23:09 Şeýtana ýüzlenme | |
ŞEÝTANA ÝÜZLENME
Goşgular
![]() “Etjegem däldim, bu gabahatlygy, Şeýtan ara düşdi, şeýtan azdyrdy”. Günäli saklanan günäkärlerden, Bu sözler kän gezek eşdildi durdy. Ýaradan ýanynda ýazykly şeýtan, Şärikmi sen, şeýle köp günälere?- Ýa-da garadonly edilenmi sen, Töhmet pydasymyň, sebäpsiz ýere!?. Eger şärik bolsaň, kesbiň şu weli - Şärik däl bolaýsaň, halyň-a weýran! Munça töhmet ýükün göterip, çydap, Ýaşap ýörenligňe, şeýtan, men haýran! 2017 ý. *** Iki keçe bilen bir ýorgan-düşek, Ýetmändi atadan oňa başga zat. Öý-işik edinçä, ile ýetinçä, Bil ýazman işläpdi, görüp köp güzap. Öý etdi, goş etdi, ulag edindi, Ýygnady geregin, hoşa-hoşalap. Ogullarna paýlady soň, garran soň, Bar emlägin ýekedenmi, goşalap. Indem goja, özgäň öýnüň künjünde, Ýatýar, turýar, bir garny dok, biri aç. Idegiň ýa harjyň zerur çagynda, Sopbaş özi, bialaç. 2021 ý. *** Arrygyň gynama, aňlatjak bolma, Şygryňda aýlawly pikir aňkowa. Barybir düşünmez, düşünjek bolmaz, Gider çuň manyly pikir-aň howa. Ruhy garyp baý görmeýär ahyryn, Gönüsi nä, aýlowy nä şahyryň! 2019 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |