündirmek mümkin. Miladydan öňki birinji müň ýyllykda Hazar deňziniň kenar ýakasynda hem Amyderýanyň boýlarynda skif taýpalary ýaşapdyr. Ol döwürde Amyderýa Hazara guýupdyr. Olara Gadymy dünýä taryhçysy Strobon skifler barada örän gymmatly maglumaty berýär: “Kaspi deňzinden başlap skiflere massagetler, saklar, diýilýär, olara, umuman, skifler diýlip at berilýär, skifler diýlip at berilýän bolsa-da, her taýpanyň özüniň aýratyn ady bar.” . Skifleriň antpologiýa nukdaý nazardan kelleleri süýri bolupdyr. Bu barada miladydan öň 460-377-nji ýyllarda ýaşan Gippokrat şeýle ýazgylary galdyrypdyr: “Şu ýerde süýri kelleliler barada gürrüň bereýin. Kelle süňki boýunça olara meňzeýän başga hiç bir halk ýok. Ilki başda kelläni süýri kadda getirmek däp bolupdyr, indi bolsa bu däp tebygi häsiýete geçipdir, şonuň ýaly-da olar kimiň kellesi süýri bolsa, ony asylly adam hasaplaýarlar. Olaryň bu däbi şulardan ybarat: olar çaga dünýä inip, heniz süňkleri ýomşajykka, gatamaga ýetişmedik kelläni elleri bile dogry kadda getirýärler. Çaganyň kellesine sargy ýa-da şoňa meňzeş zat daňyp, ony dik ösmäge mejbur edýärler. Şonuň netijesinde kelläniň adaty formasy ýitip, ol süýrüligine ösüp başlaýar.” Iň gyzykly ýeri şu süri kelleli skifler gönüden göni biziň ata-babalarymyz bolup durýandygydyr. Belli antropolog alym L. B. Oşanin kyrk ýyldan gowrak geçiren barlaglarynyň netijesinde häzirki Orta Aziýanyň togalak kelleli ilatynyň içinde diňe ýeke-täk bir sany süýri kelleli halkyň bardygyny, olaryň hem türkmenlerdigini ylmy esasda subut etdi. Diýmek Strobonyň, Gippokratyň hem Oşaniniň pikirleri çugdamlap, olary yzygiderli seljermek bilen skif adyna birleşýän ýa-da şol at bilen tanalan taýpalar gönüden göni biziň ata-babalarymyz bolup durýar. Biz şu ýerde “Çingiz han”, “Batyý han”, “Soňky deňze tarap” atly romanlary bilen meşhurlyk gazanan belli ýazyjy Wasiliý Grigorýewiç Ýançewskiniň (W. Ýanyň) 1901-1904-nji ýyllarda Aşgabatda ýaşan döwri amerikaly geolog Hettington bilen gaty kyn şertlerde ägirt çöllügi kesip geçip, Parsystanyň merkezine çenli, ondanam pars-owgan serhedine, Bulyjystana hem Hindistanyň araçägine çenli eden syýahaty wagty tapan golýazmasy hakynda durup geçmeklik ýerliklidir. Bu golýazma taryhy dokument bolup, ol alymlaryň nazaryndan çetde galyp gelipdir. Bu hakynda W. Ýanyň özem belläpdir. Şu ýerde biz ýazyjynyň 1897-nji ýylda Peterburg uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini tamamlandygyny hem onuň köp ýyllaryň dowamynda Aleksandr Makedonskiý hakynda epopeýa ýazmagy ýüregine düwendigini, şol sebäpli Gündogar hem gadymy dilleriň 13-sini bilen ýazyjynyň mongol, arap, pars dillerindäki gaty köp edebiýatlary okandygyny, emma onuň bu arzuwynyň amala aşmandygyny, onuň döredijilige bagyş edilen agyr zähmetden doly ömründe Aleksandr Rumy hakynda “Depelerdäki otlar” atly powestini ýazyp ýetişendigini bellemek ýerliklidir. Ol türkmen topragy bilen baglanyşykly hekaýalar toplumyny döredipdir. Şol hekaýalaryň içinde skifler hakynda “Skif düşelgesinden hat” atly hekaýasy gönüden-göni onuň tapan golýazmasy bilen baglanyşyklydyr. Ol Aleksandr Makedonskiniň esgeri sazanda Aristonigiň hut hökümdaryň özüne ýazan haty eken. Hatyň eýesi Bibigunduz ony Aleksandr Makedonskiniň özlerine Aziýanyň ähli ýerlerinde çarwaçylyk etmäge ygtyýar beren permany hökmünde tumaryň içinde saklap gelipdir. Ýazyjy ýunan dilinde bir metr çemesi uzynlykdaky insizje papirusa ýazylan dokumenti uzak gijäniň dowamynda üns bilen göçürip alýar. Soňra ony Sankt-Peterburg uniwersitetinde gadymy ýunan dilinden hem gadymy golýazmalar baradaky ylym – paleografiýadan sapak berýän professor B. K. Ýeriştedte okadyp terjime etdirýär. Haty Aleksandr Makedonskiniň skiflere ýesir düşen esgeri Aristonik atly biri ýazypdyr. Onuň asly gadymy Gresiýanyň Beotiýa welaýatyndan bolupdyr. B. K. Ýeriştedt taryhçy Arrianyň Aleksandryň ýörişleri hakyndaky kitabynda Zariaspanyň (häzirki Türkmenabat şäheriniň) ýanynda skif-massagetler tarapyndan öldürilen haýsydyr bir sazanda Aristonigiň adynyň agzalýandygyny W. Ýana aýdypdyr. Bu hat eýesine gowuşmandyr, ýöne onda skifleriň gaýduwsyzlygy, gözsüz batyr halk bolandyklary, olaryň ylym-bilime sarpa goýandyklary hakynda gymmatly maglumatlar beýanyny tapypdyr. Ýazyjy W. Ýanyň ol haty, elbetde, çeperleşdiren bolmagy gaty mümkindir. Onda şeýle diýilýär: „Filippiň ogly, Aziýanyň hökümdary, Ammon hudaýyň nesli, parslary, baktriýalary, sogdylary , parapamasadlary , başga-da diňe saňa hem gudraty güýçli Zewse mälim bolan taýpalardyr halklryň müňlerçesini özüňe tabyn eden Aleksandra wepaly söweşdeş ýoldaşyň Biotiýanyň Kopaý batgalygynyň golaýynda ýerleşýän Akrafiýa şäherinde doglan, Kalimahyň ogly sazanda Aristonik uzak ömür, täze ýeňişler arzuw edýär. Seniň Oks derýasyna tarap ýörişiňde menem beýleki ýoldaşlarym bilen birlikde el berip çişirilen geçi derisine münüp, derýanyň beýleki kenaryna geçdim hem-de söweşe gatnaşdym. Meni şonda skif-massagetleriň peýkamy ýaralap, atdan agdardy. Atyň yzynda süýrenip barşyma daşdan-daşa urlup, ahyry özümden gidipdirin. Birhaýukdan ýiti agra gözümi açsam, olaryň tebibi üstüme abanyp dur. Elinde-de meniň bedenimden sogrulan peýkam. Ol maňa:“Seniň näme başarýan zadyň bar? Ädik tikmek, gylyç ýasamak, ybadathana salmak ýaly hünärlerden başyň çykýan bolsa-ha, bagtyň geldigi. Bolmasa-da öldürerler“ diýdi. Onuň bu sözleri meni synamak üçin aýdanyny badabat aňdym. Sebäbi skiflerem ylym-bilime sarpa goýýan halk. Skifler özlerine has zerur ýesirleri hemişelik saklamak üçin olaryň söbük damaryny kesýän ekenler. Olaryň bu mekirliginden men bihabardym. Şeýle-de bolsa „Guslýa atly saz guralyny çalyp, keramatly tanslary edip bilýärin“ diýdim. Skif muny ýaşulylaryna ýetirdi. Olar meni öz ýanlarynda gul edip galdyrdylar-da, beýlekilerimizi seniň ýesir alan skifleriň bilen çalyşmak üçin Oks derýasyna tarap sürdüler. Nähilem bolsa olar meýlis edende tans ederim ýaly meniň söbük damarymy kesmediler. Bu ýerde bendilikde ýörenime üç ýyl geçdi. Haty Pifon atly ýoldaşymdan iberýärin. Onuň on iki synasy sagat. Skifleriň dilinem oňat bilýär. Özem olaryň amazonka taýpasyndan bolan gyza öýlendi. Ol taýpanyň gyzlary hiç wagt äre çykmaýar. Dostumyň aýaly bu däbi bozany üçin, olary hökman terk edäýmeli. Şol sebäplem olar derýadan atly ýüzüp geçip, seniň-dünýäde deňi-taýy bolmadyk, indem bolmajak beýik serkerdäniň, Zewsiň ýeňilmez oglunyň ýanyna barmagy niýet edinýärler! Sen öz şan-şöhratyň hem eziz watanymyzyň hatyrasy üçin ýaralanan esgerleriňe hemişe penakär bolupdyň. Eger Pifon sag-aman seniň ýanyňa aşyp, haýyşymy ýetirse, oňa biparh garamazlygyňy towakga edýärin. Sen hemişekiň ýaly, watanyňa dolanmak islän ýaly esgerleriňe berýän iki talantyňy men biçärä-de eçil. Pul Zariaspanyň golaýyndaky Oks derýasynyň kenaryna geler ýaly ýagdaý döretse, getiren adam bu ýerdäki dellallaryň üsti bilen hojaýynym skif Budakenden meni satyn alyp biler. Ana şondan soň men ýene-de seniň saýaňda söweşe gidip bilerin. Seni, seniň ýörişleriňi hem edermenlikleriňi wasp edýän gimnleri aýdaryn. Skifleriň meni meýletin goýbermejeklerine gözüm ýetik. Zora çydaman, olaryň çagalaryna grekçe okamagy, ýazmagy öwredýärin. Öz söweş aýdymlarymyzdyr guslýa çalmagy öwretmegem bularyň daşyndan. Meni diňe üzüm agaçlarydyr zeýtun jeňňeligi bilen örtülen Beotiýa jülgesini, mähriban Gelikon gerşini ýene-de görerin diýen umydym ýaşadýar. Meni ýesir alan skif-massagetler diýseň batyr, özlerem azatlygy hem aty ähli zatdan beter söýýärler. Olar ýeňilmez pars şasy Kiri öldürip, dirikä şeýle ganojak bolan bu hökümdaryň kellesini „Içip gerk-gäbe doýsun“ diýip, gandan doldurylan halta salypdyrlar. Skifleriň batyrlykda ýakasyny tanadan baştutanlardan biri Budaken meniň bilen dostlaşyp, ýanyna myhman gelende guslýa çalyp bermegimi haýyş etdi. Ol meniň üçin söweş meýdanynda ýesir alan skife bäş baýtal töledi. Skiflere seniň ýörişleriň, has beterem, Granikanyň etegindäki ýeňişiň hem ganatly esgerleriň kömegi bilen dagdaky Arimaza galasyny alyşyň hakyndaky aýdymlarym hoş ýakýar. Skifler hemişe-hatda nobatdaky çozuş, uruş ýa-da ýarşyk baglaşmak hakyndaky maslahatlarda-da içýärler. Süýtden edilen, ýöne içiňde başyňy aýlaýan içgini olar altyn gaba guýup, soňam biri-birine geçirýärler. Elden-ele geçýän gap boşaberse, saky üstüni doldurýar. Meýden doly gaby bir demde başyňa çekip, aklyňy ýitirmän oturmak aýratyn edermenlik hasaplanýar. Haçan-da meýiň humary kellelerine uransoň, skifler güwläp ýanýan alawyň töwereginden wagşyýana seslerine bat berip aýdym aýdýarlar. Uzyn ýapraga meňzeş iki ýüzli hanjarlaryny batly galgadyp towsuşýarlar, güýç synanyşýarlar, duran atlara syçyrap münýärlerde, ýoly-ýodany saýgarman, ümdüzine çapdyryp gidýärler. Şeýle ýagdaýda skiflerde ýesirleriň ählisini kerçäýsem diýen isleg döreýär. Emma maňa batyrnyp bilýän ýok. Sebäbi hojaýynyň Budaken daşymy penalap dur. Ol käte „Görýäňizmi, greklerde urşuň hudaýy hasaplanýan Areý bilen deň Aleksandryň söýgüli artisti maňa saz çalyp berýär“ diýen terzde beýleki skiflere tekepbirlik bilen gözüni aýlaýar. Skiflerde ýene-de bir däp bar: Eger han-beglerden biri ölse, onuň aýallary-da amanadyny tabşyrmaly. Olaryň ählisini mäkäm edip çatýarlar-da, üýşmek odunyň üstünde ýatyryp, ot yakaýarlar. Şol wagt aýallar aýdym aýdýarlar. Olaryň haýsy otda diri ýanmakdan gorksa, damagyny çalmaklaryny haýyş edýär. Bu haýyşy ölen bendäň dostlary höwes bilen ýerine ýetirýär. Soňra merhumyň söýgüli atyny-da öldüýärler. Olaryň ynanyşlaryna görä, ölen bende ol dünýäde-de gijelerine ata münip, skifleriň duşmanlary bilen söweş edýärmiş. Bularyň daşyndan ol ýerde-de hyzmat eder ýaly wepaly gullaryňam birnäçesiniň başyna ýetilýär. Budakene meniň çalýan sazlarym diýseň ýaraýar. Ol käte ölensoňam meni küýsejegini ýaňzydýar welin, birhili gorkuberýän. Onuň jany sag, ömri uzak bolsun diýip hudaýa nalyş edýän. Penakärim Beýik Aleksandr, belki ol ölmänkä meni satyn alarsyň ýa-da özüňdäki bir topar müsürli sazandalaryň biri bilen çalşyrarsyň diýip tama edýärin. Tapdan düşen garry halymda-da bolsam öz mähriban Beotiýamda agtyk –çowluklaryma seniň deňsiz –taýsyz edermenligiňi, beýikligiňi, esgerleriň üçin edýän aladaňy yhlas bilen wasp edip bersem, göwnümde arman galmaz...“ Hatdan hem görnüşi ýaly, skifler hakykatdanam, batyr, edermen hem gaýduwsyz halk bolupdyr. Olarda ylym-bilime aýratyn sarpa goýlupdyr. Skifleriň bedew atyň gadyryny bilendikleri-de bellärliklidir. Taryha ser salanymyzda dürli işlerde türkmenleriň edermenligine, birsözlüdigine, zenana goýýan hormatyna, şonuň ýaly-da zenan gahrymançylygyna gaty ýokary baha berilýär. Biz şeýle ýokary baha skiflere barasynda hem aýdylypdyr. Ylmy jemgyýetçilikde oguzlaryň skif taýpalary bilen gatyşyp türkmen halkynyň etnogenezini emele getirendigi hakynda aýdylýar. Emma eger şeýle bolsa olaryň goşulyşmazyndan öňki döwürde-de şol bir meňzeş tarypynyň edilmegi ýöne ýerden däldir. Şonuň üçin sak-massaget taýpalary bilen gadymy oguzlar şol bir urug, halk bolmaly. Ýöne olar dürli-dürli atlandyrylypdyr diýmek dogry bolar. Gadymy döwürlerde türkmenleriň ata-babalarynyň Gündogara tarap gidendigi, hatda olaryň bir taýpasynyň Amerika yklymyna aralaşandygy hakynda maglumatlar bar. Amerikan indeýleriniň sözlük düzümindäki käbir sözleriň türkmen dilinde ulanylmagy gelejekde öwrenilmeli meseledir. Miladynyň V-VI asyrlarynda Göktürkmen döwletiniň döremegi we olaryň ägirt giň territoriýany eýeländigi barada taryh ylmynda anyk maglumatlar bar. Olaryň gadymy watanlaryna gaýdyp gelmeklerini oguzlaryň Orta Aziýa aralaşmagy hökmünde düşündirmek nädogrdyr. Munuň şeýledigini şol bir durmuş adatlarynyň Oguz-Orhon ýazgylarynda we Orta Aziýadan tapylan dürli tapyndylar, otparazçylyk bilen baglanyşykly ynançlar, mifler hakyndaky düşünjeler tassyklaýar. Baryp VI asyrda „Oguznamanyň” ortapars diline, VIII asyrda hem arap diline geçirilmegi we hut şol döwürde hem Göktürkmen döwletiniň Mongoliýanyň çäginde döredilip, Ötükeniň merkez edilmegi oguzlaryň ösen iki sebit medeniýetini aňladýar. Türkmenler taryhda dürli hili atlandyrylypdyr diýip öňde hem belläpdik. Türkmeniň hunlar (gunlar), skifler, (sak-massaget), oguzlar diýlip atlandyrylan döwürleri bolupdyr. Şunda biziň ata-babalarymyzyň hytaýlaryň hun, gerkleriň skif, ahamenilerdir, sasanylaryň sak-massaget, par diýip atlandyrandygyny bellemek derwýysdyr. Munuň özi gadymy oguzlaryň batyr, urşujy, söweşjeň halk hökmünde goňşularynyň ünsüni özüne çekip gelendigini aňladýar. Hut şoňa görä olar öz taryhlarynda oňa orun beripdirler. Diýmek bu halkyň öz döwri üçin ösen medeniýetiniň, edebiýatynyň, mifologiýasynyň bolandygyndan habar berýär. Hut şoňa görä, grekler (rumlular) hem araplar Orta Aziýany basyp alanlarynda ösen medeniýet bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şol sebäpli gadymy edebi nusgalar bilen grekleriň antiki edebiýatynyň arasynda ýakyn baglanyşygy görmek bolýar. Mysal üçin “Gorkut ata” şadessanynyň “Besediň Depegözi öldürdigi boýy” bilen Gomeriň “Odisseýiniň” arasynda edebi täsiri görýäris. Depegözüň keşbini Gomer öz eserinde özboluşly janlandyrypdyr. Taryhda bolsa Aleksandr Rumynyň Orta Aziýany talap, onuň maddy hem ruhy gymmatlyklaryny öz watanyna ugradyp durupdyr. Bu hakynda taryhy işlerde anyk maglumatlar berilýär. Belleýşimiz ýaly, skifleriň häzirki türkmenleriň ata-babalarydygy hakynda ýöriteleýin işlerde nygtalypdyr. Şonuň ýaly hunlaryň (gunlaryň) türkmenleriň ata-babalarydygy hem ylymda subut edilen hakykatdyr. Aşkuzlaryň (işkuzlaryň) – skifleriň Araks-Amyderýanyň derýasynyň töwereginde ýerleşen mannylar bilen birleşip miladydan öňki VII asyrda Assiriýanyň üstüne çozupdyrlar. Şu ýerde bir zady has anyklaşdyrmak isleýäris. Öňde biz türkmenleriň ata-babalarynyň dürlüçe atlandyrylandygyny aýdypdyk. Eýsem, şu atlandyrma nähili bolup geçipdir. Türkmen nusgawy şahyrlary Nurmuhammet Andalyp, Şeýdaýy, Şakandy, türkişynas alym Mahmyt Kaşgary türkmenleriň gadymyýetde oguz ady bilen tanalandygyny aýdýarlar. Andalybyň oguz hatyna ýazan matam-mersiýesiýesinde hem oguz hatynyň “ýaşynyň üç müňden aşyp, törtge münendigi” nygtalyp, bu ýerde hem türkmen oguz ady bilen getirilýär. Oguz-orhon ýazgylarynda hem oguz ady işledilipdir. Şuňa esaslanyp biz türkmenleriň oguz adyny esas edip alsak, onda olara Hytaý çeşmelerinde hunlar, gerek çeşmelerinde skifler diýlendigini hasaba almalydyrys. Hunlaryň miladydan öňki birinji müň ýyllykda häzirki Orta Aziýa sebitine aralaşmaklary bilen olar umumy skif ady bilen tanalyp ugrapdyr. Olara hytaýlylar hunlar diýipdirler. Günbatar alymlarynyň gunlar, aşkuzlar, işkuzlar, guzlar, parlar, parfiýanlar diýip tanaýan halklary türkmeleriň ata-babalarydyr. Mesele garlyklar hem eftalitler barasynda hem şeýledir. Häzirki abdallaryň aňyrsynyň gunlara onda-da ak gunlara direýändigini nygtamak isleýäris. Emma abdallar türki we türki däl halklaryň köpüsiniň etnogenezinde otyr. Ýöne olaryň aňyrsynyň türkmenleriň ata-babaly bolan oguzlara – ak gunlara direýändigini tekrarlap aýdasymyz gelýär. Oguz hanyň Gün han atly ogly bolup, gunlar onuň neslidir. Şeýle mysal diňe bir abdallar bilen çäklenmeýär. Miladydan öňki birinji müňýyllykda we miladynyň başlarynda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde umumy skif adyna eýe bolan sak hem massaget taýpalary ýaşapdyrlar. Olar azat erkin halk bolupdyr. saklanyp galan edebi nusgalar olaryň ösen edebiýatynyň bolandygyndan habar berýär. Taryhy işlerde olaryň çarwa halkdygy aýdylýar. Emma Türkmenistanyň çägindäki irki hem hut şol döwre degişli taryhy ýadygärlikler olaryň şäher medeniýetiniň bolandygyny görkezýär. Parfiýa, Marguş, Baktriýa ýaly döwletler hem oguz döwletleridir. Gadymy döwürden saklanyp galan “Tumarly”, “Syrak”, “Zaryna we Striangiýa”, “Zareriň ýadygärligi”, “Zariadr we Odatida”, “Hurma agajy we geçi”, “Dondamisiň we Amizagyň dostlugy” kimin eserler skifleriň: saklaryň hem massagetleriň durmuşyndan söhbet açýar. Mundan başgada parfiýan poemalary ady bilen tanadylýan bir giden eserler öwrenilmäge we ylmy-okuw dolanyşygyna girizilmäge degişlidir. “Tumarly”şadessany. Bu dessan biziň günlerimize bir bölek kyssa görnüşinde gelip ýetipdir. Ol hakynda ilkinji maglumat belli grek taryhçysy Geradotyň (m. o. 484-425 ý.ý.) meşhur “Taryh” atly kitabynda berilýär. Bu kyssa başga dilleriň täsirinde bolup “Tomaris”diýlip atlandyrylypdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ol öz asyl nusgasyna laýyk türkmen ruhunda “Tumarly” diýlip atlandyrylýar. Onuň mazmuny bilen tanyşanyňda edebiýatymyzyň oguz eýýamyndaky ayratynlyklary barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döreýär. Onuň mazmuny şu aşakdaky ýaly berlipdir. Tumarly biziň ata-babalarymyz bolan, taryhy işlerde massaget diýlip atlandyrylýan iliň gaýduwsyz batyr baştutany hem parasatly hökümdar aýal. Ol öz iliniň parahatçylygyny goraýar. Emma, ahameni patyşasy Kurosyň bet pygyly sebäpli iliň parahat durmuşy, asudalygy, azatlygy howp astyna düşýär. sebäbi Kuros Tumarla öýlenip, massaget halkyny özüne tabyn etmek isleýär. Onuň bu bet pygylyny paýhasly hökümdar Tumarly aňýar we onuň teklibini ret edýär. Kuros özüniň pälinden gaýtmaýar. Ol uruş arkaly öz maksadyna ýetmegi ýüregine düwýär. Tumarly urşuň öňüni almak üçin jan edýär. Emma, ol başa barmaýar. Kuros agyr goşun bilen massagetleriň ýaşaýan ýeri bolan Araks – Amyderýanyň boýuna gelýär hem derýadan geçmek üçin goşunlaryna köpri gurmagy buýurýar. Tumarly Kurosa pälinden gaýtmagy, öz ýurduna dolanmagy maslahat berip şeýle diýýär: “Midiýanyň şasy! Öz päliňden gaýt! Bu köpriniň saňa peýda getirjegini - getirmejegini sen öňünden bilip bilmersiň ahyryn. Bu işiňi goý-da öz ýurdyňdaky häkimligiňi ýörediber. Biziň üstümizden hökümdarlygyňy ýörederin diýip pikirem edip oturma. Ýöne sen, elbetde, bu maslahata gulak asman öz göwnüňe gelenini etmekçi bolýansyň. Eger-de çynyň bilen Massagetleriň üstüne çozuş etmek isleýän bolsaň, onda derýanyň üstünden köpri gurmak işiňi togtat. Biziň ýurdumyza tarap arkaýyn geçiber, biz derýadan üç günlük aralykdaky daşlyga yza çekileris. Eger-de sen bizi öz ýurduňa tarap goýbermegi oňaýly görýän bolsaň, ony-da edip bileris.” Emma Kuros Tumarla gulak asmaýar. Netijede, söweş başlanýar. Geradotyň maglumatyna görä, ahameni patyşasy Kuros ilki bada üstünlik gazanypdyr. Kuros ilki bada hile gurýar. Ol Tumarlynyň oglunyň garamagyndaky goşunyň geljek ugrunda ýarowsyz az sanly esgerlerini hem kän mukdarda iýip içer ýaly azyk, şerap hem bişip duran naharlary goýup yza çekilýär. Massagetler Kiriň aldawyna düşýärler. Olar gazanan ýeňşini baýram edýärler. Tagamly naharlardan iýip, şerap içip meý-mest bolup uklap galýarlar. Kuros bolsa esasy goşun bilen süsňäp gelip, olary ýesir alýar. Şeýdip, Tumarlynyň ogly Sparganis Kurosa bendi düşýär. Kurosyň bu namartçylygyna Tumarlynyň gahary gelýär. “Zenan patyşa Tumar öz goşunlarynyň hem öz oglunyň başyna düşen agyr kysmaty eşidip, şeýle sözleri bilen Kurosa habar ýollapdyr: - Ganhor Kuruş ! Sen özüňiň bu gazananja üstünligiňe baýrynma! Üzüm çybygynyň hasyly bilen siz pähim – paýhasdan mahrum bolarsyňyz. Haçan-da şerap kellä urunda, siz serhoş bolan parslar, gelşiksiz paýyş sözleri ýaňrap başlaýarsyňyz. Ine, şunlukda, hakyky dogruçyllyk hem mert söweş bilen däl-de şeýle zäheriň hem mekirligiň güýji bilen meniň oglumy ele salypsyňyz. Indi bolsa meniň döwletli maslahatyma gulak as: oglumy gaýdyp ber hem-de gowulyk, sag – salamatlyk bilen biziň topragymyzdan git. Massaget goşunlarynyň üçünji toparyny bihaýalyk bilen gyranyň hem saňa ýeterlik. Eger-de sen şeýle etmeseň, massagetleriň beýik Taňrynyň Günüň adyndan and içýärin, her näçe doýmaz – dolmaz hem bolsaň, men seni gandan doýuraryn”. Yöne Kuros muňa gulak asmaýar. Uly uruş bolýar. Massagetlere Tumarly ýolbaşçylyk edyär. Kurosyň goşunlary ýeňilýär. Onuň özi öldürilýär. Tumarly Kurosyň başyny kesip, gandan doly meşige salýar hem oňa: “Eý, namart, söweşde men seni ýeňdim, mekirlik bilen oglumdan aýra saldyň, agyr hasrata goýduň. Sen ömür boýy gandan doýmadyň, men öz andymy amal etdim, seni gana gark etdim.” Bu eser türkmen halkynyň taryhyny, oguz zenanlarynyň gahrymançylygyny, parahatçylygy söýüji, ýöne oguzlaryň watana howp abananda batyrlyk bilen ýurduny gorap, merdanalyk görkezmäge ukyply bolandygyny öwrenmekde juda ähmiýetlidir. Watana howp abananda zenanlaryň erkekler bilen bir hatarda durup söweşmegä beýlede dursun, türkmen zenanlary söweşe ýolbaşçylyk etmegi hem başarypdyrlar. Muňa Tumarlynyň çeper keşbi mysaldyr. Türkmen ata-baba hilegärligi halamandyr. Ol söweş guranda namartlyk etmändir. Arassa mert söweşipdir. Muny “Tumarly” şadesanynyň esasynda ýatýan taryhy waka tassyklaýar. Bu eseriň esasynda miladydan öňki VI asyrda bolan uly söweş ýatýar. Ahameni patyşasy Kuros goňşy ýurtlary talamaklyga baş urup, zalymlykda ýakasyny tanadýar. Ol Orta Aziýa ülkelerine basybalyjylykly ýörişler gurap halky talaýar. Onuň massagetleriň üstüne hüjümi nobatdaky talaňçylykly çozuşydy. Merdana massagetler aýaga galýar. Hökümdar zenan Tumarly merdanalyk bilen ata atlanýar. Söweşmäge ýer saýlaýar. Ol Kurosa Araks derýasyndan (Amuderýa) arkaýyn geçmäge mümkinçilik berýär. Diňe şondan soň uruş başlanýar. Kuros masgara bolup ýeňilýär. “Tumarly” kyssasy ozal doly bütewi eser bolupdyr. Has takyky oguz şadessanlarynyň hatarynda durmaga mynasyp eser. Emma, ondan biziň günlerimize kiçijik kyssa gelip ýetipdir. Tumarlynyň merdana keşbi edebiýatda janlandyrylypdyr. Oguz edebiýaty oňa bagyşlap, adybir şadessany döredipdir. Gadymy döwürlerden başlap türkmen durmuşynda zenan mertebesi hormatlanypdyr. Hakykatdan-da, türkmen durmuşynda zenan öýüň hudaýydyr, namysydyr, guwanjydyr. Türkmen zenanlary özleriniň gaýduwsyzdyklary, wepalydyklary, elleriniň çeperdikleri, akyl-paýhaslydyklary hem owadandyklary bilen dünýä bellidir. Türkmeniň taýsyz halysy türkmen zenanynyň gudratyndan kemal tapandyr. Taryhda oguz zamanyndan başlap türkmen zenanlary zerur halatynda ýurdy dolandyrypdyrlar. Oňa mysal edip, patyşa zenanlary Tumarlyny, Zarinany, XIII asyrda Hindistanda Deli türkmenleriniň soltanlygynyň patyşasy Raziýa hanymy, XVI asyrda Müsürdäki Memlýük türkmenleriniň döwletinde Şajar at Düri, XIX asyrda Maryda hanlyk eden Güljemal hany görkezmek bolar. Türkmenler zenan mertebesini belentde saklapdyr. Çeper edebiýat olaryň keşplerini janlandyryp, atlaryny dabara edipdir. Patyşa zenanlar Tumarly, Zarina hakynda oguz eýýamynda adybir eserler döredilipdir. Çeşme dury bolsa tagamam datly bolýar. “Gorkut atadaky” Burla hatyn, Banu Çeçek, “Görogludaky” Agaýunus, Harmandäli türkmeniň merdi-merdanalyk görkezip bilýän zenanyň çeper edebiýatyndaky nyşany alamatydyr. Meý-şerap toý gününde türkmen saçagynda ozaldan bar bolarly. Muny gadymy dessanlarymyz tassyklaýar. Ýöne gyzykly ýeri adama ondan ägä bolmaklyk, özüni meýe aldyrmazlyk sargalýar. Tumarlynyň ogly Sparganis meý içip, duşmana ýesir düşýär. Şeýle ahwala “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlarynda duşup bolýar. Görogly Öwez oglyna “Zynhar, Öwez oglum, şerap içmegil” diýip sargaýar. “Tumarly” şadessany türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmeniň ruhubelent dünýäsiniň edebi çeperçilik köklerini özünde jemleýändigi, türkmeniň zenana bolan garaýşynyň näderejede beýikdigini subutlandyrýandygy, türkmen üçin Watanyň ata-baba mukaddes saýylandygy we ony goramagyň beýik parzdygyny düşündirýändigi sebäpli ähmiýetlidir. “Syrak” gahrymançylyk dessany. Oguz gahrymançylykly eserleriniň ýene biri “Syrak” dessanydyr. Bu eser hakynda miladynyň II asyrynda ýaşap geçen taryhçy hem ýazyjy Polizniniň işlerinde habar berilýär. “Syrak” eseriň wakasynyň esasynda milady senesinden öňki 517-nji ýylyň söweşi ýatýar. Çeşmelerde bu söweş saklar bilen ahameni-eýran patyşasy Dari I arasynda bolýar. Dari I miladydan öňki 521-485-nji ýyllar aralygynda ýaşan ahameni patyşasydyr. Şu ýerde eseriň mazmuny bilen baglanyşykly üns bermeli ýeke bir ýagdaýy aýtman geçmek mümkin däl. Beýleki çeşmelerde bolşy ýaly, I. S. Braginskiý hem “Syrak” eseriň wakasyny saklaryň Dari I garşy gozgalaňy diýip düşündirýär. Emma eseriň mazmuny munuň tersinedir. Syragyň gahrymançylygy gozgalaňdaky gaýduwsyzlyk däldir. Ol batyrlyk parahat oturan saklary talamaga, boýun egdirmäge gelen duşmana garşy göreşde döräpdir. Bu ikisiniň ýer bilen gök ýaly tapawudy bardyr. Waka şeýle bolýar. Dari I parahat oturan halkyň üstüne agyr goşun çekip gelýär. Serkerdeler goranmagyň maslahatyny edýärler. Padyman çopan Syrak ýüz – gözüni persala edip, gulak burny kesilen halda Dariniň öňünden çykýar. Ol özüniň serkerdelerinden närazydygyny, sak serkeredeleriniň özüni erbet gynandygyny Dari I aýdyp ynama girýär we ýolbelet bolup 50 müň goşunyň öňüne düşüp gaýdýar. Ol ýedi gije-gündizläp duşman goşunlaryny Garagumyň jümmüşine getirýär. Ugurtapyjylyk bilen duşmanyň öz-özüni ýoklamagyny gazanýar. “Hany sak? Saklary tap!” diýip hemle urýan Dari I Syrak mertlik bilen ölümini boýun alyp, şeýle jogap berýär: “Men ýeňdim, ýalňyz bir özüm bütin bir goşuny ýeňdim, mähriban taýpam saklaryň we ene topragymyň başyna düşen belany ýok edip, Dariniň leşgerini heläkçilige alyp geldim, dört tarapyň haýsysyna gitseňiz hem ýedi günlük ýol, islän tarapyňyza gidiberiň. Barybir, ähliňizi açlyk, suwsyzlyk alar. Meniň ganym şu ýere dökülmeli. ” darynyň goşun başlygy Panosbat Syragyň kellesini kesýär. Syrak Watany goramagyň nusgasyna öwrülip gurban bolýar. Dari I Gün hudaýy Apollondan ýagyş soraýar. Ýagyş ýagýar. Dari I zordan Garagumuň epgek yssysyndan zordan ölümiň öýünde az sanly goşuny bilen halas bolýar. Oguz edebiýaty, onuň gahrymançylykly eserleri watana howp abananda bir jan bir ten bolup hemmäniň ýurdy goramak üçin aýaga galandyklaryny beýan edýär. Watan onuň ähli raýatlary, perzentleri üçin deň derejede mukaddes hasaplanypdyr. Bu ýerde hiç bir bölünişik bolmandyr. Han bol, beg bol, çopan bol, daýhan bol parhy ýok, bary deň derejede söweşipdir. Çünki, Watan mukaddesdir. Onuň goragy, azatlygy, erkinligi ugrundaky söweş hem mukaddes hasaplanýar. Şonuň üçinem biziň ata-babalarymyz durmuşdaky eýeleýän ornuna seretmezden baýy-garyby, aýaly-erkegi deň derejede Watan üçin gerek bolsa janyny gurban edipdirler. Gadymy oguz ilinde, çopan ýigidi Syragyň gahrymançylygy muňa mysaldyr. Oguz eýýamyndan bäri dowam edip gelýän bu däp, her bir döwürde öz belentligine galypdyr. Gorkut atanyň kitaby arkaly Syragyň gahrymançylygynyň dowam etdirilendigini görýäris. “Kitaby dädem Gorkudyň” “Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýunda” hem bu ýagdaýy görmek bolýar. Salar Gazanyň çopany duşman bilen aldymly berimli söweşe girip duşmanyň merkini berýär. Haçanda Salar Gazan dolanyp gelende çopany galdyryp söweşe özi gitmekçi bolýar. Çopan muny ýokuş görýär. Her edip, hesip edip söweşe çykýar. Munyň özi baryp ýatan watançylykdyr. Syragyň gahrymançylygy her bir türkmen ýigidine nusga bolmalydyr., Türkmen ýigidi Watana gezek gelende janyny orta goýmalydyr. Edebiýatyň baş wezipesi okyjysyna ruhy gymmatlyklaryň nämelerden durýandygyny öwretmekdir. Ol hak bilen nähakyň, haýyr bilen şeriň, çyn bilen ýalanyň, mert bilen namardyň, ýagşy bilen ýamanyň, dost bile duşmanyň, garaz, ak bilen garanyň arasynda parh goýup berýär. Olary tanamagy öwredýär. Oguz edebiýatynyň esasy maksady oguz ruhuny terbiýelemek bolupdyr. Oguz ruhunyň öňe süren ýörelgesi watanperwerlik, gahrymançylyk, mertlik, dostluk, zähmetsöýerlik we wepalylyk ýaly häsiýetler bolup, ol oguz dünýäsine öwrülipdir. Bu pikiri oguz döwletinde döräp, biziň dörümize gelip ýeten kyssalar, rowaýatlar, edebi parçalar we soňraky dörän eserlerimize siňen oguz ruhy tassyklaýar. “Syrak” eseri Watany söýmegiň ajaýyp nusgasydyr. Syragyň gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy her bir türkmen ýigidinde bolmalydyr. Gerek bolsa Watan üçin janyňy orta goýmalydyr. Bu eseriň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Bu eser mundan 2500 müň ýyl öň bolup geçen hakyky söweş wakasynyň esasynda döredilipdir. Emma Syragyň görkezen gahrymançylygy adamlaryň aňynda ýaşap ýör. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Syragyň gahrymançylygy hakynda edebi hem drama eserleri döredildi. “Dondamis bilen Amizagyň dostlugy” kyssasy. Milady senesinden öňki VI asyrda ýaşap geçen satiraçy Z. Lukian “Toksaris ýa-da dostluk” atly eserinde gadymy sak aýtgylaryny, rowaýatdyr hekaýalaryny getiripdir. Ol oguzlaryň arasynda “Dosta dönüklik etmekden uly masgaraçylyk ýok” diýen jümläniň ýörgünli nakyl kimin ulanylandygyny, oňa aýratyn üns berilendigini ýazypdyr. Bu söz biziň günlerimizde-de ýörgünlidir. Has takygy ol jümle oguz pendi bolup galypdyr. Belli gündogarşynas alym I. S. Braginskiý dostluk bilen baglanyşykly skif rowaýatlaryň biziň günlerimize çenli saklanyp galandygyny ýörite belleýär we onuň mysaly hökmünde Dondamis bilen Amizagyň dostlugy hakyndaky gyzykly kyssany getirýär. Kyssa bilen tanşyp, onda oguz ruhunyň beýan edilendigini duýmak bolýar. Oguz dostlugynyň baş sütüniniň wepalylykdygy eserde aç-açan görünýär. Bu kyssadaky dosta wepalylyk ruhy biziň şu günlerimizde hem ýaşap ýör. Ol kyssa aşakdakydan ybarat. Dondamis bilen Amizak ikisi dost bolupdyr. Olar däp boýunça biri-biriniň ganynyna dilini degirmek bilen dostlugyny berkidipdirler. Dost bolanlarynyň bary-ýogy dördünji güni olaryň üstlerine duşman dökülipdir. Gelen duşman şeýle bir duýdansyz bolupdyr weli, hemme ala-basga düşüpdir. Gaçan gaçypdyr. Duran tutulypdyr. Ýagy dökülende esasy goşun derýanyň arka ýüzünde ekeni. Az bölegi bolsa derýanyň beýleki ýagy dökülen tarapynda bolupdyr. Serkerdeler belli bir karara gelýänçä gelen ýagy batyrlary gyryp, olaryň gözleriniň alnynda obany talap, birtopar adamy ýesir alypdyrlar. Dondamise derýadan gaçyp geçmek başardypdyr. Emma, onuň dosty Amizak ýesir düşüpdir. Duýdansyz gelen ýagy ýesirleri äkitmäge başlapdyr. Amizak dostynyň adyny tutup, kömege çagyryp gygyrypdyr. Dondamis duran mähelläniň içinden okdurylyp çykyp, özüni derýa urupdyr we duşmanyň ýanyna baryp “Zirin” diýip gygyrypdyr. Bu diýildigi ýesire zat töläp boşatjak diýmegi aňladypdyr. Dondamisi talaýjylar baştutanlarynyň ýanyna eltipdir we olar Dondamisden uly töleg talap edipdirler. Emma, Dondamis bar baýlygyny olaryň özleriniň talandygyny, tölemäge zadynyň ýokdugyny, emma, näme soralsa şonam etjekdigini aýdypdyr. Duşmanlar onuň iki gözüni Amizagyň tölegi hökmünde soralýandygyny aýdypdyrlar. Dondamis oýlanmazdan iki gözünem dosty üçin bermäge razy bolýar. Onuň gözlerini köwleýärler. Ol şeýdip, dosty Amizagy halas edýär. Amizak dostynyň görmedik ýagty dünýäsini görmek islemändir. Şonuň üçin ol hem öz gözlerini köwläpdir. Olar uzak hem parahat ýaşapdyrlar. Il-gün olaryň wepadarlygyny hormatlap, hiç bir zada hor etmändir. Oguz jemgyýetçiligi olara ýaşamak üçin kömek edip durupdyr. Kyssadaky käbir zatlara ünsi çekesimiz gelýär. Dostlugyňy gan bilen berkitmek, dosta ömrüň ahyryna çenli wepaly bolmak, dostuň ýumşuny bitirmek, dostuň üçin ölümden gorkmazlyk - bularyň hemmesi oguz dostlugynyň daýanç sütüni bolup durýar. Ýene bir ýagdaý, dostluga jemgyýetiň hormaty, batyl üçin oguz jemgyýetiniň aladalanmagy biziň ata-babalarymyzyň ösen medeniýetiniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň bolandygyna subutnamadyr. Kyssadan görnüşi ýaly, oguz jemgyýeti iň bir demokratik jemgyýet bolup, ol ýeter-ýetmezi, mätäji goldap gelipdir. Ähli zatdan olara paý degişli edilipdir. Türkmen halkynyň arasynda “Dost dilese gözleriňem gysganma” diýen ganatly şahyrana söz bar. Diýmek, dostluk hakynda ýokarda görüp geçen bu kyssamyz şol ýekeje jümlede biziň günlerimizde ýaşap ýör. Türkmen halky dostluga uly sarpa goýup bilýär. Dost hem dostluk bilen baglanyşykly bir giden nakyllar döräpdir. Oňa mysal edip, “özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak”, “ýigidi dostundan tana”, “dost-dostuň aýnasydyr”, “dostum bar-doganym bar”, “dost-dostdan ýamanlyk görse unutmaz” we başgalar. Türkmeniň dostlugy ýürekden bolmalydyr. Dost tutunmak oguz döwründen gözbaş alypdyr. Türkmenler dosta sarpalydyr, gadyrlydyr. Türkmen dostuna doganym diýip bilýän Beýik Milletdir. “Zariadr we Odatida” kyssasy. Söýgi ynsanyň mukaddes hem tämiz duýgusydyr. Şonuň üçin ol edebiýatymyzyň gadymy we müdimi temasydyr. Gadymy oguz-skif edebiýatyna degişli söýgi hakyndaky kyssalar şol eýýamlarda ýaşan belli alymlaryň işlerinde ýatlanylýar. Özü-de olaryň skif, sak, massaget hem parfiýan kyssalary ýa-da poemalary diýlip ýatlanylmagy ol eserleriň oguz edebiýatyna degişlidigini subut edýär. Sebäbi taryhy çeşmelerde miladydan öňki döwürde sebitde iň köp ýaýran hem ösen medeniýetli halk hökmünde oguzlar ýatlanylýar. Oguzlar taryhy işlerde sak, massaget, skif, hunlar, gunlar, sogdular ýaly atlar bilen atlandyrylýar. Emma, ol nähili atlandyrylsa-da, biziň ata-babalarymyz aňrymyz oguzlardyr. Ýatlanylýan kyssalar, poemadyr rowaýatlar bolsa gadymy edebi oguz kyssalarydyr. “Zariadr we Odatida” kyssasy hem şolaryň biridir. Kyssanyň mazmunyna geçmezden öňürti Zariadr we Odatida atlaryna ünsi çekesimiz gelýär. Bilşimiz ýaly, oguz edebiýaty hakynda ilkinji maglumatlar taryhyň atasy hasaplanýan miladydan öň ýaşan Gerodotyň, Diodor Sisiliniň, Polionyň Kteziniň we başgalaryň işlerinde gelýär. Olaryň ählisi gaýry dilli alymlar. Şonuň üçünem olaryň işlerinde gahrymanlaryň atlary, umuman, adalgalar uly üýtgemä sezewar bolupdyr. Ikinjiden, ol döwür bilen biziň aramyzda müňýyllyklar bar. Dil bolsa ösýän hadysadyr. Ol şu ösüşde asyl nusgadakysyndan juda üýtgäpdir. Diliň taryhy gadymy oguz-türkmen sözleriniň esasan bir bogundan ybarat bolandygyny delillendirýär. Eger şeýle bolsa, Zariadr we Odatida sözleriniň ilkinji bogny hakda gürrüň etmek dogry bolar. Bellemeli ýeri Zariadr erkek adamyň ady bolup, Odatida gyzyň adydyr. “Zariadr we Odatida” kyssasy miladydan öň IV asyrda ýaşap geçen taryhçy Hares Mitilenliniň eserlerinde duş gelýär. “Zariadr we Odatida” kyssasynyň biziň günlerimize saklanyp galan nusgasy bilen tanyş bolalyň: “Midiýa welaýatynda Guştasp diýen adam hökümdarlyk edýär. Onuň inisi Zariadr bolsa Hazar deňzi bilen Tanais derýasynyň (Syrderýanyň) aralygyndaky ülkä hökümdarlyk edýär. Syrderýanyň arasynda skif taýpasynyň şasy Omargyň Odatida atly owadan gyzy bolýar. Zariadr bilen Odatida biri-birini düýşünde görüp aşyk bolýarlar. Zariadr wepalylyk bilen öz söýgüsini berjaý etmäge çalyşýar. Ol Omarga sawçy iberýär. Emma Omarg özüniň ýalňyz gyzyny uzak ýurda durmuşa çykarmak islemeýändigini sawçylara aýdýar. Zariadr bolsa söýgi baradaky ähdinden gaýtmaýar. Ol Odatidanyň gözlegine çykýar we bir arabakeşiň kömegi bilen Syrderýadan geçýär. Zariadr skif eşiginde Omargyň guran meýlisine barýar. Şol meýlisde Omarg öz gyzy Odatida ýigitlerden haýsy birini halasaň, şoňa altyn jamda meý ber diýip teklip edýär. Odatida skif eşiginde oturan Zariadryň eline altyn jamda meý tutdurýar. Aşyklar bir-birine gowuşýarlar. Zariadr magşugy bolan Odatidany alyp öz ýurduna rowana bolýar.” . Görşümiz ýaly kyssanyň ruhy oguz-türkmen ruhuna juda mahsusdyr. Şu ýerde Midiýa döwleti barada gysgaja maglumat berýäris. Midiýa döwleti miladydan öňki VII asyrda emele gelipdir. Ol häzirki Eýranyň demirgazyk-günbatar tarapynda Hemedan şäheriniň çäklerinde ýerleşen gadymy döwletdir. Kyssa juda gyzykly. Onuň bilen tanşyp, oguz däplerini ýüze çykaryp bolýar. Özi-de iki müň ýyldan gowrak wagtyň geçendigine seretmezden ol şu günlerimize mahsus. Brinjiden, Omargyňka gudaçylyga barylmagy, ikinjiden, ata-enäniň daş ýere gyzyny durmuşa çykarmaga razy bolmazlygy, üçünjiden, gyz çykanda onuň razylygynyň hökmanydygy biziň şu günlerimizde hem halkymyzyň däp-dessurynda bar. Diýmek, biziň toý toýlamak, gyz çykarmak, ogul öýermek, söýgüli ýar saýlamakdaky erkinligimiz, däp-dessurlarymyz oguz han döwründen bäri dowam edip gelýär. Oguz edebi nusgalaryna mahsus aýratynlyklar bar. Ol hem eserleriň esasynda anyk taryhy durmuş wakasynyň bardygydyr. “Zarina we Striangiýa” eseri. Bu eser hakynda miladydan öň I asyrda ýaşap geçen Sisiliýaly taryhçy Diodor “Kitaphana” atly işinde maglumat beripdir. Ol eseriň wakasynyň beýanyny miladydan öň 480-354-nji ýyllarda ýaşan taryhçy Kteziden alypdyr. Biziň günlerimize bu eseriň asyl nusgasy gelip ýetmändir. Kteziý sak aýallarynyň edermenligi barada şu sözleri ýazyp galdyrypdyr: “Saklaryň ählisiniň aýallary örän batyr, olar öz ärleri bilen deň hatarda durup söweşýärler.” Eseriň gahrymany Zarina bolsa batyrlykda ähli sak aýallardan tapawutlanypdyr. Eserde anyk taryhy waka suratlandyrylypdyr. Ol şundan ybarat: Saklaryň şasy wepat bolýar. Onuň ýerine patyşanyň görmegeý we batyr aýaly Zarina tagta geçýär we ýurdy dolandyryp başlaýar. Görmegeý Zarina öz halkynyň asudalygyny we tükelligini saklamak üçin dyngysyz alada edýär. Şol döwürde Midiýa döwleti bolupdyr. Midiýa bilen Saklaryň arasynda uruş bolýar. Ol söweşde patyşa gaýduwsyz Zarina örän uly edermenlik görkezipdir. Şol söweşde Midiýanyň şazadasy Striangiýa Zarinany ýaralaýar. Ol Zarinanyň batyrlygyna we gözelligine haýran galyp, ony ýesir almaýar. Striangiýa Zarinanyň edermenligine, edepliligine, görk-görmegine aşyk bolýar. Bu wakadan soň aradan wagt geçýär. Şol aralykda Parfiýa döwletiniň patyşasy Zarina öýlenip, saklary özüne tabyn etmekçi bolýar. Emma Zarina onuň teklibini kabul etmeýär. Ýöne şa zorluk bilen Zarina öýlenýär we saklar üçin ýakymsyz iş edýär. Zarina bir alajyny tapyp bu ýagdaýdan çykmagyň aladasyny edip, oňaýly pursada garaşýar. Ine, şu döwürde Parfiýa bilen Midiýanyň arasynda uruş bolýar. Söweşde Parfiýalylar ýeňiş gazanyp, köp adamy ýesir alýar. Şol ýesirleriň arasynda Striangiýa hem bolýar. Zarina Sfriangiýa bilen bilelikde ýesirlere baş bolýar. Olar gozgalaň turuzyp, aýgytly hüjüme başlaýarlar hem ýeňiş gazanýarlar.Zulumdan azat bolýarlar. Saklar hem öňki rahat, şadyýan günlerine gaýdyp gelýärler. Striangiýa Zarinany ýürekden söýýär. Zarina Striangiýanyň mähirli we batyr söweşijiligine hormat goýýar. Emma, onuň aýalynyň bardygy üçin durmuşa çykmaga razylyk bermeýär. Striangiýa muňa çydam edip bilmän özüni heläk edýär. Eser gussaly tamamlanýar. Bu kyssanyň oguz durmuşyny, däp-dessuryny, medeniýetini öwrenmekde juda uly ähmiýeti bolup, ondaky käbir ýagdaýlara dogry düşünmeli. Mysal üçin saklar bilen parfiýalylaryň arasyndaky söweş. Çeşmelerde bularyň ikisiniň hem biziň ata-babalarymyzdygy we olaryň şu toprakda ýaşandygy aýdylýar. Şonuň üçinem şondaky söweşi oguzlaryň içki özara söweşi diýip düşünmeli. Uzak Gündogardan ata ýurduna dolanyp gelen hunlar (gunlar) Orta Aziýada skif, sak, massaget atlary bilen tanalyp başlaýar. Bir tarapy Hytaý, ikinji tarapy häzirki Stambul, ýene bir tarapy Eýran hem Ýewropa bolan Oguz döwletinde içki gapma-garşylyklar ýygy-ýygydan bolup durupdyr, olaryň soňy köplenç söweş bilen gutarypdyr. Skif dessanlarynda gelýän ahameni hem Midiýa döwleti oguzlar bilen goňşy oturan döwletdir. Bu birinjiden, ikinjiden, ägirt uly oguz imperiýa döwletiniň içinde oguzlar özara birigip merkezi hökümete garşy söweş alyp baran wagtlary bolupdyr. Içoguz, daşoguz, üç oguz, alty oguz, ýedi oguz, sekiz oguz, dokuz oguz birleşmeleri muňa mysaldyr. Parfiýa döwleti oguz döwletidir. Onuň paýtagty Nusaý bolupdyr. Onuň ösen medeniýetiniň bolandygy barada ygtybarly maglumatlar bar. Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda zenanlar üçin gymmatbahaly daşlardan monjuk, ýüzük ýaly zatlary ýasamak ýörgünli bolupdyr. Şol ýerden tapylan ýüzükleriň gaşynda möhür şekiliniň barlygy hem zergärligiň bu ýerde ýokary derejede bolandygyny görkezýär. Diýmek, eserde beýan edilýän waka biziň şu topragymyzda bolup geçipdir. Mukaddes türkmen topragy oguz zenany Zarinanyň gahrymançylygyna şaýatdyr. Oguz zenany Zarinanyň batyrlygy baradaky söhbeti edebiýat nesilden nesile alyp gelýär. Bu bolsa taryhda gahryman zenanlaryň sanynyň köp bolandygyndan habar berýär. Umuman, türkmen edebiýatyndaky zenan keşpleri muňa mysaldyr. Bellemeli ýeri, bu gahrymançylyk biziň şu günlerimizde hem köpçülikleýin dowam edýär. Oguz zenanlaryna bolan şeýle uly ynam ata-baba mizemezdir. Eserde Zarinanyň Striangiýanyň söýgüsini kabul etmezliginiň sebäbi onuň aýalynyň bolmagydyr. Biziň pikirimizçe, aýal üstüne aýal almak oguza mahsus bolmandyr. Oguz edebiýatynda, umuman, iki ýa köpaýallyk ýörgünli bolmandyr. Muny edebi pikir hem goldamaýar. Magtymguly ýöne ýere diýmeýär: Her kişiniň iki bolsa aýaly, Gije-gündiz işi kyly-kal bolar. Dogry “Oguznamanyň” Pariž nusgasynda Oguz han iki gezek öýlenen edilip berilýär. Biri asman gözeli, beýlekisi ýer gözeli. Ýöne bu juda ynandyryjy bolman, nyşanly (simwoliki) bir wakadyr. Emma, beýleki nusgalarda Oguz han Or hanyň gyzyna öýlenen edilip görkezilýär we bu meselä dolanylmaýar. Dädem Gorkudyň boý bagyşlan begleriniň, Beg Görogly Türkmeniň Allasam bir, aýalam bir. Ýedi aşyk-magşugyň ýarlaram ýekedir. Olar iki bolup, bir jübütdir. Munuň özi oguz-türkmeniň Ruhubeýikliginiň hem wepalylygynyň, kiçi göwünliliginiň, halal ygrarlylygynyň alamatydyr. Bu ajaýyplyk, bu owadanlyk biziň XXI asyrymyzy bezeýär. Umuman Zarinanyň çeper keşbi batyr, gaýduwsyz, il-gününi söýýän, Watany mukaddes hasap edýän, parasatly hem görmegeý, sözüň doly manysynda owadan oguz zenanynyň keşbidir. Ol keşp ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga bolmalydyr. Şonuň üçinem edebi söz bilen aýtsak türkmen zenanlary Zarinany tanamalydyrlar, bilmelidirler we ondan maksada okgunly bolmagy öwrenmelidirler. “Zareriň ýadygärligine” poemasy. Taryhy çeşmeler Parfiýan oguz poemalary, edebi nusgalary barada birgiden maglumatlary berýär. Ýöriteleýin ylmy işlerde nygtalaýan parfiýan kyssalary ýa-da poemalary gelejekde ýörite öwrenilip, özbaşyna kitap edilip okyja ýetirilmegi sogap işleriň biri bolar. Gadymy oguz poemasy bolan “Zareriň ýadygärligine” atly eser oguz poemasydyr. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, bu eseriň hem esasynda taryhy waka ýatýar. Onda eýranlylar bilen turanlylaryň arasyndaky söweş wakalary görkezilýär. Şol söweşde pälwan Zareriň we onuň ogly Bastawaryň başyndan geçirenleri gürrüň berilýär. Poema mersiýe häsiýetinde bolup, ol gaýgylydyr. Söweşde Zarer kakasynyň meýdiniň ýanyda oturyp şu sözleri aýdýar: Ah, meniň durmuşymyň daýanjy, Seniň güýjüňi kim aldy? Ah, edermen atam, Ganyňy seniň kim aldy? Ah, symrug sypatly, Atyňy seniň kim aldy? Indi sen ölüp ýatyrsyň, Göýä biderek adam ýaly, Seniň saçlaryňy we sakgallaryňy Şemal sypalaýar. Seniň arassa teniňi – Üst başyňy tozan gömdi… Şygyr bölegini okap perzendiň atasynyň ölümine aglaýandygyny görýäris. Edebiýatymyzyň mersiýe häsiýeti oguz döwrüne hem mahsus bolupdyr. Eserde hasrat ody jemgyýetçilik mazmunda ýüze çykýar. Sebäbi Bastawaryň kakasy Zarer il-gününiň-halkynyň bagty ugrundaky göreşde wepat bolýar. Ol “atasyny durmuşynyň daýanjy” hasaplaýar. Bu bolsa ata-ene söýgüsiniň gadymy döwürlerde hem juda beýik bolandygyna şaýatlyk edýär. Ataňy hormatlamak parzdyr. Bu pikiri tutuş edebiýatymyz dogry tapýar. Atany hormatlamaýan adam adam hem däldir. “Zareriň ýadygärligine” poemasyndan alnan bölekde Bastawar atasynyň atyny ýatlaýar. Gadymy oguzlar dünýäde aty-bedewleri bilen şöhratlanypdyr. Şonuň üçin Bastawaryň: “Atyňy seniň kim aldy?” diýmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi at är ýigidiň ýoldaşy. Bedewler türkmeniň uçar ganatydyr. “Hurma agajy we geçi” poemasy. Bu poema oguz edebi däplerini öwrenmekde ähmiýetlidir. Edebiýatymyzyň munazaraçylyk däbi özüniň gözbaşyny gadymy oguz edebiýatyndan alyp gaýdypdyr. Eseriň mazmuny bilen tanyşanymyzda muňa magat göz ýetirmek bolýar. Eserde “altyn şahasy” bolan hurma agajy bilen geçi jedele girýär. Bularyň ikisi hem özleriniň artykmaçlyklary barada gürrüň edýärler. Hurma agajy geçä ýüzlenip: “Menden seniň boýnuňy “ogşamak” üçin taýak ýasaýarlar, seni menden edilen gazyga daňýarlar, seni soýanlarynda meniň şahamdan asýarlar, hatda seniň etiňden kebap edenlerinde-de meniň odunymdan peýdalanýarlar” diýen ýaly teýeneli sözleri aýdýar. Emma, geçi hem adamlar üçin peýdaly taraplaryny aýdyp, hurma agajyndan üstün çykýar. Poema bilen tanşyp edebiýatymyzyň iň gadymy döwründe hem kinaýanyň, gülküniň edebiýatymyzda ymykly orun alandygyny görýäris. Diýmek, edebiýatymyzyň edebi mazmun baýlygy kämil bolupdyr. Bu birinjiden. Ikinjiden, poemanyň munazara žanrynyň ýörgünli bolandygydyr. Munazarada ösümliklere we haýwanlara adam ruhy berilýär. Hereket edýän gahrymanlaryň üsti bilen eserde adamyň belli bir häsiýeti açylýar. Munazaranyň edebiýata gelmegi söz sungatynyň kämil döwrüne degişli. Has takygy ol köşk edebiýaty bilen baglanyşyklydyr. Hindileriň, “Kalylla we Dymna” eseri oguz edebiýaty bilen döwürdeş bolup, onuň köşküň aladasy bilen dörändigini ylmy düşündirildi. Bu eseri ýatlamagymyzyň sebäbi, ol munazaraçylyk däbinde dörän eserleriň çemenidir. Şahyrlar munazaranyň üsti bilen köşk hadymlaryna olaryň göwnüne degmezden täsir etmek isläpdirler. Sebäbi munazaraçylyk däbinde ýazylan eserlerde ynsanyň häsiýetiniň iki tarapy çaknyşýar. Ýaman bilen ýagşy garpyşýar. Iň soňunda hem ýagşy üstün çykýar. Özi hem bu hiç bir ynsanyň göwnüne degmezden gahrymany adam bolmadyk keşpleriň üsti bilen beýan edilýär. Ýene bir bellemeli tarapy munazara gadymy edebi däp bolup, ol gadymy oguz edebiýatynda juda ýörgünli bolupdyr. Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany-lugat et türk” (“Türki dilleriň sözlügi”) eserinde pasyllaryň aýdyşygy, Mahmyt Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasy” eseri munazaraçylyk däbinde ýazylypdyr. Bu däp halk döredijiliginiň erteki kysymynyň bir görnüşini emele getiripdir. Haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileri muňa mysal bolup biler. Bu edebi däp XX asyrda çagalar hem ulular üçin döredilýän multfilmlerde ýaşamagyny dowam edip, uly meşhurlyk gazanypdyr. Umuman, “Hurma agajy we geçi” poemasynyň, şonuň ýaly-da munazaraçylyk däbinde döredilen eserleriň terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |