15:13

Şirhan näme diýýär?

Edebi tankyt
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 587 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

A.M.Gorkä hat - 19.10.2024
Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024
Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024
Söýginiň tarypy - 14.10.2024
Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024
Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024
Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Bagabat  
43
Waleýkim essalam, Şirhan.
Gurbannazar Ezizow bir sapar Mämmet Seýidiň ýanynda özüni: "prozalaç ýazýaň" diýip kän kötekleýänlerini aýdyp zeýrenjek bolupdyr. Şonda Mämmet aga:
-Miwesiz agaja daş atylýan däldir, inim! Mynasypsyň bellik aýdýandyrlar...-diýipdir.
Belki şol gürrüňden soň Gurbannazaryň meşhur: "meniň öz ýaşyma uly baham ýok, ony kesgitlejek zaman bar" diýen setirleri dörändir.
Şirhan, ýazmak işinde hiç haçan kimdir biriniň bellik aýdany ýa-da tankytlany üçin "düzelmäge" dyrjaşma. Näme diýseler oka, dogry netije çykar: Belligi aýtmak bilen nämäni göz öňünde tutýarlar? Nämüçin şony diýdiler? Nädip diýdiler? Diýlen zadyň birinji gatlagynda näme bar? Ikinjisinde, üçünjisinde...on ýedinjisinde...Asla şo gatlaklar barmy bir ýa-da sen "suw görmän tamman çykaryp" otyňmy?...Umuman durmuşda her bir zadyň şeýlebir köp gyraňy bar. Ýöne şol birwagtda-da hiç zady sebäpsiz ýerden çylşyrymlaşdyrmaly dälmikä diýýän. Rus gardaşlarymyz aýdýar-a: "Будь проще и люди к тебе потянутся".
Ol seniň diýýän "çalt ýazyp gutarmaga howlukmaçlygyň" bolsa, "döredijilik sabyrsyzlygy" her bir ýazýan adama mälimdir. Oňa-da sabyr etmeli. On-onbäş ýyl üznüksiz ýazsaň, ol sabyrsyzlyk ýuwaş-ýuwaş kütelişýär...Kütelişýär, ýöne hiç haçan aýrylmaýar...Bü edil çagasyny bahymrak öz synasyndan çykaryp, ýagty dünýä getirmäge howlugýan enäň bolşy ýaly bir zat-da.
Özüňe minnetdar.
Janyň sag bolsun!

0
2 Bagabat  
43
Biziň-ä @Haweran, seň özüňden tamamyz ýaman uly!
Ýöne, ýaltalygyň tutýan döwri gaty uzaga çekdimi nämemi, ödäňok ("wäpçe ýazaňok" diýjek bolýan). Diňe oruzža goşgulary kopipastlap ýatyň :-).

0
4 Bagabat  
43
@Haweran, Nişsäni gaty oňarýaň. Häzir özüňe-de, ýagny döredijiligiňe düýpli täsir edermikä diýýän (terjimäň döredijilige nähili täsir edýändigini, ýalňyşmasam :-) biri bir ýerde ýazypdy öýdýän :-)).
Ýöne men senden nämä garaşýan?
Şuny gaty çynym bilen aýdýandyryn: Wergiliýiň "Eneida"-syna, Gomeriň "Odisseý"-iniň Aidiň patyşalygyna düşýän bölegine, Dante Aligýeriň "Ylahy komediýa"-syna çalymdaş sýužetli, türkmen edebiýaty, şygryýeti üçin üýtgeşik bolan temadaky bir zada. Özem şeýle sýužetli zat seň "öz-özüne-de, dünýä-de, adamlara-da dişini gyjap duran, gaharjaň, gyzma, çoýun jümleleň, setirleň" bilen ýazylsa, şeýle sýužetiň ruhuna gaty gowy şap bolarmyka diýýän.
Aradaky "semaly" synda şuny belläýin diýip, kellämde stikerem goýupdym welin, soň şo stiker gaçyp galaýypdyr. Ine şumat ýadyma düşdi. Ara salym salmanam, gyzgyny bilenem aýdýan.
Bü seljerme-synlar meselesinde bolsa şu aşakdaky pikirlerden ugur alýan:
1.Özümiz özümizi seljermesek, goldamasak, Alfa Sentawradan uçýan tärelkajykly ýaşylja adamjyklar gelip bizi goldamazam, bize hiç zat öwretmezem;
2.Tejribe alyş-çalşygy bolmasa, jemgyýetçilik işjeňliginiň hiç görnüşinde-de ösüş, özgeriş bolmaýar;
3.Käwagt aýny wagtynda hem ýerinde aýdylan bellik, belki ýerliksiz aýdylan müň boş öwgiň, biderek gepiň öwezini tutýarmyka diýýän (belki, meňem belliklerim aýny wagtynda hem ýerinde aýdylan bolsun-da);
4.Entek nesip bolsa seljerme-synlary ýazmagy dowam etjek. Şygryýet boýunça-da, kyssa boýunça-da.

0
5 Haweran  
411
"Semaly" makalany oñlamok (dogrusy özüm hakdadygyny [diñe dagly suraty göremde, ýüregimiñ ýerinden gopuşyny diýsene, nädip, nirden ýürekasty ýürege täsir edip biljek suraty tapybildiñiz] bilip okamadym, öwgä bolamok, uçup ýörmäýin soñ) ;) (elbetde, minnetdar).
Beýleki galamdaşlar hakda ýazylanlar welin, berlen bahalaryna añryýany bilen mynasyp. Şeýle synlar ýazylmaly. Bu öz-özümize baha bermek däl.

0
6 Bagabat  
43
Alada etme, inim, uçup bilmänjik geçäýersiň, derrew aýagyňdan ýapyşjak tapylar-la.
Ol makalada-da, beýleki seljerme-synlarda-da aýdylan zatlary öwgi diýip hasaplamok. Öň şol synlaryň özünde-de belledim: Bu meniň şahsy pikirim. Kim has gowy delillendirip, başgaça ýazsa - baş üstüne! Isleýänimem şol. Damjadan - sil döreýär. Belki, meň damjajyklam, täze seljerijileriň "silini" döretsin-dä.
Öwülmek-döwülmek meselesinde bolsa, Türkmen agaň aýtmadyk zady ýok: "Suw akar - daş galar". Bu aýtga salgylanmak bilen diýjek bolýanym, ýeňles, binýady boş, güwlempaç jümlelerden doly hemme zady durmuş bulagy syryp-süpürip alyp gidýär, hanada diňe dag harsaňlary deýin agyr, durmuş akymynyň süpürip, togarlap äkitmäge güýji ýetmedik zatlary galýar.
Şol synlaň birinde-de belläpdim: Ol synlar "subýektiw zatlar hakda mümkin boldugyndan obýektiw nukdaýnazar" diýip.

0
7 Bagabat  
43
O haýsydyr bir makalany oňlamak-oňlamazlyk hakda bolsa, "dile geldi bile geldi" aýdyp galaýyn: Edebiýat mugallymasy jigimiziň "seslenmesini" bir ýerden tapyp soramanjyk saýta düňküldedip göwereňde menem begenjimden uçup gidendirin öýtmegin, inim!
Birküç günläp saýta girmäge ýaýdanyp, birhili bolup gezipdim.
"Bäh, indi okyjylar bilen arkaýyn pikir alşybam bolmaz-aý! Näme teswir ýazsam ýa-da hekaýa ýazsam kesä çekip, ýaňsylap durarlar-ow!" diýen howatyr bilen.
Ol seslenmäni okadym. Näme ýazylany gyzykly boldy. Öz ýazan zatlarymy monitoring etmek üçin. Ol seslenmede teswir galdyranymam, mugallyma jigimiň zähmetine bibaha, sowuklaç garan bolup, deňesinden jyňkymy çykarmadyk, edilen işi görmedik bolup geçmäge ynsabym çatmady.
Umuman şeýleräk.
Onsoňam ýene-de bir zat özümizi okaýanlaň biz barada pikirini göz öňünde tutmajak bolsak, olaryň pikirine kembaha garajak bolsak, olaryň edýän işimiz üçin bize bildiren minnetdarlygyndan ýene-de zähmet çekmäge güýç-kuwwat almajak bolsak - onda belki biz özümize laýyk pişe bilen meşgullanýan däl bolaýmalyň?!
Şunam göz öňünde tutmaly.

0
9 Haweran  
411
Edebiýat mugallymasy gelnejemiz okuwçysynyñ üsti bilen makalasyny ugradypdyr saýtda paýlaşylmagyny haýyş edip. Bolşy-bolşy ýaly, ýeke harpynam redaktirlemän, okyjylara ýetirildi. Kimden rugsat almaly, sizdenmi agam?. :)
Hem oña jigiñiz diýýäñiz welin, siz deñ-duş bolaýmasyn, baryp talyp döwri siziñ gazetde çykan hekaýalaryñyzdan söz açýar.

* * *

Siziñ hemme aýdanlaryñyzy makullaýan, agam. Okamadym diýmegimiñ sebäbi, özüm bilen baglanyşykly. Elbetde, özüñe berlen syna jogabam bermeli, pikirem alyşmaly, ýeri gelende minnetdarlygam bildirmeli. Muña sowuklyk diýibem düşünmäñ. Meñ ü.n-ä Siziñ şu saýtda günde-günaşa girip-çykyp, bizden has köp tagalla edýäniñiz, öz ýazanlaryñyzy we beýlekileriñkini okyjylar bilen paýlaşýanyñyzam dünýäñ malyna degýär. Sylag-hormatym çäksiz we minnetdatlygym ýürekdedir, agam.

0
10 Bagabat  
43
"Soramanjyk" diýenim-ä ters düşünme! "Rugsat almak" diýen manyny göz öňünde tutmadym. Bu saýta näme goýsaňam-goýmasaňam - ol siziň öz hususy zadyňyz. Kimdir biriniň emlägine dawam ýok-la. Ýöne "soramanjyk" diýenimde, özüm hakda käbir şahsy maglumatlaň ýazylany gatybir maňzyma batmady.
Olam näme, belki özi bilenini paýlaşmak isländir.
Ýazanlarym hakda näme ýazsalaram känbir parhyma däl-le. Sebäbi, eger-de ýazanlaňňy okatmajak bolsaň, olar barada aç-açan pikiri diňlemejek bolsaň, onda nämüçin ýazjak?
"Jigimiz" diýenim bolsa, ýazanlaryndan çen tutuşyma görä, menden üç-dört ýa-da azyndan iki-üç ýaş kiçi bolmaly. Sebäbi men mugallyma jigimiziň diýýän wagtynda okuwa giç girendigim sebäpli, beýleki talyplardan bäş-alty ýaş uludym. Çagaly-çugalydym.
Hormatyňa minnetdar. Saýtyň özüme ýetiren peýdasy barada bolsa özüňe aýdypdym, habarlysyň. Diňe şü edebiýaty jany-teni bilen eý görýänleri bir ýere çugdamlap, olaryň özara pikir alyşmagy üçin wirtual münber bolup hyzmat edýäni nämä degenok.
Sag bol.

0
8 Bagabat  
43
Öz döredijilikleri hakda syn-seljermeleri ýazan hemme jigilerime, inilerime-de aýtjagym (ýaşyňyz kiçidigini bilemsoň, “inim-jigim” diýýänimi aýyplaşmaň), aýtjak zadym:
“Aý dogsa Älem görer”. Bu bir.
“Ýürekden çykan söz ýüreklere ýol tapar”. Bu iki.
“Siziň ýüregiňizden çykan sözler, meň ýüregime ýol tapdymy?! Belki, meniň janymdan syzdyryp ýazan sözlerimem siziň ýüregiňize, aňyňyza ýol tapyp, olar, size edýän işiňizde azda-kände goldaw hem tekge beriji maslahat bolsun-da!”. Bu-da üç.
Üçden soňam puç :-).

0
3 Bagabat  
43
@Nurdan, jigim, ruslar: "Обещанного ждут три года" diýýäler.
Belki, @Şirhan, bu aýtgydan habarly, üçünji ýylyňam dolaryna garaşýandyr?
Gurbannazar diýýä: "Näme bolsa-da ýagşylyga ýor" :-).
Ruslar diýýä: "Надежда умирает последней" :-).

0
11 Shapak_A9602  
1502
Şirhanyň hekaýalary köplenç fantastiki we gyzykly. Ylaýta-da Syrlar acylan gijesi gyzykly. Bir ýerde Çoganlyda ýerleşen hassahanadaky gorkunç wakaly gysgarak hekaýa okadym. Awtory ýazygsyz eken. Näme üçindir şol hekaýa hem Şirhanyňkydyr öýtdüm.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]