05:10 Size soragym bar | |
SIZE SORAGYM BAR
Publisistika
Jahyl sindromy (Danning-Krýuger effekti) diýip, hemme zady bilýändirin öýdýän we muny ýeri bolsa-bolmasa agzap ýören kemsowat adamlara aýrylýar! "Men sen hakda hemme zady bilýärin"... Hemme zady bilýändirin öýdýänlere hakykaty düşündirmek kyn. Muña ýeke sözde "jahyl batyrlygy" diýilýär. Diñe teleýaýlyma çykýan käbir ýañra kelleleri göz öñüne tutýandyr öýtmäñ. "Alym" statusy bilen ýazylan käbir kitaplarda-da anyk faktlara esaslanmaýan tarapgöýlük bar. Meselem, Atatürk rewolýusiýalaryny zamanabaplygyñ daşyna çykaryp, günbatarçylyk (ýewropalaşmak) hökmünde görkezmegiñ sebäbi propoganda etmekdir. Haýp. Size şuny soramak isleýärin. Aşakdaky maglumatlar haýsy lideriñ döwründe okuw kitaplarynda bardy: "- Osmanly gaýy boýunyñ köki mongol çozuşlary sebäpli Horasandan Anadola gelen türk(men)lere baryp direýär... - Osmanlynyñ çagşama müddeti 1683-nji ýylyñ Wena söweşinde "Mukaddes bileleşigiñ" garşysynda uçralan ýeñlişleriñ we ilkinji ýer ýitgileriniñ bolup geçen 1699-njy ýylyñ Karlowiskiý ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylmagy bilen başlanýar... - Osmanly-Russiýa uruşlary we Ýewropa döwletleriniñ garşysynda alynan ähli ýeñlişlere sebäp içerki meseleleriñ düýp sebäbi: Selim III-iñ (1789-1807) we Mahmyt II-niñ (1808-1839) modernistik çemeleşmeler bilen üýtgedip gurmak synanyşyklaryna garamazdan, ýanyçarlaryñ kakabaşlygy, aýanlaryñ (baýarlaryñ) döwlete bolan wepalylyk we ygrarlylyk duýgularynyñ gowşaklygydyr..." Osmanly taryh dersini uzadyp oturmaýyn... * * * Galyberse-de: Okuw kitaplarynyñ ýene bir umumy pikiri: 1839-njy ýylyñ "Tanzimat" reformalary we onuñ netijeleridi. Osmanlynyñ ykdysady-medeni döwrebap zerurlyklarynyñ kemala getirilmeginde "Tanzimat" döwründe durmuşa geçirilen reformalaryñ esas bolandygy babatda konsensusyñ güýji bardy... Gaýtalap soraýaryn: Şeýle modernistik pikir ylalaşygy haýsy lideriñ döwrüniñ okuw kitaplarynda bardy: Anyk bilýärin, köpçüligiñ aglabasy "Atatürk" jogabyny berer! Ýok, ýalñyşýarsyñyz: Bular 1876-1909-njy ýyllaryñ osmanly taryhy boýunça okuw kitaplarynda bardy! Ýagny, Abdylhamyt II döwründe... Diñe bulam däl: Tradision okuw usullaryny üýtgedip, arap diliniñ ýany bilen osmanly türkçesini (nesih, talik, diwanî, rika) okuw-ýazuw düzgünlerini okuw maksatnamasyna girizenem şody... - "Türk adynyñ ajaýyp jynsa degişlidigini" ýazan okuw kitabyna sesini çykarman oturan ýene şonuñ özüdi. (Serediñ" Selanikli Tewfikiñ "Osmanly taryhy" kitaby). - Senzuraçy tarapy bilen tanalýandygyna garamazdan geografiýa sapagynda “hükûmet-i mutlaka”, “hükûmet-i meşrûta”, “hükûmet-i jumhûriýýe” düşünjeleriniñ öwredilmegine garşy çykmaýanam özüdi. - Başlangyç bilimi hökmany edenem şody... - Mekdepleşme rekordyny goýanam şody. (Mysal üçin, 1877-nji ýylda Stambulda diñe 200 döwrebap başlangyç mekdep bolan bolsa, 1905-nji ýylda mekdepleriñ sanyny 9 müñe ýetirdi. 33 ýyla çeken soltanlygynea her ýyl ortaça 400 mekdep açdy). Ýagny, Abdylhamyt II-niñ döwründe bilim düşünjesine umumylykda seredilende, reformistik-modernistik tarapyñ agyr basýandygyny görmek bolýar... * * * "Günbatarlylaşma" diýlende, "Günbataryñ bilim maksatnamasy", "döwrebaplaşma" diýlende... "Türk" diýlende, "türkçe" diýlende, Abdylhamyt II-niñ eden işlerini konserwatiw alymsumaklaryñ göresi gelmeýär. Magaryf naziri (ministri) Saffet paşa 1879-njy ýylda ýazan makalasynda "Reformalar ýoluna düýpli we ynamly girilmese, ýewropa medeniýeti dolulygyna kabul edilmese, döwlet medeni ýewropa döwletine öwrülmese, Türkiýäniñ Ýewropanyñ basyşlaryndan we agalyk satmalaryndan halas bolup bilmejekdigini" öñe sürýär. Atatürk ýaly osmanly paşalary-da şu okuw maksatnamasynda ýetişdi... Gürrüñsiz, gyzlar mekdebiji açandygyna garamazdan, aýal-gyzlara bolan garaýşy tapawutly bolmak bilen birlikde respublikamyz hem osmanlynyñ şol okuw maksatnamasyny gaýtalady... Abdylhamyt II bilen Atatürki deñeşdirmekden ýaña okuw maksatnamalarynyñ üstünde netijeleri pikir alyşmalary gurap bilemzok. Ýogsam bolmasa, Abdylhamyt II hem, Atatürkem biziñ öz şahsyýetlerimiz... Osmanlydan respublika döwrüne çenli asyl okuw maksatnamasybyñ üstünde durmaly. Ýogsam bolmasa, Bilim ministrini çalyşmak ýaly paliýatiw çözgütler bilen bilim-okuw meselämizi çözüp bilmeris. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |