04:44 Saña çenli | |
SAŇA ÇENLI
Goşgular
Saňa çenli... Görmäge ýol uzak däl, Dem salym haýdasaň ýetäýjek ýaly. Arman, telim aýlap, telim hepdeläp Ylgap, soňlap bilemok men bu ýoly. Saňa çenli. Dyrmaşmaly daglara, Derýalaryň tolkunynda akmaly. Dilin-dişin dişlemeli adamlaň, Diýdirmeli: «Görüň-le bu akmagy...» Saňa çenli... Aňňat-aňňat gumlary Hem düşekçe, hemem ýorgan etmeli. Gijeler düýşümde damja suw, gözläp, Jeren görsem, seni sorap ýatmaly. Saňa çenli... Geçip ýalnyň içinden, Endamyňy çirkizmeli mazaly. Gerek bolsa, döretmeli ýaýdanman Ýol ugrunda ýatan ýalňyz mazary. Saňa çenli... Buýruk bolsa, mazardan Silkinip çykmaly, diýlen bada men. Ýanyp, doňup, hatda ölüp ýetsem bes... Bozmasam bolýa-da yşkyn kadasyn. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |