18:09 Saña sowgat | |
SAÑA SOWGAT
Goşgular
Saña bir sowgatjyk edesim gelýär, Yhlasymdan başga zadym ýok meniñ. Geçen aşyk söýgi ýazdy bu dünýä, Şygyrlardan özge adym ýok meniñ. Ömür süýji, Wagt bolupdyr günortan, Göwnüm bolsa suwsap barýar guşluga. Sen nazaryñ salsañ, manydan dolar, Meni takdyr oklap giden boşluga. Bilýän, Bu dünýäniñ baly sendedir, Özge datlar bir tagamsyz asaldyr. Maña ölüm bolar, sensiz dem almak, Ynan, janym, şu sözlerim kasamdyr. Dünýä şowhun, Ýalñyzlygyñ içinde, Çyra ýaly ýagty salýar nazaryñ. Söz bossanymyñ açary sende, Açyp berseñ ~ beýik bir zat ýazaryn. Ol müñ many saçar, Ikimiz hakda, Dowaam edip ömrüñ birek-biregiñ, Öý bolsam, sütün sen, Tüm bolsam, Günüm, Has dogrusy, içimdäki diregim. Bugdaý sözüm degirmene giripdir, Ertirlere ikimizden nan galar. Meniñ sözüm göwre, Seniñki ruhy, Dowamata dowam etjek jan galar. * * * Men bir mähek daşyñ, syrym içimde, Göwherden görk alan zerleriñ biler. Dälilikden, danalykdan sapakly ~ Günlere çirkizlen perlerim biler. Seni ýüze sylmak edipdir nesip, Betbagtlygymyñ içindäki bagtym sen. Owadan jahanyñ gözel adamy, Iñ gymmat zat ~ saklatmajak wagtym sen. Köñül hoşum, uzat mähir meýini, Kanagatyñ käsesinde içeýin. Agras wagtym gara ýer deý agras men, Gözleriñden serhoş bolup göçeýin. Aryñ süýdi derman bolsa hödür et, Bala çenli eýim ýetdi zäherden. Aýna baksam gözlerimde otyrsyñ, Seniñ ysyñ kükąp dur bu şäherden. Ençe aýlar şygyr ýazyp bilmedim, Ylhamyma gözbaş berdi didaryñ. Öz dünýämden özüm azaşyp bir gün, Ilki bilen seniñ yşkyñ idärin. | |
|
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |