23:24 "Sen niçik gudrat?" | |
"SEN NIÇIK GUDRAT?"
Edebi tankyt
Reslublikamyzyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň golaýda okyjylara gowşan kitaby «Aýal bagşy» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýygynda şahyryňkitap bilen adybir hem-de «Alada» poemalary, birnäçe liriki goşgulary girizilipdir. «Aýal bagşy» poemasy kitabyň esasy bölegini tutýar. Adyndan belli bolşy ýaly, poema halkymyzyň aňynda orun alan «Heleý bagşy» rowaýaty esasynda döredipdir. Şu ýerde turuwdan bir zady belläsimiz gelýär. Bu hem poemanyň temasy dogrusynda. Adatça, soňky döwürlerde eserlere baha berlende, onuň temasynyň aktualdygy ýa däldigi hakda uzyn-uzyn gürrüňler edilýär. Kähalatlarda taryhy temalara ýüzlenen awtorlara igenmänem durlanok, çünki uzaklardan yzygider eşdilýän «tüpeň sesleri» we şonuň bilen baglanşykly wakalar okyjylary birneme basmarlamanam durmady. Ýöne «Aýal bagşy» barada okyjy hökmünde biz başga pikir aýtmakçy. Onuň temasy taryhy bolsa-da, ol şu günüňem, ertiriňem mynasyp eseri bolar. Sebäbi onda halkymyzyň saz sungatyna bolan söýgüsi, teşneligi, ol sungatyň uly gudraty halkyňgerdeninden ýyllarboýy basyp gelen sosial deňsizlik tebigy şekilinde beýan edilýär. Şahyr eserde sazyň roluna orun beripdir. Ol haýsy sahypada nähili waka ýüzlense-de, onuň çözgüdini sazyň gudratyndan gözleýär. Şunuň bilen hem Hallybikäniň tutan maksadynyň, ugran ugrunyň dogrudygyny delillendirmekçi bolýar. Onuň hereketlerini ýürekden makullaýar. Wakalaryň şowly çözgütlerinde, yzygiderli ösýän hereketlerinde awtoryň öz pozisiýasy mese-mälim ýüze çykýar. Munuň şeýle bolmagy wakalaryň emosionallygyny artdyrýar. Awtoryň öz obýektine bolan söýgüsini, ýadawsyz zähmetini aňladýar. Hallybikäniň ejesiniň syrkawlygy bilen baglanyşykly kartina göz gezdirip. göreliň. Göräýmäge, bu ýerde bir üýtgeşik zadam ýok ýaly. Emma gyzyň enesine bolap söýgüsi bilen enäniň saza bolan söýgüsi (munuň sebäbi poemada delillendirilýär) birigip, okyjyny heýjana getirýär. Çünki sazyň gudraty bilen ajal telim gezek yza serpigýär. Munuň poeziýadaky beýany okyja şonuň ýaly täsir edýär. Şahyr Hallybikäniň obrazy arkaly döwrüň gapma-garşylyklarynyň ençemesini okyjynyň öňünde açyp gonýar. Hallybike erkek eşigine girip, uzak ýola rowana bolýar. Ýolboýy bütin hemrasy gündiz Günüň şöhlesi, agşam Aýyň şöhlesi. Azygy-da, armaçylary-da şolar. Şol ýürekgysgynç ýagdaýda ädim urup, çuň oý-pikirleriň içinde ýüzýär. Ine, uzak ýollara çykaran, oý-pikire batyran döwrüň ýene-de bir görnüşi: Lowurdap görünýär Pälwanderweze Lowurdap görünýär Gül derwezesi. Emma Gül derwezäňaşak ýanynda Garalyp ýatyrdy gul derwezesi. Giden bir meýdany Tutup dur adam. Ol ýerde adamy Satyp dur adam. Hallybikäniň kerwene sataşmagy, kerwenbaşynyň ony garşylaýşy bolsa, gahrymanyň öňünde zamanasynyň başga bir gara, gamly sahypalaryny açyp goýýar. Şahyryň şol döwrüň deňsizliklerini, adalatsyzyklaryny, galyberse-de, ýokary synpa degişli bolan adamlarynyň (kerwenbaşy) açgözlügini öwran-öwran nygtaýan ýerinde, umuman, şol pikirleriki jemlenen ýerinde Keminäniň obrazyna ýüzlenmegi, gürrüňsiz, eseriň peýdasyna bolupdyr. Bu ýerde Kemine Hallybikäni ulaga mündirmek üçin kerwenbaşaöz donuny berýär. Ýolaýrytda bolsa özüniň bütin baýlygyny – ýekeje eşegini hem Hallybikä peşgeş berýär. Şedibem, awtor Keminäniň obrazyny tutuş ýokary gatlagyň garşysyna goýýar. Keminäniň obrazy ýene bir gezek täze öwüşginde, täze reňkde ynsansöýüjiligiň, adamkärçiligiň simwoly hökmünde okyjynyň öňünde örboýuna galýar, poemany bezeýär. Poemanyň şowuna düşen sahypalarynyň biri-de akmaklaryň üýşmeleňindäki sazly meýlisdir. Awtoryň baý, şahyryna fantaziýasy bilen dörän bu kartina sazyň mertebesini has-da beýgeldýär. Bu ýerde köp sanly halk mukamlarynyň üstüne «Akmagy çökeren mukamyň» goşulmagy şol meýlis arkaly aýdyljak bolunýan pikiriň leýtmotiwi bolup hyzmat edýär. Akmak baý oglunyň ýelden-günden gorap ýören uýasyny sazanda «garyp ýigide» hödürlemegi bolsa onuň üstüni ýetirýän şowly, durmuşy detaldyr: Sazyň hatyryna bedew beren bar Sazyň hatyryna düýe beren bar, Sazyň hatyryna goýun beren bar, Men bolsa hiç kimiň bermedik zadyn– Öz jigimi saňa bermäge taýýar. Ine şu hakykatam Hallybikäniň geljekki şöhratyndan habar berýär. Aýal bagşy baradaky halk rowaýatynda onuň durmuşynda gabat gelen diňe ýekeje agyr waka gürrüň berilse-de, şoňa çenli hem bagşynyň durmuşynda dürli-dürli çylşyrymly çaknyşyklaryň bolanlygy ikuçsyzdyr. Kerim Gurbannepesow bolmagy mümkin şol wakalary öz «ussahanasynda» ymykly işläp, tertibe salypdyr. Gahrymanyň ösüş ýoluny formallaşdyrypdyr. Şeýle edilmegi rowaýatyň janly hem täsirli, ynandyryjy bolmagyna getiripdir. Çarkandakly ýollardan belentlige çykan Hallybike aýdyşykda uly ussatlardan üstün çykýar. Şöhraty ulus-ile ýaýraýar. Näçe beýgelse-de, öz adyndan lezzet alman, halkyň şatlygyndan, guwanjyndan lezzet alýan bagşy halkyň ýüregine-de ömürlik girmegibaşarýar. Başda şeýle akyla gulluk etmegi ýüregine düweni üçin ol öz perzendi bilen ömürlik hoşlaşýar. Oňa mertlerçe döz gelýär. Kör Gojaly bilen bolan şol aýylganç çaknyşykda-da halkynyň söýgüsi oňa medet berýär. Şonuň üçin ol ýene halkynyň taryhyna göz aýlap, halkynyň adyndan uly ruhubelentlik bilen sözläp garşydaşyna hemle urýar: Türkmeniň iline müň bagşam az bor Müň ýanan gelin bar, müň ýanan gyz bar, Goluna saz berseň, hemmesem bozlar– Hemmesin bozladar Ürgenji gyrnak. Şahyr Aýal bagşynyň obrazyny diýseň jaly söweşjeňedipgörkezmegi başarypdyr. Onuň her ädimi ýeňşe, üstünlige bolan umytdan doly. Bagşy ol üstünlikleri ýadawsyz zähmeti, zehini bilen gazanýar. Onuň her bir hereketinde öz boýdaşlaryna, döwürdeşlerine uly çagyryş bar: Göýä bütin ülkäň gelin-gyzlarna Hallynyň dilinden berildi signal: «Adamdyr aýal! Adamdyr aýal!» Şu hem poemanyň esasy ideýasy bolup hyzmat edýär. Bu çagyryş aýal-gyzlarda-da öz mertebesini goramaga bolan ynamy, söweşjeň duýgulary terbiýeleýär. Umuman, şahyryň çuň söýgi bilen timarlan bu obrazynyň uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini ýene bir gezek belläsimiz gelýär. Aýal bagşynyň obrazynyň şeýle kämil derejä ýetmeginde onuň adamsy sazanda ýigit Tahyryň hem taýsyz hyzmatynyň bardygyny aýtmadydyrys. Tahyryň hyzmatlary poemada ýörite nygtalyp durulmasa-da, wakalara bolan gatnaşyklarynda onuň hyzmaty, adamkärçiligi äşgär duýulýar. Ol hem sungatyň, maşgalasynyň namysyny zürýatdan ýokarda goýýar. Onuň şu sypatlaram sungata ysnat getiren Kör Gojala urgy bolýar. Gojalynyň wagşy, namart, tekepbir sypatlaryny aýan edýär. Şeýlelikde, uly iliň näletli nazary Kör Gojala gönügýär. Tahyrlaryň maşgalasy bolsa halkyň mähir gujagynda beslenýär. Hut şu zatlar hem şahyryň ylhamyny oýandyran detallardyr. Poemanyň dili juda çeper. Şahyr folklaryň baý materiallaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Şunlukda, öňki şirin dilli poemalarynyň üstüni dolduryp duran täze polotno –Asman, Garagyz, Ogulmeňli, Gülnäz ýaly päkize ahlakly, belent mertebeli aýal obrazlarynyň üstüni ýetirip duran Hallybike obrazy emele gelipdir. K.Gurbannepesowyň «Alada» poemasy hakda şeýleräk gürrüň etmek bolar. Okyjylar «Alada» poemasy bilen ilkinji gezek žurnal sahypasynda sataşanlarynda, birneme geňirgenmän durmadylar. Çünki bu poema belli şahyryň tutuş döredijiliginden tapawutlanýardy. Şol sebäpli-de bu eser K.Gurbannepesowyň poeziýasy bilen tanyş okyjylar üçin «ýalaňaç» göründi. Bu hadysa mähek ýaly sagdyn rifmalaryň gözleginde gezýän ukyply şahyryň, şahyrana halk poeziýasynyň içinde boýlamagy başarýan ussadyň ylmyndan çykany üçin geňlenildi. Sebäbi K.Gurbannepsowyň şahyrana dili bilen okyjy halys öwrenişipdi. Şahyryň eserlerindäki içki hem daşky sagdyn rifmalylyk halk aňlatmalaryna baýlygy, täsin mukamlylyk onuň poemalarynyň ýat tutulmagyna sebäp bolupdy. «Taýmaz babanyň» birinji kitabyky, «Ata we oglyň», «Gumdan tapylan ýüregiň» telim baplaryny ýatdan bilýän okyjylaryň birnäçesini şu wagtam agzap biljek. Emma meselä birneme başgarak seretmek gerek. Birinjiden-ä, bu eser K.Gurbannepesowa degişli bolmasa, kän geňirgenilmezdem, ikinjiden bolsa, öňki formadakylardan üýtgeşik eser şahyryň peselendigini aňlatmaýar. Çünki täze formalara batyrgaý çemeleşmegem awtordan kämillik, mäkäm erk-ygtyýar talap edýär. Şolam «Aladanyň» ruhunda mese-mälim ýüze çykýar. Her senetkäriň öz «ussahanasynda» dürli zat ýasap bilşi ýaly, şahyram şol hukukdan peýdalanmaga haklydyr. K.Gurbannepesow «Aladany» ýazjak bolanda şol pikirden ugur alan bolsa gerek. «Aladanyň» liriki gahrymany biziň döwürdeşimiz. Ol hemişe il-halkynyň aladasy bilen ýaşaýar. Bir minut hem özüni ondan aýry hasaplamaýar. Liriki gahryman aladasyz, gaýgysyz ýaşap bolaýjak wagty-da gözüne getirip görýär. Eger şeýle ýagdaý bolaýsa, diňe zähmet rugsady mahalynda bolup biljek: Ýöne weli aladaly dünýäde, Aladasyz gezip bolmajak eken. Sen zähmet rugsadynda bolsaňam, dürli gezelençlerde, dynç alyşlarda bolsaňam, öz döwrüň öz zamanaň ogly bolsaň, aladasyz ýaşap boljak däl eken. Alada ýok ýerinde lezzetli durmuş-da ýok. Aladaýok ýerinde belentlik-de ýok. Ynsanperwer watançy adamlara dünýäniň bar aladasy äşgär görnüp dur. Alyslardaky suw daşgyny-da, ýanýan jaýyň ýalny-da olaryň gözüniň öňünde. Alyslarda ýarylýan bombalaryň güňleç sesi-de olara eşidilip dur. Diýmek, adam şekilli adamyň gaýgysy diňe bokurdagyň aladasy däl. Ine, K.Gurbannepesow poemada-öňe sürýän baş ideýasy şundan ybaratdyr. Her bir sap ýürekli adamyň ähli alada derek ýatyp, ýene ýatyp keýpden çykjak wagtyna çenli aladalar içinde boljakdygy, bolmalydygy hem şahyrana mazmundan gelip çykýan hakykatdyr. Şahyryň ýygynda ýerleşdirilen goşgulary haýsy temadan gür berseler hem olaryň esasy özeni biziň zamandaşlarymyzyň belent adamkärçiligini, ukybyny bagtly ýaşaýşyny wasp etmäge gölükdirilipdir. «On ýedi», «Dünýä diýseň» goşgularynda Marksyň, Leniniň genial taglymatlaryny, Oktýabryň biziň halkymyza beren bagtly durmuşyny taryplansa, şahyr «Gözellik», «Söýgi hakda bir keleme», «Agalyk sürýänler ýokdur ýurdumda», «Garaşýan ýigitlere» goşgularynda ynsanyň näzik duýgusy–söýgi hakda filosofiki pikirleri orta atýar. Bu duýgynyň belentligine şahyryň liriki gahrymanlary her dem tagzym edýärler. Olaryn söýgä, gözellere bolan garaýyşlary şeýle jemlenýär: Ýaradanyň öňün kesip bilmerin, Meni ýaradanam özüňizsiňiz. Kitapdaky «Atamyň köp gaýtalan sözlerinden» diýen toplum on bäş sany aforizmi özünde jemleýär. Bu aforizmler döwürleýin metbugatda çap edileli bäri okyjylaryň arasynda aýlanyp ýör. Sözümizi jemläp aýtsak, halypa şahyryň mazmuna laýyk oňat bu kitabynyň hem okyjylaryň söýgüsini gazanyp, onuň adyna alkyş getirjekdigine ynanýarys. 1973 ý. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |