20:24 Sanly diktatorlyk | |
SANLY DIKTATORLYK
Publisistika
Meri gülümsiräp "Eý Hudaý, düýn agşam meni biri düşege saldy, kimkä eýsem?" diýdi. Günbatarda populýar roman ýazmagyñ esasy talaby hökmünde şu jümle görkezilýär. Özüne çekiji eseriñ hökmany tema süññi şudy: Hudaý - din-ynanç… Meri - asylzadalyk, baýlyk... Gülümsireme - ýumor... Agşam - syrlylyk... Düşege salmak - seksuallyk... Kimkä eýsem - gyzyklanma... Gürrüñi şuña getirmekçi: - Amerikan tehnologiýa monopoliýasy näderejede azatlykçy? - Amerikan tehnologiýa monopoliýasy adamlaryñ nämäni pikirlenmelidigini, nämäni ýazmalydygyny boýnuna dakýarmy? - Amerikan tehnologiýa monopoliýasy öz hatarynda bolmadygy ýok saýýarmy? Kän üstünde durulmadyk-jedeli edilmedik hakykat bilen ýüzleşme wagty gelmedimi? Adamlar Facebook, Youtube, Instagram, Twitter ýaly düşünmäge mejburmy? Berk mejbury çäre bilen ýüzbe-ýüz bolduk: Bu global kompaniýalar "Meniñ kesgitlän çäklerimiñ içinde pikirlenmäge, ýazmaga mejbursyñ" diýýärler, başga hili "romany" kabul edenoklar! - Meniñ diýenime senem "diktator" diýersiñ. - Meniñ diýenime senem "bilim" diýersiñ. - Meniñ diýenime senem "genosid" diýersiñ. "Diñe meniñ dogrymyñ" tarapyny tutmaly borsuñ..." "Meniñ ýalñyş diýenime senem ýalñyş diýersiñ..." "Ýöne meniñ kesgitlän düşünje çygrymyñ içinde jedelleşmeli bolarsyñ, ýogsam seni çygyrdan çykaryp zyñaryn!" Imperializmiñ sanly (sifrowoý, dijital) diktatorlygy "azatlykçylyk" - "öwrülişik" ady bilen ýuwtdurylýar! • BAŞGASYNYÑ KELLESI BILEN PIKIRLENMEK Agalyk ediji güýji arkaly amerikan tehnologiýasy islendik maglumaty monopoliýasy astyna alyp, dünýäni gysymynda saklamak isleýär. Müñ ýyl öñ ýeri - ekini, mülki... Bäş ýüz ýyl öñ guraly - zawod-fabrigi... Ýüz ýyl öñ maliýäni - puly ele geçiren bir goşawuç kişi - topar... Şu günüñ iñ uly ykdysady barlygy informasiýa eýeçiligini - informatikanyñ güýjüni häkimiýeti astyna alýar. Hem: Günümizde uly güýje öwrülen informasiýanyñ diñe isleýän hakykatynda ulanylmagyna rugsat berýär. Adamy ýüklän "kodlary" arkaly emeli añly robota öwürýär. Eýsem, orta çykan bu sistema-düzgüne "demokratiýa" diýip bilerismi? Demokratiýa - maglumaty paýlaşma we her dürli maglumaty edinme azatlygydyr. Diktatorlyk bolsa, hemme maglumaty bir elde saklama hökmürowanlygydyr. "Añ inženerligi" merkezi amerikan tehnologiýasy size demokratiýa getirýärmi, ýa bolmasa diktatorlygy boýnuñyza dakýarmy? Maglumat bir taraply bolsa, karara gelme mehanizminde mesele ýüze çykjagy belli dälmi? Bir ölçegli düýpli üýtgeşme bilen garşyma-garşy geldik. Hakykat şu: Informasiýany-maglumaty öz isleýişleri ýaly işläp, taslap, sizi öz kelleleri bilen pikirlendirmek isleýärler. Olar her aýdanlaryny hakykatdyr öýdüp gaýtalaýan "totyguş" döretmek isleýärler. Diñe maglumatyñ däl, analitik düşünjäniñem tepbedini okaýarlar. Hawa, garşyñyza täze "tebigy aýyklama” bar we muny amerikan global tehnologiýasy amala aşyrýar. Dünýä çaltlyk bilen basyşçy-awtoritar režimiñ astyna sokulýar! • HOWPLY ÜÝTGEŞME Sesiñizi eşidýän ýaly bolýaryn: "Biziñ elimizden näme gelýär?" Ýeke jümlelik jogap bereýin: - Köp polýusly-bäsdeşçi dünýä zerurlygymyz bar, özem hemme meselede... Ýeke polýusly dünýäde amerikan gegemoniýasy adamy-tebigaty "dowzaha" iteklemäge dowam edýär. Soñky ýyllarda bu näçinji uruş? Çünki: ABŞ global kompaniýalarynyñ eli bilen tapawutly garaýyşlaryñ beýan edilmegine idin bermeýär. "Sen biziñ atamyz, sen näme diýseñ şol bolar" diýenedijiligini boýnumyza dakýar! Seretseñizläñ: ABŞ-nyñ gözünde Wenesuelanyñ liderleri Ugo Çawes diktatordy, Maduro diktatordy. Birnäçe ýyl bäri bu ýurda berk sanksiýa goýup gelýärdiler. Ukraina urşy sebäpli ABŞ düýnki gün Orsyýete nebit sanksiýasyny goýansoñ, Wenesuela bilen gepleşik geçirmäge başlady! Ýeri, näme üýtgedi? Amerikan hökümeti muny Eýran hökümeti bilenem edýär! Ýeri, näme üýtgedi? Her bolýan zadyñ hakykatlygyny ABŞ öz bähbidine görä dizaýn edýär we sizden islendik meselede amerikan kellesine görä bolmagyñyzy isleýär. Howatyrlandyryjy gelejek bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Dialektik düşünje - tezis-antitezis aradan aýyrdylýar. Tezis gönüden-göni sintez hökmünde hödürlenýär. Hiç bir çaprazlyk kabul edilmeýär. Dialog öz ýerini monologa berýär... Bu babatda her garşylyklaýyn garaýyş - antitezis jezalandyrylýar. Mysal bereýin: Şu sahypada "genosid dil duşmanydyr" diýip, Osmanlynyñ ermeni dilini nähili goraýşyny ýazdym. Muny wideoýazgy görnüşine öwren ODATV-ä YouTube ýaýlym gadagançylygyny goýdy! Nämemiş, bu "duşmançylykly leksikonmyş!" ABŞ global tehnologiýa kompaniýalarynyñ eli bilen syýasy ideologiýasyny "azatlyk - adam hukuklary" maskasy bilen dünýäniñ boýnuna dakýar. "Meniñ senarileşdiren temamda ýazarsyñ" diýýär: "Merini zorlan diktator Putindir!" Munuñ tersini subut edýän ýeke delil diñläsleri gelenok. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |