08:15 Selaheddin Eýýubydaky jöwheri birinji gören Nureddin Zeññidi | |
SELAHEDDIN EÝÝUBYDAKY JÖWHERI BIRINJI GÖREN NUREDDIN ZEÑÑIDI
Taryhy makalalar
"TRT"-niñ soñky taryhy teleserialynda goýberilen ýalñyşlyk diýseñ oýlandyryjy. Serialda Selaheddin Eýýubynyñ Nureddin Zeññiniñ ogly hökmünde görkezilmegi ullakan taryhy ýalñyşlyk boldy. Çünki Zeññi türk serkerdesi, Eýýubynyñ asly bolsa kürt. Bu barada Türkiýeden başga ýerde kän bir agzalybam durlanok. Gynansak-da, käbir alymlar we intelligensiýanyñ wekilleri kejeñeklik bilen Eýýubyny türk edip görkezmäge synanyşýar. Gürrüñimiziñ dowamynda biz munuñ üstünde durup geçmekçi däl. Meseläni has içgin öwrenmek isleýänler häzir sag-salamat gezip ýören janly ensiklopediýamyz, şejere boýunça iñ uly hünärmenimiz Müfid Ýüksel halypanyñ ylmy işlerini okap bilerler. Onuñ türk ýa-da kürt bolmagynyñ hiç bir jähtden manysy ýok. Kürtler üçin-ä bu hiçem mesele däl. Sebäbi kürtleriñ häzirlerem çagalaryna iñ köp goýýan ady Selaheddin, onuñ yzyndanam Nureddin bolmagynda galýar. Kürtleriñ nukdaýnazaryndan Selaheddine duýulýan ýakynlyk sebäpli häzir palestin konfliktine, belki-de, dünýä jemgyýetçiliginde iñ köp gyzyklanmany we duýgudaşlygy kürt ildeşlerimiz bildirýär. PKK-nyñ we onuñ töwereginiñ bu gyzyklanmadan beter biynjalyk bolýandygyna şübhe ýok. Sionistik akyl bilen strategiki taýdan şärikdeşligi bolan terrorçy toparyñ nijeme ýyl bäri kürtleriñ kalbyndan goparyp zyñmaga çytraşýan ady Selaheddin Eýýubydyr. Muña garamazdan kürtleriñ Ierusalime bolan ýakynlygy barha artýar. Elgaraz, bu ýalñyşlyk TRT-niñ çeper fantaziýada goýberen ýalñyşlygyndan ybarat. Ýok, eger beýle dälem bolsa, onda, köre-körlük bilen bu ýalñyşlygy dogry ýaly gördürmäge dyrjaşýan bolsa, gadyrdan senaristler biderek ýere azap çekmesin, PKK diýilýän pedersuhtylar muny edip bilmedi. Şol sanda, munuñ bular ýalam erbet niýet bilen edilmändigine ynanýaryn, megerem, bu ýagdaý serialy dörediji toparyñ gowy taryhçy maslahatçysynyñ ýoklugyndan bolýar. "Kuddus fatihi Selaheddin Eýýuby" taryhy teleserialy 2023-nji ýylyñ 13-nji noýabrynda duşenbe güni "TRT" döwlet teleýaýlymynda efire berlip başlandy • Şum taryhy türkmen hökümdary we onuñ kürt serkerdesi ýykmagy başardy: Ymameddin Zeññi we Şirkuh Ierusalim elden gidenden soñ Bagdat, Kair, Konýa hiç bir musulman paýtagty howpsuz däldi. Musulmanlaryñ bedibagt taryhy türkmen serkerdesi Ymameddin Zeññiniñ Mosul atabegligine geçmegi bilen üýtgedi. Bu türkmen serkerdesi ýüzlerçe köşgüniñ bardygyna garamazdan birinde-de bolanokdy, atyñ üstünden düşenokdy. Onuñ iñ uly maksady musulmanlary haçparazlara garşy birleşdirip, kyrk ýyldan agan haçparaz zulmuny soñlandyrmakdy. Şol maksat bilen Urfany täzeden eýeledi we Antakýanyñ üstüne ýörişleri gurnady. Haçparazlar az wagta çeken aljyraññylyjdan soñ derrew jemlenişdi we Rim papasy Ýewgeniden täze haçly ýörişini geçirmek üçin kömek sorady. Papalyk bu çagyryşa oñyn jogap berip, sany 70 müñden geçýän täze goşuny Ymameddin Zeññini ýok etmek üçin sebite ýollady. Zeññini ýok etmek üçin herekete geçen uly haçparaz goşuny garaşmadyk duşmanyna duçar boldy. Gylyçarslanyñ ogly Soltan Masut kakasynyñ ýeñlen ýeri Eskişehirde haçparazlaryñ üstüne döküldi we olardan kakasynyñ aryny aldy. Söweş tamamlananda äpet haçparaz sülsadyndan bary-ýogy bäş müñe golaý urşujy galypdy. Giýom Tirskiý “Birinji we ikinji haçly ýörişleriniñ senenamasy” atly işinde Soltan Masudyñ ýeñişini şeýle gürrüñ berýär: "...Söweşden öñ ýarag, güýç, san taýdan deñleşip bolmajak ýaly görünen güýçli birliklerden we söweşjeñ rysarlaryñ güýçlerinden nam-nyşan ýokdy. Oña gatnaşanlaryñ aýtmagyna görä 70 müñ demir sowutly atlydan we pyýadadan ondan bir bölegi-de galmandy". Soltan Masudyñ ýeñişi Ymameddin Zeññiniñ operasiýalaryny tizleşdirdi. Ol kürt serkerdesi Şirkuh bilen bile yzly-yzyna uly-uly ýeñişleri gazanýardy. Kelte boýly Şirkuh gaharjañ häsiýetine garamazdan Zeññä uçursyz wepaly serkerdedi. Ol taryha adyny Sinaý çölüni bäş-on atlysy bilen aşyp, Fatimi imperiýasyny soñlandyran we Müsüri zabt edip alan serkerde hökmünde ýazdyrypdy. Şol ýörişde Şirkuhyñ ýanynda Ýusup atly ýaş inisi bardy. Bu ýigdekçe geljekde Selaheddin Ýusup ady bilen tanalyp, Ierusalimi eýeläpdi. • Nureddin Zeññi taryh arenasyna çykýar Nureddin Zeññi kakasynyñ ölüminden soñ hökümdar boldy. Duşmanyny iki ugurdan yzarlan Zeññi dessine herekete geçdi. Bu iki duşmanynyñ biri haçparazlar bolsa, beýlekisi-de batyny terror toparlarynyñ üsti bilen sebiti howp astynda goýýan şaýylardy. Haçparazlara garşy uruşdan başga strategiýa ýöretmeýän Zeññi şaýylara gezek gelende hem maddy, hem magnawy uruş yglan edipdi. Zeññi şaýylyk düşünjesiniñ ýaýylmagynyñ öñüni almak üçin sünni ynanjyny güýçlendirip we kyrka golaý medrese gurduryp, ylym-bilim boýunça alnyp barylýan işleri goldady. Munuñ özi Nyzamylmülküñ "Nyzamyýa" medreselerinden soñ girişilen iñ uly pedagogiki hereketdi. Şeýle-de, halkyñ ýüregine aralaşan haçparaz gorkusyny aýyrmak üçin Zeññiniñ döwründe jumga hutbalarynda Ierusalimiñ täzeden eýelenmegine çagyryş edilýärdi, bu barada şahyrlara şygyrlar ýazdyrylýardy. Bu syýasat arkaly Nureddin Zeññi musulman emirleriniñ we serkerdeleriniñ özüne garşy hüjüme geçmekleriniñ ýa-da bileleşmeginiñ bolup biläýjek mümkinçiliklerini aradan aýrypdy. Bu syýasat gysga wagtyñ dowamynda garşylyklaýyn jogabyny alypdy: Dymaşyk we Müsür doly Zeññiniñ golastyna geçipdi. Müsürde fatimileriñ doly ýok edilmegi haş-haşynlara meñzeş terror toparlarynyñ sünni-yslam ýurtlarynda dagy-duwara gara bermezligini gazanypdy. Nureddin emirleriñ we serkerdeleriñ islendik erbetlikden gaça durmaýan, pereñliler bilen dil birikdirip musulmanlary öldürmekden gaýtmaýan döwründe, uruşyñ, pyssy-pyjurlygyñ we hiläniñ gol-pudak ýaýradan dawa-jenjelli ýurtlarynda adamkärçilik gymmatlyklaryny öñe tutup, musulman ilatyñ söýgüsini gazanypdy. Iñ uly arzuwy Ierusalimi eýelemek bolan Zeññi bu arzuwyna ýetip bilmedigem bolsa, onuñ serkerdelerinden Selaheddin Eýýuba şol arzyly ýeñişi gazanmak nesip edipdi we ol hökümdarynyñ Ierusalimi eýeländen soñ "Mesjidi-Aksada" goýmak üçin ýasadan münberini Halapdan Ierusalime getirdip, Zeññiniñ hormatyna baş egipdi. Zeññiniñ iñ uly ýeñişi - musulmanlaryñ elindedigine garamazdan haçparazlar bilen bileleşip musulmanlaryñ üstüne çozmakdan utanmaýan Şamyñ gäbiazan emeldarlarynyñ tepbedini okamak boldy. Zeññiniñ Şam ýörişine halk köpçüligi hiç hili garşylyk görkezmän, hökümdarlary Abakdan ýüz öwrüp, Zeññiniñ tarapyna geçipdiler. • Şirkuh we Müsür Beýik türkmen begi Nureddin Mahmyt Zeññiniñ tagta geçmegi bilen sebitdäki üýtgeşmeler musulmanlaryñ peýdasyna üýtgäp başlady, emma şindizem strategiki nokatlar bolan Müsür fatimileriñ, Ierusalim haçparazlaryñ elindedi. Üstesine musulmanlaryñ goşun birikmeleri o diýen jebis däldi. Haçparazlaryñ Müsüre eýelik eden ýagdaýynda Zeññiniñ birnäçe musulman ýaranynyñ haçparazlar bilen dil düwşüp, gozgalañ etmegi ahmaldy. Müsür meselesi diñe Zeññiniñ kellesini agyrdýardy. Gaharjañ häsiýetiniñ bardygyna garamazdan gaýduwsyzlygy bilen Zeññiniñ söýgüsini gazanan gysga boýly, bir gözi kör kürt serkerdesi Müsüri eýelemegiñ pikiri bilen ýatyp-turýardy. Zeññiden Müsüre ediljek ýöriş üçin dowamly goldawa we rugsada garaşýardy. Zeññi bolsa beýle ýörişiñ fatimiler bilen haçparazlaryñ Ierusalim korollygyny biri-birine golaýlaşdyrjagy ýaly Şirkuh ýaly gerekli serkerdesini ölüme ýollamak bilen beýle tabşyryga ýollamagyñ tarapdary däldi. Zeññiniñ razylygyny aljak üýtgeşme bolsa fatimileriñ wezipeden gyrakladylan weziri Şaweriñ özüne sygynmagy boldy. Şawer Müsüre ediljek ýöriş bilen öñki wezipesine oturyp biljekdigini we Zeññi bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdyp, türkmen hökümdarynyñ razylygyny almagy başarypdyr. Zeññi hem bu towakgany, hem Şirkuhyñ yzy üzülmeýän haýyşyny kanagatlandyrmak üçin Müsüre ýöriş üçin rugsat beripdir. Ol Müsüre iki müñ adamlyk çäkli goşun beripdir we başyna kürt serkerdesi Şirkuhy belläpdir. Zeññi Şirkuhyñ ýaş inisi Ýusuby (Selaheddin) akyl-paýhasy we tejribesi üçin juda gowy görüpdir hem-de Şirkuhdan ony köşge - ýanyna bermegi haýyş edipdir. Çünki Ýusubyñ içindäki jöwheri birinji gören Zeññidi. Ýogsam bolmasa, Şirkuh Ierusalimiñ ykbalyny üýtgedip taşlajak pozisiýa girip, Zeññä Ýusup bolmasa Müsüre gitmejegini aýdypdyr. Şirkuhyñ özdiýenlidigini gowy bilýän Zeññi onuñ haýyşyny bitirmän bilmändir. Ahyrsoñy aga-ini Ierusalimiñ we sebitiñ ykbalyny bütinleý üýtgedip taşlajak ýolagçylygyna rowana bolupdyr... Soñlugy bilen müsür häkimiýetini eýelän Ýusup Zeññi aradan çykýança düýpli işlere girişmändir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 15.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |