SALAMLAŞMAK EDEBI
Adamzadyň dil baýlygy ösüp, kem-kemden kämilleşdigiçe, olaryň gylyk-häsiýetleri hem has gowulaşyp, birek-birek bilen mahirli gatnaşykda bolup başlaýarlar. Soňabaka has mylaýymlyk, mähribanlyk bilen salamlaşyp başlapdyrlar, kem-kemden ýakynlaşypdyrlar. Salama Taňry salamy, myhmana Taňry myhmany diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Diýmek myhmanam, salamam gönüden-göni Allatagalanyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Salamlaşmak däbi hakda söhbet açanymyzda, onuň halk arasynda örän ir döwürlerden ösenligini, däp hökmünde has düýpli ornaşanlygyny bellemelidiris. Biziň mähriban pederlerimiz salamlaşmak däbine aýratyn üns berip, öz çagalaryna, nesil dowamatlaryna salamlaşmak edebini çagalykdan, özüni bilip başlandan öwredipdirler. Öwretmek birinjiden görüm-görelde ýoly bilen, ikinjiden, gaýta-gaýta ýatladyp, çaganyň aňyna berk guýupdyrlar, “Ana, daýy bilen salamlaş, eliňi uzadyp salamlaş” diýip, oglanjyklara öwredipdirler. Gyzjagazlara hem ejesi mähribanlygy, mylakatlylygy, asyllylygy, şeýle hem alçaklygy öwredipdirler, Şonuň üçin hem türkmen halky “Alçak aş iýer, podul daş iýer” diýýändir. Adam gerek ýerinde alçak hem asylly bolmalydyr. Alçaklyk utançsyzlyk däldir. Ol belent adamkärçilikli bolmaklykdyr. Adamkärçilik hem salamdan başlaýar, türkmen salam bermeýän adamlary ulumsy, tekepbir hasaplaýar, “Tekepbiri Taňry söýmez” diýen nakyly hem paýhasly ata-babalarymyz döredipdir. Türkmen sözlerini nakylsyz sözleýän däldir, nakyllaryň öz-özi gürrüňçiligiň manysyna görä agzyna gelip durandyr. Şol nakyllaryň biri hem “Edep başy dil” diýip seslenýär.Dil hem her säher täze daňlar atanda gözel tebigaty synlap, gören adamlary bilen mähirli salamlaşmalydyr. Gijesine bir jaýyň aýry-aýry otaglarynda ýatyp turan ýaşulyrak adamlar-a türkmen däp-dessuryna görä, “Sag-aman örüşdiňizmi, amanlykmy?” diýip ýüzlenýändirler, ýaşlar hem öz gezeginde olardan öň turan bolsalar derrew Taňry salamyny bermelidirler. Bu her bir türkmeniň ganyna-janyna siňmelidir. Ata-babalarymyz bu däbi biziň günlerimize ýetiripdirler, häzirki nesiller hem geljekki nesillere ýetirmäge borçludyr.
Elbetde, ata-babalarymyzdan galan däp-dessurlaryň käbirleri ösüp, käbirleriniň üýtgäp gidýän ýagdaýlary hem bolýar. Hormatly Prezidentimiziň däp-dessurlara, milli mirasymyza aýratyn üns berýän wagtynda öz milletimize mahsus bolan ajaýyp däp-dessurlary, edep kadalaryny saklap geljege ýetirip bilseik uly iş etdigimiz bolar, Salam bermekligiň ata-baba däbe öwrülip giden nusgalarynyň käbirlerini ýatlap göreliň! Biziň gürrüňimiz, esasan, aýal-gyzlara bagyşlanan bolany üçin, aýal-gyzlaryň salamlaşyş düzgünleri nähili bolduka?..
Türkmen aýal-gyzlary, ylaýta-da, ýaş gelin-gyzlar ýygra, asylly, utanjaň bolupdyrlar, onsoňam salamlaşmagyň olar üçin bellenilen düzgünleri bar ahyry. Olar ýaşululary görseler, bir salym säginip, gelinler-ä ellerini döşlerine goýubrak baş atyp salamlaşypdyrlar, gyzlar hem ýygralyk bilem salamlaşýan ýaly hereket edipdirler, käbir alçagrak gyzlar bolsa “daýy salam, pylany aga salam!” diýip, ýuwaşjadan gepläpdirler.
Edep salamyň ýarany bolupdyr. Ýaşuly enelerimiz özlerinden uly ýaşulylara baş atyp salam beripdirler. Özlerinden kiçi ýigitler, erkek adamlar bolsakeseräk durup, ýaşuly aýallara sag eliniň tirsegine çenli aralygyny uzadyp salamlaşypdyrlar. Olaryň elleri açyk bolmaly däl ekeni, elleri köýnegi, dony bilen örtülen bolmaly, ten-tene degmeli däl, aýal adam hem özüne uzadylan eli iki eli bilen tutup görüşmeli. Häzir hem oba ýerlerinde şeýle düzgüni dowam edýänler gabat gelýär. Şäher ýerlerinde-de bu däpleri saklaýanlar gabat gelmän duranok. Däp-dessurlaryň biri-birine geçmegi, özara täsirler netijesinde aýal-gyzlaryň arasynda hem erkek adamlar ýaly, elleşip salamlaşmak, käbir ýerlerden geçen gujaklaşyp görüşmek ýaly dessurlar hem ornap gitdi. Ylaýta-da, ýas ýerinde girip aýal-gyzlaryň elleşip, erkek adamlar ýaly salamlaşyp çykmagy gelşiksiz ýagdaý hökmünde giňişleýin häsiýete eýe bolup barýar. Elbetde, bir maşgala agyr ýagdaýa düşen wagty, elleşip, görşüp çykmak halanmaýar. Şu zatlar hakda her bir zenan maşgalanyň pikirlenip, oýlanyp görmegi, özüni köpçülik ýerlerinde asylly. salyhatly alyp barmagy, öz perzentlerine-de öwretmegi zerurlykdyr.
Salamlaşmak däbi hakda gürrüň edenimezde, türkmen halkynyň ähli ugurdan edep kadalaryny işläp, däbe öwrüp bilenligini aýratyn bellemelidiris. Biziň paýhasly ata-babalarymyz hatda ösüp oturan agaçlardyr suwy, ösümlikleri hem janly hasaplap, olar bilen hem salamlaşyp sözleşipdirler. Muňa biz folklor atlandyrylýan halkyň döreden sungaty arkaly göz ýetirýäris. Pederlerimiz gijara suw almaga barsalar, özleriniň dileglerini keramatly zatlar bileb baglanyşdyryp, suw bilen salamlaşyp, sanawaç setirlerini sanap, soňra suw alypdyrlar:
Essalawmaleýkim, suw aga,
Elimi-ýüzümi ýuw aga,
Öýüme myhman geldi
Täret suwy ber aga!
Ýa-da derman ösümlik bolan ýüzärligi ýygmaga baranda aýdýan sanawaç setirlerini ýatlamak bolar.
Essalawmaleýkim, adraspan,
Meni iberdi Omar-Osman,
Derdime derman bol,
Dertlime şypa!
Döwük-ýenjigiň emi bolan mumyýa dagdan atylyp alynýar. Mumyýa ýüzlenilip aýdylýan sanawaç hem biziň döwrümize gelip ýetipdir.
Mumyýa aga, senmisiň,
Döwüge-synyga emmisiň,
Döwüge-synyga em boilmasaň
Merwerit ibärin yzyňdan!
Belli bir döwürlerde Aýa, Güne Hudaý hökmünde garap, ondan dilegler edipdirler, salamlaşyp, soňra dileglerini edipdirler.
Essalawmaleýkim Gün aga,
Sensiz günüm kyn aga,
Menden hereket,
Senden bereket.
Beýle sanawaçlary has köpeltmek hem mümkin. Bularyň barysy salamlaşmak edebine degişli zatlar. Diýmek, halkymyzyň salamlaşmak eüdebi gadym döwürlerden gelýän düzgünlerdir. Bize diňe olary berjaý etmek, ýagşylyklar bilen baýlaşdyrmak gerek. Ýamanlyklary kabul edip almakdan saklanmaly. Muňa bizi ajaýyp döwrümiz borçly edýär. Ajaýyp döwre ajaýyp gylyk-häsiýetli adamlar gerek. Onuň üçin hem öňi bilen perzent terbiýesinde uly orun eýeleýän aýal maşgalalaryň ýagşy gylyk-häsiýetli, edepli-ekramly bolmagy gerek. Däp-dessurlarymyza uly sarpa bilen çemeleşýän hormatkly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Gurbanjemal Ylýasowa,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri.
Pedagogika we edep-terbiýe