12:10 Şol soraga şeýle jogap | |
ŞOL SORAGA ŞEÝLE JOGAP
Publisistika
"Biziñ mähellämizde" gaty uly lapykeçlik bar. Munuñam sebäbi diñe saýlawlardaky şowsuzlyk däl, Kylyçdaroglynyñ kürsüsini hiç kime bermän ýapyşyp ýatmagy gahar-gazap siline öwrülip barýar... Nirä barsam, kimiñ bilen gürrüñ etsem "Kylyçdarogly nämüçin gidenok?" diýip soralýar. Hepdäniñ ahyrynda Ertugrul (Özkök) abi bilen Mehiko-Siti hakda gürrüñ edenimde, "Ölüler baýramyndan", meksikaly arheolog Sergio Gomes Çawesiñ syrly gazuw-agtaryş işlerinden söhbet açanymyzda (aramyzda bolup geçen gürrüñleri ol "Hudaýy gören iñ soñky adam" kitabynda ýazdy) gürrüñ aýlandy-dolandy ýene Kylyçdarogluna geldi: "Kürsüsini nämüçin tabşyranok?" Häsiýetim şeýle: maña berilen sowala berjek jogabymyñ üstünde hökman köp pikirlenmeli bolýaryn. Dogrudanam, käbir syýasatçylar nämüçin ýerini hiç kime bermejek bolup, kürsüsine ýapyşyp ýatýar? Jogaby diñe sebäp-netije baglanyşygy bilen düşündirmek kyn bolsa gerek. Meselem, güýje bolan garaşlylyk bolup bilermi? Çünki güýç garaşlylygy, güýçden aýrylyp bilmezlik adamy degeneratlaşdyrýar. * * * Syýasatda güýje duýulýan zerurlyk başgalaryñ üstünde gözegçiligi ýola goýmak arzuwyny alamatlandyrýar. Maksat - başgalara täsir etmek, dolandyrmak we mümkin boldugyça golastyna almak. Şol sebäpden partiýanyñ başlygynyñ güýç gazanmak we güýjüni ulanmak babatdaky "instinkti" hemişe sosial ylymlaryñ barlaglarynyñ temasy bolup geldi. Ölemen çilimkeş ajalynyñ çilimden boljagyny bilip duranam bolsa, çilim çekmegini dowam etdirýär, gutaran alkaş hem şeýle. Çünki çilime, araga bolan garaşlylygyñy kanagatlandyrmak gerek. Islendik garaşlylyk pikirlenme ukybynyñ ýitgisidir. Eýse syýasatda güýji elde saklamak, goramak, dowam etdirmek belli bir derejede güýç garaşlylygyny döredip bilýärmikä? Bular ýaly garaşlylyk - güýji paýlaşmajak bolmak ýaly netijelere, problemalara sebäp bolup bilermi? Meselem, mazaly güýç garaşlysy bolan syýasy lider özüne gözegçilik edip bilýärmi? Bu ýagdaý onuñ güýje garaşlylyk kararlaryna täsirini ýetirip bilýärmi? Galyberse-de... Güýç özüni ejiz duýýan ýolbaşçylary diýdimzor edip taşlamazmy? Onlarça sowaly orta atyp bileris... Jogaplaryny güýç garaşlylygy boýunça barlag işlerinu geçirýän hünärmenlere goýsak gowy bolar: * * * - Güýje has köp mätäçlik duýýanlar - belli bir zadyñ başynda durup, başgalara täsir etmekden, derejesi bilen baglanyşykly ýagdaýlary görkezmekden, gazanan at-abraýy bilen başgalara täsir edip, olary özüne çapak çaldyrmakdan lezzet alýan adamlar bolýar... - Başgaça aýdanda, täsir ediji üstünlikden zyýat öz derejesini ulanyp, şahsy üstünlige ýetmekden lezzet alýan adamlardyr... - Daşyndan seredende, özi we daş-töweregi bilen umumy dil tapyşyp, başgalar bilen jana-jan dost we çakdanaşa ýakynlyk görkezýän sosial gatnaşyklary ýola goýýarlar. Munuñ bilen birlikde, şeýle ýakynlyk hakykatda gizlin bähbidi öz içine alýar: Gözegçilik etmek we güýç gazanmak üçin ýaranlyklar gurmak... - Köplenç diýen ýaly arka durujy terzde gezýärler. Jebir çeken, kösençlik gören, haky iýlen, hyýanata uçran bendeleriñ roluny oýnaýarlar we şeýle ýagdaý başyna gelende-de agressiw çemeleşmekden gaýtmaýarlar... - Instinkt bilen mantygyñ arasyndaky tapawudy seljerme ukybyndan binesip bolandyklary üçin başgalaryñ mätäçliklerine duýgudaşlyk bilen garamaýarlar. Ýöne şonda-da duýgudaşlyk edensirän bolmagy gowy oñarýarlar... - Bialaçlyk, gowşaklyk, şowsuzlyk ýaly duýgularynyñ bardygyny ejizlik hasaplap, özlerinde şeýle kemçilikleriñ bardygyny boýun alaslary gelmeýär we bulardan gaçmak üçin gara güýji we diýdimzorlugy öñki hatara sürýär... - Güýç eýesi bolmaga dyrjaşýan şeýle adamlar elmydama güýjüni şahsy taýdan artdyrmagyñ ýollaryny gözleýär. Bu ugruna bolmasa, onda güýç eýesi bolmadyk adamlar bilen bileleşip, bähbitlerini artdyrmagyñ ugruna düşýärler... Barlagçylar geçiren işlerinde bular ýaly adamlara degişli birnäçe aýratynlyklaryñ üstünden bardy: Egosantrizm, duýgudaşlykdan binesiplik, duýgusyzlyk, rehim-şepagatsyzlyk, ahlak gurluşyna pitiwa etmezlik, ýüzleý mylakatlylyk, gözüñi-başyñy aýlamak-gözüñi gapmak-özüne üns berdirmek güýji... Hem olary beýgeldýänem güýç. Güýçden gaçansoñ "binesiplik sindromy" başlaýar! Kylyçdarogly "güýç garaşlysy" bolandygy üçin kürsüsinden galkyp bilenokmyka? Siziñ pikiriñizçe nähili? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |