22:20 Selaheddin Eýýuby "Şir ýürekli" Riçardyñ ýüzbe-ýüz duşuşma teklibinden nämüçin ýüz öwürdi? | |
SELAHEDDIN EÝÝUBY "ŞIR ÝÜREKLI" RIÇARDYÑ ÝÜZBE-ÝÜZ DUŞUŞMA TEKLIBINDEN NÄMÜÇIN ÝÜZ ÖWÜRDI?
Taryhy makalalar
"Şir ýürekli" Riçard mukaddes topraklara iki arzuw-hyýal bilen gelipdi. Birinjisi Ierusalimi eýelemek bolsa, ikinjisi Selaheddin Eýýuby bilen ýüzbe-ýüz görşüp, ony ýakyndan tanamakdy. Selaheddin Eýýuby onuñ iki arzuwynyñam amala aşmagyna ýol bermedi 1189-njy ýylda nemes koroly Fridrih Morsakal (Barbarossa) taryhda seýrek gabat gelýän leşgeri bilen Balkan ýurtlarynyñ üstünden geçip, mukaddes topraklara bakan süýşmäge başlady. Emma ol Silifke diýlen ýerde gark bolup öldi welin, goşuny dyr-pytrak boldy. Ibn Esir wakany şeýle gürrüñ berýär: "Ol suwuñ bary-ýogy biliñi boýlaýan ýerinde gark boldy. Goşuny dagady. Alla musulmanlary franklaryñ arasynda has köplügi we hötjedi bolan nemesleriñ şumlugyndan aman saklady". Şol ýyl Angliýanyñ güýçli korollaryndan Genri hem ölüpdir. Musulmanlar bu oñyn üýtgeşmelerden soñ haçparazlaryñ belli bir wagta çenli togtamagyna garaşypdy, emma 1190-njy ýylda Genriniñ ýerine tagta geçen ogly Riçard mukaddes topraklara tiñkesini dikdi. 1191-nji ýylda sebite gelen Riçard fransuzlaryñam goldawy bilen Akka ýaly güýçli musulman şäherini añsatlyk bilen basyp aldy. Riçard I "Kuddus fatihiniñ" ýakyn adamlaryndan Bahaddin iñlisdigine garamazdan fransuz dilinde suwara gürleýän "Şir ýürekli" lakamly täsin iñlis korolynyñ gelişini şeýle suratlandyrýar: "Melik el-Intikar" (Angliýanyñ koroly) garpyşykda gaýduwsyz, güýçli, batyr adamdy. Mertebe taýran Fransiýanyñ korolyndan has aşakdadygyna garamazdan, ondan has baýdygy we jeñ meýdanynyñ pälwanydygy bilen has meşhurdy. Ýolda gelýärkä Kipre sowuldy, ol ýerini eýeledi, hyryn-dykyn adamdan we söweş serişdelerinden doly ýigrimi bäş galera (söweşjeñ gämi) bilen Akkanyñ alkymyna gelende, pereñliler şatlyk nagaralaryny atdylar, ony dabaraly garşylamak üçin uly otlary ýakdylar. Musulmanlar barada aýdanda bolsa, bu ýagdaý olaryñ kalbyny gaýgy-gam we gorky-ünji bilen doldurdy". Riçard 1157-nji ýylda Oksforddaky "Beaumont" köşgünde dünýä indi. Geljekde on ýyl oturan iñlis tagtynda möhüm ýeñişleri gazandy. Aradan geçen on ýyla garamazdan, ol Angliýada bary-ýogy birküç aý bolupdy we onuñ hökümdarlygynyñ köp wagty Angliýanyñ daşynda geçipdir. Oña "Şir ýürekli" lakamyny berdirenem ýurduñ içindäki gozgalañlarda ýañy 16 ýaşandygyna garamazdan uly ýeñişleri gazanmagydy. Riçardyñ üstün çykandygynyñ habary söweşden söweş ýortup halys tapdan gaçan Kuddus soltanyna ýetirilende, ol ýeñişlerden ýaña başy aýlanyp süýrenjeñlige salýan serkerdeleriniñ tersine, akylly-başly hereket edipdir. Kuddus soltany Selaheddin Eýýuby jeñ meýdanyna gazanan ýeñişlerini goramak üçin bu gezek diplomatiýany ýarag hökmünde ulanypdyr. • Kuddusyñ söýgüli fatihi Bütin ömrüni Müsüriñ eýelenmegine bagyşlan kürt serkerdesi Şirkuh bu arzuwyna ýetenden soñ bary-ýogy bir aý geçip-geçmänkä, 1169-njy ýylda aradan çykypdyr. Şirkuhyñ ölüminden soñ Müsürde fatumi emeldarlary häkimiýeti täzeden eýelemek üçin ýaş we tejribesiz Selaheddin Ýusuby wezir edip bellemegi üçin fatimi halyfyna basyş edip başlaýar. Ibn Esir fatimi köşgünde gurlan duzagy şeýle gürrüñ berýär: “Şirkuh ölüminden soñ el-Aziziñ geñeşdarlary oña täze wezir edip Ýusuby bellemegi maslahat beripdir, çünki ol entek ýaşdy we goşundaky emirleriñ iñ tejribesizi we iñ gowşagy hasaplanýardy" Selaheddin Ýusuby fatımiler gowşak serkerde hasaplaýandyklary üçin wezirlige belläpdiler. Şeýle düşünýän diñe fatimiler däldi, wizantiýalylar we Ierusalim korollygy-da Müsüri basyp almak üçin herekete geçipdir. Selaheddini äsgermezçilik etmeýän we onuñ nämeleriñ hötdesinden gelip biljegini bilýän ýeke-täk hökümdar Nureddin Mahmyt Zeññidi. Selaheddin Ýusup özünden garaşylmadyk liderlik görkezdi. Ol ilki Müsürdäki ähli fatimi emeldarlary wezipeden kowdy. Kaire çozmak üçin gaýdan Ierusalim korollygyny guryýerden, Müsüriñ üstünde deñizden gaýdan wizantiýa güýçlerini-de Zeññiniñ goldawy bilen Dimýatyñ golaýlarynda çym-pytrak etdi. 1171-nji ýylda fatimileriñ Müsürdäki halyflygyny soñlandyran Selaheddin abbasy halyfynyñ adyna hutba okadyp, Müsürde bir döwrüñ soñuna resmi taýdan nokat goýdy. Müsürde eýýäm kämillik ýaşyna ýetendigini subut eden ýaş Selaheddiniñ ýüreginde agasy Şirkuhyñ kalbyndaky müsür ody ýaly wulkan partlapdy. Ýaş Selaheddiniñ akyl-huşy we kalby Ierusalimi eýelemegiñ arzuwy bilen dolup-daşýardy. Selaheddin agasyndan harby strategiýanyñ ähli inçeliklerini öwrenipdi. Selaheddin Ýusubyñ ucursyz sabyrlylygy we ünslüligi Şirkuhdan peslär ýaly däl, şol sanda ol agasy ýaly gözsüz batyrdy. Selaheddin haýal etmän arzuwyna ýetip, Ierusalimi gabamaga ýetişipdi. Gabaw dowam edip durka we üstünlik musulmanlaryñ elindekä şäheriñ goragçysy Balianyñ görüşme teklibi Selaheddin tarapyndan oñyn garşylandy. Uruşyñ üstünligi görnetin yslam serkerdesiniñ peýdasynady we ol islese uruşy uly gandöküşlik bilenem soñlap bilýärdi. Serkerdeleri Selaheddiniñ bu bolşuna düşünmeýärdiler we duşmanlaryny ýüreklendirjekdigi üçin garşy çykýardylar. Hatda käbir serkerdeler Selaheddini gereginden artyk ýukaýüreklilikde we pereñlileriñ janyny halas etmek üçin ýörişi gijikdirmekde aýyplamaga başlapdyr. Balian Selaheddiniñ garşysyna geçende, onuñ gürlän ýangynly sözüni Ibn Esir şeýle beýan edýär: "Balian ýönekeý halkyñ bagyşlanjakdygyna söz berdirmek üçin dik gaýyşýar, emma Selaheddin hiç zada söz bermeýär. Ýüregini ýumşatjak bolýar, barybir peýda etmeýär. Mundan soñ soltan oña şu sözler bilen ýüzlenýär: - Eý soltan, bu şäherde anyk sanyny diñe Allanyñ bilýän san-sajaksyz adamy ýaşaýar. Hemmesi-de garpyşygy dowam etdiresi gelip duranok, çünki başga birnäçe şäherde edişiñ ýaly janlarynyñ bagyşlanjagyny umyt edýärler, sebäp olaryñ ýaşasy gelýär we ölümi ýigrenýärler. Ýöne eger ölümiñ gutulgysyzdygyny görsek, Alla bilýändir welin, çagalarymyzy we aýallarymyzy öz elimiz bilen öldüreris, eýelik edýän bar zadymyzy ýakarys, size olja bolar ýaly ýeke dinar, ýeke dirhem, gul-gyrnak edere ýeke erkek, ýeke aýal goýmarys. Soñ Mukaddes gaýany, "el-Aksa" metjidini, başga-da birnäçe ýeri haraplarys, elimiDe saklaýan bäş müñ musulman ýesiri öldüreris, soñam münülýän atlarymyzy we ählu haýwanlarymyzy ýok ederis. Ahyrsoñunda daşary çykarys we siziñ bilen aldym-berdimli söweşe gireris. Içimizden birimizem sizden birnäçesini öldürmän öler öýtmäñ!" Aslynda Balianyñ haýbatlarynyñ hiç bir jähtden agramy ýokdy, Selaheddin ýöriş bireýýäm soñlandyrjak güýje eýedi, emma ol şäherde gan dökülmegini islänokdy. Selaheddin Balianyñ mukaddes ýerlere zeper ýetirmek haýbatyny öz serkerdelerini razy etmek üçin ulandy ww pereñlileriñ şäherden ujypsyzja töleg töläp çykmagyna rugsat berdi. Döwlet gaznasyny ýuwdup alan bu ýörişde Selaheddiniñ gelen netijesiine serkerdeler nägilelik bildirenem bolsa, Selaheddin Eýýuny altyn-kümüş bilenem, ýesir ele salmak bilenem gyzyklanmaýardy. 1187-nji ýylyñ 2-nji oktýabrynda yslam goşuny şähere girende, ýekeje adamyñam bitiniñ burny ganamandy. El-Yspyhany Selaheddiniñ özüni alyp barşyny şeýle suratlandyrypdyr: "Soltana şeýle diýdim: - Bu patriarh azyndan iki ýüz müñ dinara barabar baýlygy äkidip barýar. Olaryñ öz zatlaryny äkitmegine rugsat berdik, emma buthanalaryñ we manastyrlaryñ hazynalaryny däl. Muña ýol bermesek gowy bolardy. Emma Selaheddin şeýle jogap berdi: - Gol çeken şertnamalarymyza gyşarnyksyz eýermeli bolarys, şeýtsek, hiç kimse ynam bildirenleri şertnamanyñ düzgünlerini bozmakda aýyplap bilmez. Gaýtam munuñ tersine, hristianlar hemme ýerde biziñ gowulyklarymyzy gürrüñ bererler". Riçard I • "Şir ýürekli" Riçardyñ Selaheddin Eýýuby bilen ýüzbe-ýüz görüşme teklibi "Şir ýürekli" Riçard Akka ýeñişinden soñ ýüzüni Ierusalime gönükdiripdir. Ol Selaheddine ýollan hatynda üç talabynyñ bardygyny mälim edipdir: "Bize dahylly diñe üç düşünişmezlik bar: Ierusalim, hakyky haç we ýer. Ierusalim babatda aýdanda, ol ýer biziñ çokunýan ýerimiz we iñ soñky urşujymyza çenli galýanam bolsak, ol ýerden el çekmegi asla kabul etmeýäris. Ýer meselesinde, Iordan derýasynyñ günbatarynyñ bize berilmegini talap edýäris Haç barada aýdanda, ol siziñ üçin tagta böleginden enaýy bolmasa-da, biziñ üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedir. Soltan ony bize bersin we bu surnukdyryjy uruşlar soñlansyn". (Amin Maluf / "Araplaryñ gözi bilen haçly ýörişleri"). "Asman patyşalygy" kinofilminde "Şir ýürekli" Riçardyñ rolunda aktýor Ien Glen Selaheddin oña şeýle jogap beripdir: "Kuddus size degişli bolşy ýaly, bize-de degişli, hatda biziñ üçin has möhümdir, çünki pygamberimiz (s.a.w) Magraja şu ýerden galdy we jemagatymyz kyýamat güni şu ýerde üýşmeli. Diýmek, bu ýeri taşlap gitmegimizi kelläñize-de getirmäñ. Musulmanlar muny hiç haçanam kabul etmeýär. Ýer barada aýdanda bolsa, bu ýerler elmydama biziñ watanymyzdyr we siziñ çozuşlaryñyz wagtlaýyndyr. Bu ýerlere şol wagtlar şu ýerde ýaşaýan musulmanlaryñ gowşaklygyndan peýdalanyp, ýerleşdiñiz, emma uruş dowam etdigiçe eliñizde saklaýan ýerleriñizden peýdalanmagyñyza ýol bermeris. Haç barada aýdylanda, ol biziñ üçin ullakan artykmaçlyk, emma öwezine yslamyñ peýdasyna ullakan bähbit gazansak, ondan el çekip bileris". (Amin Maluf / "Araplaryñ gözi bilen haçly ýörişleri"). Bu jogapdan soñ Riçard uýasyny Selaheddin Eýýubynyñ erkek doganyna durmuşa çykarmagy meýilleşdiren täsin teklibini edipdir. Ioanna atly iñlis prinsessasy Selaheddiniñ maşgalasyna gelin bolmakdan ýüz öwrensoñ, Riçardyñ gudaçylyk ýoly bilen ýer almak pikiri-de amala aşman galypdyr. Ähli tagallalar bir ýana, tutanýerli Riçardyñ Selaheddin bilen ýüzbe-ýüz görüşesi we ony ady rowaýata öwrülen soltany ýakyndan tanasy gelýärdi. Gelen tekliplere ahyrsoñunda Selaheddin şu jogaby beripdir: "Patyşalar diñe ylalaşyga gelinenden soñ duşuşýar. Men seniñ diliñi bilemok, senem meñkini. Görüşsegem, barybir dilmaçsyz gürleşip bilmeýäris. Şonuñ üçin ilçiler öz wezipesini ýerine ýetirsin. Häzirlikçe görüşmegimiziñ geregi ýok". "Şir ýürekli" Riçard mukaddes topraklara iki arzuw-hyýal bilen gelipdi. Birinjisi Ierusalimi eýelemek bolsa, ikinjisi Selaheddin Eýýuby bilen ýüzbe-ýüz görşüp, ony ýakyndan tanamakdy. Selaheddin Eýýuby onuñ iki arzuwynyñam amala aşmagyna ýol bermedi. Ylalaşyga gol çekilenden soñ Riçardyñ gidip barýanyny eşiden Selaheddin Eýýuby iñlis korolynyñ Ierusalimi görmäge hem özi bilen tanyşmaga şähere çagyrypdyr. Emma Riçard muny özüne kiçilik bilip, sebitden arany açypdyr. Riçard ömrüniñ soñky bölegini Fransiýada geçiripdir we şol ýerde-de ölüpdir. 1199-njy ýylda bir galany gabanlarynda gereksiz ýere atyny öñki hatara sürende, emelsiz bir okçynyñ atan oky çawup gelip öldürülipdir. Mehmed MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 26.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |