16:56 Sary öküz | |
SARY ÖKÜZ
Publisistika
Öri meýdanlaryñ birinde öküz sürüsi ýaşap geçipdir. Töwerekdäki ýolbars sürüsiniñem gözi öküzlerdemiş... Ýöne öküzler howp abananda bir ýere jemlenişseler, aç ýolbarslaryñ edibiljek zady bolmandyr. Şonuñ üçinem ýolbarslar hile oýlap tapypdyrlar... Garry ýolbarslaryñ biri ak (ýaraşyk) baýdagyny galgadyp, öküz sürüsine golaýlaşypdyr... Ol öküzleriñ öñbaşçysy Boz Öküz we onuñ topary bilen mylaýym gürleşipdir: - Gadyrdan öküz begler!.. Şu gün sizden ötünç soramaga geldim. Bilýän, şumada çenli size diñe zyýan ýetirip geldik. Ýöne, ynansañyz, bularyñ birinem bilgeşleýin etmedik. Hemme günä şol gezip ýören Sary Öküzde... Onuñ reñki siziñkiden tapawutly we biziñem gözümizi gamaşdyrýar, aklymyzy başymyzdan uçurýar. Bizem parahatçylykly ýaşaşybermegi ýatdan çykaryp, üstüñize çozasymyz gelip başlaýar. Ýogsam bolmasa siziñ bilen oñuşmaz ýaly meselämiz ýok. Ony bize beriñ-de, sizem halas boluñ, asudalyga ýetiñ, bizem siziñ bilen parahat durmuşda agzybir ýaşalyñ! Boz Öküz we onuñ topary bu sözleriñ üstünde özara jedelleşipdirler we teklibi kabul edip, Sary Öküzi ýolbarslara beripdirler. Diñe Menekli Öküz garşy çykypdyr, ýöne ony hiç kim diñlemändir! Belli bir wagt geçensoñ ýolbarslar gelip, ýene öñki heñlerine tutupdyr we Uzyn guýrukly Öküzi sorapdyrlar: - Görýämizmi, biz nähili oñşukly?! Sizi gelen dogry netijäñiz mynasybetli gutlaýarys. Ýöne... Siziñ Uzyn Guýruklyñyz bar-a, guýrugyny salladygyça nireden seretsek görünýär, bulam biziñ aklymyzy başymyzdan uçurýar. Size topulmajak bolup zordan özümize erk edýäs. Ýogsa siziñ guýruklaryñyz oñky ýaly dälem-ä. Ony bize beriñ-de, meseläni ýapdym edip, oñşuklyja ýaşabereliñ. Boz Öküz we onuñ topary Uzyn Guýrugy ýolbarslara beripdir, ýene Menekli Öküz garşy çykyp: - Ýalñyşýarsyñyz - diýipdir. Uzyn Guýrugy şol gije ýolbarslar lak-luk atypdyr... Şeýle ýagdaý zol gaýtalanyp durupdyr... Ahyrsoñy öküzler mazaly güýçden gaçypdyr, ýolbarslaryñ bolsa gitdigiçe gäbi azypdyr. . Indi hiç hili bahana tapmazdan göni topulyp: "Şuny bize beriñ, onsoñ siziñ bilen işimiz ýok" diýip başlapdyrlar. Öküzler ýeke-ýekeden ýolbarslaryñ penjesinde jan beripdir. Boz Öküz we ýene birküç sany öküz diri galypdyr... Içlerinden biri zaryn ses bilen: - Bize näme boldy? Nirede ýalñyşdyk? Ýogsam bolmasa biz birwagt nähili güýçlüdig-ä... - diýip iñläpdir. Boz Öküz Menekli Öküziñ sözlerini ýadyna salyp, gözlerine ýaş aýlapdyr: - Biz Sary Öküzi beren günümiz ýeñildik! • Ýer titremesi we Jeýms Bond Çeper filmlerde Jeýms Bondyñ obrazyny janlandyran meşhur aktýor Daniel Kreýg Angliýada ýaşaýan türkleriñ birinji belgili gahrymany boldy. Londonda we beýleki şäherlerde ýaşaýan türkler Daniel Kreýge bagyş eden pullary üçin "Ýüreklerimizi eýelediñ, sag bol, minnetdar, Jeýms Bond!" diýip hat ýollaýarlar. Şeýle hem iñlis halkynyñam betbagtlykda jebir çekenler üçin ummasyz uly pul kömegini edendigi ünsüñi çekýär... Türkiýedäki tebigy betbagtlygy eşden badyna herekete geçen Daniel Kreýgiñ bir hepdäniñ dowamynda millionlarça sterling toplap, bulary Türkiýä ugradandygy aýdylýar. Meşhur aktýoryñ jomartlygyny öwen "The Mirror" gazeti, onuñ 0 370 60 60 610 belgili kömek setiniñ 24 sagat açykdygyny nygtap, "Hormatlanmaga mynasyp hakyky ýyldyz" diýip çykyş etdi. • DÖRT SÖZ Aç adamdan: - Iñ agyz zat näme? - diýip soranmyşlar. Ol: - Boş garyn! - diýip jogap berenmiş. * * * Akyl-paýhas pula satylmasa-da, iñ köp pul gazandyrýanam şol! * * * Adamlary tanaýan adam akyllydyr, ýöne özüni tanaýan adam has akyllydyr. * * * Siwilizlenen jemgyýetde WYŽDAN AKYL-PAÝHASYÑ WE ADALATYÑ PULSUDYR! RahmI TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |