09:33 Şerigata düşünmek | |
ŞERIGATA DÜŞÜNMEK
Publisistika
Günümizde "şerigat" ýaly çylşyrymly we çapraz düşünje az. Sözüñ etimologiýasynda seredilende, yslamdan öñem bolandygy belli. Özem “sari’ah” sözi arapça ýaly ibrany dilinde-de "gidilmeli ýol manysynda ulanyldy. (Geñ galar ýaly zat ýok, iki diliñem köki arameý diline baryp birikýär). Sözüñ manysy boýunça alymlar dürli pikirleri öñe sürdi: Käbirleri "suw üýşmegine barýan ýol", käbirleri "mukaddeslige uzaýan ýol" diýip düşündirdi. Käbirleri bolsa, "haýwanyñ içki organlary bilen pal atmak" manysynda ulanylýandygyny orta atdy. Jedeller dowam edýär... Sözleri dürli-dürli bolsa-da, dini manysyna gelsek, Töwrata, Injile, Gurhana görä, şerigat - Hudaýyñ kanuny... Şerigat sözi hernäçe Allanyñ üýtgewsiz ylahy kanunyna ýüzlense-de, bu boýunça hem dürli-dürlilikler bar: Çünki bu ýüzlenme musulman alymlara görä fykh-yslam hukugy bilen çapraz düşýär! Bir manyda ýüzlerçe ýyllap şerigatyñ praktiki amal edilişi yslam hukukçylarynyñ orta goýan fykhy bilen "wagta" laýyklandy... Hawa, şerigat taryhyñ dürli döwürlerinde yslamda geçginli ýeke-täk hukuk sistemasy bolmady. Tradision sud, syýasat, ykdysadyýet kararlarynda kömekçi "çeşme" hökmünde ýer aldy. Gurhanyñ ýany bilen sünnet, akyl ýöretme-kyýas we awtoritar çeşmesi hasaplanan yslam alymlaeyñ garaýyşlary-ijma esasy gollanmalar hökmünde ulanylyp gelindi we häzirem ulanylýar... Şonuñ üçinem: * * * Häziriñ musulman dünýäsinde şerigata bolan çemeleşmeler uly tapawutlylyklar görkezýär. Mezhepleriñ, toparlaryñ gürrüñine giribem durjak däl. Şonsuzam YŞYD-yñ nukdaýnazaryndan habardarsyñyz: gäbazan terrorçylat şerigaty propoganda guraly hökmünde ulanýar. Eýran, Saud Arabystany ýaly ýurtlaryñ biri-birinden tapawutly şerigat amallaryny bilýänsiñiz. Yrak, Päkistan, Alžir ýaly ýurtlar konstitusiýalaryna şerigaty "kanunlaryñ baş sakasy" diýip goýsalar-da, ahyrky kararlary saýlanan parlament agzalary çykarýar. Sudlarda din alymlary işlänok! A Türkiýe? Ogurlyk edeniñ eli kesilýärmi? Bürenjek atynmaýana jeza berilýärmi? Zyna etmişinde dört sany kämillik ýaşyna ýeten erkegiñ şaýatlygy gözlenýärmi? Dinden çykanlar öldürilýärmi? Prosent (göterimine pul bermek) we alkogol meselesiniñ gürrüñinem etjek däl! Türkiýe dünýewi, hukuk döwleti... Galyberse-de: Strasburgdaky Ýewropanyñ Adam hukuklary boýunça Sudy birnäçe derñew işinde şeeigatyñ "demokratiýanyñ esasy prinsipleri bilen badaşmaýandygyna" karar berdi. Beýleki bir ýanda Kair konferensiýasynda Yslam hyzmatdaşlygy guramasy adam hukuklaryna (gomoseksualizme garşy çykyşy ýaly) diñe yslama gabat gelen ýagdaýynda hormat goýup biljekdigini beýan etdi. * * * Amerikan düşünje guramasy "Pew" ylmy-barlag merkezi tarapyndan 39 ýurtda geçirilen "Şerigat düzgüniniñ bolmagyny isleýäñizmi?" pikir soralşygyna "hawa" diýenleriñ görkezijisi şeýleräk boldy: Owganystan (99%), Yrak (91%), Malaýziýa (86%), Päkistan (84%), Marokko (83%), Bangladeş (82%), Müsür (74%), Indoneziýa (72%), Efiopiýa (65%), Mali (63%), Tunis (56%), Gyrgyzystan (35%), Täjigistan (27%), Albaniýa (12%) Türkiýe (12%), Gazagystan (10%), Azerbaýjan (8%)... Iñ başynda-da aýdyşym ýaly şerigat düşünjesine dogry düşünmek hemişe elmydama boldy, amallary hemişe jedelli boldy. Mysal üçin, Osmanlyda ulamalaryñ şerigat ýoly bilen soltanlygy gysymynda saklamagy, çykarylýan käbir kararlara sözüni geçirip-geçirmändigi ýaly. Emma... Işiñ gözden sypdyrmasyz magnawy tarapy bar: Şerigat diñe kanuny höküm däl - ýurdumyzdaky köp musulmana görä, çuññur we ahlak metafiziki prinsipleri göterýän ýaşaýyş-durmuş manysyna eýe. Klassyky hisbe (hasap) doktrinasy ýaly, Gurhan ýagşylygy ündeýär, erbetligi gadagan edýär. Şeýdibem... Şerigat wagtyñ geçmegi bilen hukuk manysyndan has beter ýurdumyzda "musulman medeniýetini ýaşamagyñ" manysyna öwrüldi... Şol sebäpli-de adamlar şerigata gönükdirip aýdylýan gaty-gaýrym sözleri dinine-yslam gymmatlyklaryna garşy küpür hasaplaýar. Gödeklik nämä gerek. Dürli pikirde bolmagyñyz ne Atatürke, ne-de yslam gymmatlyklaryna sögünip biljekdigiñizi añlatmaýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |