00:27 Sintaktik gutlag | |
SINTAKTIK GUTLAG
Goşgular
Ömür bolsun sintaktika, Tertip bolsun taraşlysy. Esasy söz özüň bolup, Ykbal bolsun garaşlysy. Rysgal bolsun doldurgyçdan, Kemlik gitsin aýyrgyja. Habar agyr gelse-de soň, Eýe bolsun haýyrlyja. Erkin bolsun maksadyňyz, Durmuklylyk ýar bolsun. Her kişili gatnaşykda, Ylalaşma täri bolsun. Ýaýbaňlansyn goý, adyňyz, Ýönekeýlik ýoly bolsun. Saçagňyzda halal çörek, Doly söz deý doly bolsun. Inkärleýjä baglanmaň köp, Tassyklaýjy gözlenerler. Ykbal gülüp bakar şonda, Hoş söz bilen ýüzlenerler. Ýüzlen: sorag, buýruk, habar, Isle bolsun ümlük bilen. Ýöne welin baş agzalar, Gelsin hemmä deňlik bilen. Ýekelik bir Hudaýyňky, Goşa boluň wagty bilen. Bagtdan paýly ösüp-örňäp, Perzent bolsun bagty bilen. Hal-ahwalat şatlyk bolsun, Durmuş bolsun estetika. Ähli zatlar ýerbe-ýerli, Ömür bolsun sintaktika. • Bolmasyn Tutuş älem hem-de kalp, Aýak yzdan torç bolsun. Arzuwlar ýylmanak däl, Örän-örän berç bolsun. Durmuş bolsun manyly, Bethoweniň sazy deý. Niýetlermiz päk bolsun, Ynsanýetiň özi deý. Beklenmesin göwünler, Gahar gapy ýapylsyn. Durmuş manysyz bolar, Göriplerem tapylsyn. Şor alsa-da ýerleri, Güllesin goý, bakjasy. Esasy sütünleriň, Köp tapylsyn sakçysy. Kalplary ýyladalyň, Hiç bir sowuk almasyn. Dilegim, bar zatlaryň, Bolsadysy bolmasyn. * * * Geljegiňiz päklik bolsun, Ak gar kimin aklyk bolsun. Täze ýylda rysgyňyzda Ýok zadyňyz ýokluk bolsun. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||