01:06 Şeýtan | |
ŞEÝTAN
Goşgular
Şu gün säher bilen Iş ýerimde işlän bolup otyrkam, Meniñ açyk duran gapymy kakman, Sorap bilinmedik islegme bakman, Şeýtan gelip girdi meniñ ýanyma. Ilki tanamadym, Bilip bilmedim, Näçe agram salsam-da men añyma. Onuñ keşbi, Oñ görnüşi däl eken, Aýdyşlary ýaly şeýtan bir myrtar. Gaýra bu şeýtanyñ şeýtan ýüzünde, Bu çaklar duşmaýan ýiti mähir bar. Edepli ekeni, Gelmedi ol alkymyma dykylyp, Onuñ orny boldy otagyñ künji. Ýöne men özümi oñaýsyz duýdum, Ynjalyk berenok maña bir ünji. Soradym men ondan: Etdimmi ikilik Işimde, durmuşda ýa-da ömrümde Lebzim ýuwutdymmy, adam satdymmy, Wezipe aldymmy Bir kişiniñ aýagyna ýykylyp? Ýa howpdan çekinip, Itdimmi başgany uçut gaýadan Yza çekilip?.. Soragyñ yzyndan sorag ýagdyryp Berýän sowallamdan barýan ýygrylyp. Şeýtan söz gatmady, Köpmanyly garap otyr ýylgyryp. Dymdym öz soragma özüm düwünip, Diñlemekçi boldum şeýtan buýrugyn. Ol bolsa ýerinden galdy-da sessiz, Sorag alamaty ýaly göterdi Ýere ýetip ýatan uzyn guýrugyn. Soñ bir sözem diýmän çykyp gitdi ol, Bu şeýtandan maña bolmady zowal. Müñ soragma derek goýup gitdi ol, Meñ soragma derek ýekeje sowal... Akylyndan aşa düşen bu ynsan, Ynjan ynsabyna diýýärmi şeýtan?! * * * Dünýä bazaryna çykdym men bu gün, Hyrydart bolup juda köp zadyñ. Gözläber, saýlaber islegñe görä Bardyr munda özi, tapsañ bor adyn. Aljakmy sen töläp ýoñsuz bahany Taryh jümmüşinden gelen kitaby. Ynha, datsañ şumerleriñ şeraby, Ýa-da iýseñ faraonlañ gutaby, Bu öwrümde satylyp dur daraklar, Ýasalypdyr olar süñkünden piliñ. Hyrydar bolsañyz - guluñ zynjyry, Zynjyrdanam agyr okuwdyr bilim. Seret, munda geljek, geçmiş satylýar. Gülki, agy, aýdym, Etmiş satylýar. Ömür, ölüm, Gala, gorgan satylýar. Nika ýüzük bilen ýorgan satylýar. Bu zeminiñ üsti, Deñiziñ düýbi, Çaganyñ reñki, Geliniñ düýşi, Akyllyñ agysy, Akmagyñ huşy, Ejizlik satylýar ~ dyzyny epen, Satylýar kepen. Satylýar içgi, Satylýar içki... Bu gyzan bazarda bahaladýan ýok Satylsa-d ynsan, Ynsap Ähli zat satylýar ýalandan, çyndan. Gorkýan ýok bazarda Hudaýdan, jyndan. Sebäbi olañam bahasyn biri, Alandyr el basman, Satýanlaryñ özi özüni bir çak Satandyr ahmal... Bahaladyp gördüm ýeriñ şaryny, Mugt diýdiler, Kime gerek beýle biderek haryt? Başga zat almaga pulum ýetjek däl, Mugt zady almasa meñ ýaly garyp. Özüm bilen el basyşdym, Söwdalaşdym, ylalaşdym, Indi alyp gidýän zemini öýe. Indi ol meniñki, meniñki düşün! Söwdañyzy başga ýerde ediñ siz, Düşüñ... * * * Şu gün seniñ gözleriñde, Bulduraýan gözýaş gördüm. Şu gün seniñ gözleriñde, Goşalandy meniñ derdim. Çogup çykan ahy-nala Diñer ýerde diñmedi Şor damjalañ ýekejesem Ýañagyña siñmedi, Diñe gözüñdäki gözýaş Çekdi meniñ ünsümi. Ýöne seniñ beýle derdiñ Düýnkümi ýa şu günkümi?! Bilip bilmedim ony men, Gözdäki ýaşynda many kän eken. Öñem görünýärdi gözleriñde ýaş, Ýöne oña hiç kim düşünmän eken. Ynha, kyrk ýaşamak gerek ekeni, Kän zatdan ýadamak gerek ekeni Näzden dörän ýaş däl, Bu günki gözýaş Jemlenipdir bar ykbal bir damjada ~ Ýar mährinden ganmakdan Dörän ýaş däl, Bu gözýaşda başga-başga many bar. Ömür hakda bar üýtgeşik çakylyk. Jemlenipdir bar ykbal bir damjada Şor damjada geçen, geljek, bakylyk. Bu zatlaryñ baryn görýän, Ýöne señ gözlerñi görüp bilemok. Ähli zatdan, öz-özümden gabanyp, Hany menu öñki öpen gözlerim?! Syr perdäni, Göter gözden gabagyñ, Gizlediñmi göreçlerñi Bu dünýäniñ şumlugyndan, Ynsanyñ döreden ýagtylygynyñ Älemi bürejek güñ tümlüginden, Meni heläk edýän ähli sowallañ Jogabyn tapaýyn Seniñ göreçleriñ iñ çuñlugyndan... Tanyş alamatlar duşmady maña. Saýgaryp bilmedim, seretdim ýene. Sen meniñ añymda galypsyñ baky Mährem gelin bolup, näzli gyz bolup, Bu gün sen ene! Süpürjek boldum men gözdäki ýaşy, Ýöne gözler gury eken. Kiçijik derdimi gözledim ondan, O gözlerde bolsa giden bir dünýä!.. Ýeriñ öz okundan sypmagy mümkin, Ynsan ene görejine bakmasa Älemi hiçbirzat ýandyryp bilmez, Enäniñ gözýaşy ony ýakmasa. Orazguly ANNAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||