13:51 Şalara hormat | |
● Kökler
Edebi makalalar
ŞALARA HORMAT Türkmenler soňky telim asyryň dowamynda döwletsiz, patyşasyz ýaşadylar. Tire-taýpa pytraňňylygy, gol astyna düşülen keseki hökümdarlaryň köşklerinden üzňelik türkmenlere patyşalary golaýdan synlamaga mümkinçilik bermeýär. Çarwadar türkmen taýpalarynyň durmuş akabasy seljuklar zamanynda-da döwlet maşynynyň berk düzgünlerine arka bermedik bolarly. Soltan Mäligiň häkimliginiň ahyrlarynda türkmenler döwlet diwanlaryndan aglaba çetleşdirilýär. Munuň sebäbini Nyzam al-Mülküň “Syýasatnama” kitabyny okanyňda aňsa bolýar. Nyzam al-Mülk seljuk soltanlaryna jany-teni bilen hyzmat eden, milleti pars, Gündogaryň taryhynda beýik wezir hökmünde ykrar edilen adam. Oňa seljuklaryň imperiasynyň sütüni diýseň-de boljak. Nyzam al-Mülk imperiýanyň ilki döwürlerinde türkmenleriň hyzmatynyň bolandygyny hygtamak bilen, soňra şeýle ýazýar: “Olaryň ogullaryndan müň adamy atma-at sanap, köşk hyzmatçysy hökmünde ulanmaly. Ýeterlik möhletden soň ok-ýaragyň tilsimlerini, gullugyň tärlerini öwrenerler, gulamlar ýaly hyzmat etseler, olaryň tebigatyndaky wagşyýana häsiýetler kem-kemden ýiter gider”. Ýokarda belleýşimiz ýaly, halkyň soňky asyrlardaky ykbaly ony köşkden daşlaşdyrdy. Türkmenler patyşalaryň özlerini alyp baryşlaryny, olaryň düzgünini köplenç ertekileriň, dessanlaryň üsti bilen eşidip geldi. Ol ýerdäki beýan etmelerem köplenç bir meňzeş hem juda ýöntem. Aglaba-da şalar gazaply, adalatsyz. Köşk durmuşyny real suratlandyran türkmen awtorynyň soňky asyrlarda bolmandygny-da türkmenleriň tagtdan üzňeligi bilen düşündirse bolar. A.Öräýew “Adat” diýen kitabynda “Her bir ynsan hökümdarlarynyň emrine tabyn bolmaga mejburdyr we raýatlar üçin hökümdar emrini berjaý etmek borçdur” diýen bölümde mesele türkmen ada- tynyň çäginden çykyp, has giň ýaýrawda seretmäge çalyşýar. Moral etiki normalar hakynda gürrüň gozgalanda awtoryň köplenç diniň öňe sürýän ahlak gymmatlyklarna, dünýä belli akyldarlarynyň ynsan perwerlik pikirlerine salgylanmaly bolýandygyna men düşünýärin. Häkime gatnaşyk bilen baglylykda hut türkmeniň emer-damaryndan syzylyp çykan garaýyşlar ýeterlik bolanlygynda awtor häli-şindi şahyrlaryň öwüt-ündew berýän setirlerine, umumy adamzat etikasyndan çykýan belli pikirlere salgylanman, anyk hökümdarlar bilen bagly anyk mysallara ýüzlenenini has amatly görerdi. Gynansagam, anyk mysallar örän seýrek. Legendar şahslaryň töweregindäki döredilen rowaýatlar bu hasaba girmeýär. Patyşalara, gaýry häkimlere gatnaşyk siwilizasiýanyň ösmegi bilen ägirt ewolýusiýa sezewar bolupdyr. Häkimlerden üýtgeşik bir gudrata garaşmak, olaryň gudrat döretmäge ukyplydyklaryna ynanmak adamzadyň ilkidurmuş döwründe dörän ynançdyr. J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabyna salgylanyp aýtsak, jadygöýler hem tebipler jemgyýetiň taryhynda iň gadymy professionallardyr. Olar taýpalaryň ählisinde bolupdyrlar. Soňra bölünşikleriň ýüze çykmagy bilen diňe kesellileri bejerýän tebipleriň gatlagy özbaşyna, tebigy hadysalara täsir edip, hamala, ýagyş ýagdyrýan jadygöýleriň topary özba- şyna bolýar. Iň güýçli, iň täsirli topar kem-kemden tire-taýpanyň häkimligini-de öz eline geçirýär, serdarlar, keramatly patyşalar döreýär. Olaryň jadygöýlük wezipesi wagtyň geçmegi bilen ikinji orna süýşýär. Din güýçlenip, jadygöýlüge barha gysyş görkezýär, onuň ornuny ruhanylar eýeleýär. Serdarlar, patyşalar ýokary ruhany derejesine göterilýärler. Jemgyýetçilik ösüşi dowam edýär, patyşalaryň elinde jemlenen dini hem dünýewi häkimlik soňra bölünýär. Dünýewi häkimlik bir adama, dini häkimlik başga adama geçýär. Emma jadygöýlükden galan täsirler düýpgöter ýitip gitmändir, olaryň häkim- lere degişliliginden galan ynançlar biziň günlerimize-de ýetipdir. Häzirem prezidentleriň, patyşalaryň ýörejek ýoluna haly düşeýärler. Munuň düýp sebäbini dünýäniň köp künjüne häsiýetli mysal hökmünde geçen asyrlarda ýaponlaryň ruhy hökümdarlaryna edilen hormatda-da görse bolýar. Bu hormat hökümdaryň hökmany bitirmeli borjy bilenem bagly. Borç bir däl, birnäçe. Olar hökümdaryň belent keramatyny, mertebesini üpjün edýän düzgünler bolupdyr. Eger hökümdaryň aýagy ýere degäýse, şol halat mertebesi juda peselmeli, şonuň üçinem nirä gitse ony egne göterip äkidipdirler. Meksikada ýaşan asteklerde-de häkimlerini eginlerinde göteripdirler, ýere düşende aýagynyň aşagyna owadan haly ýazypdyrlar. XVI asyrda dabany ýere degeni üçin beýle masgaraçylyga çydamadyk raýatlarynyň zor salmagy zerarly ýapon patyşasy tagtyndan el çekmeli bolupdyr. Taiti adalarynyň häkimine, onuň aýalyna diňe miras galan mülklerinde dabanlaryny ýere degirmäge rugsat edilipdir, olaryň aýagynyň degen mülki eýýäm keramatly hasaplanýan ekeni. Eýranyň häkimleri-de köşklerinde diňe haly düşelen zolakdan ýöräpdirler, şanyň ýoluna gaýry bir adamyň aýak basmagy agyr jenaýat bilinipdir. Şa köşkden çykanda ata ýa-da ata goşulan araba münüpdir. Türkmenler pylan patyşany, pylan hany eginlerine göteripdirler diýen fakta duşmasak-da, il arasynda “şol işi bitireni egnimize göterip gezmäge taýyn” diýen ýaly sözler aýdylýar. Munuň ýöne ýere aýdylmandygy belli. Patyşalara hudaý diýipdirler, sejde edipdirler. Bu döwürler esasan dini hem dünýewi häkimligiň bir elde jemlenen mahalyna gabat gelýär. Sargon I-den başlap Babilonyň ilkinji patyşalary özlerini hudaý diýip yglan edipdirler. Has soň Arşakileriň kowmundan çykan Parfiýa patyşalaryny Günüň doganlary hökmünde görüp, hudaýyň derejesinde hormatlapdyrlar. Bu ugurda gadymy Müsüriň patyşalary-faraonlary has-da tapawutlanýarlar. Olar zorluga, despotizme gurlan döwleti berkitmekde dini ynanjy ulanmagyň nusgasyny görkezipdirler. Patyşanyň häkimligi beýik hudaýlaryň erk islegine görä berkarar bolandyr, oňa boýun synmak raýatlaryň esasy borjudyr. Olar patyşany-da hudaý derejesine göterip, patyşa sejde etmelidirler. Patyşanyň garşysyna baş götermek, oňa müňkürlik etmek gönüden-göni diniň garşysyna gitmekdir, özüňi derdi-bela uçratmakdyr. Bu ideologiýa müňlerçe ýyl Müsürde öz agalygyny ýöretdi. Taýpa serdarlary jadygöýlük, magiýa bilen häkimiýete ýeten döwürlerinde olaryň tebigat hadysalaryna erk edip bilýändiklerine ynanypdyrlar. Aýratyn-da tüýs gerek mahaly olardan ýagyş-ýagmyra garaşylypdyr. Eger-de yzly-yzyna taýpadaşlarynyň islegini bitirip bilmän, şowsuzlyga uçran ýagdaýynda serdary rehimsizlik bilen çalşypdyrlar. Taýpadaşlarynyň ätiýajy, gorkusy zerarly keramatly häkimiň aýny güýjündekä öldürilýän wagtlary-da bolupdyr. Italiýada, Alban daglarynyň eteginde ýerleşýän gadymy Arsiýanyň ruhany häkimlerini garrylyk ýetişmänkä, sagkalar öldürmek kada ekeni. Adamlar öz- leriniň rysgalyny, mal-mülkleriniň abatlygyny häkimiň ykbalyna baglapdyrlar. Eger häkim syrkawlaýsa, has aýylganjy-da, ol keselden öläýse, taýpanyň bagtynyň ýatdygy! Şol halat adamlara, olaryň em-lägine-de ýok bolmak howpy abanýar. Sürüleriň gyryljagy, ekinlere hazan ýeliniň çaljagy ikuçsuz! Belanyň öňüni almakdan ötri ýeke çykalga görüpdirler, häkimiň garramagyna-da, näsaglap ölmegine-de ýol bermezlik üçin, ony men diýen mahaly öldürmeli. Goý, onuň galan güýji mirasdaryna geçsin! Şeýdilse, adamlaram sag bolar, hasyl wagtynda ýygnalar, tomusyň yssysyndan, gyşyň aňzagyndan gorkmasa bolar diýipdirler. Diýenlerini-de edipdirler. Patyşalar, diktatorlar halkyň arasyna çykanlarynda raýatlar oňa söýgülerini duýdurmagyň alamaty hökmünde ellerini uzadyp, onuň tenine galtaşmagy, elleşmegi uly bagt bilýärdiler. Bu hereketiň gözbaşynda-da häkimleriň tebipçilik keramatyna gadymy ynançlar ýatyr. Orta asyrlarda Ýewropanyň korollary mertebeleriniň belentligini saklamadan ötri, bu ynanjy ýeserlik bilen ulanypdyrlar. Aýratynam iňlis korollary tapawutlanypdyr. Korol Karl I ybadathanada bir demde ýüzlerçe syrkawy bejerdi diýip ýazylýar. Onuň ogly Karl II has-da ozdurýar. Ol häkimlik eden ýigrimi bäş ýylynyň dowamynda ýüz müň syrkawy bejeräýipdir. Hiç hili derman bermändir, nasaga elini degirdigi bes, dert ýok bolup gidiberýän ekeni! Patyşalar bilen raýatlaryň arasyna berk çäk goýmak, ony berjaý etmek birnäçe halatda nätanyş adamlarda gülki döredip biler. Sparta patyşalaryna el degirmek kanun arkaly gadagan edilipdir. Siam häkiminiň bedenine sähelçe galtaşan adam ölüme höküm edilýän ekeni. Taitiniň, Kampuçiýanyň patyşalary babatda-da şeýle. 1874-nji Kampuçiýanyň häkiminiň münüp barýan ekipažy agdarylýar. Huşu- ny ýitiren patyşa serlip ýatsada, bir adam oňa kömek etmäge milt etmändir. Oňa el degirmek gadagan. Hernä, ýewropaly bir ýolagçy gabat gelip, patyşany köşge getiräýipdirler, ýogsa “hormatyň” gurbany bolaýjak ekeni. Asyrlaryň dowamynda türkmeniň patyşasy, ähli türkmeni agzyna garadan serdary bolmasa-da, ony küýsäp, onuň nähili bolmalydygy hakynda pikir eden danalar tapylypdyr. Şolaryň biri-de Döwletmämmet Azadydyr. Ol il-günüň öňüne düşen adamyň ahlak borjuny dini ynançlara baglaýar. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr, ol barça musulmana adyllygy buýrandyr diýýär. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr. Onuň ýurdundan mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de hak tagallanyň mähridir, gahary-da hak tagallanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjaý kylmak onuň raýatyna buýrulandyr diýýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |