20:45 Skripkaçy gyza | |
SKRIPKAÇY GYZA
Goşgular
![]() Şygyrýetden belent zat ýokdur öýdüp, Ýördüm ýöne bu babatda ozdurduñ. Näzik sazyñ iñ inçesin çalyp sen, Jigerimi paraladyñ, tozdurdyñ. Derdimiñ üstünе dert goşma çäksiz, Meniñ üçin öñki derdim ýetikdi, Duýgularyñ jamy püre-pür dolup, agjak bolup añry çäge ýetipdi. Sazyñ gudratyndan duýgy kütelip, Saýgaryp bilemok agy-garany Melhem bolarmyka diýipdiñ, ýöne owaz dyrmalaýar biten ýaramy. Mukam kalba siñýär damar yzarlap, Tutulan deý beden ojar közüne, Giden ýardan habar alaýyn diýsem, men gelip bilemok entek özüme. Hantama men ýitirenmi tapmaga, Umydy üzemok ýarymdan şindem. Dartylan duýgular üzüljek bolýar, Parhy ýok señ saz guralyñ kirşinden. Agdar-düñder boldy meñ içki dünýäm, Goşuldy täze dert, oýandy köne. Boldy edäý, keýgim, bes edäý indi, Syhap alaýdyñ ýöne... Orazguly ANNAÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |