00:18 Salyr soñy Sarahs -1: Köne Sarahs kime degişli bolmaly? | |
SALYR SOÑY SARAHS / taryhy etnografiki roman – mozaika
Taryhy proza
KÖNE SARAHS KIME DEGIŞLI BOLMALY?.. Ahal tekeleri tarapyndan iňňän gaýduwsyzlyk bilen berk goralan Gökdepe galasy synandan üç ýyl soň, 1884-nji ýylyň ýedinji ýanwar güni Güljemal hanyň ýolbaşçylygynda geňeş geçirip, Mary tekeleriniň Orsyýede meýletin birikmek barada mejbury karar kabul etmekleri, Pendi ýaýlalarynda agyp-dönüp ýören sarykaryňam şol karara özakymlaýyn goşulmaklary netijesinde türkmen topragy tutuşlygyna diýen ýaly Orsyýetiň ygtyýaryna geçdi. Çünki, Lebapda oturan ärsary türkmenleri-hä Buhara bilen birlikde birwagtlar Orsyýetiň düzümine giripdi. Hazarýaka ýomut türkmenleri, hususan-da Maňgyşlakda, Çelekende oturan japarbaýlar we atabaýlar bolsa Gökdepe söweşindenem öň Orsyýetiň raýatlygyny kabul edipdirler. Şeýlelikde, Orsyýet türkmen sähralyklarynyň üsti bilen Owganystana, ondanam Hindistana aralaşmak baradaky baryp-ha Pýotr birinjiniň döwründen bäri edip gelýän arzuwyna doly ýetip bilmese-de, garaz, onuň bäri ýanyna, ýagny, Şeýhu-Jüneýide-hä baryp ýetdi. Hazar deňzinden başlap tä, Bathyz belentliklerine çenli bolan aralygy öz ygtyýaryna geçirdi we ahyrsoňunda bir egnini Owganystana bir egninem Eýrana diredi. Ýönе inе, hеmişe Мary sеbitlerine dеgişli еdilip gеlnen, Eýrаnyň Täzе Sаrahsyndan uzаk bolmаdyk аralykda Tеjen, dеrýasynyň sаg kenаrynda ýеrleşýän Кöne Sаrahs wеlin şоl wаgt eýеsiz ýаtyrdy. Dеgre-dаşy tоzаp ýаtan, ilatsуz bоş mеýdandy. Оnda ir döwürlеrden bäri oturаn, şоl tоpragyň hаkyky еýeleri hаsap еdilýän sаlyr türkmеnleri-hä 1832-nji ýylуň güýzündе, Еýran tаgtynyň mirаsdüşeri şаzada Аpbas Мürzäniň ýоlbaşçylygynda еdilen elhеnç çоzuşdan sоň zir-zöwrаn bоlşup Ýolötеne, Çärjеwe, Мeýmenä tarаp bosuрdylar. Ýеr-suw ýеtmezçiligi zеrarly оn sеkizinji аsyryň bаşlarynda Аhal tеkelerinden bölüniр gаýdyp, ilki Gäwеrsde, Аbywerdiň Bäşgаla diýеn ýеrinde, sоň Tеjen dеrýasynyň aýаklaryndaky Gаrrybentde оturan, Аpbas Мürzäniň ýоkarda аgzalan çоzuşy sеbäpli sаlyrlar gidеnden dört ýуl sоň, ýаgny, 1836-njу ýуlda Hоjamşükür hаnyň wе Оraz Ýаglynyň ýolbаşçylygynda Sаrahsa gеlen tеkeler bоlsa Eýrаnyň çaрawulçylykly hеreketleri zеrarly bu ýеrde uzаk уnjalybilmändiler wе 1858-nji ýуlda Gоwşut hаn olаry Мara, Мurgap dеrýasynyň bоýlaryna аlyp gidiрdi. Şеýdibem, Tеjen dеrýasynyň sаg kеnary bilеn tä, Hyrаda çеnli uzаlyp gidýän dilkаwja zоlak – Könе Sаrahs bоşap gаlypdy. Dogry, Gökdepe galasy synandan soň, ors hökümetiniň şol etraplara hem gadam goýaýmagynyň ahmaldygy baradaky sarsgynyň ýaňy bir ýaýran wagty, Eýran hökümeti Köne Sarahsy öz halky bilen ilatlaşdyrmaklyga synanyşyk edipdi. Hatda Köne Sarahsyň on iki kilometrlik demirgazyk – günbatarynda ýerleşýän Gowşut han galanyň golaýynda Tejen derýasynyň sag kenaryna diräp diýen ýaly Ruhnabat harby berkitmesini gurdurmaga girişipdi. Ýöne, uzak ýyllaryň dowamynda goňşy türkmen taýpaarynyň öwez-alamanlaryndan we käbir çapawulçylykly toparlaryň talaňçylyklaryndan ýaňa bizar-peteňleri çykan serhetýaka Eýran halky Köne Sarahsa göçüp gelmeklige döwtalap bolmandy. Ruhnabat berkitmesiniň gurluşygy bolsa, ors hökümetiniň talap etmegi netijesinde doly gurlup gutarylmanka togtadylypdy. Eýsemde bolsa Köne Sarahs ors hökümetine ýeke bir Eýran serhedine eňek diremegi üçin gerek boldumyka? Ýok! Ýeke bir onuň üçinem däl. Ol ýer oňa özüniň güýç-kuwwatyny birsyhly Eýrana güjeňläp durmak, ony hemişe gorky astynda saklamak üçinem iňňän amatlydy. Şeýlede bu gadymy ýurt giden bir tekiz meýdan bolup ors harbylary özlerine garaşly türkmenleri az sanly güýç bilen doly gözegçilikde saklap biljekdiler. Ýagny, Köne Sarahs olara gözegçilik nokady hökmünde hem hyzmat edip biljekdi. Şonuň üçinem ol haýal etmän Sarahsy eýelemelidi. Eýran hökümetiniň ony özünden öň ilatlaşdyrmagyna ýol bermeli däldi. Özünem mümkin boldugyça çalt, şeýle-de, hut türkmenler bilen ilatlaşdyrmalydy, öz hasabyna geçirmelidi, raýatlyga almalydy. Orsyýetiň şu mesele boýunça aşaklyk bilen alyp barýan özara gepleşikleri, Köne Sarahsa bolan meýli Eýran hökümetine basym äşgär boldy we ol hem Köne Sarahsy öz halky bilen orslardan öňürti ilatlaşdyrmak we şol sebiti öz ýurdunyň çägine gutarnykly goşmak höwesi bilen gaýtadan joşup başlady. Eýran şasynyň hut özi, bu barada Maşatda oturan dikmesi, Horasanyň general-gubernatory Alymerdan hana haýdan-haý görkezme berdi. Şol iş üçin hiç-hili çykdajydan gaçmazlygy tabşyrdy. Orsyýetiň Tährandaky ilçisi Melnikow hem özüniň ygtybarly çeşmeleriniň üsti bilen, Eýran hökümetiniň bu tutumyndan habardar boldy we telegraf arkaly Peterburga gyssagly habar ýollady. Köne Sarahsy öz halky bilen ilatlaşdyrmak baradaky Eýran hökümetiniň düýn-öňňünlikde öňe süren syýasatynyň öňüni almak üçin, ol ýeri eýýäm Orsyýetiň raýatlygyny kabul eden Maryly teke türkmenlerinden ýa-da saryk türkmenlerinden doldurmaklyga ygtyýar bermeklerini sorady. Peterburg Melnikowyň teklibini goldady we onuň Aly hezretleri Beýik imperator bu işe gönüden-göni gözegçilik etmekligi Zakaspiý oblastynyň naçalnigi general Komarowa hem-de Kawkaz harby okrugynyň goşun ýolbaşçysy knýaz Dondukowa tabşyrdy. Ady agzalan adamlar Ak patyşanyň görkezmesine şeýle bir ilgezek ýapyşdylar welin, bu işe türküstanyň we türkmenleriň, galyberse-de tutuş Gündogaryň taryhyny, dilini, däp-dessurlaryny ýagşy bilýän adamlary hem çekmek bilen, meseläniň garaşylyşyndan hem has oňyn çözgüdini tapdylar. Ýagny, Köne Sarahsy Melnikowyň öz telegrammasynda teklip edili ýaly maryly tekelerden ýa saryklardan däl-de, taryhy möwrütleriň öwrümlerinde dürli sebäplere görä ol ýere gelip-gidip ýören, uly bolmadyk bir böleg-ä häzir Maryda, esasy bölegi bolsa Eýranyň Horasan welaýatyna degişli Zurabat diýen ýerde, üç ýyl bäri mejbury ýagdaýda oturan Köne Sarahsyň hakyky eýeleri hasap edilýän salyr türkmenlerinden doldurmaly diýen karara geldiler. Ýüze çykan mesele boýunça Tährandan telegramma gelen gününiň ertesi, ýagny, 1884-nji ýylyň 14-nji maý güni, öňürt-ä Maryda oturan iki ýüz öýli salyry, ondan soň bolsa haýal etmän, olaryň Zurabatda oturan uly bölegini Sarahsa göçürip getirmek barada Mary okrugynyň naçalnigine gyssagly buýruk ýolladylar. Ozaldanam Apbas Mürzäniň çozuşyndan bäri ata-watanlaryny küýsäp ýören mazaly salyrlar ors hökümetiniň özleri üçin eden bu elmaýyşlyklaryny köp-köp minnetdarlyk bilen kabul etdiler we ur-tut goşlaryna ýapyşdylar. Kimsi arabaly, kimsi düýeli ýa eşekli, aglabasy bolsa arkasy sähelçe ýükli pyýadalardan ybarat göç 1884-nji ýylyň 28-nji maý güni, ir bilen başly-baradrak hem bolsa bir toplum bolup, Marydan Sarahsa tarap ýola düşdi. Olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ýanlaryna podpolkownik Alyhanowyň ýolbşçylygynda iki ýüz sany atly kazak goşuldy. Barýan göçi sag-salamat Sarahsa eltip, ol ýerde ýerleşdireninden soň, Zurabatda oturan salyrlary Sarahsa göçürip getirmek baradaky edilmeli aladalar hem Mary okrugynyň naçalnigi tarapyndan Alyhanowyň boýnuna atyldy. Ýöne, howlukmaçlyk ýa dyzmaçlyk edip Eýran hökümetiniň wekilleri bilen urşa ýa uly dawa getirip biljek gapma-garşylykly hereketlere girmeli däl, gödek gürleşmeli däl. Ähli zat halkara diplomatiýasynyň gadymdan gelýän berk düzgünlerine hem-de talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmaly. *** Marydan gaýdan göç, 1884-nji ýylyň maý aýynyň otuz biri güni göç Sarahsa geldi. Olar tire urug, bölek hasabynda kowçum-kowçum bolup bölündiler we hersi öz saýlap alan ýerlerinde, hususanda Köne Sarahs galasynyň we musulman äleminiň iň uly alymlarynyň biri, meşhur Mäne babanyň hem mugallymy hasap edilýän Abylfazyl Sarahsynyň kümmetiniň günorta tarapynda, häzirlikçe howul-hara ýerleşdiler. Alyhanow bolsa haýal etmän özüniň iki ýüz atlysy bilen Gowşuthan gala bardy. Uruş alamatlary bolmaz ýaly kazaklary şol ýerde galdyryp özi birnäçe milisionerler bilen pars berkitmesi bolan Ruhnabada tarap ugrady. Baryp, galanyň derwezesiniň agzynda goş ýazdyrdy. Çadyr dikdirdi. Atlaryň eýerlerini aýryp derýanyň boýundaky bol biten otluk meýdana goýbermek barada soldatlara görkezme berdi. Aýak ýeter ýaly ýerlere aýlandy, derýanyň kenaryna baryp, okgunly akýan, popurrykdyr-porruk garyşykly melemtil sil suwuny synlady. Ondan soň birmeýdan daş-töweregini gurşap alan, gür goýy hem salkyn saýaly, towlam-towlam ýüpleri sallanyşyp duran toraňňylaryň, şorumtyk ysly, ösgün, her şahasy baldyr ýaly ýylgynlaryň arasynda aýlandy, güsürdeşip, ondan-oňa uçup-gonup ýören sülgünleriň, käkilikleriň kä kölegeden, kä gür gamyşlyklaryň arasyndan, käte-de söwütleriň çür depesinden eşidilýän ýakymly owazlaryny, ownuklu-irili dürli guşlaryň bir heňe goşup çalýan nagmalaryny hezil edip diňledi. Mahlasy, sähelçe salymlyk hem bolsa dünýäniň ähli aladalaryny, uruş-gowgalaryny we dawa-jenjellerini unutdy. Täzeje aw etini iýmäge, umuman aw etmäge höwesi hernäçe güýçli bolsa-da, tüpeň sesini çykaryp, gele-gelmäne serhetde howsalaly ýagdaý döretmezlik üçin ol meýlinden el çekdi. Ors atlylarynyň beýle duýdansyz peýda bolaryna garaşmadyk bolsalar gerek, Alyhanow dagy gelende Ruhnabadyň derwezesinde hatda parslaryň garawullaram ýok ekeni. Diňe şol günüň ertesi kelte boýly, keltejik aýakly, ullakan ala gözleri oýnaklap duran, burunlak, uçlary iki erninden aşak sallanyp duran ýogyn gara murtly kiçi çinli bir pars ofiseri iki sany uzynak serbazyň öňüne düşüp geldi we olary Ruhnabadyň girelgesinde garawul goýdy. Özi gybyrdyklap gelip Alyhanow bilen harbylarça salamlaşdy. Eýran Sarahsynyň komendanty Haýdarguly handan salam gowşurdy. Näme maksat bilen gelendiklerini sorady. Orsyýetiň raýatlygyna giren Marynyň bir bölegi hökmünde Tejen derýasynyň sag kenary, şol sanda Köne Sarahs hem bize degişli – diýip, Alyhanow sypaýyçylykly jogap berdi. Ýene soragyň barmy diýen manyda çalarak gyýaklabraga-da juda kelteligi üçin boldan biçilen harby lybasyň içinde birneme gülkünjiräk görünýän ofiseriň ýüzüne şonuň üçinmi ýa başga bir sebäbe görämi, gülümsiräp garady. Milisionerleriň biri onuň aýdanlaryny pars diline terjime etdi. Ofiser aşak bakyp durşuna jogaby üns bilen diňledi. Ýöne, hiç hili garşylykly pikir aýtmady. Jedelleşjegem bolmady. Sesini çykarman, gitdi-de, ýap-ýaňyja goýan garawullaryny galayň agzyndan aýyrdy. “Got-got” edip ýene-de Alyhanowyň ýanyna gaýdyp geldi. Ýaňky aýdanlaryny Haýdarguly hana ýetireri ýaly hata ýazyp bermegini haýyş etdi. Bu meseläniň entek has ýokary derejelerde çözülýändigini, maslahatlar, gepleşikler geçirilýändigini, şol zatlar bir ýüzli bolandan soň, iki tarapyňam degişli edaralarynyň has takyk görnüşde hat üsti bilen habardar ediljekdigini aýdyp, Alyhanow onuň ol haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi. Pars ofiseri düşbülik hem boýun sunujylyk bilen baş atdy. Alyhanow bilen hiç bir kinesiz, mertebeli hem mynasyp hoşlaşdy. Ilerligine tarap elini salgap, “ýöräň” diýen manyda serbazlaryna yşarat etdi. Üçüsiniňem ümzügi Täze Sarahsa tarap gönükdi. Şondan soň Alyhanowam ol ýerde uzak eglenmedi. Ýanynyň milisionerleri bilen Gowşuthan gala bardy we ol ýerdäki kazaklaryň bir wzwodyny alyp gaýdyp, üç günden çalyşmak şerti bilen, serhet goragçylary hökmünde Ruhnabatda goýdy. Gowşuthangalada hem şol şert bilen şonça güýç galdyrdy. Esasy güýji bolsa, Köne Sarahsda, derýanyň sag kenaryna golaý ýerde ýerleşdirdi. Indi ol özüne buýrulan ikinji hem esasy ýumşa amal etmeklige girişmelidi. Hut şol niýet bilenem ol özüniň hat-petek ýöredijisi molla Sähedi ýanynyň bäş-alty sany jigidi bilen Zurabada iberdi. Ol şol ýerde oturan salyr türkmenleriniň kethudalary, hususan-da Teke han bilen duşuşmalydy, göç meselesi barada gürleşmelidi, egerde döwtalap bolsalar, onda ors hökümetiniň gol kömegini gaýgyrmajakdygyny aýtmalydy. Ýüze çykan ýagdaýy, syýasatyň ugruny düşündirmelidi. Düşünişmelidi. Olary Alyhanowyň ýanyna gepleşige çagyrmalydy. Has gowusy gyssagly suratda kethudalaryň özlerini alyp gelmelidi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |