10:10 Serediñ-ä, bu gözboýagçylyga... | |
SEREDIÑ-Ä, BU GÖZBOÝAGÇYLYGA...
Publisistika
Ýurdumyzda tokaýlaryñ ýagdaýy häkimiýetdäki syýasatçylaryñ ýa-da býurokratlaryñ görkezjek bolşy ýaly gülala-güllük däl. Maglumatlar köpçülige dogry-dürs mälim edilmeýär. Maglumatlar belli maksatlar we häkimiýetiñ garamagyndaky aragatnaşyk serişdeleri bilen ýaýradylmaga synanşylyp, hakykatdan üzñe kabul etme (восприятие) emele getirilýär... 1924-nji ýylda gurlan Türkiýäniñ Tokaýçylar jemgyýeti ýaly käbir guramalar birnäçe ýyl bäri şeýle kabul etmelere, toslamalara garşy çykyp, ýurduñ tokaýlary hakda iñ dogry maglumatlary köpçüligiñ dykgatyna ýetirip gelýär. Guramanyñ 2022-nji ýylyñ jemleri boýunça maglumatnamasyna seredeliñ... Häkimiýetiñ wekilleri we býurokratlary garşa tokaý zolaklarynyñ artýandygyny aýdýarlar. Ýogsam bolmasa, AKP-niñ häkimiýet başynda bolan 19 ýylynda (2003- 2021) agaç ekilen jemi meýdan 609 müñ 90 gektar. AKP häkimiýet başyna gelmezden öñki 19 ýylda (1984-2002) agaç ekilen meýdan 1 million 115 müñ 367 gektar. AKP-niñ 19 ýyllyk döwründe ýyllyk ortaça tokaýlaşdyrmagyñ möçberi 32 müñ gektar bolsa, ondan öñki 19 ýyllyk döwürde ortaça tokaýlaşdyrmagyñ möçberi 59 müñ gektar. Ýagny, AKP hökümetleriniñ döwründe şol wagta deñeçer öñki döwre görä has az tokaýlaşdyrma işi geçirilipdir! Aýratynam soñky ýyllarda "industrial tokaýlaşdyrma" ady bilen geçirilýän we öñki tokaý zolaklaryny çyrpma-bejerme işleri-de, täzeden tokaýlaşdyrma işleride tokaýlaşdyrma statistikasyna goşulyp, tokaý zolaklarynyñ meýdany hakyky bolşundan has köp edip görkezilýär. Serediñ-ä, bu gözboýagçylyga... * * * AKP-niñ bu ýalany zol ýanjap durmagynyñ sebäbi Tokaýlar hakyndaky kanuna ýygy-ýygydan üýtgeşmeler geçirip, tokaý zolaklaryny tokaýçylykdan başga (magdan çykarmak işlerinden energetika, turizmden transporta çenli uzaýan giñ ugurlardaky) işlere bölünip, ulanmaga berilmegidir. Diñe 2004-2020-nji ýyllarda bölünip berilen ýer. 494 müñ gektara ýetýär. Özem bu artyş ähli döwürlerde bölünip berilen ýerleriñ 66%-ne deñ boldy. Ynanyp bolmajak artyş... Şu döwürde bölünip berlen ýyllyk ortaça ýeriñ möçberi 29 müñ gektar, soñky bäş ýylda (2016-2020) bölünip berlen ýyllyk ortaça ýeriñ möçberi 39 müñ gektar. Üstesine soñky bäş ýylyñ görkezijisi kowid-19 ýokanjy we bolup geçen düýpli ykdysady krizis şertlerinde boldy. Tokaý zolaklarynda bölünip berlen ýerleriñ pudaklara görä paýlanyşyna seredilende, energetika we magdançylyk pudaklary öñdeligi eýeleýär. 2012-2020-nji ýyllaryñ arasyndaky dokuz ýyllyk döwürde bölünip berlen ýeriñ (51 müñ 663 sany) 44%-e golaýy magdan çykarmak işlerine, 20%-ne golaýy bolsa energetika pudagyna degişli. Meýdany taýdan seredilende bolsa, şol döwürde bölünip berlen 342 müñ 846 gektar tokaý zolagynyñ 37%-e golaýy energetika, 25%-ne golaýy bolsa magdan çykarmak pudagyna bölünip berlen ýerlerdir. Işiñ tragikomiki tarapy, ýagny, doly tokaý bolmadyk bu zolaklar tokaý gorunyñ hasabynda şindizem tokaý hökmünde dowam etmekligidir. Serediñ-ä, bu gözboýagçylyga... * * * Tokaýlara edilýän ýamanlyklary sanap gutaryp bolmaýar. Ýurdumyzda tokaýlar gitdigiçe kiçelip, ownuk böleklere öwrülýär. 2008-2019-njy ýyllarda 10 gektardan kiçi tokaý zolaklarynyñ sany ýüzde 118 dereje artyp, 10-99 gektar ululykdaky tokaý zolaklarynyñ sany ýüzde 11, 100-999 gektar ululykdaky tokaý zolaklarynyñ sany ýüzde 42, müñ gektardan has uly tokaý zolaklarynyñ sany bolsa ýüzde 16 derejede azaldy. Soñky berjek mysalym bilen sözümi jemläýin: Aýratynam soñky ýyllarda odun önümçiliginde bolýan artyşlar zolaklarda, baýlykda we köpelişde bolýan artyşlardan öñe geçen ýagdaýda. Diñe 2017-2021-nji ýyllaryñ arasyndaky bäş ýyllyk döwürde industrial odun önümçiliginde 78,7%, ýakmaga niýetlenen odun önümçiliginde 25,9%, jemi odun önümçiliginde 69,5% artyş bolup geçdi. Hetden aşan derejelere ýeten bu artyş ýurduñ tokaýlaryndaky ýyllyk girdeji-çykdajy hasap boşlugynyñ (дефицит текущего счета) has ýokary derejesiniñ odun önümçiligine öwrülendigini añladýar. 2005-nji ýylda ýyllyk girdeji-çykdajy hasap boşlugynyñ diñe 38%-i odun önümçiligine öwrüldi, bu dereje 2018-nji ýylda 48%-e, 2021-nji ýylda 67%-e ýetip, tokaýlaryñ üstünde agyr odun önümçiligi basyşy emele geldi. Üstesine bu basyş diñe esasy funksional görnüş hökmünde ykdysady öñdelige aýrylan tokaýlarda däl, ykdysady we sosial-medeni öñdelige aýrylan tokaýlarda-da duýlup başlandy. Aýdyşym ýaly, ýazyp gutaryp bolmaýar. Tokaýlarymyz soñky demini sanaýar. Tokaýlarymyz yza çekip uwlaýar. Heý, ol ýerde dadyna ýetişjek ýokmuka! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |