12:40 Sezar özüni alyp gaçan garakçylardan nädip aryny aldy? | |
SEZAR ÖZÜNI ALYP GAÇAN GARAKÇYLARDAN NÄDIP ARYNY ALDY?
Taryhy makalalar
Ýuliý Sezaryñ ölümi ýaly ömrü-de diýseñ galmagally geçipdi. Şeýle täsin wakalaryñ biri-de Sezaryñ garakçylar tarapyndan alnyp gaçylmagydy Ýuliý Sezar diýlende, ilki bilen taryhyñ iñ meşhur kast edişligi ýada düşýär. Brutyñ psihologiýasyny we kast edişligi "Ýuliý Sezar" pýesynda Uilýam Şekspir ussatlyk bilen suratlandyrýar. "Nämüçin Rim egilmeli, Bir adamyñ öñünde? Heý, Rimem eglermi... Birwagtlar Tarkwiniý şa bolanda, Ata-babalarym ol zannyýamany Rimden çykarypdylar ahyrsoñunda". Sezara garşy üýşen topar biri-birine hyýanat etmezlik üçin kasam etmäge Brutyñ öýüne jemlenende, Brut muña garşy çykýar: Ýok, ant içmek gerek däl, Eger herimiziñ ýüz sypaty Ruhumyzyñ çekýän ezýetiniñ Bu deñsizligiñ we bikanunçylygyñ garşysynda bizi birleşdirmäge ýetmeýän bolsa - Hemmeler öýüne we ýyljak ýorganyna dolansyn". (Uilýam Şekspir / "Ýuliý Sezar") Soñ Sezaryñ 23 gezek pyçaklanan hadysasy bolup geçýär. Şekspiriñ galamyndan çykan "Senem Brutmydyñ? Onda tükger, Sezar!" sözleri-de hakydalara siñipdi. Brut hernäçe iñ uly dönük bolup ýatda galanam bolsa, beýle pikir etmek ýalñyşdyr, sebäni Sezaryñ doly ygtyýarly wekili Publiý Korneliý Dolabella hem dildüwşüge gatnaşýanlar bilen bile hereket edýärdi. Ýuliý Sezar Şeýle-de halka Sezaryñ öldürilendigini mälim edýän habarnamany okan Lusiý Korneliý Sinna hem Sezaryñ jana-jan garyndaşydy. Dildüwşükden soñ kast edişlige gatnaşanlar halkyñ özlerini uly joşgun bilen garşylamagyna garaşdy. Hatda Brut köpçüligiñ öñünde okamak üçin uzyn nutuk hem taýýarlady. Gaýtam tersine boldy, halk köpçüligi birdenkä dolup-daşdy, kast edişlige gatnaşanlar janyny diñe gladiatorlaryñ goragy astynda Kapitoliý depesine çekilip halas edip bilipdi. Siseron dildüwşügi goldaýanlaryñ biridi, ýöne ol jenaýata gönüden-göni gatnaşyp bilmändi, çünki şol wagt ol sürgündedi. Ol bu habary eşden badyna Mark Antoniniñ öldürlip-öldürilmändigini sorapdyr, ölmändigini bilibem haly beter teñ bolupdyr. Rim uly graždanlyk urşuna iterildi, ahyrynda dildüwşükçiler ýeñlip, respublika ýatyryldy. Ýerine imperiýa guruldy. Sezaryñ arzuw-hyýallary onuñ ölümi bilen wysal tapdy. Ýuliý Sezaryñ ölümi ýaly ömrü-de diýseñ galmagally geçipdi. Şeýle täsin wakalaryñ biri-de Sezaryñ garakçylar tarapyndan alnyp gaçylmagydy. Ýuliý Sezaryñ alnyp gaçylmagy • Ýuliý Sezaryñ alnyp gaçylmagy Ortaýer deñzi düýnden şu güne çenli garakçylar üçin jennet bolup geldi. Köp sanly adaly we dilkawly kenarly portlaryñ ýerleşen Ortaýer deñziniñ deltasy garakçylara möhüm artykmaçlyklary berýärdi. Ele salynjak gäminiñ duzaga düşürilmegi ýa-da deñiz duzagyndan soñ gizlenmek üçin Ortaýer deñziniñ kenarlaryndan amatly ýer ýokdy. Şeýle-de strategik düşelgeleriñ bolmagy-da hereketiñ işjeñ bolmagyny üpjün edýärdi, bulam öz gezeginde söwda gämileriniñ üstüne dökülmegi añsatlaşdyrýan faktorlaryñ biridi. Şeýle ýagdaýyñ netijesinde, taryhda häzirki Egeý deñziniñ Günbatar Anadoly kenarlaryndan Ispaniýanyñ, Alžiriniñ kenarlaryna çenli aralykda deñiz garakçylarynyñ tory emele gelipdi. Rim döwründe bu garakçylyk hereketleriniñ başyny çekijiler kilikiýalylardy. B.e.öñki 75-nji ýylda rimli ýaş ýigit Ýuliý Sezar hem garakçylar tarapyndan alnyp gaçyldy. Ýuliý Sezaryñ alnyp gaçylmagy Rodos adasyna bilim almaga giden Sezar heniz Rimiñ häkimi däldi, emma tanymal maşgaladan çykan aristokrat ýigitdi. Garakçylar geýnüwli we garamagynda adamlar bolan ýaş ýigidi öweztölegi tölemek şerti bilen alyp gaçdy. Garakçylar şol döwür üçin ep-esli baýlyk toplap bolan 20 talant kümüş pul getirilmegini talap etdiler, emma Sezar muña garşy çykyp, azyndan 50 talant almajlaryny isledi. Garakçylar muña geñ galanam bolsalar, zamunyñ teklibi bilen ylalaşdylar. Öweztölegiñ gelip ýetmesi we gowşurylmasy birnäçe hepdä çekdi. Ýuliý Sezaryñ kyrk güne çenli garakçylaryñ elinde galandygy çaklanýar. Şol geçen wagtyñ dowamynda Sezar garakçylary öz täsiri astyna alyp, ýesirden zyýat özüni garakçylaryñ hojaýyny ýaly alyp barypdyr. Ol garakçylar bilen maşk edipdir, gürleşipdir, hatda gahary gelende gygyrmakdanam çekinmändir. Garakçylar taryhyñ iñ beýik diktatorynyñ bir aýdanyny iki gaýtalatmaýardylar. Ýuliý Sezar garakçylara azatlyga çykandan soñ hut özüniñ gaýdyp geljegini we hemmesini daragajyndan asyp öldürjegini aýtmakdan çekinmändir. Garakçylar muny gury haýbatdyr öýdenem bolsalar, bu aslynda Ýuliý Sezaryñ niýetinde bolansoñ, garşysyndakylara niýetini aýdypdyr. Sezar munuñ bilen birlikde tölän puluny-da artygy bilen garakçylardan aljagyny aýdypdyr. Ahyrsoñy ýaş ýigidiñ öweztölegi gelipdir we ol boşadylypdyr. Ýuliý Sezar aryny almak üçin Ortaýer deñzinde kilikiýaly garakçylaryñ söbügine düşüpdir we az wagtyñ içindd hemmesini ele salypdyr. Garakçylar zynjyra baglanyp Bergama şäherine äkidilipdir. Bergamadaky Aziýa boýunça prokonsul Mark Ýuniniñ eline berilen garakçylara ölüm jezasy berilýär. Sezar 50 talanty-da garakçylardan artygy bilen alypdyr. Ýuliý Sezar Bergamadan gaýdandan soñ Ýuniý garakçylary öldürmegi goýbolsun edipdir, muny eşden Sezar yzyna gaýdyp gelipdir. Ol garakçylaryñ bagyşlanyp, gul edilip satylmagy hakdaky pikirlere berk garşy çykypdyr. Ahyrynda garakçylar agyr gynamalardan soñ daragajyndan asylyp öldürilipdir. Ýuliý Sezary alyp gaçan kilikiýaly garakçylar eden ýalñyşlyklarynynyñ bahasyny şirin janlary bilen tölemeli boldular. Sezar entek ýaş ýigitkä-de, özüniñ nähili hötjet, özdiýenli adamdygyny görkezipdi. Plutarh Rim halkynyñ bu özdiýenli we tutan ýerini goparmasa yzyna gaýtmaýan adama çokunarlyk derejede örklenmegini şeýle tankydy sözler bilen beýan edýär: "Ujy zäherli pyçak deýin howply Rimiñ ser-sepil we aç-ýalañaç jemendeleri belli bir wagtdan soñ hemme zady Sezardan tama edip, azatlyga bolan umytlaryny diñe şoña bil baglar ýaly ýagdaýa geldiler". Mehmet MAZLUM ÇELIK. Şenbe, 15.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |