19:23 Señki dogry / satiriki hekaýa | |
SEÑKI DOGRY
Satiriki hekaýalar
(monolog) Adamlar, dünýede iñ erbet keseliñ nämedigini bilýäñizmi? Hä? Gatyrak aýt, eşidemok. "SPID" diýýäñizmi? Ýok-laý, oñ ýanynda SPID-iñ dagy witjik. Ýok, señ o diýýäniñem däl. Bilmeýän bolsañyz, gowusy diñläñ, özüm aýdaýyn. Gurrandazlaryñ habar bermegine görä, iñ erbet kesel gulagyndan garramakmyş. Hawa, hawa, gulagyndan iglemek ýaly erbet zat ýok diýýärler. Häzirki zaman medisinasy hem bu teoriýanyñ dogrulygyna doly güwä geçýär. Özem bu keseliñ mikroblary diñe aýallarda bolýamyş. Ynanañzokmy? Men muny klassyky edebiýatymyza salgylanybam tassyklap biljek. Ýigitlik bir gyzyl güldür, Solaýyn diýseñ öýlengin. Ine, gördüñizmi! Dogrusyny aýtsak, aýaldan zeýrenmeklik, ýoldaşlar, soñky döwürde has hem ösdi. 1913-nji ýyl bilen deñeşdireniñde ol 107,8 prosent artypdyr. Munuñ özi az zat däl, ýoldaşlar. Ykdysadyýetimiziñ ösüşinden näçe esse köpdür. Bu meselede ýene-de bir möhüm bellemeli zat. Ol hem häzirki zaman aýallarynyñ iñirdemek boýunça professional endigi, ýagny ussatlygy görlüp-eşdilmedik derejede ýokarlanýar. Hiç ýerik aýagyny ätmän oturan ýerinden buz üstünde tozan aramany başarýarlar. Ynha, dek düýnüñ özünde bolan bir wakany size gürrüñ bereýin. ...Günortana golaý goltugymy añry-bäriden dolduryp, öýe geldim. Keýwanymy bir begendireýin diýdimdär-aý. Iýer-içer ýaly delje zatlardan tapdym. Näme? Magazinlerden bormy? Häzir, näme, durgunlyk döwrüdir öýdýäñmi, baran ýeriñden alyp gaýdybir ýaly. Dogry-da walla, dükanlañ içi suw çaýkalan ýaly. "Bi, näme beýle?" diýip satyjylardan sorasañam "üýtgedip gurýas" diýen bolýalar. Hawa, aýalym goltugymdaky zatlary görüp boýnuma böker öýtdüm. Ýalñyşypdyryn. Ýüzüni, birhili ajan hamyr ýaly, turşadyp otyr. - Nireden geldiñ? - diýip, ol azgyryldy. Ogurlygyñ üstünde tutulan ýaly boldum. Sakowlap başladym. - O-o, n-neme, ýañy sklatdan... - Maşynyña bir tulany mündürip, kanalyñ gaýrasynda näme işläp ýörsüñ? Göniñden gel, ýogsam... - diýip, ol iki barmagyny gözüme sokaýjak boldy. Rejäñ geñ däldigini añyp, men ur-tut onuñ gañyrşyna gaýtdym. - Başlyk, wiý, keýwany, o diýýäniñ ýalan. Töhmet. - Ýok-ýok, bi yradýañ ýa gazetiñ habary däl, muny men Frans-press agentliginden eşitdim. Boýnuña alaý ýöne... Allajanlarym, nädip sypsamkam?! "Kireý edýän" diýdim. "Kireý edýän senmi, ýa-da ýanyñdaky kemçin?" diýip tutdy ýene-de bir ters dawa... Ynha, gardaşlar, günüñ bir bolsa dawañ iki. Bu keselden nädip dynmaly? Aýrylyşaýmaly diýýäñizmi? Düýbünden bolmajak zat. Aliment diýibem bir zat bar. Onsoñam näme, bütin ömrüñe müjerret ötjekmi? Wah, etmeli zat belli-le. Ho, negiriñki ýaly, kimdir oñ ady? Teatrlañ sahnasynda çykyş edýändir-laý. Hä, Otello, Otello! Şonuñ Dezdemonany bogşy ýaly bogaýsañam boljak welin, yzynyñam gürrüñi köp bor. Ýeri, bolýa-la, bu zatlar üćin siziñ başyñyzy agyrtmaýyn. Doganlar, hany, aýdyñ, bu keselden nädip dynmaly? Näme dymýañyz, men sizden soraýan? Duruñ, duruñ! Kelläme bir ajaýyp pikir geldi. O keselden dynmak üçin aýalyñyz näme diýse "Señki dogry" diýiñ-de, olary ugruna sürüberiñ. Şonda utarsyñyz. Nähili görýäñiz? Onsoñam iñ esasy zat o dermany gözläp aptekden-aptege selpäp ýörmeli däl, öz ýanyñyzdan önýä. Şoña-da şükür ediñ! Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |