10:47 Saýlaw howpy | |
SAÝLAW HOWPY
Publisistika
Dünýä prezident saýlawlarynda häzirkisi ýaly gorkuly kartinany hiç haçanam görmändi Her dört ýyldan bir gezek dünýä Ak Tam üçin geçirilýän ýaryşyñ netijesine tomaşa etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu ýaryşyñ soñky tapgyrlary hemmämizi Iowadan kimiñ kimden ozandygyny, Newadada kimiñ ýeñlendigini, Detroýtda amerikaly araplaryñ kime ses berjegini bilmäge ymtyldyrýar. ABŞ-nyñ prezidenti ha Donald Tramp bolsun, ha Jo Baýden, şol öñki Amerikadyr. Şonuñ üçin kim saýlananda-da täze prezidentiñ saýlanmagy bütin halk üçin ullakan many añladýar. Baýden täzeden prezident bolsa, Gaza uruşynyñ başlanan wagty Tel-Awiwde bir gününi geçiren adam prezident bolar. Tramp täzeden prezident bolsa-da, ABŞ-nyñ ilçihanasyny Ierusalime geçiren we Eýran bilen ýadro ylalaşygyny soñlandyran adam prezident bolar. Trampyñ Ak Tama gelenden soñ eden birinji işi Owganystany amerikan ýarag taryhynyñ iñ uly bombasy bilen bombalamagydy. Baýdeniñ eden birinji zady bolsa, Owganystandan çekilmekdi. Tramp hukuk aýyplamalary bilen iñ köp soraga çekilen adam. Eger ol üstün çykaýanda-da, prezident kürsüsine oturandan soñam öz islegi bilen işden gitmäge mejbur edilip biliner. Baýdan bolsa ötüşen garrylykdan we garrylygyñ dert-azarlaryndan ejir çekýän adam. Haýsydyr bir sebäp bilen aradan aýrylaýanda-da, ýerine orunbasary Kamala Harris geçer. Amerikan syýasatynda hiç kim we hiç zat däl. Amerikan saýlawlary bu gezek örän howply we dartgynly glonal ýagdaý bilen deñ wagta gabat geldi. Ukraina uruşy Ýewropa tarap, Gaza uruşy Ýakyn Gündogara tarap gerimini giñeldip biler. ABŞ öz içinde bölünişikleriñ iñ çuñ ýagdaýyny başdan geçirip ýörkä, üçünji jshan urşy resmi taýdan yglan edilip bilner. Global sistema şindizem örän köp gowşaklyklaryñ üstünde durýar. Bu gowşaklyklaryñ birem döwletleriñ ýaşaýşynyñ Amerikanyñ bähbitleri bilen baglanyşykly bolmagydyr. Hytaý, Russiýa ýa-da haýsydyr bir uly ýurt ýa-da ýurtlaryñ bileleşigi üçin ýagdaý beýle däl. Uçuryma togarlanyp baryşymyzy sägindirjrk ýeke-täk alaç dünýäniñ iñ soñky pellesinden yzyna gaýtarjak halkara konferensiýanyñ geçirilmegindedir. Trampyñ dowamly galagoplulygy, Baýdeniñ mesaña halpañ-salpañlygy beýle duşuşygyñ öñünde ullakan päsgelçilik döredýär. Edil häzir üçünji bir adamyñ ýa-da aýalyñ gürrüñini etmek üçin giç. Hillari Klinton indi ýok. Göýä Baýdeniñ kampaniýa guramaçylarynyñ maslahatyby alan ýaly şu günlerde kän göze ilmeýän hanym Harrisiñem alternatiw däldigi belli. Wagt alkymlap geldigiçe göreş gyzyşýar, belki-de akmaklygam öñküsinden has beter artyp barýar. "Bir ýerlere ýetmegiñ" esasy maksat we serişre bolan dünýäsinde saýlawlaryñ demokratiýanyñ iñ erbet ýoludygyny görýäris. Ýogsam bolmasa, munuñ doly tersine bolmagy gerek. "Häkimiýetde galma" babatda Binýamin Netanýahu ysraýyl taryhynyñ islendik syýasy liderinden has wagşy. Ol Gazada terror howasyny öwüsdirýär we şeýtmek bilen Ysraýyl dünýä boýunça alanda ömrüni dowam etdirip bilme problemasyny aslynda "Hamas" däl-de, özi getirýär. Dünýä prezident saýlawlarynda häzirkisi ýaly gorkuly kartinany hiç haçanam görmändi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 27.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |