17:05 Skif düşelgesinden hat / hekaýa | |
SKIF DÜŞELGESINDEN HAT
Taryhy proza
...Kemsiz tutaşan alawyň yşygyna ak dişlerini, zümerret daşyndan ýasalan monjuklaryny ýaldyradyp, alys geçmişden söhbet açýan, gabyk ýaly guran şol garaýagyz aýal belki, henizem sag-salamat ýaşap ýörendir. Onuň balkyldap duran paýhasly gözlerinden ajaýyp ýatlamalaryň uçguny syçraýar... Awtor. • Kerwen togtady Düýelerimiziň dördüsem daş-töwerege ýaltalyk bilen nazar aýlap, hiç zada düşünmän äm-säm bolup durdy. Gaharjaň Merdan, owgan ýigidi hem dilmaç Gurban atdan düşüp, ädiklerine siňen çaňy gamçy bilen kakyşdyrdylar. Ýol ugrunda iň soňky duş gelen pars obasyndan alyp gaýdan ýolbeledimiz çommalyp oturan ýerinden elindeki şaha bilen ykyrdap ýatan şor ýere birzatlar çyzyşdyrýardy. Biz atlarymyzy gorgunladyp, öz kiçijik kerwenimize tarap ugradyk. Hemişe tiz gahary gelýän professor Hentington pesiräk boýly hywa atyny debsiläp barşyna meniň üstüme gygyrdy: – Ýolbeledimiz aldawçydyr diýip aýtdym-a men size. «Ýoly bilýän. Kapyrgala çenli ugradaýyn» diýen bolup, ine edýäni! Gündogarly kezzap diýerler oňa. Indi näderis? Siziň kartaňyza-da it düşer ýaly däl. Duşýan şäherleriň birem onda ýok. Gerekleri bolsa Alla bilsin, nirede galdy. Wah, biziň amerikan kartalarymyz bolsady... Bu girdenejik professoryň gaharlananda hemişe öz Amerikasyny diline çolamasy bardy. – Gurban, hany aýt, näme boldy? Näme üçin duruň? Gurban öz endigine göre ýylgyryp jogap gaýtardy; – Ýolbeledimiz-ä bu ýerdeki üç ýoluň üçüsem erbet diýýär. Eger ýene az-kem emleseg-ä gidäýmegem ahmal. Bolmasa-da, niýeti yzyna dolanmak. Amerikanly baý ruhanynyň ogly Hentingtonyň derisine ot düşdi. Gurban onuň gahardan ýana saňňyl-saňňyl edip, yzly-yzyna suňşurýan sözleriniň birine-de düşünenokdy. – Ol işigaýdan kezzaba aýt. Beren sözüň yzynda durmazlygyň günädigini düşündir. Biziň Amerikamyzda... Men onuň sözüni böldüm: – Hormatly jenap! Çekeleşip durmasaňyzlaň. Bar awy on gyran1 boljak bolsa bereliň-de, ýola düşeliň-le... – Wah, bularmy, bular... Professor «bular» diýip, ähli gündogar milletlerini göz öňünde tutýardy. Olary nadan saýyp, özlerinden – «medeniýetli akýagyzlardan» pesde goýýardy. Moskwaly bolanym üçin onuň maňa garaýşynyň-da öwerlik däldigini syzýardym. Gahara galyp bolan Hentington gyjyr-gyjyr edýärdi. – Bular biziň üstümizden güljek bolýarlar. Ine, görersiň, aldananmyz aňyrsy üç günden äleme äşgär bolar. Her öňýeten biz hakda samsyk diýip pikir eder. Ýolbelet pars amerikalyň sözlerine pitiwa-da bermän, göwnübir halda çommalyp otyrdy. Gurban onuň ýanyna bardy-da, gamçysy bilen hemmämizi görkezip, nämedir birzatlar diýdi. Soňam sakgalyny sypalady. Ýolbelediň parsçalap bar diýeni ýekeje söz boldy. Gurban eglip, ýeňsesini gaşady-da: – Aý, boljak däl öýdýän – diýdi. – Hany, aýt. Näme diýeniňi bizem eşideli! Gurban güldi. Hentington kiçijik ýumruklaryny düwüp, ýolbelediň üstüne çöwjäp ugrady. Munuň soňunyň erbede ýazaryndan gorkan Merdan ara goşuldy: – Oňa zat degmäň, baýar aga. Siz-ä ursaňyz, olam gaçsa, dat biziň günümize! Onuň bar soraýany on gyran bilen azajyk tirýek. Neşebent adamyň tiregi gutarsa, gymyldary bolmaz. – Ýagşy, biz pulam, tirýegem bereris. Ýöne onuň ýoly bilýäni bir çynmy? Parsa ýagdaýy düşündiren Gurban sakgalyny sypalap jogap gaýtardy: – Onuň ýola beletligine söz ýok. Ýöne bu ýerdeki ýollaryň üçüsem meňki bolsun diýer ýaly dälmiş. Ne ot barmyş, ne-de guýy. Üstesine-de, galtamanlar köpmüşin. «Gowsy, öýe dolanalyň-da, palawdan garny gözäp arkaýyn ýatalyň» diýýär. Biz oňa gulak asman, akjaryp ýatan şor meýdanyň içi bilen ýola düşdük. • Sähradaky otjagaz Mazaly garanky düşýänçä ýöredik. Ýöne şunça ýolda öňümizden ne ýap çykdy, ne-de guýy. Ýarym gury otlar bilen örtülen sähranyň görnüşi tukatdy. Her hili çöl jandarlarynyň yzy häli-şindi duşýardy. Merdan alys gözýetime elini uzadyp, bize «Görýäňizmi?» diýip yşarat etdi. Yssynyň derdinden endiräp duran howada zat saýgaraýmak çetindi. Dürbüden seredenimizde, sary arkalary gara zolakly bir topar gulana gözümiz düşdi. Tizden olaram alaňlara duwlandy. Hentington «Şu pars bizi galtamanlaryň üstünden eltjek bolaýmasyn. Şonuň üçinem, oňa gulak asman, kompasdan ugur alyp, günorta gideliň» diýip, şübhesini daşyna çykardy. Ýoldaşymyz Mihailiň agyr derde uçramagy işimizi has-da kynlaşdyrdy. Ysytma tutany üçin, çypar atynyň boýnundan gujaklap, eýerden agman zordan saklanýan nähoş çala özüni bilýärdi. Iňrik garalyp başlan-da bolsa biz bu şor düzlükde ýük ýazdyrmagy makul bilmedik. Aramyzda dürli pikirler ýüze çykdy: Hentington togtaman günorta gitmegi maslahat berýärdi, men bolsa «Ol ýerde gurap ýatan suwsuz sähradan başga zat ýok. Gowsy gündogara – owgan serhedine gideliň» diýip, yrjak bolýardym. Ol ýerler dag etegi bolany üçin çeşme duşulmagy ýa-da çarwa araplardyr owganlara sataşylmagy mümkin. Bagtymyza, olara duşaýsak, bizden çaý-nanlaryny gysganyp durmazlar. Üstesine-de, atlarymyza dynç bereris. Soň bolsa ahyrky barmaly ýerimize – Bulujystana tarap ugrabermeli. Hentington öz pikirinden dänerli däldi. Ol «Owganlar başymyza ýeter. Ähli zatlarymyzy talap, özümizem çäge süsdürerler» diýip howpurgaýardy. Teýahyr bolmansoň, ikä bölünmek kararyna geldik. Meniň bilen Merdan hem tejenli dilmajymyz Gurban gitmeli, Hentington bolsa nähoş Mihaildir ýaş ýigit Hywa gylyjy ýanyna alyp, ähli düýeler bilen günorta ugramaly. Bir betbagtlyk ýüze çykmasa, biz ýene iki-uç günden duşuşmaly ýerimizi belleşdik. Tirýekden noýba ýalyny togalan ýolbeledimizem kerwen bilen nirä gitmelem bolsa taýýardygyny aýtdy. Sähel salymdan biz-e üç kişi bolup gündogara tutduryp ugradyk, beýlekilerem günorta tarap ýola düşdi. Seýregrägem bolsa daga ýagan güýçli jala netijesinde dörän käller duşup başlady. Bu gowulygyň alamatydy. Birden çöpüň düýbünden bir syrtlan turdy-da, aýak aldygyna gaçdy. Töwerek mazaly garaňkyrady. Duýgur atlarymyz nätekiz ýerde kä beýige galyp, kä pese inip, ýuwaşlyk bilen ýöräp barýardy. Käliň eňňidinden ýokary çykan atlarmyz birden togtady. Öňde alys bir ýerde ýylpylda gözümiz düşdi. Ol öçügsi otjagaz kä görnüp, kä ýitýärdi. Ot bolan ýerde hökman adamam bolaýmaly. Ol ýerde garalyp giden tüňçelerden çaý içip, dem-dynç alarys. Belki-de, barjak ýerimize eltýän has ýakyn ýoly salgy bererler... • Altyn täçli aýal Biz ýapbaşyp oturan çadyrlara ýakynladyk. Oduň gyzyl dilleri ullakan gara gazanyň böwrüni ýalap-ýalap gidýärdi, çadyrlaryň ýüzünde oýnaýardy. Oduň töwereginde birnäçe aýal gaýmalaşýardy. Ullakan tüýlek itler ala-goh edip bize tarap okduryldy. Olar gyryljyk seslerine bat berip, çarpaýa galan atlarymyzyň töwereginde towsuşýardylar. Oduň töweregindäkiler gozgalan tapyp, eýläk-beýläk ylgaşdylar. Olaryň biri pars dilinde: – Näme üçin geldiňiz? Bu ýerdekileriň hemmesi aýallar! Näme gerek size? – diýip, hemle urdy. Edil oduň ýanyna bardyk. Alabeder köýnekli aýallar ýerden alan daşlaryny mazamlaşyp, şindem gygyryşýardylar. Garaňkynyň içinden başy selleli, uzyn ak sakgally ýaşuly çykdy-da, elini kölegeledip bize seretdi. Biraz salym synlansoň, birdenem üsgürmege başlady. – Aý, bir başlan bolsa indi wagty bilen gutarmaz – diýip, Gurban garra ozaldan belet ýaly elini salgady. Üsgürip bolan garry üstümize gaharly çöwjäp, gelen yzymyzy ýel çalmanka garamyzy saýlamagymyzy talap etdi. Gurban at üstünde oturan ýerinden egildi-de, garrynyň egnine elini goýdy. Ol göýä, ot basylan ýaly, haýdan-haý el degen egnini yhlas bilen süpürmege başlady. – Bu zat düşünjek adama meňzänok – diýip, Gurban güldi. Garrynyň gahary barha möwjeýärdi. Beýleräkde aýallaram öz aralarynda howsalaly pyşyrdaşýardylar. Birden kimdir biriniň zyňan daşy gulagymyň duşundan wazlap geçdi. Gurbanyň «Biz azaşdyk. Özümizem it ýaly aç» diýip ýalbarmasy-da ýer tutmady. Boýnundaky monjuklardyr köýnegine dakylan kümüş pullaryny şaňňyrdadyp gelen garaýagyz gyz çalt-çalt gepläp başlady. Gurban onuň parsça aýdan sözlerini derrew terjime etdi: – Bu obanyň ähli adamyňyň erki bir aýalyň – Bibigunduzyň elinde. Ol size bu däli bilen ýaňkalaşyp durman, öz ýanyna gelmegi teklip etdi. Bu sözlerden soň seslerine suw sepilen ýaly bolan aýallar ylgaşyp ýanymyza geldiler-de, atlarymyzyň jylawundan ýapyşdylar, horjunlarymyzy düşürdiler. Gündogar myhmanparazlygyna beletligimiz üçin, atlarymyzdan arkaýyn bolup, ýaňky gyzyň yzyna düşdük. Ortadaky çadyra ýetiberenimizde, gyz «Aýak çekiň» diýen terzde yşarat etdi-de, özi nagyşly peşehananyň aňyrsyna geçdi. Tizden onuň çagyrmagy bilen, bizem içeri girdik. Çadyryň içi giň hem tekizdi, ortarada ýanyp duran otdan göterilýän tüssäniň ýakymly ysy burnuna haplap urýardy. Kä peselip, kä alaşýan oduň ýagtysyna melewşe reňkli owgan halysynyň üstünde çym-gyzyl lybasly bir göwrä gözüm düşdi. Ýalyn onuň güne ýanan ýüzüni, ujy çüri, altyn täjini mazaly ýagtylandyrýardy. Gündogar sypaýçylygyna eýeren Gurban sarsman oturan ol göwräniň gaşynda dyzyna çökdi. Yşarat edensoň, menem onuň gapdalynda çöke düşdüm. Hyrsyz Merdan bolsa girelgäniň agzynda sem durdy. Aýallar horjunlarymyzy, atlarymyzyň eýerleridir agyzdyryklaryny getirip ýanymyzda goýdular-da, sessiz çykyp gitdiler. Gurban Bibigunduzdan mal-garalarynyň ýagdaýy, öz saglygy hakynda soraşdyrmaga başlady. Aýal şindem başyny galdyrman, doňan ýaly bolup otyrdy. Men oňa syn etdim. Ýaşy gaýdyşyp ugrapdyr. Şeýle-de bolsa onuň inçemik ýüzünde, gyýyk gözlerinde ozalky gözelligiň alamatlary açyk-aýdyň bildirýärdi. Boýnunda zümerret daşyndan ýasalan gök monjuklar ýaldyraýardy. Kümüş pullardyr dogalar tutuş döşüni ýapyp durdy. Merdan burnuna salyp, güňleç hüňürdedi: – Men-ä atlaryň ýanyna gitjek. Olary garawsyz goýup bolmaz. Has beterem, munuň ýaly ýerde. Ol çykyp gitdi. Birden Bibigunduz maňa tarap aýlandy-da, türkmen dilinde: – Meniň ýanyma näme üçin geldiň? – diýdi. Gurban oňa Ashabatdan tä Nemeksar1 kölüne çenli geçen ýolumyz, indem ugrumyzyň Hindistana tarapdygy barada gürrüň bermege başlady. «Çepiksije emma uly molla. Özem surat çekýär, daglary karta geçirýär» diýip Hentington bilenem gaýybana tanyşdyrdy. – Öpdi, ahyry daglarymyzy elimizden aljak bolýansyňyz. Ýöne Hindistana ýetmek size başartmaz. Ondan ýaňa ýasy ýanyňyz ýerde bolaýsyn. Sebäbi Seýistanda iňlisleriň uly otrýady bar. Olar Hindistana hiç kimi geçirenoklar. Nämedir bir zatdan-a ätiýaç edýärler. – Sen bu zatlary nireden bilýäň? Ol ýuwaşlyk bilen gabaklaryny galdyrdy-da, howuny basýan ýiti gözlerini maňa dikdi. – O nähili nireden bilýämişim?! Biziň gadymy maşujylar taýpamyz indi müňlerçe ýylyň içidir, Horezm kanalyndan Gimalaý daglaryna, Aral deňziňden Astrahan gyrgyzlarynyň ýurduňa çenli aralykda erkin göçup-gonup ýörler. Şonuň üçinem, şu çäklerde bolup geçýän zatlaryň ählisi maňa aýan. – Nädip beýle erkin gezip bilýäňiz? Araçäkde tutanoklarmy? – Hiç kim milt edip bilmez. Beýik Isgenderiň zamanyndan bäri meniň taýpamyň üstünden häkimlik süren ýokdur. Biz serhet sakçylarynyň näbelet ýol-ýodalarynyň ählisini bilýäris. Goýun sürülerimiz dagyň janly-jandaryň aýagyny sekip bilmejek ýerlerinde arkaýyn agyp-dönüp ýerler. Onsoňam biz bilen olaryň näme işi bar? – Bar malyňyz diňe goýunmy ýa-da atlaryňyzam barmy? – Bizde şeýle nakyl bar: «Goýunlaryňy satyp, at alsaň, atlam bolmarsyň, goýunlam. Atlaryny satyp, goýun alsaň welin, ikisem bolar»... – Belli bir mekanňyz, öýsüz-öwzarsyz göçüp-gonup ýören diňe syganlarmyka diýýärdik welin... – Ýok, ýalňyşýarsyň. Biziň öz obamyz bar. Daşymyzy gallap duran belent diwarly galamyzyň atyşhanalarynda ýiti gözli sakçylarymyz gije-gündiz şöwür çekýär. Galamyzyň ýerleşýän ýeri Lut çölüniň ortasy. Biz ol ýerde diňe ýaz aýlarynda bolýarys. Yssy düşüberdigem, goýunlarymyz üçin otuň bol ýerine – demirgazyga geçýäris. Sen Lut çölüniň nirededigini bilýärmiň? Gurban birsalym böwrüni diňläp durdy-da, menden öňürdip, bilemok diýen yşaraty etdi. – Bilmeseň, ol Eýranyň ortasynda ýerleşýär. Özem şeýle bir gorkunç çöl welin, Garagum dagam onuň ýanynda toýlaýmaly. Eýranyň esgerleri hem olaryň naçalnikleri o töwereklere barmaga gorkýarlar. Ol ýerde dünýäni basyp alan Isgenderiň döwründen bäri hiç kime bakna bolmadyk erkin çarwa taýpalar ýaşaýar... Giň hem lapar-lapar gülli köýnek geýen aýallar enaýy nagyşlanan ýaýbaň gaplarda iýer-içer ýaly zat getirdiler. Olaryň ýüzleri tutuş diýen ýaly ýaglyk bilen örtülgidi. Diňe gözleri bilesigelijilik bilen balkyldaýardy. Ortadaky ýaýbaň gaplarda duran Seýistan hurmasy, kişmiş, kakadylan miweler, geçi süýdi, nabatdyr beýleki nazy-nygmatlar agzyny suwardýardy. Aýallaryň biri ilki gömme nany, soňam beýleki iýmitleri paýlaşdyrdy. Daş işikde duran Merdan nämedir bir zada gaharly hüňürdedi. Yzýanyndanam aýallaryň pessaýja gülküsi eşidildi. Bibigunduz ýüzüni ses çykýan tarapa öwürdi-de, maňa ýüzlendi: – Ýoldaşyň näme beýle gaharjaň-la? – Ol Hyratda aýalyny del adam bilen bir düşekde ýatyrkalar tutun, ikisinem kerçäpdir. Soňam bu eden işim üçin asarlar diýen gorky bilen Owganystany terk edip gaýdypdyr. Janyýangynlylygam şondan bolsa gerek. Beýleki ýoldaşymyz Gurbanyň dört aýaly bolsa-da, ählisini terk edip gaçyp gaýdypdyr. Şonuň üçinem, onuň keýpi kök. Merdan arkasyndan bir topar bolup iteleýän aýallaryň zoruna çydaman, çadyra girdi. Ol ýüzüni eňşedip, çal murtuny sypalap durşuna: – Gardaş, atlaryň ýanynda ýatylmasa bolmaz. Syganlar ýaly, bularynam ählisi ogry. Atlar ogurlanaýsa, soň özümize kyn bolar – diýdi. Bibigunduz Merdanyň näme hüňürdeýändigini aňdy-da: – Sen biziň gadyrly myhmanymyz. Şonuň üçinem, atlarynam aladasyny etme, özüňem iý-iç-de, arkaýyn otur – diýdi. • Beýik Isgenderiň permany – Beýik Isgender biziň taýpamyza Aziýanyň ähli giňişliklerinde çarwaçylyk etmege ygtyýar berýän perman beripdir. – Şol perman häzirem barmy? Bibigunduz döşündäki ullakan kümüş tumara elini uzatdy. Gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, kümüş zynjyrjyga berkidilen ol tumar diýseň nepisdi. – Perman müň ýyl ozal ýazylan. – Eger ony Isgender öz eli bilen ýazan bolsa, onda iki müň iki ýüz ýyl geçen bolmaly. Ol ýene-de gabaklaryny ýuwaşlyk bilen göterip, gözlerini maňa dikdi. – Perman «rumylaryň»1 gadymy dilinde ýazylypdyr. Ol dili bolsa diňe Isgender bilýär eken. Gurban: – Seniň hormatly myhmanynam on üç dilden dagy habarly – diýip, üm bilen meni görkezdi. Bibigunduzyň boýnundan sypyryp, uzadan tumaryny Gurban maňa geçirdi. Tumaryň açylýan tarapyndaky gapagyň ýüzünde hindileriň köp elli, köp aýakly hudaý aýalynyň şekili bar. – Açyp görmek mümkinmi? Bibigunduz pessaý seslendi: – Rugsatdyr. Tumardan zagpyran reňkli ýüpek mata bölegi, onuň içindenem bir düwünçek çykdy. Men üstünden kän wagt geçeni zerarly saralyp giden pergament görerin öýtdüm. Emma ol tamam çykmady. Düwünçekdäki daş-töweregi sary çylgymlar bilen örtülen hakyky köne papirusdy. Onuň ýokary başynda gadymy grek hatlary bilen «Aleksandro» diýen ýazgy bardy. Ýöne bu perman bolsa, onda «Aleksandros» diýip başlanmalydy. Men Bibigunduza: – Siziňki dogry. Golýazma grek, ýagny, «rumy» dilinde ýazylypdyr. Men munda ýazylan zatlaryň ählisini göçürip, soň Gurban bilen türkmençä geçiris – diýdim. – Bolýar. Sen bu ýerde ýeke özüň gal. Hiç kim päsgel bermez. Men çadyryň töwereginde garawul goýaryn. Gurban gulagyma pyşyrdady: – Aýal halky mekir bolýar. Olara ynansaň, bir zadyň üstünden bararsyň. Gowusy, ber yzyna tumaryny. Men Bibigunduza: – Terjime ertir irden taýýar bolar – diýdim. Dogrymdan gelsem, tolgunmadan ýaňa ýüregim agzymdan çykyp gelýärdi. Elimdäki hakykatdanam, iki müň iki ýüz ýyl mundan ozal ýazylan dokumentmikä? Eger şeýle bolsa, bu ýetdirgisiz zat ahyry! Londonyň, Berliniň, Parižiň ähli akademikleri muňa nähili gararkalar?! Meniň Aleksandr Makedonskiniň dokumentini ele salanymy biläýse, Hentington näderkä? Beýle zadyň özüňe miýesser etmänine içi ýanyp, öläýjek bolar. Meni başga çadyra geçirdiler. Kapyrlary itden beter ýigrenýän bir garry molla meniň edil ýanymda oturyp, ukuly gözleri bilen ähli hereketimi sypdyrman synlaýardy. Ýene ol beýdip uzak oturyp bilmedi. Halys uky bürensoň, bir gapdala agdy-da, gatap galdy. Men uzyn gije bir metr çemesi uzynlykdaky insiz papirusa ýazylan dokumenti üns bilen göçürdim. Mazmuny bilenem kem-käs tanyşdym. Ol Makedonskiniň permany däl-de, şol döwürden galan golýazma bolup çykdy. Çadyryň agzynda duran iki aýalyň pyşyrdaşýan sesleri gulagyma geldi. Olaryň biri köne tüpeňi söýget edinip durdy. Tizden garawullaryň ikisem niredir bir ýere sumat boldular. Yzýanyndanam çetki çadyrlaryň birinden aýdym hem deprek sesleri eşidildi. Çarwa gözelleri tutuk Merdan bilen alçak Gurbanyň keýpini göterjek bolýan bolsalar gerek... Şemleriň ikisi eýýäm ýanyp gutardy. Çadyryň deşiginden agaryp başlan danyň ýagtysy duşup ugrady. Men şondan soň haly horjunyma kellämi goýup, gözlerimi ýumdum. Ir bilen Bibigunduz bizi hurmaly palaw bilen hezzetledi. Başynda tylla täji bolmansoň, ol bu wagt beýleki aýallardan känbir tapawutlananokdy. Men oňa tumaryny gaýtaryp berdim. Üstesine-de, bütin taýpanyň ynanjyny ýere çalmazlyk üçin «Bu hakykatdanam, Isgenderiň permany. Ýöne türkmençe geçirmegi başarmadym» diýdim. Sähel wagtdan ýola düşdük. Alty sagat çemesi ýörenimizden soň bir kelde professor Hentington bilen sataşdyk. Aýaklary duşalgy düýeler otlaşyp ýördi. Hentingtonyn özi bolsa goşuň üstünde oturyp, jübä sygýan kiçijik bibliýasyny okaýardy. Men ona: – Hemme zat ýerbe-ýermi? Näme bu ýerde goş ýazdyrypsyňyz? – diýdim. – Görşuniz ýaly – oňatlyk. Bu gün ýekşenbe. Diks uýýanym üçin bu gün ýol ýöremegi goýbolsun edip, oýlanmak bilen wagt geçirýärin. Onsoňam siziň yzymyzdan ýeteriňize garaşdyk. Bu ýerde suwy ýabylar üçin içmäge ýaramly kiçiräk köl bar. Gepiň tümmek ýeri, hezillik-dä... • Sazanda Aristonik Şondan ýarym ýyl geçensoň men grek dili hem edebiýaty boýunça belli spesialist, grek golýazmalarydyr mazar daşlaryndaky ýazgylary derňeýän ylmy işleriň awtory, professor W.K.Ýernştedt1 bilen gürrüňdeş boldum. Göçürip alan dokumentim bilen tanyşan professor şeýle diýdi: – Haýyp, siz munuň asyl nusgasyny almansyňyz. Ýene bu tekstiňizinem ähmiýeti kiçi-girim däl. Bu haty urşujylaryň biri Aleksandra ýazypdyr. Hat şol wagta çenli Alyňky hem Merkezi Aziýany basyp alan beýik serkerdäniň ömrüniň ahyrlarynda Ekbatanda ýaşan döwrüne degişli. Men haty bolşy ýaly terjime etdim. Ony beotiýaly2 Aristonik atly biri ýazypdyr. Taryhçy Arrianyň Aleksandryň ýörişleri hakyndaky kitabynda Zariaspanyň (Häzirki Çärjewiň) ýakynynda skif-massagetler3 tarapyndan öldürilen haýsydyr bir sazanda Aristonigiň ady agzalýar. Onuň bu haty bendilikde otyrka ýazan bolmagy mümkin. Men jikme-jik derňäp, bu hat hakynda bir iş ýazaryn. Ýöne şol aýaldan hatyň asyl nusgasyny alyp, Jemgyýetçilik kitaphanasyna tabşyrylsa, juda ähmiýetli bolardy. Ýernştedtiň şol işi ýazany-ýazmany maňa mälim däl. Eger ýazaýanam bolsa merhum professoryň arhiwinde galandyr. Sebäbi men metbugatda beýle zada duşmadym. Ýöne şol hatyň terjimesi bilen sizi tanyşdyryp biljek. Gowuşmadyk hat «Filippiň ogly, Aziýanyň hökümdary, Ammon hudaýyň nesli1, parslary, baktriýalylary, sogdylary2, parapamasadlary3, başga-da diňe saňa hem gudraty güýçli Zewse mälim bolan taýpalardyr halklaryň müňlerçesini özüne tabyn eden Aleksandra wepaly söweşdeş ýoldaşyň, Beotiýanyň Kopaý batgalygynyň golaýynda ýerleşýän Akrafiýa şäheriňde doglan, Kallimahyň ogly sazanda Aristonik uzak ömür, täze ýeňişler arzuw edýär. Seniň Oks4 derýasyna tarap ýörişiňde menem beýleki ýoldaşlarym bilen birlikde ýel berip çişirilen geçi derisine münüp, derýanyň beýleki kenaryna geçdim hem-de söweşe gatnaşdym. Meni şonda skif-massagetleriň peýkamy ýaralap, atdan agdardy. Atyň yzynda süýrenip barşyma daşdan-daşa urlup, ahyry özümden gidipdirin. Birhaýukdan ýiti agyra gözümi açsam, olaryň tebibi üstüme abanyp dur. Elinde-de meniň bedenimden sogrulan peýkam. Ol maňa: «Seniň näme başarýan zadyň bar? Ädik tikmek, gylyç ýasamak, ybadathana salmak ýaly hünärlerden başyň çykýan bolsa-ha,bagtyň geldigi. Bolmasa-da öldürerler» diýdi. Onuň bu sözleri meni synamak üçin aýdanyny bada-bat aňdym. Sebäbi skiflerem ylym-bilime sarpa goýýan halk. Skifler özlerine has zerur ýesirleri hemişelik saklamak üçin olaryň söbük damaryny kesýär ekenler. Olaryň bu mekirliginden men bihabardym. Şeýle-de bolsa «Guslýa atly saz guralyny çalyp, keramatly tanslary edip bilýärin» diýdim. Skif muny ýaşulularyna ýetirdi. Olar meni öz ýanlarynda gul edip galdyrdylar-da, beýlekilerimizi seniň ýesir alan skifleriň bilen çalyşmak üçin Oks derýasyna tarap sürdüler. Nähilem bolsa olar meýlis edende tans ederim ýaly meniň söbük damarymy kesmediler. Bu ýerde bendilikde ýörenime üç ýyl geçdi. Haty Pifon atly ýoldaşymdan iberýärin. Onuň on iki synasy sagat. Skifleriň dilinem oňat bilýär. Özem olaryň amazonka taýpasyndan bolan gyza öýlendi. Ol taýpanyň gyzlary hiç wagt äre çykmaýar. Dostumyň aýaly bu däbi bozany üçin, olary hökman terk edäýmeli. Şol sebäplem olar derýadan atly ýüzüp geçip, seniň – dünýede deňi-taýy bolmadyk, indem bolmajak beýik serkerdäniň, Zewsiň ýeňilmez oglunyň ýanyna barmagy niýet edinýärler! Sen öz şan-söhratyň hem eziz watanymyzyň hatyrasy üçin ýaralanan esgerlerine hemişe penakär bolupdyň. Eger Pifon sag-aman seniň ýanyna aşyp, haýyşymy ýetirse, oňa biparh garamazlygyny towakga edýärin. Sen hemişekiň ýaly, watanyna dolanmak islän ýaraly esgerleriňe berýän iki talantyňy1 men biçärä-de eçil. Pul Zariaspanyň golaýyndaky Oks derýasynyň kenaryna geler ýaly ýagdaý döretse, getiren adam bu ýerdeki dellallaryň üsti bilen hojaýynym skif Budakenden meni satyn alyp biler. Ana, şondan soň men ýene-de seniň saýanda söweşe gidip bilerin. Seni, seniň ýörişlerini hem edermenlikleriň wasp edýän gimnleri aýdaryn. Skifleriň meni meýletin goýbermejeklerine gözüm ýetik. Zora çydaman, olaryň çagalaryna grekçe okamagy, ýazmagy öwredýärin. Öz söweş aýdymlarymyzdyr guslýa çalmagy öwretmegem bularyň daşyndan. Meni diňe üzüm agaçlarydyr zeýtun jeňňelligi bilen örtülen Beotiýa jülgesini, mähriban Gelikon gerşini ýene-de görerin diýen umydym ýaşadýar. Meni ýesir alan skif-massagetler diýseň batyr, özlerem azatlygy hem aty ähli zatdan beter söýýerler. Olar ýeňilmez pars şasy Kiri öldürip, dirikä şeýle ganojak bolan bu hökümdaryň kellesini «Içip gerk-gäbe doýsun» diýip, gandan doldurylan halta salypdyrlar. Skifleriň batyrlykda ýakasyny tanadan baştutanlaryndan biri Budaken meniň bilen dostlaşyp, ýanyna myhman gelende guslýa çalyp bermegimi haýyş etdi. Ol meniň üçin söweş meýdanynda ýesir alan skife bäş baýtal töledi. Skiflere seniň ýörişleriň, has beterem, Granikanyň1 etegindäki ýeňşiň hem ganatly esgerleriň kömegi bilen dagdaky Arimaza2 galasyny alyşyň hakyndaky aýdymlarym hoş ýakýar. Skifler hemişe – hatda nobatdaky çozuş, uruş ýa-da ýaraşyk baglaşmak hakyndaky maslahatlarda-da içýärler. Süýtden edilen, ýöne içeňde başyny aýlaýan içgini olar altyn gaba guýup, soňam biri-birine geçirýärler. Elden-ele geçýän gap boşaberse, saky üstüni doldurýar. Meýden doly gaby bir demde başyna çekip, aklyny ýitirmän oturmak aýratyn edermenlik hasaplanýar. Haçan-da meýiň humary kellelerine uransoň, skifler güwläp ýanýan alawyň töwereginde wagşyýana seslerine bat berip aýdym aýdýarlar. Uzyn ýapraga meňzeş iki ýüzli hanjarlaryny batly galgadyp towsuşýarlar, güýç synanyşýarlar, duran atlara syçyrap münýärlerde, ýoly-ýodany saýgarman, ümdüzine çapdyryp gidýärler. Şeýle ýagdaýda skiflerde ýesirleriň ählisini kerçäýsem diýen isleg döreýär. Emma maňa batyrynyp bilýän ýok. Sebäbi hojaýynym Budaken daşymy penalap dur. Ol käte «Görýäňizmi, greklerde urşuň hudaýy hasaplanýan Areý bilen deň Aleksandryň söýgüli artisti maňa saz çalyp berýär» diýen terzde beýleki skiflere tekepbirlik bilen gözüni aýlaýar. Skiflerde ýene-de bir däp bar: eger han-beglerden biri ölse, onuň aýallary-da amanadyny tabşyrmaly. Olaryň ählisini mäkäm edip çatýarlar-da, üýşmek odunyň üstünde ýatyryp, otlaýarlar. Şol wagt aýallar aýdym aýdýar. Olaryň haýsysy otda diri ýanmakdan gorksa, damagyny çalmaklaryny haýyş edýär. Bu haýyşy ölen bendäň dostlary höwes bilen ýerine ýetirýär. Soňra merhumyň söýgüli atyny-da öldürýärler. Olaryň ynanyşlaryna göre, ölen bende ol dünýäde-de gijelerine ata münüp, skifleriň duşmanlary bilen söweş edýärmiş. Bularyň daşyndan ol ýerde-de hyzmat eder ýaly wepaly gullaryňam birnäçesiniň başyna ýetilýär. Budakene meniň çalýan sazlarym diýseň ýaraýar. Ol käte ölensoňam meni küýsejegini ýaňzydýar welin, birhili gorkuberýän. Onuň jany sag, ömri uzak bolsun diýip hudaýa nalyş edýän. Penakärim Beýik Aleksandr, belki, ol ölmänkä meni satyn alarsyň ýa-da özündäki bir topar müsürli sazandalaryň biri bilen çalyşarsyň diýip tama edýärin. Tapdan düşen garry halymda-da bolsam öz mähriban Beotiýamda agtyk-çowluklaryma seniň deňsiz-taýsyz edermenligiňi, beýikligiňi, esgerleriň üçin edýän aladaňy yhlas bilen wasp edip bersem, göwnümde arman galmaz...» * * * Ýol depderimiň saralyp giden sahypalaryndaky göçürme hem professor W.K.Ýernştedtiň hünji düzülen ýaly owadan harplar bilen eden terjimesi henizem meniň öňümde ýatyr. Gözlerimi ýumup, oýa batýaryn. Ýaşyp barýan Günüň al öwüsýän şöhleleriniň arasynda belent depe hyýalymda janlanýar. Onuň üstünde sal-sal bolup giden grek ýapynjasyna çolanyp bir adam otyr. Ujy çüri keçe telpekleriniň aşagyndan çogup çykan saçlary eginlerini ýapyp duran, dürli reňkde öwüsýän giň balakly skifler çommalyp oturyşlaryna onuň aýdym aýdaryna garaşýarlar. Ýesir sazandanyň nazary alysa – pars daglarynyň dumanlap duran gaýalaryna gönügipdir. Onuň teşne göreçleri özüni bendilik jebrinden gutaryp biljek kerweni gözleýär. Emma iňläp ýatan uç-gyraksyz sährada janly-jandara gözi düşmänsoň, endam-janyny zer-zaw eden zynjyrlaryny şakyrdadyp, sazyna elini ýetirýär... 1929. __________ 1 Gyran – Parslaryň kümüş puly. 2 Nemeksar – Gündogar Parsystaina Haf şäheriniň golaýyndaky şor köl. 3 Rumy – Ýakyn Gündogarda grekleri hem grek dilip şeýle atlandyrýarlar. 4 Professor W.K.Ýernştedt Leningrad uniwersitetinde gadymy grek dilinden hem gadymy golýazmalar baradaky ylym paleografiýadan leksiýalar okapdyr. 5 Beotiýa – Gadymy Gresiýaiyň bir welaýaty. Ol ýerden köp koloniýaçylar Kiçi Aziýanyň kenarlaryna göçüp barypdyrlar. 6 Massagetler – Skif taýlalarynyň biri. Olar öz ýerlerine çozup giren oguz taýpalary bilen gatyşyp, häzirki türkmen halkyny döretdiler. 7 Aleksandr Makedoiskiý Müsüre ýöriş eden wagtynda Ammon hudaýyň Fiwa oazisinde, Liwiýa çölüniň ortasynda ýerleşýän ybadathanasyna barypdyr. Şonda ýerli jresler ony «Ammon hudaýyň ogly» diýip, dabaraly suratda jar edipdirler. 8 Baktriýalylar hem Sogdular – Häzirki Özbegistanyň hem Täjigistanyň territoriýasynda ýaşan halklar. 9 Parapamasadlar – Owganlar. 10 Oks – Amyderýa 11 Talant – Gadymy Gresiýada puluň ady. 12 Granike derýasynyň ýanynda Aleksandr öz güýjünden birnäçe esse köp pars goşunlaryny derbi-dagyn edip, ilkinji ajaýyp ýeňişini gazanypdyr. 13 Arimaza – Häzirki Täjigistandaky Baýsundag jülgesi. Taryhçy Arrian bu ýerdeki galanyň nähili mekirlnk bilen alnyşy hakynda şeýle habar berýär: Aleksandryň goşunlary ägirt uly kynçylyga döz gelip, baryp bolmajak galanyň üstüne abanyp duran gaýanyň depesine çykyplyrlar-da, ýapynjalaryny galgadyp başlapdyrlar. Galadaky yrymçy ilat olary ganatly urşujylardyr öýdüp, Aleksandra söweşsiz tabyn bolupdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |