06:46 Sebäbine düşünmedim | |
SEBÄBINE DÜŞÜNMEDIM
Publisistika
Hasan el-Benna Gürrüñi Erdoganyñ üstünden getirerin! Ondan öñ şu maglumatlary bersem gowy bolar: Başlangyç klas mugallymy Hasan el-Benna 22 ýaşynda alty ýoldaşy bilen bile 1928-nji ýylda Müsüriñ Ismailiýe şäherinde "Musulman doganlar" ("Ihwan") toparyny esaslandyrdy. "- Alla maksadymyz, Gurhan baş kanunymyz, jihat ýolumyz, yslam ýolunda jan bermek iñ ily arzuwymyzdyr". Benna diñe topary esaslandyryjy däl, biziñ günlerimize çenli dowam eden syýasatlaryñ, strategiýalaryñ düýbüni tutan, topara perspektiwa gazandyran lider boldy. Maksady - imperializme garşy göreşmek, halyflygy janlandyrmak we yslamy durmuşyñ hemme ugrunda amal etdirmekdi. Muny sistemanyñ içinde galyp, bilim ýaly kanuny ýollary ulanyp amala aşyrjakdylar. Maksat diñe Müsür däl, bütin (sünni) yslam ýurtlarydy. Guramanyñ yslamy hereketlere ýiti täsiri boldy. Häzir 21 ýurtda şahamçasy bar. Bularyñ biri "Ihwanyñ" şahamçasy hökmünde Palestinada gurlan Yslamy-direniş hereketi ("Hamas")... Entek "Hamasyñ" ady ýokka, Benna 1936-njy ýyldan bäri Palestin dawasyna goldaw berdi. Dogany Abdyrahman el-Bennany Palestina ugratdy, Beýtulmukaddesiñ müftüsi Hajy Emin el-Hüseýin bilen hyzmatdaşlyk etdi. On ýylyñ içinde Palestinanyñ köp ýerinde 25 şahamça açdy, 20 müñ agzasy boldy. "Gizlin aýgyt" ("el-Cihazü’s Syrry") atly ýörite gerilla toparyny düzdüler. Emma: * * * Palestinany Azat-ediş guramasynyñ (PAEG) çepçi çykyşlary we syýasaty "Ihwanyñ" güýçden gaçmagyna getirdi. Ýöne wagtyñ geçmegi bilen sosializmiñ dünýäde güýjüni ýitirmegi "Ihwanyñ" Müsüre ýanaşýan Gaza sektorynda güýçlenmegine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, "Ihwan" 1967-1987-nji ýyllarda arasyny Palestinada sessiz geçirdi, agressiw hereketlere baş goşmady. Ýokary okuw jaýlarynyñ talyplary bilen birlikde şahsy düzümini ezdirmejek bolýardylar. Yslamy bilim-terbiýä, gurluşyga üns berildi. Aradan geçen ýigrimi ýyllyk döwürde Gazada metjitleriñ sany 200-den 600-e ýetdi! Muña garamazdan segseninji ýyllaryñ başynda Yslam rewolýusiýasyny amala aşyran Eýran "Ihwany" passiwlikde aýyplady. Feyhi Şikakiniñ ýolbaşçylygyndaky topar "Ihwandan" bölünip, "Yslamy jihat" toparyny gurdy. 1987-nji ýylyñ 8-nji dekabry... Täze göçüp gelen jöhidiñ awtoawariýada dört palestinalyny öldürmegi intifada (baş galdyryşyga) öwrüldi. "Ihwan" muña sesini çykarman oturmady. 14-nji dekabrda çap edilen jarnama bilen "Hamasyñ" gurlandygy mälim edildi. Ysraýyl bilen "Hamasyñ" uruşy başlady. Ysraýyl "Hamasy" esaslandyryjy baştutany Şeýh Ahmet Ýasini we yzyndan ýolbaşçy bolan doktor Abdyleziz Rantisini öldürdi. Häzirem ýolbaşçy bolup oturan Halit Meşaly zäherledi, Iordaniýanyñ patyşasy Hüseýin we ABŞ-nyñ prezidenti Bill Klinton ara girip, Ysraýyldan zähere garşy derman alyndy we Meşal halas edildi. Bu ýagdaý "Hamasyñ" syýasy ugruny üýtgetdi. * * * Meşal toparyñ ştab-kwartirasyny Ammandan Damaska göçürdi. Munuñ özi aslynda "Hamasyñ" Eýrana ýakynlaşmagydy. Siriýanyñ üstüne imperialistler çozdy welin, "Hamas" ştab-kwartirasyny Katara göçürdi. Emma Müsürdäki Sisi döwri bilen başlan "Ihwany" "terrorçy" sanawyna girizme müddetine Saud Arabystanynyñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñ, Bahreýniñ hrm goşulmagy bilen "Hamasyñ" örüsi daraldy. Meşal 2017-nji ýylyñ 1-nji maýynda "Ihwan" bilen arasyny üzendiklerini, hereketiñ gurulyş jarnamasyny täzeländiklerini 41-nji madda bilen mälim etdi. Yslamyñ ýanyna güýçli milli kimlik goşdy. PAEG-na "zeýtun şahasyny" uzatdy. Şeýle ideologik "düzelmelere" garamazdan "Hamas" 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda nämüçin Ysraýyla hüjüm etdi? 2023-nji ýylda ştab-kwartirasyny gaýtadan Damaska geçiren "Hamas" sünni-arap ýurtlarynyñ ýöredýän gyrakladyjy syýasaty sebäpli doly Eýranyñ täsirine girendigi aýdylýar! Ynha, şeýle maglumatlardan soñ soñky döwürdäki Eýran-Ysraýyl dartgynlylygyny analiz etmek has hakykata golaý bolmazmy? Türkiýe bu toparlanyşmanyñ niresinde? 2017-nji ýyldan bäri "Täze Hamasyñ" syýasy býurosynyñ başlygy Ysmaýyl Haniýe Stambulda Erdogan bilen näme hakda gepleşik geçirdi? Bilemzok. Ýakyn Gündogarda möhüm üýtgeşmeler bolup geçýär, emma ýurdumyzyñ jemgyýetçiligi aýdymçylaryñ, artistleriñ ýa-da gürrüñini edeniñe degmeýän başga bolgusyz adamlaryñ gep-gybatyny etmekden başga zady bilenok! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |