08:58 Sifrowoý ogurlyk! | |
SIFROWOÝ OGURLYK!
Publisistika
Emeli añ sistemalaryny ähli romanlardan, ylmy-barlaglardan, ensiklopediýalardan, pýesalardan aýyrsak (sesli we şekilli ýazgylar hakda-ga aýdybam durjak däl), onuñ elinsw size akylly teklipleri berer ýaly näme galar? Günbatarda pikir we sungat ugrunda hususy eýeçilik hukugyny kepillik astyna alýan berk kanunlaryñ we serenjam beriji edaralaryñ bardygyna garamazdan, emeli añ wagtynyñ akymy ähli kanuny çäklendirmeleri ýer bilen ýegsan etjege meñzeýär. "Tagt oýunlary" ("Game of Thrones") romanlar tapgyrynyñ awtory Jorj R.R.Martin we beýleki ýazyjylar ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatyndaky "Open AI" kompaniýasynyñ üstünden arz etdiler. Fransiýanyñ "AFP" habarlar agentligi ýazyjylaryñ kompaniýany çeper eserleri pikir eýeçilik hukuhyna eýermezden "ChatGPT" programmasyny kämilleşdirmek üçin ulanmakda aýyplaýandygyny habar berýär. Olar Nýu-Ýorkuñ federal sudunda arza boýunça açylan derñew işinde bu kompaniýany döreden eserleriniñ dil modelini, ýagny özünden soralan her bir soraga jogap hökmünde her dürli teksti taýýarlap bilýän "ChatGPT" programmasynyñ goldanýan emeli añ tehnologiýasyny taýýarlamak üçin "birugsat" peýdalanmakda aýypladylar. Belkäm, käbiriñiz geñ galyp ýa-da munuñ öte çişirilen we klassyky awtorlaryñ eýýamyñ ösüş ruhuna hem-de diline garşy "barlyşyksyzlygydygyny" pikir edip biler. Emma has ýakyndan seredenimizde, emeli añ sistemalarynyñ edýän işiniñ has öñki işleriñ we maglumatlaryñ sistematiki, gizlin, akylly görnüşde ogurlamakdygyny göreris. Edilen işler we alynan maglumatlar gözleg enjamyna girizilýär, bu enjamam öz gezeginde alan zatlaryny syrly çanagynda dürüşde edýär se yzyndanam her kimiñ islegine görä "tagam" ýa-da "içgi" hökmünde hödürleýär. Şeýdibem pikir eýeçiligine bolan hukuk gümüne gidýär. Ýazyjylaryñ adyndan arz eden aklawjylar "bu algoritmlediñ köp derejede sistematiki ogurlygy öz içine alýandygyny öñe sürýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, aklawjylaryñ werziş bolnan her tüýsli mekirlikleriniñ we hileleriniñ bardygyna garamazdan, şu gezek olaryñ hakykatyñ we mantygyñ tarapynda çykyş edýändiklerine hiç hili şübhe ýok. Emeli añ sistemalaryny ähli romanlardan, ylmy-barlaglardan, ensiklopediýalardan, pýesalardan aýyrsak (sesli we şekilli ýazgylar hakda-ga aýdybam durjak däl), onuñ elinsw size akylly teklipleri berer ýaly näme galar?!. Şol sebäpli ahlak gymmatlyklaryndan söz açmagyñ we edebiýat ogurlygy hakda akyl bermegiñ ýerine şeýle gözleg düwmelerini öndürýän kompaniýalary döredijilik işgärleriniñ eserlerini mugtuna ogurlaýandygy üçin pul tölemäge mejbur etmek gerek. Soñra emeli añ bilen işleýän şeýle düwmeleriñ müşderileri üçinem olardan ep-esli mukdarda pul almaly, çünki olar diñe kiselerinden pul çykyp başlanda ýola gelerler! Bu pudagyñ käbir liderleri-de eýýämden muny duýup başlana meñzeýär, baryp sentýabr aýynyñ başlarynda "Microsoft" döredijilikli emel añ serişdelerini ulanmak arkaly işlenip düzülen mowzuk boýunça awtorlyk hukugynyñ bozulandygy sebäpli üstünden arz edilen müşderilerini kanuny taýdan gorag astyna aljakdygyny mälim etdi. Emma munuñ olara peýdasy degmese gerek. Eger dünýäniñ döredijilik adamlarynyñ bu global hukuk we ahlak mazmunly hereketi ugruna bolsa, sifrowoý ogrularyñ öñüne taýak oklanar diýip pikir edýärin. Zamanabaplygyñ we döwrüñ ruhuny oñlamagyñ hatyrasyna işleri düzgünleşdirýän gymmatlyklary depgilemek, hasam beteri hakyky döredijiligiñ "ruhuny" öldürmek nädogry. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 26.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |