13:46 Sizi taýdyrarys | |
SIZI TAÝDYRARYS
Publisistika
1956-njy ýyl. Konsert bermek üçin Florida ştatyna gelen Elwis Presli sudýa Marion Gudinge sataşdy: - Ýa biliñi oýnatmarsyñ, ýa-da tussag edilersiñ! Şol wagt ýerli buthana toparlary bilen bilelikde müñlerçe raýat Preslä protest bildirýärdi. Konserwatiw häsiýetli köpçülikleýin çykyşlar möwjedi welin, Elwis harby gulluga alyndy, egnine esger lybasy geýdirildi. Gazet-žurnallarda ýygy-ýygydan harby lybasly suratlary çykan Elwisiñ bil tanslaryna indi hiç kimiñ gahary gelenokdy. Presli indi "watan ogly" bolupdy! Urşy näletleýän Elwis Preslini "Sowuk uruş" ýyllaryndaky amerikan okkupasiýasynyñ "medeni ýaragyna" öwürdiler... Aradan kyrk ýyl geçdi... 1996-njy ýyl. Robert de Niro Wenesiýa kinofestiwalynda (Freddi Merkuriý tarapyndan gurlan "Queen" agzalary Braýn Meý we Rojer Teýlor bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bularyñ gürrüñdeşliginden orta "Queen" mýuzikli çykdy: "We Will Rock You"… 2001-nji ýylda Londonda sahnalaşdyrylan oýuna 2008-nji ýylda Dominion teatrynda tomaşa etdim. “We Will Rock You” mýuzikli 300 ýyldan soñky döwri teswirleýärdi: Globallaşmaga - söwda pop saz industriýasyna, Quenn-iñ “Bohemian Rhapsody”, “Radio Ga-Ga” we “I Want To Break Free” aýdymlaryna jogap hökmünde "Rok-n-roll asla ölmez!" signalyny berýärdi. Elwisiñ bil oýnatmasyna gahary gelýänlere signal berýärdi: “We will rock you!" ("Sizi taýdyrarys!..") Diñe saz sungaty däl... Amerikan kinomatografiýasynyñ ýüregi - Golliwudam amerikan imperializminiñ buýrugy astynda işledi. Şeýdip şeýdibem wýetnam urşuna "meýletin esgerlige" alynan 60 müñ amerikan garamaýagy wepat boldy... • AMERIKAN ALDAWAJY Jon Makkeýn... Kakasy-da, atasy-da ABŞ-nyñ Deñiz güýçleriniñ admiraly. Onuñ özü-de 1954-nji ýylda ABŞ-nyñ Harby-deñiz akademiýasyna okuwa girdi. Deñiz güýçlerine degişli söweşjeñ uçarlarda pilotlyk etmek üçin wýetnam urşuna ugradyldy... 1981-nji ýylda syýasata aralaşdy, Respublikan partiýanyñ konserwatiw toparynda ýer aldy. Amerikan senatorlygynda uzak wagtlap Ýaragly Güýçler komitetiniñ agzasy boldy. Makkeýn 2008-nji ýylyñ 4-nji noýabrynda geçirilen saýlawlarda Respublikan partiýadan prezidentlige dalaşgärligini görkezip, Barak Obama bilen ýaryşdy, ýeñildi. Ol saýlaw döwründe duşuşan harby gullukçylarynyñ öñünde şeýle sözleri aýtdy: - Ýoldaşlar, sizden Waşingtona indiki gideniñizde wýetnam urşunda wepat bolanlaryñ hatyrasyna gurlan ýadygärlige gidip, şol ýerdäki gara mermeriñ ýüzüne oýulyp ýazylan atlara seretmegiñizi isleýärin. Siz şonda gaty köp sanly hispanik (asly latyn amerikan-ispaniýaly) atlary görersiñiz. Şu gün Yraga ýa-da Owganystana gideniñizde hispanik kökli esgerlere köp duşarsyñyz. Hatda bu ýurduñ raýaty-da däl, emma bu ýurdy jany-teni bilen söýýän, bu mübärek halk üçin söweşip, raýatlyga barýan ýoly çaltlandyrýan ýaşyl kartly esgerler bilen tanyşarsyñyz. Bularyñ Tañrynyñ çagalarydygyny hiç ýadyñyzdan çykaraýmañ!.." Bu sözleri aýdan hut şol Makkeýn iki ýyldan soñ, 2010-njy ýylda kanunlaşdyrylan göçegçilige garşy kanuny goldady! Häzir gürrüñimiz bu däl... Indi sözümi jemläbersemem bolar: • MÄMMET NOBATA Elwis Presli ýaly populýar ikonlary ulanmak arkaly iki uly jahan urşundan çykan amerikan garyp-gasarlary ýene front meýdanyna sürüldi... Bir san bereýin: 1950-nji ýylda ABŞ-nyñ Ýaragly Güýçlerinde 20 müñe golaý hispanik bardy. Presli ýalylary ulanyp geçirilen agitasiýa netijesinde hispanik-amerikanlar meýletin gulluga gitdi we san 148 müñe çykdy! Hawa, Wýetnamda 170 müñ hispanik gulluk etdi we şolaryñ 3070-i wepat boldy. Hispanikler Yrak urşy başlanda gulluga alynan deñiz pyýadalarynyñ 18%-ni düzýärdi. Soñky ýyllar... Prezident W.Buş 2002-nji ýylda amerikan goşunynda gulluk eden göçegçileriñ raýatlyga kabul ediliş möhletini gysgaltmak üçin buýruk çykardy. Göçegçiler gulluk eden ýagdaýlarynda raýatlyga kabul ediljekdi! Şeýdibem ýaşyl karty barlary fronta ugratdylar. Häzir dünýäniñ çar künjünde 40 müñ göçegçi amerikan goşunynda gulluk edýär. Mysal üçin... Yrakda gulluk edip ýören 12 müñ amerikan esgeri amerikan raýatlygyna kabul edildi. Emma indi: Amerikan akýagyzy gulluga gidesi gelenok. Amerikan garaýagyzy gulluga gidesi gelenok. Amerikan hispanikler gulluga gidesi gelenok. ABŞ-daky ýaşyl kartlylar gulluga gidesi gelenok. Elwis Preslidir Golliwud bilen başlan oýnuñ soñuna gelindi. ABŞ Yrakdan, Owganystandan goşunlaryny çykarmaga başlady. Ýeri, ABŞ basyp aljak ýurtlaryna kimi sokarka: NATO eşigi geýdirilen garyp mämmetjiklerimizi... 1950-nji ýyldan Koreýa bilen başlan, Somaliden Kongo çenli, Yrakdan Owganystana çenli bu oýun dowam edip gelýär... Türkçesi "alawer-de berewer" ("alavera dalavera" - başdansowma pyssy-pyjurlyk) "garyp Mämet nobata" oýnudyr bu... Hawa, bir gün wagty gelende: “We will, We will rock you” aýdymyny aýdarlar bu ýurtda: "Sizi, sizi taýdyrarys!.." Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |