10:00 Salyr soñy Sarahs -3: Salyr türkmenleri barada taryhy maglumatlar | |
SALYR TÜRKMENLERI BARADA TARYHY MAGLUMATLAR
Taryhy proza
1. Sarahs haçan gurlupdyr?.. Ýogsa-da, ors hökümeti näme üçin Köne Sarahsy ala-böle salyrlara dahylly etdikä? Taryhy nukdaý nazardan garanyňda bu hakykata laýyk gelýärmikä? Elbetde, şemal bolmasa çöp başy gymyldamaýar. Herki zadyň özüne ýetik sebäbi bolýar. Salyr türkmenleriniň Köne Sarahsa beýleki türkmen taýpalaryna görä has dahyllydyklaryny subut edýän taryhy maglumatlar bir ýa iki däl. Mysal üçin, miladynyň ýedinji asyrynda, araplar yslamyň ýaşyl tuguny parladyp, häzirki türkmen topragyna aralaşan wagtlaram gadymy oguz taýpalarynyň biri bolan salyrlar Sarahsda otyrdylar. Şonda olar beýleki oguz-türkmen taýpalary bilen bilelikde, bir wagtlar Oguz han tarapyndan yglan edilen “Gök taňryçylyk” dinlerini uzak wagtlap, iňňän tutanýerlilik bilen gorapdyrlar. Elbetde, salyrlaryň içinde: “Şu şäheri biziň ata-babalarymyz gurupdyrlar, hut şonuň üçinem biz ony öz ata-watanymyz hasap edýäris, diýip ýapyşyp ýatany ýok. Bu şäheriň haçan gurlandygyny, kim tarapyndan düýbüniň tutulandygyny asla bilýänem ýok. Taryhy çeşmelerem bu barada her dürli habarlar berýärler. Mysal üçin, XII asyrda ýaşap geçen Merwli taryhçy as-Samany özüniň “Atlaryň geneologik kitaby” atly işinde: “Sarahs Eýranyň efsanaýy patyşasy Keýkowus döwründäki bir garakçynyň ady bolupdyr. Ol häzirki Sarahsyň oturan ýerinde ýaşapdyr we şäheriň düýbüni tutupdyr, isgender Zülkarneýin bolsa ony dowam etdiripdir” diýip ýazýar. Orta asyr arap taryhçysy Ýakut hem özüniň 1224-nji ýylda ýazan “ýurtlaryň sözlügi” diýen kitabynda umuman, as-Samanynyňka meňzeş maglumat berýär, şeýle hem: “...Parslaryň aýtmaklaryna görä, Keýkowus patyşa Judarzyň Sarahs atly ogluna mülk üçin ýer bölüp beripdir, ol bolsa şol ýerde şäher gurdurypdyr hem-de oňa öz adyny dakdyrypdyr” diýip, sözüniň üstüne goşýar. Pars taryhçysy we jugrafiýaçysy Kazwini bolsa, 1340-njy ýylda ýazan “Ýürekleriň eşreti” atly çeşmesinde: “Sarahsy Afrasyýap türk gurdurypdyr”, diýýär. Görşümiz ýaly Köne Sarahsyň düýbüniň haçan, kim tarapyndan tutulandygy barada anyk bir maglumat ýok. Ýöne, bir zat welin belli. Ýagny ol iňňän gadymy şäher. Munuň şeýledigine Isgender Zülkarneýniň Orta Aziýa eden ýörüşlerine hatda ondan has irki we has soňraky döwürlere degişli çeşmelerde hem bu şäheriň adynyň edil şu günkisi ýaly “Sarahs” görnüşinde gelýädigi-de aňyrýany bilen şaýatlyk edýär. Salyr türkmenleriniň Sarahs şäherine dahyllydyklaryna goltgy berip biljek ýene bir zat, o-da bu taýpanyň Sarahsdanam has irki, aslyny baryp-ha Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan iňňän gadymy halkdygydyr. Egerde bu şäheri Afrysyýabyň gurdurandygy çyn bolsa-ha onda salyrlar Sarahsa çak edilişindenem has irki döwürlerden bäri dahylly bolýarlar. Çünki, Afrasyýap Salyr hanyň garry atasy Oguz hanyň, kakasy Gara hanyň kakasydyr. 2. Salyryň asly kim bolupdyr? Salyr han. Köp adamlaryň ýalňyşlyk bilen pikir edişleri ýaly, salyrlaryň aňyrysy Salyr Gazan däl-de, ýow güni hemişe atasy Oguz hanyň çeriginiň sol ganatynda duran Dag hanyň birinji ogly Salyr handyr. Onuň nesil şejeresi şeýle: Salyr han – Dag han – Oguz han – Gara han – tur serkerdesi Afrasyýap türk. Oguz hanyň öz ogullaryna, agtyklaryna hormat derejesini bermek üçin diken on iki çadyrynyň arasynda Salyr hanyň orny çepden üçünji çadyrdyr, göş üleşigindäki paýy çep aýagyň aşyklysydyr, aşpezi Eýmir, attutary Kalaçdyr, guşy bürgüt, tagmasynyň şekili gazaýak. Adynyň manysy “gylyçly”, “salgyr”, “söweşjeň” diýmekdir. Salyr Gazan. Ýüzýyllyklaryň, belki-de müňýyllyklaryň geçmegi bilen, Salyr hanyň nesli ösüp-örňäp köpeldi we salyrlar atly uly bir oguz taýpasy emele geldi. Salyr Gazan bolsa, taryhy ýagşy bilýän adamlaryň habar bermeklerine görä, sekizinji, dokuzynjy ýüzýyllyklarda, oguzlaryň iň soňky gezek köplük bolup üýşen ýerlerinde, ýagny Syr suwunyň hem-de Amyderýanyň aşak akymlarynda, Gazygurt we Garajyk daglarynyň degrelerinde öz taýpasynyň içinden dörän erdemli soltan ýigitdir. Ýaşan ýerine ýanap, oňa “Garajygyň gaplaňy” hem diýer ekenler. Çünki, “gazanfer” sözi arap dilinde gaplaň, şir diýmekligi aňladýar. Rowaýat edilşi ýaly onuň “Gazan” ady içinde aş bişirilýän ullakan gazan bilen, onuň şon deý ullakan gazanda nahar iýýändigi bilen däl-de, “gazanfer” sözi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür oguz patyşalygy salyrlara ýetipdi. Salyr Gazan bolsa külli oguzyň soltanydy. Häzirki türkmen taýpalarynyň hemmesi şol döwür Salyr Gazanyň raýatlygyndadylar, olaryň hemmesi bir il bolup Salyrlaryň özlerine içki salyrlar, beýleki türkmenlere bolsa “daşky” salyrlar diýilýärdi. Hut şonuň üçinem, Salyr Gazan öljek wagty: “...Salyra meniň ruhum bakar” diýende ähli türkmen taýpalaryny göz öňüne tutupdy. Oguzlaryň ruhy atasy hasap edilen, öň Düýeli Kaýy, Ynal Ýawy han ýaly oguz şalaryna wezirlik eden, gaýypdan aýdan sözleriniň hemmesi durmuşda aýan bolýan bolar-boldajyny, geler-geldejini öňünden oraşan görýän meşhur türkmen ozany Gorkut ata Salyr Gazana hem wezirlik edipdi, onuň geňeşdary, külli oguz iliniň maslahatçysy bolupdy. Ol özüniň dünýä belli “Gorkut ata” kitabyny hem Salyr Gazana bagyşlapýazypdy. Goşgy hem kyssa bilen onuň edermenliklerini, batyrlygyny akyl-paýhasyny taryplapdy. Bitiren işlerini gahrymançylykly hereketlerini taryha salypdy. Salyr Gazan dürli sebäplere görä ägirt uly çäklere ýaýran, dürli hanlyklara, begliklere bölünen, sähraýy oguz parçalaryny hem öz raýatlygyndaky oguzlarabirikdirip, Oguz han tarapyndan berkarar edilen, gadymy Oguz döwletini gaýtadan dikeltmek barada hem ägirt uly tagallalar edipdi. Şeýle hem ol diňe döwlete ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem oguzlaryň özüne tabynlykdaky böleginiň hem köp tagallalar edipdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa, Mekgä gidip “Hajy” bolup gelipdi. Salyr Ugurjyk. Ondan bäri gaýtsak, salyrlaryň aňyrsy Salyr Ugurjyk, ýagny, Ugurjyk alpdyr. Ol seljuk soltany şa Mäligiň hökümdarlygy synandan soň, Diňli begiň ýolbaşçylygynda Sarahsdan Horasana, Farsa, ondanam Yraga göçen salyr iliniň içinden çykan alp ýigit. Şejere boýunça onuňam aňyrsy Salyr Gazana, soň Salyr hana, Dag hana, ondan soň baryp Oguz hana direýär. Oguz han bolsa ýokarda agzap geçişimiz ýaly, Gara hanyň ogly, Afrasyýap türküň agtygydyr. Salyrlary Yraga elten Diňli beg dünýeden ötenden soň, salyr begligi Ugurjyk alpa ýetdi. Şol wagt Yrakdaky oguzlaryň patyşalygy baýandyr iline degişlidi. Ol ýerdäki salyrlar hem şolara gulluk edýärdiler. Ýöne, bir sebäbe görä, Baýandyr begi bilen Salyr Ugurjygyň sözi azaşdy. Uruş-dawa turaýmak ähtimallygy ýüze çykdy. Ýöne, baýandyrlar bilen darkaş gurara ol wagt Salyr Ugurjygyň uly goşunam ýokdy, ýarag-esbaplaram üpjün däldi. Üstesine halkam azlyk. Şonuň üçinem, ol bir gije ýüzüni garaňka tutup, dokuz ýüz öýli salyr we özüne goşulan ýüz öýli garkyn bilen Yrakdan çykdy. Bir durman Şemaha geldi. Ol ýerde mesgen tutdy. Oturdy. Emma, Baýandyr begi ony ol ýerde-de ynjaltmady. Goşun tartyp üstüne geldi. “Ýagydan ýaý boýy...” diýip, Salyr Ugurjyk ähli ulusy bilen ol ýerdenem göterildi. Kryma geldi. Ol ýerinem özi üçin bisereşgenräk gördü-de, Itil (Wolga) derýasynyň boýuna bardy. Ýöne, goş ýazdyrmady. Geçdi. Baryp, Ýaýyk (Ural) derýasynyň degrelerinde düşledi. Şol zaman şol ýerlere Alageň we Garagaş ýurdy diýerdiler. Oturymly halky kaňly, hanlary bolsa Gökdonlydy. Salyr Ugurjyk onuň ýanyna bardy. Salam berdi. Baş egip, bagyr basdy. Ahwallaryny birin-birin beýan etdi. Kömek, ýardam, pena sorady. Gökdonly onuň haýyşyny kahagatlandyrdy. Ol ikisi şol ýerde ençeme ýyllap goňşuçylykda oturdylar. Ýagşy gatnaşyklarda boldular. Ynjaşmadylar, agyryşmadylar. Ýöne, “dost bar ýerinde duşmanam bar” diýleni. Nämähremleriň duşmançylykly hereketleri netijesinde ahyry ol ikisiniňem aralaryna tow düşdi we gep-gürrüň ula ýazmanka, Ugurjyk ol ýerdenem göteriläýenini kem görmedi. Onuň beýle duýdansyz hem özünden bidin gaçyp gitmegini Gökdonly juda ýokuş gördi. Namys etdi. Öz mertebesiniň kemsidildigi äsgermezlik edildigi saýdy. Goşun jemläp yzyndan kowgy gitdi. Ýetip harb etdi. Ýedi ýüz öýlüsini elinden alyp galdy. Salyr Ugurjyk üç ýüz öýlüsi bilen gaçyp gutuldy. Az ýöräp, köp ýöräp, özüni Maňgyşlaga atdy. Garahan diýen ýerde mekan tutdy. Şol ýerde üç ýyl oturdy. Parahatçylykda ýaşady. Dördülenji ýyl diýlende gara bulut ýaly üstüne abanyp bir ýerden ýene-de Gökdonly peýda boldy. Güýjüniň örän azdygyna garamazdan Ugurjyk oňa güýçli gaýtawul berdi we ili bilen bilelikde ýagydan gaçyp gutuldy. Zar-zelil baryp maňlaýyny Abulhan daglaryna diredi. Bu wagt oňa Balkan diýerler. Şol ýeri mesgen edinip, ömrüniň galan bölegini şol ýerde geçirdi. Ösdi. Örňedi. Köpeldi. Ençeme asyrlaryň geçmegi bilen, şol ýerde onuň nesillerinden başga-da birnäçe türkmen taýpalary şaha ýardy. On sekizinji asyrda, salyrlaryň Hywa, Buhara sebitlerinde oturan döwürleri. ýaşap geçen, Şirgazy han medresesinde Magtymguly bilen bile okan, türkmeniň nusgawy, taryhçy, bilermen şahyry Şeýdaýy Salyr Ugurjyk barada şeýle diýipdi: Körhan ogly Ugurjyk alp, Gezdi türk ilin at salyp, Görogly oňa at galyp, Paç alyp geçdi sag-soly. Salyr Ugurjygyň yzyna düşen salyr boýunyň nesli we ondan gaýdan türkmen taýpalary Abulhan, Üstýurt, Maňgyşlak sebitlerinde tas, on sekizinji asyryň aýaklaryna çenli oturdylar özlerini tutdular we güýçli taýpa hökmünde dünýä sahnasyna çykdylar. On altynjy asyrda bolsa, şol sebitdäki ähli türkmen taýpalaryny özüne birikdirýän meşhur “salyr birleşigini” döretdiler. Öz ata-watanlaryny şo-ol, Diňli begiň ýolbaşçylygynda seljuklar döwründe taşlap giden mähriban ýurtlaryny, gadymy Sarahs topragyny, welin olar hiç haçan ýatlaryndan çykarmadylar. Ony hemişe küýsäp gezdiler. Ol ajaýyp ýurt baradaky hakydany nesilden-nesle geçirdiler. Ýöne, oguzyň iň irki we iri taýpalarynyň biri bolan salyrlar, Diňli begiň, Salyr Ugurjygyň o ýan, bu ýan göçüşleri ýaly, soň-soňlaram, dürli sebäplere görä, dargamaklaryny dowam etdirdirler, azalmak bilen boldular. Salyr ýaşulylary ýaňy-ýaňylaram özara gürrüňçiliklerinde: “Mundan alty ýüz ýyl gowrak öň biziň uly bir bölegimiz Samarkandyň üsti bilen Çyn-Maçyna aşyrdyrlar. Ana, şonda şolaryň baştutany Akman beg serhetden geçjek wagtlary göçi saklapdyr we yzyna seredip uludan demini alypdyr-da: “Häk, atyň depeli ýaly bölejigimiz galdy-ow” diýipdir. Muňa olaryň hemmesem hapa bolupdyrlar. Şondan soň tä Hytaýa barýançalar ýollaryny gyýyla-gyýyla dowam etdiripdirler. Ana, şol näbelli sebäbe görä, şolardan üzülip galan bölek biz bolmaly” diýip gürrüň ederdiler. Häzir Sary deňziň gyrasynda “Salarlar” diýen at bilen ýaşap ýören uly bolmadyk şol halk salyrlaryň “akman” tiresi bolmaly. Akmanlaryň dogany hasap edilýän garamanlar bolsa, olardanam has öň, seljuklar döwründe Ruma gidipdirler we soň Osmanly döwletiniň düzümine giripdirler. Olar häzirem şol ýerde öz atlaryna ýörite welaýat bolup otyrlar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Zurabatda oturan salyrlaram üç bölekden ybarat bolup, biri garamanlardyr. Galan ikisi: Kiçiaga we Ýalawaç. Olaryň umumy hany hasap edilýän Ýazmuhammet Teke han hem garamanyň “begboluk” urugynyň “sapalak” şahasyndandyr. Şu günki gün Sarahsda oturan garamanlaryň içinde Salyr Ugurjygyň salgysyny berýän, “Ükürjikli” diýen bir urugyň bardygyny hem ýatlasak, şejereýi yzygiderlilik has-da aýdyňlaşar. [b]3. Salyr türkmenleriniň ýaýrawy.[/i] Salyr türkmenleriniň barha we barha azalyp gidip oturmagyna sebäp bolan taryhy ýaýrawlar baradaky gürrüňimizi dowam etdirsek, onda öňi bilen olaryň bir böleginiň baryp-ha on ikinji asyryň ikinji ýarymynda, Eýranyň iň uly we günorta welaýaty, birwagtlar Diňli begiň ýolbaşçylygynda Yraga barýan salyrlaryň belli bir möhletlik düşläp geçen ýerleri bolan Farsda biraz soňrak, Salyrlaryň başga bir böleginiň Salyr hanedanlygyny döredendiklerini we seljuklaryň döwlet gurumynda essasy orunlaryň birini eýeländiklerini hem aýtmak gerek. Olar ol ýere Syrdeýanyň boýundan awşarlar bilen bilelikde bir toplum hem bir akym bolup, bir wagtyň özünde barypdyrlar. Ata-watandan hernäçe uzakda, ýat illerde bolsalaram, olar asyllaryny unutmadylar we hatda çykaran pullarynyň ýüzüne hem öz hesil başylary Salyr hanyň “gazaýak” tagmasyny basdylar. Ogul-gyzlaryna öz gadymy atlaryny dakypdyrlar. On bäşinji asyrda, Osmanly döwletiniň Kaýsar, Tokat, Amasýa, Siwas welaýatlaryna hökümdarlyk eden meşhur kazy, ajaýyp şahyr, beýik serkerde Burhaneddin Siwasly hem gelip çykyşy boýunça Orta Aziýaly salyrlardandy. Onuň ata-babalary mongol çozuşlary döwründe howpuň öňünden sowulmak üçin Ruma göçüpdiler. Burhaneddiniň kakasy hem öz wagtynda güýçli kazy hökmünde özüni ile tanadan adamdy. Adyndanam belli bolşy ýaly, Burhaneddiniň hökümdarlyk edip oturan ýeri Siwas bolup, onuň ilatynyň aglabasy salyrlardan ybaratdy. Ol Tohtamyş, Demir agsak ýaly güýçli serkerdeleriň çar tarapa, şol sanda Ruma hem owsun atýan, wehim salýan döwründe ýaşapdy. Ýöne, ol olaryň hiç biriniňem haýbatyndan çekinmeýärdi, ätiýaç etmeýärdi. Olara bolan garaýyşyny öz şygrynda ol şeýleräk beýan edipdi: Bu dünýäde bir Allaha sygynmyşamuz, Tohtamyş nä olur, ýa ahsah Temur! Şeýle-de ol: “Düşekde ölen ýigit murdar olur”, “Är ýigidiň matalygy ärlik olur”, “Kim gäw bolup şahyny bulasa gylyçdan öler” diýen ýaly nakyla öwrülip giden setirleri galdyrdy. Umuman alanyňda, seljuklar döwründe-de, ondan öňem, soňam, beýleki türkmen taýpalary bilen bir hatarda, salyrlar hem, Rumyň türkmenleşdirilmegi babatda ähmiýetli orny eýeläpdirler. Salyr taýpasy ýokarda ýazyp beýan edişimiz ýaly taryhy sebäplere görä, ýeke bir biri-birinden bölünip aýrylyp, o ýan, bu ýan göçmekligiň, sözüň doly manysynda dargamaklygyň däl, eýsem “gol biter, gol ýiter” diýlişi ýaly, öz içinden birnäçe uly-uly toparlaryň şaha ýaryp çykmaklary, özbaşdak pudaklara öwrülmekleri netijesinde hem san taýdan kem-kemden azalmak bilen boldy. On ýedinji asyrda ýaşap geçen Hywa hany, taryhçy Abylgazy Bahadyr hanyň şol döwrüň türkmen ýaşulylarynyň haýyşy boýunça ýazan “Türkmeniň nesil daragty” atly kitabynda beýan etmegine görä, teke, ýomut, saryk, ärsary, burkaz ýaly uly-uly türkmen taýpalary öz asyllaryny salyrlardan alyp gaýdýarlar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini häzirkizaman türkmen etnografiýa ylmy hem doly ykrar etdi. Muny meşhur türk alymy Faruk Sümer hem özüniň “Oguzlar – türkmenler” atly kitabynda tassyklady. Dürli sebäplere görä salyryň özünden bölünip dünýäniň dürli künjeklerine ýaýran, ýöne henize bu güne çenli öz taryhy atlaryny saklap ýören bölekleriniňem, şaha ýaryp başga-başga taýpalara öwrülen bölekleriniňem soňabaka hersiniň aýratynlykda öz ykballary, öz taryhlary emele geldi. Bu olaryň hersiniň baran ýurdy, şol ýeriň syýasy wakalary bilen baglylykda şeýle boldy. Olaryň her bölegi barada bir kitap ýazmak mümkin. Biziň häzirki etmekçi bolýan gürrüňimiz bolsa, aňyrsy Afrasyýapdan, Oguz handan, Salyr handan gaýdýan, soň Salyr Gazan, Salyr Ugurjyk ýaly alp ärler tarapyndan serkerdelik edilen salyrlaryň esasy böleginden bölünip galan, ata-watanlaryny hiç haçan terk etmedik, nesibe-takdyr bilen gidäýende-de hiç haçan unutmadyk, hemişe ony telwas edip gezen, ilkinji mümkinçilik bolan wagtam gaýdyp gelen, häzirem bir wagtlarky ullakan oguz halkyna wekilçilik edip, has takygy mirasdüşerlik edip Sarahsda oturan salyrlaryň kiçijik bir böleginiň soňraky ykballary barada bolar. O ýan, bu ýan dargan salyrlaryň Sarahs topragyny asyrlarboýy öz aňlaryndan çykarman saklaýyşlary ýaly, häzirki Sarahsda oturan salyrlaram taryhy sebäplere görä nesibeleri çekip oturyp gaýdan ýurtlaryny häli-häzire çenli ýatlaryndan çykaranoklar. Käbir garry aýallar biz oglanrak döwürlerimizem öýlänaralar, heniz posýolaga-da çykyp ýetişmedik obamyzyň köne kysymda gurlan, üstüne goýlan agaçlarynyň ujy çat maňlaýlaryndan, çykyşyp duran pessejik jaýlarynyň işigindäki kölegesi goýy hem giň, ullakan şatudyň aşagynda gurlan ala bagly ak sallançagy aýaklary bilen yrap, elleri bilenem pişge süýüp, sary gaçan ak dasdarlaryny şemala ykjadyp, kösseýişen gözlerini ýumjukladyp oturyşlaryna zorrukdan gelen pessaý hem gyryljak sesleri bilen: [i]...Maňgyşlagyň maňlary, Maňrap geler ýanyňa...[/] – diýşip, hüwdi aýdardylar. Ýalňyşmaýan bolsam şonda olaryň gözlerine çyg çaýylýardy. Kaňşyrawuklary tüteýän ýaly bolýardy. Bokurdaklary dolýardy. Owazlary sandyrap kem-kemdenem içlerine düşýärdi we kalplarynyň töründe bir ýerlerde ýitip gidýärdi. Gözleriniň öňünde bolsa, ata-babalarynyň oturyp gaýdan ýurtlary: Maňgyşlak, Üstýurt, Balkan sebitleri janlanýardy. Elbetde, adamyň hakydasy ýaly uzakçyl hem berk zat ýok. Ganam şonuň ýaly. Oňa bir giren zat aňsat-aňsat çykmaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |