22:14 Sionist, enozis we kommunist | |
SIONIST, ENOZIS we KOMMUNIST
Publisistika
Erdogan penşenbe güni Gresiýa gidýär. Afiny bilen gatnaşyklarymyzyñ elmydama diýen ýaly "ýarym bulutly" bolandygy syr däl. Grek metbugaty Erdoganyñ gelişine uly ýer aýyrýar... Köpüsi duşmançylykly pikir bilen ýazylan teswirleri okap durkam, birden "Palestinanyñ Kommunistik partiýasy 1919-1948-nji ýyllarda. Internasionalizm göreşinde araplar we jöhitler" kitaby ýadyma düşdi. Kitabyñ awtory arap syýasatşynasy Birzeýt uniwersitetiniñ mugallymy Musa Budaýri... Bir göräýmäge degişli ýeri ýogam ýaly. Kiprden başlap ýazaýyn: Kiprde-de güýçli kommunistik hereket bardy. Olar iñlis kolonializmine garşy göreşýärdiler. Mysal üçin, iñlisler 1931-nji ýylyñ kommunistik gozgalañyny zordan basyp ýatyrdy. Türk, rum kommunistleri Kiprde 1941-nji ýylda "Zähmetkeş Halkyñ Täzeleniş partiýasyny (AKEL) gurdy. Angliýa partiýany kommunistleriñ gurandygyny bilýärdi, emma uruş ýyllarynda umumy duşmanlary bardy: nasistler! Uruşdan soñ bu ýaranlyk dargady. Grek kommunistleri (ELAS) we kiprli kommunistldr (AKEL) imperialistik Angliýany adada görmek islemeýärdi. Angliýa AKEL-iñem hut Gresiýadaky ELAS ýaly ýaragly göreşe girişmeginden çekinýärdi. Üstesine AKEL adada epeý güýçlüdi... Iñlis "Gladiosy" bu syýasy güýji böldi. Rumlary kommunistlere we nasionalistlere böldi. Yzyndan rumlar bilen türkleri biri-birine duşman etdi. Türk-rum kommunistleriniñ parçalanmagy munuñ üstüni ýetirdi... Maksat bellidi: Iñlisler Kipri şeýle bir böleklemelidi welin, adada hiç bir tarap iñlis agalygyna howp abandyrjak güýçde bolmaly däldi... * * * Ine... Musa Budaýriniñ kitaby Kiprde bolup geçenleriñ meñzeşini hamana Palestinanyñ üsti bilen gürrüñ berýäne meñzeýär! Kitaby okanyñyzda hut Kiprde bolşy ýaly Palestinada "bir bitewi döwletiñ" nämüçin bolmandygyny, gurulmandygyny añlaýarsyñyz... Düzüminde jöhit işçileriniñem bolan Palestinanyñ Kommunistik partiýasy "kapitalistik hereket" diýip kesgitlän sionozmine hemişe garşy çykyp geldi. Sionozmoñ iñlis imperializmi bilen bähbitde bileleşýändigini öñr sürdi. Kommunistler sionist-jöhit bölünişiginde hemişe eserdeñ hereket etdi. "Ähli ezilen halklar imperializme garşy bileleşmelidi". Maksat iki dini ynanja-da deñ göz bilen garaýan, adyl ykdysady düzgüne esaslanýan, arap-jöhit öñbaşçy işçiler synpyny gurmakdy. Emma iñlisler milletparazlyk, jynsparazlyk, dini oñşuksyzlyk ýaly agzalalyklary orta salyp, tradision arap liderlerini we sionistleri biri-birine gyrdyrmagy başardy. Bu ýagdaý kommunistlere-de täsir etdi... "Bir bitewi döwlet" ideýasy wagtyñ geçmegi bilen ýerini "iki döwletli" formula berdi. Kommunistik "El-Ittihada" çenli arap-jöhit jemgyýetleri biri-birinden doly üzñe ýaşaýandygy üçin bölünmegiñ gutulgysyzdygyny ýazdy. "Birleşen Palestina" şygary towsa göterildi... Diñe palestin topraklary däl, eýsem sionizmi yzagalaklyk, Arap bileleşigini-de "imperializmiñ ýumuş oglany" hasaplaýan kommunistlerem bölündi: FKP, KFP, MAKI, RAKAH, RATZ, PCRP ýaly atlar bilen böleklendi, synpy göreş ýatdan çykaryldy, iñ ýamany-da internasionalistik pozisiýa towsa göterildi. Arap-palestin we jöhit kommunistleri şowsuzlyga uçrady... * * * Palestinada bolup geçenler Kiprde hem bolup geçdi: Birinji jahan urşundan öñ we uruşyñ dowam edip duran ýyllarynda iñlisler Palestinada näme eden bolsa... Ikinji jahan urşundan öñ we urşuñ dowam edip duran wagtynda iñlisler Kiprde şonuñ ýaly pyssy-pyjurlygy gaýtalady: "Agzyny alart-da, höküm sür!" Sözümi jemlär bolsam: Palestin-jöhit topraklarynda häzir "bir bitewi döwleti" öñe sürýänlere geñ galyp seredilýär. Bu ideýa utopiki hasaplanýar... Palestinada ugruna bolup gidibermedik zat Kiprde-de bolmady, boldurmadylar. Şu güne geler bolsak: Palestinada ençeme ýyllap dökülip gelinen gany görmek islemeýän grek faşistleri şindizem Kipri dillerine çolap, Türkiýä we Erdogana dil uzadýarlar. Imperializmiñ halklary bölekleme ideologiýasy bolan sionizm bilen enozisiñ biri-birinden tapawudynyñ ýokdugyna düşünmek islemeýärler. Özenine siñe seredilse, bu ideologiýanyñam biri-birine duşmandygyny görmek mümkin! Palestinada, Kiprde bolşy ýaly faşizm halklaryñ arasynda diñe duşmançylyk tohumyny sepeleýär... Eýsem-de bolsa... türk, arap, grek, jöhit, kürt we beýlekiler dost-dogan bolup yaşamaga mejburdyrys. Gazada bolup duran zatlary görüp otyrsyñyz-a... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |